22:07
Kipr türkmenleriniň taryhy -7/ dowamy
ŞAMLY TAÝPALARY

Kipre sürgün edilen türkmen ýa-da ýörük tire-taýpalarynyň içinde, esasan şamly taýpasynyň bolandygy bellidir. Bu tire-taýpa diňe bir Kipr meselesinde däl, eýsem umumy topar hökmünde göze ilýär. Şamly ady dulkadyrogullary begligini guran, oguzlaryň bozuk ugruna degişli Şam türkmenleriniň adyndan gelip çykýar. Bilşimiz ýaly, Dulkadyrogullary begligini guranlar oguzlaryň baýat, owşar, begdili we beýleki tire-taýpalaryndan emele gelen bozuk boýuna bagly şam türkmenleri diýlen topardyr. Bu adyň berilmegi olaryň Şamda ýaşandygy ýa-da Seljukly döwründe Eýranyň Huzystan welaýatyndaky owşar taýpasynyň serdarsyz galanlarynda olaryň başyna geçen, seljuk köşgünde ösüp ýetişen türkmenleriň owşar taýpasyndan bolan Şumla diýip iki çaklamany öňe sürmek bolýar. Belki taryhyň akymynda Şumla Şam bolandyr.
Ady kimden gelip çykan hem bolsa, olaryň Kipre sürgün edilenleriň arasynda bardygy anyk. Olar osmanly agalygyna boýun egmeýişleri ýaly, şol döwürde gündogar Anadoludaky beýleki türkmen döwletleriniň: Akgoýunlylaryň, Garagoýunlylaryň we Eratna döwletleriniň agalygyna girmekden gaça durupdyrlar. Osmanly bilen hiç mäşi bişişmeýän bu topar Orta Aziýadaky olja almak adatlaryna daýanýan basybalyjylykly ýoly saýlap alyp, bir gün bu tarapa, ikinji gün başga tarapa göçüp söweşlere gatnaşypdyrlar. Gara Ýülük bilen birleşipdirler, ýöne soň Sefewi şyhy Haýdar şyh bilen birleşip, Akgoýunlylar bilen söweşipdirler. Günleriň birinde Haýdar öldürilende, onuň ogullaryny Ysmaýyl bilen Ybraýymy bu taýpalardan bolan bir aýal gizläp saklapdyr. Şa Ysmaýyl Akgoýunlylary ýeňenden soňra beglerbegi wezipesine ýene-de şu taýpadan bolan öz atabegi Hüseýini belläpdir.
1500-nji ýylda Şa Ysmaýyl Erdebil şyhlaryna bagly tarykatlardan ybarat bolan döwlet gurmagy maksat edip, söweşe başlaýar we özüne bagly Anadoludaky tire-taýpalara Erzinjanda toplanmak baradaky habaryny iberýär. Bu çakylyga Awçyoglunyň pikiriçe, “Şamly Ustajly (Ussa hajyly), rumly, tekeli, turgutly we warsak” tire-taýpalary ilkinjiler bolup seslenipdirler. Çetin Ýetgin Faruk Sümere salgylanyp, Şa Ysmaýylyň töweregine Şamly, ussahajyly, owşar, dulkadyr, tekeli, rumly we gajar türkmen tire-taýpalary bilen bile baýat, baharly, bozjaly, ajurly, hynsly we warsak tire-taýpalaryň jemlenendigini aýdýar. Mufassal "Osmanly taryhy” diýen kitapda bu ussahajyly, rumly, şamly, mosully, hintli, tekeli, baýburatly, garadagly, garamanly, dulkadyr, warsak, owşar, gajar diýip aýdylýar. Ryza Zelýun bolsa Şa Ysmaýylyň töwereginde rumly, ussahajyly, tekeli, şamly, dulkadyrly, warsak, çepni, arapkirli, turgutly, bozjaly, ejirli, hynsly, çopanly, garamanly, owşar, gajar ýaly tire-taýpalaryň jemlenendigi ýazýar.
Ýokarda dört sany aýry çeşmede berlen tire-taýpalaryň atlary bize tanyş bolmagy geň galdyrmaýar we kiprli türkmenleriň häzirki döwri bilen düýnki gününiň arasyndaky gatnaşygy doly suratlandyrýan hem-de şu wagtda köpüsi çylşyrymly bolup galýan ýagdaýyň sebäbini hem aňladýar. Şamly, tekeli, ussahajyly, owşar, baýburt, rumly, dulkadyrly, warsak (Şol döwürde Tarsusda, ýagny Içilde ýaşan taýpa), garamanly taýpalaryň Kipre gelenleriň arasynda bardygy jedelsizdir.
Bu bölümi jemlemänkäk, ýene-de iki aýratynlygy goşmak isleýärin. Bularyň birinjisi Çaldyranda Osmanly bilen bolan söweşde, goşunyň çep ganatyna Ussahajylyogly Mämmet beg, sag ganatyna bolsa Durmuş han ýolbaşçylyk edipdir. Şol söweşde wepat bolanlaryň arasynda Ussahajylyogly we tekeli Ýegen beg hem bar eken. Ikinji aýratynlyk bolsa Kipre sürgün etmek bilen baglanyşykly çykarylan permanyň berilmegine sebäp bolan “Ýalan Şa Ysmaýyl” topalaňyna ýolbaşçylyk eden şahsyň şamly taýpasynyň, "Şam diýada" tiresinden bolmagydyr.

GARAHAJYLY TAÝPASY

Kipre göçürilen taýpalaryň arasynda ady agzalýan we käbir çeşmelerde “Ussahajyly” taýpasy bilen garyşan garahajaly taýpasy ady nätanyş taýpa däldir. Öňki bölümde belläp geçişimiz ýaly, ol ussahajyly taýpasydyr.
Şa Ysmaýyla ýakyndan goldan iki taýpanyň biridir. Bu taýpa garahajylylar bilen bir taýpa bolmasa-da, biziň öwrenen çeşmelerimizde alawy-türkmen oguzlardan gelip çykýar diýilýär. XIV asyryň başlarynda Kerkuk-Erbil ýaýlalarynda ýaşaýan hajyly diýilýän türkmen taýpasy, Oguz hanyň ogly Deňiz hanyň nesli-Düker boýundan gelýär. Bu kowum ilkinji gezek Garagoýunlylar döwründe meşhur bolýar. Ep-esli wagt geçenden soň Akgoýunly döwletini esaslandyryjylaryň hatarynda durýar. Bu döwürde hajyly taýpasyndan kökünden dürli tireler emele gelipdir. Bulardan Hemze-hajyly, Garahajyly we Yzzetdin Hajyly dagylary agzamak bolýar. Häzirki wagtda Karsda Garahajyly atly oba hem bar.
Häzirki günlerde garahajyly taýpasy-nyň Anadoluda galanlary ýörük däp-dessurlaryny dowam etdirýärler.
Garahajylylar häzirki döwürde Balkar-larda ýaşaýarlar. Tomus aýlary Balkar daglarynyň etegindäki Dümbelen düzünde ýaýla çykyp, goýun-geçi sürüleriniň yzynda gezýärler we döwrabap durmuşdan, tehniki ösüşden uzakda durmaga çalyşýarlar. Gynananlarynda Ýunus Emräniň, Pir Soltan Abdalyň we Dadaloglanyň şygyrlaryna hiňlenýärler. Begenenlerinde Garajaogla-nyň goşgularyny, Gorkut Atany ýatdan aýdyp dynç alýarlar. Bu işimizde esasy maglumatçymyz Soltan ene ömründe ýeke gezek hem täret alyp, namaz okamandyr, kyblanyň nirededigini, doga-aýat bilmeýär we toslama dine ynanýar.
Garahajylylaryň alawy-türkmen aýra-tynlygy Kiprde ýatdan çykarylan hem bolsa Anadoludaky garyndaşlarynyň taryhy ýollaryny häzirki döwürde-de dowam etdirýärler.

JERIT TAÝPASY

Jerit taýpasy häzirki döwürde Anadoluda bar. Olar häzir Gazyntepden başlap, Maraş, Adana, Gyrşäher, Çorum we Çankyry welaýatlarynda ýaşaýarlar (öňki Dulkadyr welaýatyna gabat gelýän toprak-larda). Olar bozuklara degişli bolup, Dulkadyrogullary begligini guran türkmen-lerdir. Dulkadyrly begligi döwründe bu taýpa baýyrjerit, garahasanly, oruçgazyly we mamaly tirelerine bölünipdir. Taýpa şol döwürde “Jerit soltanhajyly” diýip atlandyrylypdyr. Bu taýpa XVII asyrda çapawulçylyk hereketleri üçin oturymly ýaşaýşa geçirilmäge synanyşyk edilende, olaryň bir bölegi gaçyp, Sefewi döwletine goşulypdyr. Bu waka sebäpli Eýranda galanlara (2000 öýli) "jerit" diýilmegi dowam edipdi, Anadoly gelenler bolsa silsüpür adyny alypdyr. Jerit silsüpürleri XVII asyryň ortalaryna çenli göçüp-gonup ýörüpdirler. Olaryň üstlerine oturymly ýaşaýşa geçirmek üçin 1706-njy ýylda ýöriş edilipdir. Şol ýyl Kipre göçürilenleriň käbiriniň ýörük tireleri bolandygy tötänden däldir. Jeritleriň garşysyna 1865-nji ýyl harby güýç ulanylyp oturymly ýaşaýşa geçirilipdir.


GARAGEÇILI TAÝPASY

Garageçililer XV-XVI asyrlardan başlap belli bolan türkmen tire-taýpasydyr. Şol asyrlarda olaryň uluýörük türkmenleri diýlip atlandyrylandygyna hem duş gelmek bolýar. Gaýa boýuna degişli bolup, Osmanly nesilşalygynyň garyn-daşy hasaplanypdyr. Şeýle hem Abdyl-hamyt II olary garyndaşy hasap edipdir. Ýöne XV-XVI asyrlarda Eskişäher, Söwüt töwerekleri bilen Ankaranyň ýakynlarynda ýaşan garageçililer häzirki döwürde orta Torosda ýaşaýarlar. Ankara-Gyrşäher ýolunyň boýunda "Garageçili" diýilýän oturymly ýer bolup, bu ýeriň ady taýpanyň geçmişde göçüp-gonup ýörendiginiň delili hökmünde bolsa hem, häzirki döwürde garageçili taýpasy gyşy Daşujy-Silifke sährala-rynda, tomusy Balkar daglarynda geçirýär-ler we maldarçylyk bilen meşgullanýarlar.

BEÝLEKILER

Ýokarda gürrüňi edilen dört sany türkmen taýpasy XVI asyrda çarwa-alawy häsiýetini dowam etdiripdirler. Şol döwürlerde bolup geçen käbir wakalaryň esasy gahrymany bolandyklary sebäpli olar barada taryhy çeşmelerde örän köp maglumat duş gelýär. Umumy Osmanly taryhynyň içinde türkmen (ýörük) - osmanogullary çaknyşygynyň bolandygy mälimdir. Osmanlynyň “Ýörük-den çykarma” syýasatyna düşünseň, Kipre göçürilenleriň kimlerdigi aç-açan aýan bolýar we olary çuňňur we düýpli öwrenmek zerurlygy aradan aýrylýar. Ýöne käbir taýpalar barada resmi maglumatlar azlyk edýändigi sebäpli, olaryň üstünde gysgaça durup geçmegi makul bildik.
XVI asyrda Kars töwereklerinde ýaşan çyplakly taýpasy, şol ýerde oba döredipdir we ol oba olaryň atlaryny göterýär eken. Taýpanyň Akgoýunlylar bilen gatnaşykda bolandygyny hem aňmak bolýar. Çünki, şol döwürde bu ýerlerde ýaşaýan garahajylylar akgoýunly döwletini esaslandyrmaga gatnaşanlaryň biridir. Bu nukdaýnazardan çyplakly taýpasynyň hem alawy-türkmendigini tassyklamak ýalňyş däldir.
Häzirki wagtda Silifke we Munt arasyndaky Köseli obasy hem köseli taýpasy tarapyndan gurlan bolmagy ähtimaldyr.
Kipre sürgün edilen türkmen tire-taýpalarynyň sürgün edilmeklerine sebäp bolan ýönekeý günäler däldir. Ol günä Osmanly aňyýetine ters gelýän mezhep-aňyýet-syýasy düşünişmezliklerdir. Bu bölümde aýdylanlardan başga bir hakykat, ýagny kiprli türkmen aňyýetiniň esasy sütünle-riniň birini emele getirýän dine bolan garaýyş örboýuna galýar. Sürgüniň syýasy sebäbi bolup, ony çözmek üçin Osmanly “ýörükden çykarma syýasatyny” durmuşa geçiripdir. Sosiolog Gordlewski bu ýagdaýy şeýle düşündirýär: “Garyp-pukara çarwalar, olaryň serdarlary Kipr adasyna ... Magus galasyna gabalypdyr. Bu ýerde bentlenen sähralaryň erkin, azat ynsanlary, düýelerini, süri-süri goýunlaryny ýatlap, gam-gussanyň içinde eräp gitdiler”.

OGUZLAR

Kiprli türkmenleriň gelip çykyşy öwrenilende isleseň islemeseň türk, türkmen, ýörük ýaly atlar bilen ýüzbe-ýüz bolýarys. Taryhy atlandyrmalar munuň bilen çäklenmän owşar, bozuk ýaly toparlar hem özleriniň bardygyny bildirýär. Şu nukdaýnazardan seredeniňde, atlary agzalan taryhy jemgyýetleriň gurluşyny öwrenmek zerurlygy ýüze çykýar. Turan düşünjesiniň döreden höweslerini berbat etmek howpudyr. Biziň pikirimizçe, bu howp örän çäkli topary gyzyklandyrýandygy üçin, mundan soňky garajak meselämizden ähmiýeti pesräkdir. Maňa galsa-ha asyl howp, barlygyny beýan etmegiň ýerine inkär etmek ýoluny saýlap alan topary, “antituran” (Turana garşy) hasaplap, geçmişi aýratyn hem Aziýadaky asyrlar boýy dowam edýän barlyk bilen baglanyşykly ähli zady inkär etmek hereketine garşy hereket hasaplap bolar. Orta Aziýa bilen baglanyşykly ähli zat inkär etmeli öýdülýär. Eger şeýle ýalňyşlyga ýol berilse milletparazlyga, yzagalaklyga hyzmat etdigimiz bolar. Bu ýalňyşlyk, Osmanlynyň taryhy öz şejeresini beýan etmekden ybarat bolan öwgüler toplumy hökmünde görmegiň dowamy manysyndandyr. Osmanly taryhy bu döwletiň döreýşi bilen başlaýar. Bu düşünje hem ýa şol ýerden ýa-da iň çuňňur berlende Anadola gelişden başlap, näme hyzmat edýändigini bilmekden mahrumdyr. Geçmiş öwrenilende aljyraman, garjaşdyrman ähli maglumatlary anyk, seljerip hakykata barýan ýola saýlap almaly. Bu geçmiş bilen geljegiň arasyndaky düýp tapawudy, hakykaty gizlemän aýtmakdan ybaratdyr.
“Obalarda ýaşaýan kiprlileriň köpüsi türkmendir, ýagny oguzdyr” diýlende, onda “Oguz kim?” diýen sorag ýüze çykýar. Kitabymyzyň birinji bölüminde bu meselä gysgaça degip geçipdik, ýöne häzir käbir aýratynlyklar bilen baglanyşykly maglumatlary seredip geçeris.
Orta Aziýanyň sähralarynda dagynyk ýaşaýan taýpalaryň ýaşaýyş-durmuş ýagdaýy ýokary wagşylyk döwrüne gabat gelýär. Gulçulyk döwründen öňki döwri aňladýan wagşylyk döwri, ähli ýerde biri-birine meňzeşdir. Ýewropadaky (frank döwleti) we Amerikadaky ýerli kowumlar barada Morganyň berýän düşündirişi bu günküden tapawutlydyr. Şol wagtlarda ulus we döwlet düşünjeleri häzirki döwürdäki ýaly bolmandyr. Ol jemgyýetçilik gurluşynda döwlet, öň hem birnäçe gezek aýdyşymyz ýaly, “Kowumlaryň gowşak konfederasiýasy” bolupdyr. Hukuk ganybirlik hukugy bolan döwleti emele getirýän esasy güýç bolup hyzmat edipdir, ýagny ynsanlary biri-birine birleşdirýän iň esasy gymmatlyk ganybirlik bolupdyr.
Düýn sizden bolanlaryň 50 ýylyň içinde nikalar we ýaşaýyş-durmuşyň täze endikleri, üýtgeşmeleri sebäpli size gaýrylaşyp, sizi oňa birleşdirýän baglar gowşap, çözülip gidýär we sizden bolmakdan çykýar, aýrybaşgalaşýar. Bu düşünje taryhda belli bir ýere çenli dowam edip gelipdir. Bu nukdaýnazardan serediniňde şeýle jemgyýetleriň ýolbaşçy-serdaryň ady bilen tutulandygyny ýatladyp, bu barada Dogan Awçyoglunyň Orta Aziýada “türkmen” diýlen jemgyýetiň ähli wagt şol bir topar däldigini we wagta görä üýtgäp bilendigi pikirine düşünmek kyn bolmaz. Orta Aziýa sähralarynda türkmen ady ilkinji gezek Göktürkmen döwleti döwründe tutulypdyr. Göktürkmen döwletini guranlara çynlylar “guz” diýipdirler we olaryň oguzlardygy taryhy hakykatdyr. Göktürkmen döwleti gurlanda esasy bäsdeş Awarlar bolupdyr. (Olar hem türk hasap edilmeýärmi näme?!) 558-nji ýylda awarlar ýeňlip Wengeriýa göçüp gidipidirler. 560-njy ýylda oguzlar döwleti Göktürkmen bolup “ösen federasiýa hökmünde ýüze çykýar” .
Umyt Hasan "Oguznama" düşündiriş berende “Oguz han kişi bolup nesil gurluşynyň hut özüdir. Aslynda waka häzirki düşünjede nyşan hem däldir. Oguz han ady dolulygyna oguzlaryň gurluşyna gabat gelýär” diýýär. Bir tarapdan Oguz hanyň adyny resmi taryhçylar Bilge han bilen baglanyşdyrmaga synanyşýarlar. Ol bary-ýogy 4 ýyl (599-603) höküm sürüpdir. Ýöne rowaýatlarda Oguz hanyň “müň ýyl” hanlyk sürüp, aradan çykandygy aýdylýar. Oguzlar ikä bölünipdir. Bu bölünme nähili ýol bilen bolsa-da, 24 taýpa bölünipdirler. Bularyň ýazlaglary, gyşlaglary, orunlary, tagmalary öňden bellenilip goýlupdyr. Oguz hanyň alty oglunyň her biriniň dört ogly bolup, olardan 24 boýuň ýaýrap gidendigi we olaryň her biriniň aýry-aýry tagmasynyň bolandygy mälimdi. Faruk Sümer “Han türkmenleri diýlip hormatlandyrylan Çingiz han bilen garyndaş hasaplanýan Köneürgençde ýaşaýan türkmenlerden bolan okly we gökleň taýpalarynyň bardygyny belläp geçýär.
Ýöne bu meseläni çyzgy (tablisa) şekilinde ele almak ýalňyşlyga ýol açyp biler. Geçmişde bu boýlaryň şol bir çyzgy (tablisa) şekilini bir galypda üýtgemän dowam edendigini we ilkibaşdaky kowum gurluşlaryny saklap galandyklaryny kabul edip bolmaz. Ýöne bularyň arasyndan öz barlygyny häzirki döwürde hem dowam etdirýänleriň bardygy hakykatdyr. Anadoludaky owşarlar özleriniň gelip çykyşlaryny bilýärler. Şonuň ýaly hem bekdüz, igdir, baýyndyr ýaly oba we beýleki ýer-ýurt atlary, çepni, eýmir ýaly örän giň ýaýran familiýalar boş ýerden ýüze çykypdyr diýmek bolmaz. Beýleki bir tarapdan Mahmyt Kaşgarly öň iki taýpa aýrylyp, 22 taýpa galandygyny belläp, ýywa, owşar, salyr we ýazyr taýpalary barada maglumat berýändigi , Faruk Sümeriň eýýäm H asyrda oguzlaryň öňki kowum gurluşy ýitirendigini ýazýandygy , bozuklaryň ornunyň ýokary bolandygy bilinse-de, "Gorkut Atada" aýdylýanlara ters gelýändigi, ilkibaşdaky gurluşyň elmydama dowam etmediginiň subutnamasydyr .
Gorkut Atadaky paý ulgamynyň Gündogar Anadola gelen pursatynda hem dowam edendigi bellidir. Gordlewski Reşideddi-niň taryhyna salgylanyp, üleş ulgamynyň oguz däpleriniň we olaryň ulgamynyň IV asyrda hem bar bolandygyny ýazýar. Bu çeşmede ozanlaryň aýdýan halk aýdymlaryn-da ady geçýän Ýazyjyogly Aly atly senenamaçydan alnan bu parça XII asyrda dowam eden orun ulgamynyň delilidir:
“Hunlaryň atasy Oguz han aýtdy: töre ýollary, kanunlary şeýle kesgitledi: şu şekilde öwüt berdi; töre olara ýol görkezsin diýdi. Diýdi: Menden soň Gaýa han boljakdygyna görä, ol sag goluň begler-begi bolsun. Törä laýyklykda sol golda hem begler-begi bolmaly, ol hem baýyndyr bolsun. Törä görä orunlar we paýlar şu şekilde bolmalydyr, eý gardaşym! Başda gaýa oturar, soňra baýat, soňra aköýly we garaöýli, soňra ýazyr, düker, onuň yzyndan ýaparly, owşar, gyzyk, soňra begdili, sag goldan iň soňda garkyn.
Sol goluň başynda baýyndyr bolar, ondan aşakda kiçi dogany beçene, soňra çowdur, onuň ýanynda çepni, eýmir, salyr otursyn, soňra alaýuntly we üregir, igdir, bükder, ýywa we gynyk. Ynha, şu tertipde oturmak gerek; öňlerinde paýlary bolmaly. Gymyz we içgiler şol tertipde içilmeli, ulular bilen kiçileriň arasynda begleriň wezipeleri we sanlary bu tertipde bolmaly, kowumlary bilen şahslaryň arasynda bu tertipde paýlanmaly, bu kowumlardan bolanlara paýlansyn, eger galsa beýlekiler hem peýdalansyn”
Bu ýerde 24 taýpanyň ady azda-kände agzalyp geçýär. Öň belläp geçişimiz ýaly, 24 taýpanyň geçmişde bir durkuny saklap galandygy pikirini goldasak salgyma çapmak ýaly bir zat bolsa-da ahyrynda şol atlaryň ählisinde diýen ýaly meňzeşlik bar.
24 boýuň her biriniň özüne degişli oýmaklary bolup, federasiýa emele getirip-dirler. Salyr boýunyň oýmaklaryndan biriniň ady “Tekedir”. Antalyýa welaýatyn-daky türkmenler hem bu oýmaklardan biri bolmagy mümkindir.
Atlaryň gaýta-gaýta ýatlanyp geçilýän şamly oýmagynyň owşar boýundan gel-ýändigini, dulkadyrlylaryň rumlylaryň hem şol boýdan gaýdýanlygyny inkär edip bolmaz. Şular ýaly Kipre göçürilendigi anyk bolan Kütahyýa ýaýlalaryndaky garageçi (garageçili — garaöýli bolup biler) oýmagynyň bir bölegi gündogar Anadoluda ýaşaýandygy bellidir. Umuman, Kipre göçürilen oguz tire-taýpalarynyň geçmişle-rini öwrenenimizde bu atlara duş gel-ýändigi ýokarda aýdanlarymyzy tassyklaýar.
Şeýle hem oguzlaryň asyrlar boýy dowam eden göç ýollaryna gysgaça seredip geçmek zyýan etmez.

# Milli Golýazmalar instituty. 

(dowamy bar)..
Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 19 | Добавил: Gülzyýada | Теги: Milli Golýazmalar instituty | Рейтинг: 2.0/1

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: