17:17
Kipr türkmenleriniň taryhy -3/ dowamy

ORTA AZIÝANYŇ YKDYSADYÝETI

■ ÇARWALYK

Demirgazyk Sibir tokaýlary we tundralar, günortada sähralaryň ortasyndaky Gyzylgum we Garagum çölleri; gündogarda Taklamakan we Gobi çölleri bilen gurşalan Orta Aziýa sähralarynda howanyň derejesi gyşda -17 bilen -51, tomus bolsa +25 bilen +50 dereje arasynda üýtgeýär. Hytaýly ýazyjylardan biriniň aýtmagyna görä, «Ýerde agaç bitmez, diňe ýabany otlar biter. Ekin bitmez, süýt bilen naharlanýarlar, deriden dikilen geýimler geýýärler, keçe çadyrda ýaşaýarlar”. “Sähradaky ösümlik meýdanynyň doýuryp biläýjek haýwanyny saklaýar”. “Sähralaryň ekerançylyga amatsyzdygy önümçiligine we esasy eklenç çeşmesi bolmagyna ýol açandyr. Maldarçylyk hem bu toparlary yzygiderli ýerini üýtgedýän göçüp-gonup ýören ýaşaýşa zor bilen itýän çarwa topary ýagdaýyna getirendir. “Hiang-noular bir goşun görnüşinde birleşip, hereket ýagdaýyna giripdirler. Şan-Ýu diýilýän ýolbaşçylarynyň dolandyrmagyn-da, sürüleri bilen bilelikde yzygiderli suw ýa-da otluk gözleýärdiler we keçeden ýasalan çadyrda düşleýärdiler. Ýöne göçhä-göçlükde her toparyň suwly we otluk ýere tarap, aňyrsy-bärisi görünmeýän sährada islän tarapyna gidendigini ýa-da gidip biljekdi-gini düşünmeli däldir. Radlow: “Çarwalyk giň sährada oýlanman aýlanyp ýörmek däldir” diýýär. Çetin Ýetkin bolsa: “Türkmen taýpalary çäkleri kesgitlärdiler we belli bir çäkleriň içinde göçýärdiler. "Oguznama" dessanynda alnan şu setirleri her bir taýpanyň bir ýerde ýerleşendigini beýan edýär.
«Ýene şol zamanlarda sag tarapda Altyn han diýen biri bardy. Çep tarapynda Urun adynda bir han bardy. Beýleki tarapdan Oguz han ýeňdi. Sansyz haryt, at aldy we öz ýurduna tarap ýola diýip gitdi”. Bu Oguz hanyň belli bir ýurdunyň bolandygyny görkezýär. Türkmen taýpalarynyň çarwady-gyny göz öňünde tutup, çarwalygy hemişe ýer üýtgetmek diýip düşünip, şol döwürde aňsat bolan çarwa durmuşynyň talaby çäklerinde beýleki önümçilik gatnaşyklarynyň bol-mandygyny öňe sürmek hem ýalňyş bolar.
Bu gün Anadoludaky ýörük tireleriniň käbiriniň göçüp-gonup ýaşaýandygyny (mese-lem, garageçili tiresi), osmanogullary Anadola gelen wagtlary seljuk soltanynyň olara aýry-aýry “ýaýlag” we “gyşlag” bermegi (Söwüt we Domaniç ýaýlasy) hem ýokardaky agzap geçenlerimiziň şu günlere çenli gelip ýeten däp-dessurlary we ýaşaýyş durmuşyny görkezýär.

AWÇYLYK

“Et we süýt ykdysadyýetine bagly bolan çarwa ykdysadyýeti adamlary iýmitlendir-mek üçin ýetmeýär”. Awçylyk hem Orta Aziýanyň sähralarynyň esasy önümçilik şertlerinden biri bolup orta çykýar. Babyr şa haýsydyr bir oba hakynda düşündiriş beren wagtynda olaryň baýlyklarynyň arasynda aw haýwanlaryny hem sanaýar. “Andyjan... gowy zatlary kändir, miwesi boldur, gawuny we üzümi gowydyr... Aw guşy hem kändir. Sülgüni gaty semizdir. Bir sülgüniň buduny dört bolup iýseler gutaryp bilmeýärmişler... Merginnan... Awy we guşy gowydyr, ak keýikler golaýa gelýärler”.
Awçyogly: “... çarwa özbaşyna awçylyk edip oňup bilmez. Eklenmek üçin köp bolup aw etmek gerek bolýar. Şol sebäpli yzy-giderli aw edilýär” we awçylyk özbaşyna önümçilik hökmünde kabul edilýär. Umyt Hasan oguzlarda “okuň” önümçilik serişde-lerinden biri bolandygy baradaky çakla-many öňe sürýär. Ok çarwalykdan öňki aw-awlamak arkaly eklenç döwründen galan mirasdyr. Şol sebäpli aw çarwa ykdysadyýetiniň we söweşiň gapdaly bilen ýöredilýän sport hökmünde garamak ýeterlik däldir.
Toparlaýyn awa uly toparlar, obalar, taýpalar goşulýar. Biziň eýýamymyzdan öňki 62-nji ýyldaky toparlaýyn awa 100 000 adamyň gatnaşandygy aýdylýar. Awyň bol bolan has giň etraby halkalaýyn daraldylýar. Düzgüni bozýan jezalandyrylýar. Bu iş birnäçe günläp däl, birnäçe aýlap dowam edýän işdir. Gabalan meýdanyň ölçeginiň 350 km. bolandygy öňe sürýärler.
Awuň başynda hökman hanyň özi bolýar. Çingiz hanyň şu sözleri bu ýagdaýyň subutnamasydyr:
“... we toparlaýyn awlary siz üçin gurnadym we daglarda aw haýwanlaryny siz üçin kowaladym”.
Awuň soňunda, haýwanlar sürülip dara-jyk meýdana ýygnalýar. Ilki bilen han ok bilen haýwan öldürmäge başlanýar. Soňunda bolsa aw sanalýar we paýlaşylýar. Çingiz hanyň kanunyna görä paýlaşykda hemme kişi deň derejelidir. Gynansagam, bu kanun saklanmandyr, begleriň köpräk paý alandygy bilinýär. Dogan Awçyogly: “Toparlaýyn awuň çarwanyň eklenjindäki oýnaýan roluny baý we gudratly Teýmiriň goşuny aç galanda we toparlaýyn aw arkaly esgerleriň garnyny doýurmagy munuň aýdyň subutnamasydyr” diýýär.


MALDARÇYLYK. MÜLKIÝET. BAÝLYK

Orta Aziýadaky boz meýdanlaryň ýaşaýjylarynyň iň möhüm işleriniň maldarçylykdygyny öňem belläp geçipdik. Sähralaryň ekerançylyga amatsyz bolmagy, önümçilik işleriniň arasynda maldarçylygyň öňe geçmegine we esasy eklenç çeşmesi bolmagyna ýol açýar. Bu ýagdaý mülkiýet we baýlyk düşünjesine hem täsir edipdir. Türkmenler, gazaklar salamlaşan wagtynda maly öňe düşürip “malyň, janyň sagmy” diýip: hal-ahwal soraýarlar. Mal we baýlyk düşünjesi malyň sany bilen baglanyşdyrylýar. Ýeniseý ýazgylarynda “dört aýakly ýylkym we sekiz aýakly malymyň barlygy üçin hiç hili kemçi-ligim, gaýgym ýok” diýmek bilen bu ýagdaýy düşündirýär. "Diwany lugatit-türkde" “ýyl-kynyň” manysy süri görnüşinde berlendir. Ýazgylarda “baý” sözüniň “haýwan eýesi" sözi bilen bir manydadygy ýazylýar. Şol görnüşde bu gün Orta Aziýanyň güzeranyna düşünmekde iň möhüm maglumat bolan ýazgylarda mülkiýet düşünjesini düşündir-mek üçin ulanylan ýeke söz “barymdyr”. Barym, haýwan manysynda ulanylyp, Minu-sinsk muzeýinde ýerleşýän bir türkmen pulunyň ýüzünde “Bir... elli.. barym” sözleri ýazylgydyr. “Çarwa çopanyň baýlygy göterip bolaýjak harytlar bilen, esasanam sürüler bilen ölçenýändir”. Ibn Batutta: “... gezip ýören sürüleriň ne çopany, ne-de goragçy-lary bar... ” Kimiň ýanynda ogurlyk haryt, ogurlanan haýwan bar bolsa ony eýesine gowşurtmak bilen birlikde onuň dokuz essesini hem tölemäge mejbur edýärler... Tölemäge ýagdaýy ýok bolsa onuň ýerine çagalaryny bermäge mejbur bolýar. Çagasy hem bolmasa, onda goýun öldüren ýaly edip, onuň damagy çalynýar" diýip düşündirýär. Esasy önüm bolan maldarçylykda düzgüniň ýola goýulmagy üçin nä dereje berk tutulýan-dygynyň mysalyny berýär. Külteginiň ýazgysynda hanyň baýlygy beýan edilende dört müň atly süri diýlip agzalýar. Osman begiň ölen wagtynda goýup giden baýlygy “ajaýyp atlar, birnäçe jübüt araba goşulýan haýwan we owadan goýun sürüleridir.” Ibn Fadlan oguzlaryň arasynda ýüz müň goýuna we on müň ata eýe bolan adamlaryň bolandygyny ýazýar. Baýlyk aýak bilen ölçeýär (dört aýakly ýylkym). Bu ýagdaýda hususy mülkiýet aýak sanyna görä ölçelýän, dowar we ýylkylardan emele gelýär we toprak bilen baglanyşykly hususy mülkiýetiň çykmandygyna şaýatlyk edýär.
Çarwalykda we ýarym çarwalykda toprak-otluk diýmekdir. Otluklar bolsa adamlaryň däl-de toparyň mülkiýetine degişlidir. Başgaça aýdylanda adamlara degişli mal sürüleri üçin hemme kişiniň umumy otluk ýerlere mätäçligi öz-özünden ýüze çykýar. Türkmen milleti oturymlylyga geçenden soň, topragyň döwletiň mülkiýetine degişli-digini aýtsa bolar.
“Şeýle-de topragy hususy eýeçilik düşünjesi çarwa topar üçin nätanyş bir düşünjedir”. Gysgaça aýdanymyzda, çarwa türkmen taýpalarynda toprak hususy eýeçili-ge degişli däldir.
Sözümizi jemläp aýdanymyzda, Orta Aziýanyň sähralarynda hususy eýeçilik ýok wagty baýlyk haýwanlaryň sany bilen ölçenýärdi. Bu maglumatlar öňümizdäki bölümlerdäki aýdyljak zatlara düşünmek üçin örän möhümdir.


JEMGYÝETÇILIK GURLUŞ.
SYNPLARA BÖLÜNMEK

Orta Aziýa toparlarynyň we günbatar-daky toparlaryň nesil-tire-taýpa görnü-şinde birleşmegi bilen birlikde tire-taýpa-il görnüşindäki jemgyýetler gurandygyny hem bilýäris. "Halk" ýurtlaryň syýasy birligine berlen atdyr. Budun bilen bu günki ýurt sözüniň arasyndaky ýeke meňzeşlik, belki-de, ikisiniň hem jemgyýetçilik we taryhy kategoriýalar bolmagyndan ybaratdyr. Ýagny bular soň dörän we ömürlik bolmadyk, taryhy-jemgyýetçilik şertleriniň belli bir wagtyň içindäki gerek bolan zatlaryna jogap hökmünde ýüze çykan iki sözdür. Il synplary öz içine alýar. Budun bolsa diňe synplary öz içine almak bilen çäklenmän, özüni emele getirýän toparlary göni ikä bölýär. Göktürkmen ýazgylarynda halk üçin ulanylan söz: "kara kagym budun*-gara süňkli milletdir". Begler bolsa "ak süňkli budundyr". "Kutadgu biligde" agzalyp geçilen "gara buduny" Sadry Maksudy Arsal şeýle düşündirýär: "Bular belli bir sungaty bolmadyk emelsiz şäher işçileridir. Olara artykmaç ýüz bermeklik we köp gepleş-meklik peýdasyzdyr. Gara halkyň garny doýsa dili açylar". Awçyogly bu pikire goşulmaýar: "Gara budunyň işçilerden ybarat bolman, düýpli hasap edilmeýän topar bolandygy bellidir" diýýär. "Babyrnamada" bolsa "Uş şäheriniň aýak toparynyň täsin bir däbi bardyr" diýmek bilen her şäheriň aýak toparynyň hem bolandygyny düşündirýär.
Synpylaşmagyň we aýrylyşmagyň diňe oturymlylyk bilen baglanyşykly bolmandygy, iň sada çarwalygyň ýaşalýan ýerlerinde hem şol görnüşde synpylaş-manyň ýüze çykandygy bellidir. Yrk Bitig (atly kitapda) "Gul sözi - guluň begine bolan dogasydyr" manysyndaky "kul sözi meginörü ötünür" sözleri begler bilen taýpanyň beýleki agzalarynyň arasynda uly bir tapawutlylygyň bolandygyny görkezýär. Awçyogly "Garabudun gozgalaňlaryny" dü-şündirýär. Berktaý ýazgylarda Türgiş garabudun gozgalaňynyň basylyp ýatyrylan-dygyny düşündirýändigini ýazýar. Bilge hanyň ýazgylarynda: "Türk garabudun şeýle diýipdir" diýmek bilen bu bölünşigi inkär etmeýär.
Şamançylyk düşünjesine görä bu jahana iki taňry höküm edýär. Ýagty jahanyň we asmanyň hökümdary Ülgen. Ol ýagtylygyň we ýagşylyklaryň hanydyr we oňa "ak namalar" (ak ruhlar) kömek edýär. Şonuň üçin dini dabarany ýerine ýetirmek (aýyn etmek) ygtyýary "ak kamlara" (ak şamanlara) degişli. Ülgeniň bäsdeşi bolsa ýeriň aşagyndaky ruhlaryň, garaňkylyklaryň we ýamanlyklaryň hökümdary Erlik. Ol "gara namalar" diýilýän erbet ruhlar bilen işleşýär. Onuň kakasy Garagandyr we oňa Garabatgalykdan geçip gidilýär. Ol gara palçykdan salnan bir köşkde ýaşaýar, gara tagtyndan gyzamyk, garahassalyk we ş.m. keselleri döredýär, mallary gyrýar we dürli ýamanlyklary döretmäge meýil edýär. Şaman dogalarynda:

"Münýän atyň gara kuheýlan*
Reňki gara gunduz derisinden,
Gara murtly, gara sakally
Gap gara ýüzli, jylawy gara ýüpekden,
Gamçysy gara ýylan..."

diýip agzalýar. Erligiň 9 sany gara gyzy bar. Olar ynsanlary ýoldan çykarýar, şamanlary düşeklerine çagyryp, işlerini etmäge päsgel berýärler. Şaman dogalarynda bulara hem:

"Ýapyşak gara ýüzlüler,
Haýasy ýok masgaralar, Ýeriň jaýrygy ýaly...
Depe ýaly tümmek emjekliler,
Guýruklaryny bulap, emjeklerini oýnadyp"

diýip uzyn-uzyn gargyşlar bilen gargalýar.
Ülgen bilen ynsanlaryň arasyndaky gatnaşygy Ýaýyk atly bir ak ruh sazlaýar.

"Ülgen begiň emir edeni
Gamçysy ýyldyrym bolan,
Asmandan habar alan ak Ýaýyk..."

Gysgaça aýdanymyzda, şamançylykda "gara" erbetligiň, "ak" bolsa ýagşylygyň aňlatmasydyr. Garabudunyň we bu günki birnäçe kesgitlemäniň aşagynda ýatýan ýamanlamalaryň düýbünde hem bu hakykat bar.
Halyl Berktaý Orta Aziýanyň çarwa toparlarynda synplaşmanyň diňe ak-gara budun tapawudyndan ybarat bolandygyny öňe sürýär. Mesudini çeşme hökmünde görkezip oguzlaryň "beg", "il", "gün" görnüşinde üç synpa bölünendiklerini düşündirýär. "Beg-ler" häkim, taýpa aksakgaly, "il" taýpanyň orta bölegi, "gün" bolsa gul we talabanlar. Ýazyjy "Ile-güne garşy", "Il ýamanmy, beg ýamanmy?" ýaly sözleri bu mysal bilen düşündiren wagtynda il diýip öňler taýpa halkyna diýlen bolsa, soň-soňlar şol adamlaryň ýaşaýan topragyna diýlendigini belläp geçýär.
Pir Soltan Abdalyň:

"Bu ýyl bu daglaryň gary eremez,
Öwser bady-saba ýel, bozuk-bozuk,
Türkmen turup ýaýlagyna ýöremez,
Ýykylandyr taýpa, il bozuk-bozuk..."

setirlerine seredenimizde aýdylmak islenen zat birleşmegiň we bölünmegiň XVI asyrda Anadoluda hem edil şunuň ýaly dowam edendigini aýdýar.
T. Teýmir "Göktürkmen taýpalary taýpa aristokratiýasyny gurypdyrlar" diýýär. S. Ýerasimos Faruk Sümeriň "Ibn Fadlanyň oguzlar arasynda ýüz müň goýuny we on müň aty bolan adamlaryň bolupdyr" diýip aýdandygyny ýazýar. Beýleki tarapdan Horasan we Mawerannahrdaky halklarynyň et bilen üpjün edýän kerwenlere goşulan oguzlaryň köpdügi netijesinde "bularyň hem öz taýpalarynyň arasynda malsyz-mülksüz galyp taýpany terk etmäge mejbur galan adamlardygyny pikir etmek gerek" diýen netijä gelýär.

# Milli Golýazmalar instituty. 

(dowamy bar)..

Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 29 | Добавил: Gülzyýada | Теги: Milli Golýazmalar instituty | Рейтинг: 2.8/4

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: