11:55
Kipr türkmenleriniň taryhy -6/ dowamy
KIPRLI TÜRKMENLERIŇ
ATA-BABALARYNYŇ OTURAN ÝeRLERI

Meşhur permandan we ony dowam etdirýän permanlardan görnüşi ýaly, Kipre sürgün edilen adamlaryň ýaşan ýerleri Anadoly (häzirki orta-günbatar Anadoly, Kütahyýa, Uşak töwerekleri şol wagtlar hem şeýle atlandyrylypdyr), Rum (häzirki Siwas welaýaty), Dulkadyr (häzirki Gahryman Maraşdan Siriýanyň araçäginiň içine uzalyp gidýän, öňki Dulkadyrogullary begliginiň topraklary), bozuk (häzirki Ýozgat welaýaty), Içil (häzirki Içil), Teke (häzirki Antalyýa töweregi) we Garaman bolupdyr. Bu ady agzalyp geçilen ýerler osmanly agalygyny ýüzugra kabul etmän, oňa örän güýçli gaýtawul beren ýerlerdigi ünsi çekýär. Bularyň içinde öň Seljuk, soň bolsa osmanly agalygyna garşy (iň ýokary derejede baş galdyran köşge garşy türkmen erkiniň nyşany bolan Garaman iliniň taryhy hakynda maglumat bar. Şol sebäpli derňewimizi olar hakdaky gürrüňden başlaýarys.


GARAMAN HALKYNYŇ GURLUŞY

XVI asyryň başlarynda, Garaman welaýatynda 117 863 sany oturymly, 25 654 çarwa türkmen ýaşaýar eken.
Wizantiýa döwründe Larende diýlip atlandyrylan häzirki Garaman welaýatynda, Anadoluda ilkinji gozgalaň bolan Yshak baba gozgalaňyndan soňra Gyrşäheriň ýakynynda ýerleşýän Malýa ýaýlasynda ýeňlen we örän gazaply jezalandyrylan babalylaryň bir bölegi ýerleşdirilipdir. Bularyň serdary Nury Sopy Yshak babanyň müridi bolupdyr. Ol oguzlaryň owşar taýpasyna degişli tire bilen bile bu ýerlere gelmänkä (gelen wagtlary 1240-njy ýyl), horezmlileriň we mongollaryň zor salmagy netijesinde Anadola göçüp gelipdirler. Ondan öň olar Azerbaýjanda ýaşapdyrlar. Gozgalaňyň öňüsyrasynda gündogar Anadoludan geçip, Siwas töwereklerine ýerleşipdirler (1239). Yzysüre bolsa Larendede görnüpdirler. Käbir çeşmeler bu ýerlere ýerleşmegiň 1121-25-nji ýyllarda bolup geçendigi baradaky pikirlerini öňe sürseler hem arap taryhçysy Ibn Bibi Larende bazarynda kömür satyp duran adamyň Nury Sopynyň ogly Garaman begiň 1256-njy ýylda beglik gurandygyny tutaryk edinip, olar Anadola 1240-njy ýylda geldi diýip belläpdir. Gelip çykyşlary boýunça owşarlardan gaýdýan garamanlylar Azerbaýjana Jeýhun derýasynyň kenarlaryndaky watanlaryndan göçüp gelipdirler. Babalylar akymynyň bolsa şol töwerekde ýaşan Hoja Ahmet Ýasawydan gaýdandygy äşgärdir. Çeşmeler Hajy Bekdaş Weliniň halypasy Yshak baba hakynda “Bularyň musulmançylygy ýüzleý bolup, esasan, gadymy türkmen ynançlary bilen ýaşaýarlar” diýýär. Beýleki käbir çeşmeler olaryň şaýy” bolandygyny aýdýarlar. Şeýlelikde, Yshak babanyň müritleriniň biri hasaplanýan Nury Sopynyň müridi 1240-njy ýylda Alaýeddin Keýkubadyň rugsady bilen Larendede ýerleşýär. Daglardan kömür almak bilen meşgullanan ynsanlaryň serdarynyň ogly Garaman beg 1256-njy ýylda Soltan Gylyç Arslany Larende welaýatyny özüne ykta (mülk) edip bermäge mejbur edipdir. Mundan beýläk bu ýerlere Soltanyň hökümi ýöremändir. Ermeni senenamalarynda Garaman begiň 1259-njy ýylda soltanlygy yglan edendigi aýdylýar. Toros daglarynda ýaşaýan warsak taýpasyny golastyna alan garamanogullary, şol wagtdan başlap, tä Fatyh Soltan Mehmediň döwrüne çenli, iki ýüz ýyl çemesi, Anadoluda hakyky türkmen döwletini bina edipdirler. 1277-nji ýylda Konýa şäherini basyp alyp, gysga wagtlyk seljukly tagtynda oturan Garamanogly Mehmet begiň ilkinji eden işi “Mundan beýläk diwanda, dergähde, mejlisde we meýdanda türkmençeden başga dilde gepleşilmeli däldir!” diýip, perman çykarypdyr. Bu perman Ajam täsirindäki seljuklylara türkmeniň beren ilkinji gaýtawullarynyň biridir. Resmi seljukly taryhçylary bu waka hakynda “gyzyl külahly, aýagy çarykly, gara kilimli türkmeniň” Konýany basyp aldy diýip ýazýarlar. Möwlanyň ogly Soltan Welet hem Soltana: “Bu türkmenleriň ählisini gylyçdan geçirmeli” diýip, maslahat beripdir. Fatyh Soltan Mehmediň hüjümine çenli garamanlylar şol aýratynlykda ýaşapdyrlar. Döwletleri ýykylandan soň hem, baş egmän, Azerbaýjanda türkmen döwletini esaslandyrypdyrlar. Eýrana agalyk edýän Şa Ysmaýyla topar-topar bolup goşulyp, Osmanly döwletine garşy göreşi dowam etdiripdirler. 1570-nji ýyllarda Osmanly döwletiniň ýörişine päsgel bermekligi maksat edinip, pitne etmek üçin taýýarlyk görýändikleriniň üsti açylýar we Kipre sürgün edilýärler. Jeýhunyň kenaryndan mongollaryň zor salmagy bilen Azerbaýjana, ol ýerden bolsa köneürgençlileriň zor salmagy bilen Siwasa, Siwasda Yshak baba topalaňyna goşulyp Garamana, ol ýerden bolsa Kipre... Ynha, ata-babalarymyzyň bir böleginiň geçmişdäki “Syýahatynyň" gysgaça beýany şeýledir.


TEKE WELAÝaTYNYŇ ŞOL DÖWÜRDÄKI GURLUŞYNYŇ ÖZbOLUŞLY AÝRATYNLYGY

1571-nji ýylda çykarylan sürgün hakyndaky permanda ady agzalyp geçilýän ýerleriň ikinjisi Teke (Antalyýa) welaýatydyr.
Awçyogly oguzyň salyr boýunyň bir taýpasynyň "teke" diýlip atlandyrylandygy belläp geçýär.
Teke welaýatynyň ilatynyň ýerleşişi bilen baglanyşykly ilkinji maglumatlar Ibn Batuttanyň syýahatnamasynda göze ilýär. Meşhur syýahatçy Fasly Teke welaýatynda Antalyýa şäheriniň daşyndaky daglarynyň türkmen öýlerinden görünmeýändigini aýdýar. XIII asyryň ortalarynda andalusly geografçy Ibn Seýit Anadoly hakynda gürrüň berende günbatar Anadoludaky Wizantiýa topraklary barada şeýle diýýär: “Bu ülkäniň gündogarynda türkmen daglary we ýurtlary ýaýylyp gidýär... Musulmanlar bilen hristianlaryň arasyndaky araçäk (Dalaman çaýynyň köprüsi) şu köprüdir... Antalyýanyň demirgazygyndaky Deňizli daglarynda... 200 müň türkmen ýaşandygy gürrüň berilýär...” Ýazyjyogly bu türkmenleriň aslynyň “Tatar zulmundan gaçyp gelen oguzlaryň her boýundan bolan ynsanlardygyny” aýdýar. Wizantiýaly taryhçylar, bu göçüň gitdigiçe artandygyny ýazýarlar. Netijede, HIII asyryň ahyrlarynda (1280) Antalyýa we Ysparta töwerekleri Seljukly döwletinden aýrylyp Hamytoglunyň ýolbaşçylygynda öz begliklerini esaslandyrypdyrlar. Umyt Hasan teke türkmenleriň bu ýerlere 1203-nji ýyllarda gelmäge başlandyklaryny we şol döwürden başlap Hamytogullary maşgalasynyň töwereginde jemlenendigini beýan edýär. Olaryň Orta Aziýada ýaşan wagtlary hem şeýle gurluşlary bolandygy üçin, bu ýagdaý bizi geň galdyrmaly däldir. Bu döwlet Fatyh tarapyndan basylyp alynýança, özbaşdaklygyny gorap saklapdyr. Ýöne olar osmanly agalygyna baş egmän “Şaguly” topalaňyna başlapdyrlar. (Häzir hem onuň yzyny eýeriji müritler bar. Olaryň Stambulda esaslandyran jemgyýetleri öz işlerini ýöredýärler). Baýezit II türkmen begleriniň elinden mülklerini alyp, köşkdäki gaýry dinden we milletden bolan dönmelere bermegi bilen başlan gozgalaň, tas Osmanly döwletini ýykyp, Sefewilere baglan eken. Munuň sebäbi döwletiň ýokary wezipeleri türkmenlerden alnyp köşkdäki dönmelere berilmegidir.
Şaguly gozgalaňynyň basylyp ýatyrylmagy bilen Teke türkmenleri boýun egmeýärler. Türkmenler Şagulynyň halypasy hasaplanýan erdebilli şyh Şa Ysmaýyldan pena gözläp, ýola çykypdyrlar. 1514-nji ýylda bolup geçen Çaldyran söweşinde Şa Ysmaýylyň goşunynyň esasy bölegini tekeler düzüpdir. Söweşde wepat bolan Tekeli Ýegen begiň öň Hemedanyň häkimi bolandygyny göz öňünde tutup , türkmenleriň osmanly döwletinde ýitiren täsiriniň Eýranda güýçlenendigi üçin ol ýerlere göçüp gidipdirler. Teke türkmenleri Çaldyran söweşinde ýeňilýärler, ýöne ýok bolup gitmeýärler. Kanunynyň Eýrana eden ýörişi döwründe ýüze çykan, bir eýläk , bir beýläk geçip duran Tekeli Ulama hanyň şahsyýeti we onuň Şaguly gozgalaňyndan soňra Eýrana geçendigi resminamalardan belli bolýar we tekeler bilen sefewileriň gatnaşyklarynyň 1530-njy ýyllara çenli dowam edendigini görkezýär. 1534-nji ýylda Bagdat häkimi Tekeli Mämmet han üstüne ýöriş eden Osmanly goşunyna boýun egýändigini beýan edip, olary aldaýar we gaçyp Şa Tahmasba sygynýar. Bu çaknyşyklar 1555-nji ýyla çenli dowam edipdir. 1576-njy ýylda ýalan Şa Ysmaýylyň ýolbaşçylygynda bolup geçen gozgalaňy goldandyklary çak edilýär. 1580-nji ýylda bolsa Antalyýada Şageldiniň gozgalaňy başlanýar.
1571-1577-nji ýyllarda teke taýpasyndan zorluk bilen Kipr adasyna sürgün edilenleriň kimlerdigine düşünmek üçin şu maglumatlar ýeterlik bolar diýip, hasap edýäris.


DULKADYR WELAÝaTYNYŇ HALKYNYŇ HVI ASYRDAKY GURLUŞY

Ýokarda gürrüňi edilen meşhur permanda ady agzalýan sürgün edilen ýeriň ýene biri häzirki Maraş Elbistan töwereklerinden başlap, Siriýa araçäklerine süsňäp gidýän topraklar Dulkadyr diýlip atlandyrylyp-dyr. HVI asyryň başlarynda Dulkadyrda 18 185 oturymly, 48 665 çarwa türkmen ýaşapdyr.
Häzir hem Maraş daglarynda ýaşaýan “Tagtaçylar” taýpasynyň galyndylary özlerine mahsus bolan alawylygy dowam etdirýär. Antalyýa töwereklerinde hem käbir tagtaçy tireleri häzirki döwürde-de ýaşaýarlar. Umyt Hasanyň pikirine görä, tagtaçylaryň ata-babalary "Agajäri" türkmenleridir. “Agajäri türkmenleriň taryhy kökleri oguzlardan gaýdýanda bolsa, olaryň aýratyn topar döredendikleri ýa-da döretmändikleri, hunlar zamanyndaky taryhy ýazgylarda olaryň beýleki boýlar bilen gatnaşykda bolandygyny ýa-da bolmandygy, oguzlaryň Anadola geçenlerin-de tokaýlarda ýurt tutunma bilen agajärligiň gatnaşygy, agajärleriniň HIV-HV asyrlardaky ýaşaýyş-durmuşlary we beýleki aýratynlyklar ünsi çekýän meseleleriň arasyndan ýer alýar. Maraşyň derelerine we tokaýlaryna, giň topraklara ýaýran oguzlar 1258-nji ýylda seljuklaryň goşun hatarynda durup mongollara garşy söweşýärler” . Olar 1253-nji ýylda Anadoluda peýda bolýarlar .
Anadoludaky mongol hanlygy gowşap, özi bilen Seljukly agalygyny hem gowşadypdyr. Araçäklerde ýurt tutunan tire-taýpalar, şeýle hem memluk araçäklerindäki göçüp-gonup ýören taýpalar özleriniň begleriniň ýolbaşçylygynda ýaşamak endiklerini has-da güýçlendiripdirler. Bozuk begi Garaja beg 1337-nji ýylda memluklaryň wassalygynda Dulkadyrogul-lary begliginiň düýbüni tutupdyr. Bu welaýat türkmenleşen hem bolsa, syýasy tarapdan memluklaryň golastynda galypdyr. Dulkadyrlylar oguzlaryň bozuk taýpasyndan bolan Şam türkmenleridir. Olaryň içinde bozuklaryň baýat, owşar, begdili we beýleki taýpalarynyň wekilleri bolupdyr. 1141-nji ýylda gündogar Anadoly-Azerbaýjan ülkesinde ýerleşýän iki sany türkmen döwleti: Akgoýunlylar we Garagoýunlylar çaknyşanlarynda dulkadyrlylar Sefewile-riň mirasdüşeri bolan Akgoýunlylaryň tarapyny tutup, Garagoýunly ülkesini talapdyrlar. Söweşde Akgoýunly hökümdary Gara Ýülük ýeňlip, Siriýa gaçan wagtynda ynal, baýat we owşar taýpalary hem onuň yzy bilen Siriýa siňýärler. Şam welaýaty olar üçin nätanyş bolmandyr. Professor Osman Turan Ýunus Emräniň halypasy Tapdyk Emräniň şu agajärleriň birine degişli bolandygy baradaky çaklamasyny öňe sürýär.
1488-nji ýylda Şa Ysmaýylyň kakasy Haýdar şa kakasy Jüneýt şyhy öldürip, Akgoýunly hökümdaryň gaýynatasy Şirwan şanyň üstüne hüjüm edipdir. Söweşde Akgoýunly goşuny Şirwan şanyň ýanyna kömege gelipdir we Haýdar şa atylan oklaryň biri degip ölüpdir. Gysga wagt içinde iki sany serdarlaryny-şyhlaryny ýitiren türkmenler dargap gitmändirler. Olar Haýdar şyhyň uly ogly Soltan Alynyň töweregine toplanypdyrlar. Akgoýunly hökümdary Soltan Ýakup ýakynlaşyp gelýän howpy duýup, Haýdar şyhyň ogullaryny zyndana taşlaýar. Ýakup aradan çykandan soň ogly Rüstem tagta çykýar. Ol Soltan Alynyň tarapdarlarynyň köpelýändiginden gorkup, ony öldürýär. Soltan Alynyň özünden kiçi iki erkek dogany Ybraýym bilen Ysmaýyl Erdebil şäherindäki rumlularyň ýaşaýan ýerinde dulkadyrly aýalyň öýünde uzak wagtlap gizlenýär. Şol wagtlar Ysmaýyl bary-ýogy 6 ýaşynda eken. Erdebildäki aňtawlar köpelende Ysmaýylyň şamly türkmenlerinden bolan atabegi Hüseýin bilen kakasy dulkadyrly Abdal beg olary Hazar deňziniň kenaryndaky Gilan welatyna alyp gaçýar. XV asyryň ahyrlarynda Dulkadyrly welaýatynda ýaşaýan türkmenleriň gurluşy şeýle bolupdyr.
HVI asyryň 1514-nji ýylynda bolup geçen Çaldyran söweşinde Şa Ysmaýylyň goşunlarynyň esasy bölegini dulkadyrly tire-taýpalary emele getiripdir. Çaldyran söweşinden soň hem Dulkadyr türkmenler boýun egmändirler. 1526-njy ýylda asly dulkadyrly Zünnün babanyň ýolbaşçylygynda başlanan gozgalaňa Anadoludaky türkmen tire-taýpalaryň köpüsi gatnaşypdyr. Professor F. Sümer “Mahaç söweşi güni Anadola gan çaýkalypdyr” diýýär. Hakykatdan hem Mahaç söweşi 1526-njy ýylyň 29-30-njy awgustda tutaşypdy.
Zünnün babanyň gozgalaňy şol ýylyň 27-nji sentýabrynda basylyp ýatyrylýar. Ýowuz Selim 1526-njy ýylyň ahyrlarynda, 1527-nji ýylyň başlarynda Müsüre ýöriş edip, ol ýerleri golastyna alypdyr we “Türkmen welaýaty” diýlip atlandyrylan Dulkadyrogullary begligindäki mülkleri döwletiň haýryna geçiripdir. Şol sebäpli Hajy Bekdaş Weliniň neslinden (Balym Soltanyň ogly) bolan Galandar Çelebiniň ýolbaşçylygynda Osmanly döwrüniň iň uly gozgalaňy başlapdyr. Galandar Çelebiniň harby güýji 30 müň esgere ýetipdir.
Galandar Çelebi garaçaly we dokuz boýy begleriniň dönüklik etmegi netijisinde ýeňlip, ýesir düşýär we 1527-nji ýylyň 8-nji iýunynda kellesi kesilipdir.
1576-njy ýylda bolup geçen ýalançy Şa Ysmaýyl gozgalaňy hem Dulkadyrda başlapdyr.
Selim II sürgün Permany hem şol ýyllardaky gozgalaňlaryň netijesidir.
Öňki bölümlerde beýan edilişi ýaly, olar gündogar Türküstanda we Çyn araçäklerinde odunçylyk bilen meşgullanyp ýörkäler näbelli sebäplere görä, VII asyrda Yrtyş derýasynyň kenarlaryna, VIII asyrda günbatar Türküstana; H asyrda Mawerannahra, ol ýerde Gazna häkimi bilen oňuşman Horasana; Beýik seljukly hökümdarlary bilen oňuşman HIII asyryň ortalarynda Maraş-Elbistan daglaryna we osmanly köşgüne baş galdyrandygy üçin HVI asyryň ahyrynda Kipre sürgün edilipdirler. Ynha, kiprli ata-babalarymyzyň bir böleginiň geçen ýolunyň gysgaça beýany şundan ybaratdyr.


BOZUK WE RUM WELAÝaTLARYNYŇ HALKYNYŇ HVI ASYRDAKY GURLUŞY

Bozuk (Ýozgat) iliniň HVI asyrdaky atlandyrylyşyndan ol ýerde kimleriň ýaşandygyny bellidir. Şol asyryň başlarynda Rum welaýatynda 90 839 oturymly, 8 672 çarwa hojalyk ýaşapdyr.
Agsak Teýmir Anadola gelen wagtynda ol ýerde HII asyrda ýerleşen mongol taýpalarynyň oturandygyna gabat gelýär. "Garatatarlar" diýlip atlandyrylan topar Ankara söweşinde Ýyldyrym Baýezidiň ýeňilmegine sebäp bolupdyr. Teýmiriň olaryň mundan beýläk osmanogullary bilen bile ýaşamaklarynyň kyn boljakdygyny göz öňünde tutup, garatatarlary öz ýany bilen göçürip alyp gidipdir. Boşap galan topraklar häzirki Ýozgat-Siwas-Amasyýa töwerekleridir. Bu ýerlere Dulkadyrly bozuk tireleri göçüp gelipdirler. Dogan Awçyogly oturymly ýaşaýşa ilkinji bolup geçen türkmenleriň Şa Ysmaýylyň çagyryşyna ilkinji seslenenlerdigini belläp geçýär. 1501-nji ýylda Şa Ysmaýyl bu ynsanlaryň emele getiren 7 müň esgerden ybarat bolan goşuny bilen Şirwan şanyň üstüne hüjüm edip, kakasynyň we atasynyň aryny alýar. 1503-nji ýylda hem bularyň hataryna goşulan gyzylbaş goşuny Akgoýunly Soltan Myrady ýeňipdir. Olaryň şol döwürdäki ulanan kalendary hem 12 haýwan atly gadymy türkmen kalendary bolupdyr we olaryň özi ýeňiş ýylyny "Doňuz ýyly" diýip ýatlaýarlar.
Iki ýörişde-de Şa Ysmaýylyň şamly tire-taýpasyndan bolan atabegi Hüseýin we “dädesi” Abdal beg uly hyzmatlary bitirendigi üçin Hüseýin beglerbegi, Abdal beg hem goraýjybaşy wezipesine bellenipdir. Beýleki türkmen begleri hem basylyp alnan topraklaryň häkimleri edilip bellenipdir (Anadoluda şol wagtlarda işler munuň tersine amala aşyrylypdyr. Türkmen asylzadalaryň topraklary ellerinden alnyp, köşkdäki dönmelere berlipdir. Ýokarda gürrüňi edilen Şagulynyň we Galandar Çelebiniň ýolbaşçylygynda bolup geçen gozgalaňlaryň sebäbi hem şudur).
Bozuk türkmenleri Eýran bilen Anadolunyň arasynda gatnawlaryny dowam edipdir. Anadoluda galanlar hem ähli gozgalaňlara gatnaşypdyrlar. Anadoluda şol döwürlerde bolup geçen gozgalaňlara “Jelalylar gozgalaňy” diýlipdir. Oňa bozuk türkmenlerinden Jelaly şyh diýen biri ýolbaşçylyk edip, gozgalaň 1518-nji ýylda başlanypdyr. Bu gozgalaň 1519-njy ýylda gazaply basylyp ýatyrylypdyr. Ondan öň 1512-nji ýylda bolup geçen Nur halypa topalaňy hem şol töwerekde turupdyr. 1525-nji ýylda Tekeli Zünni babanyň ýolbaşçylygyndaky gozgalaňyň ady köp çeşmelerde duş gelmeýän ikinji serdary “Bozuk begi Gökleň tire-taýpasynyň begi Musadyr”. Ol 1515-nji ýylda Çaldyran söweşinde Osmanly bilen çaknyşypdyr. 1526-njy ýylda Galandar Çelebiniň Maraş taraplarynda başlan we Gyrşäherdäki Hajy Bekdaşyň aramgähine ýeten gozgalaňy bu töweregiň halkyny aýaga galdyrypdyr. Türkmenler Siwasyň töwereginde Osmanly goşunlaryny dargadyp, meşhur serkerde-lerini öldüripdirler. Gozgalaňyň basylyp ýatyrylan ýeri bolan Başsaz diýen ýerde bolup geçen “Ýalan Şa Ysmaýyl” gozgalaňy hem Şam tarapynda başlap, ýene-de bu topraklarda basylyp ýatyrylmagy pikire batyrýar. Ýokarda aýdylanlardan permandaky bozuk ilinden Kipre sürgün edilmäge buýrulanlaryň kimlerdigi aýan bolýar.
Rum welaýatynyň XV asyrdaky merkezi Siwas şäheri bolup, ol häzirki Amasyýa etrabyny hem öz içine alypdyr. Siwas topraklary Pir Soltan Abdalyň, Aşyk Weýseliň watanydyr we Anadolunyň alawy merkezleriniň biridir.


HVI ASYRDA IÇIL WE KUTAHYÝa TÖWEREGINDÄKI TÜRKMEN HALKYNYŇ GURLUŞY

Ýokarda gürrüňi edilen permandan Kipre sürgün edilenleriň, ol ýerdäki ýörüklerdi-gini göz ýetirmek bolýar. “Ýörük” ady ýakyn döwre çenli çarwalygy terk etmedik oguzlara berlen atdyr, oturymly ýaşaýşa geçen oguz taýpalary bolsa "türkmen" diýlip atlan-dyrylypdyr. Çukurobadaky türkmen ilaty-nyň HVI asyrdan öňki döwrüni öwrenmek bu meseläni aýdyňlaşdyrmak üçin örän peýdalydyr.
Çukurobada türkmenler ilkinji gezek 1343-1344-nji ýyllarda görnüp başlapdyr. Şol döwürlerde oguzlaryň bozuk we üçok boýlary günorta Anadola tarap süýşýärler. Bozuk taýpalary Maraş-Elbistan töwerekle-rinde Dulkadyr begliginiň düýbüni tutup başlanlarynda Çukurobada üçok begleri hereket edip başlaýarlar. 1360-njy ýylda Sisden (Kozan) we Anazarbadan başga ýerde Ermeni agalygy ýok edilipdir. Awçyogly, bu ýagdaýy şeýle beýan edýär: “Bu adajyklar, türkmen deňizi bilen gurşalypdyr” . 1375-nji ýylda Sis welaýaty basylyp alynýar we Ermeni döwleti taryhyň gatyna siňip gidipdir. Üçok türkmenleri Remezanogly begligini gurupdyrlar. HV asyrda welaýatyň içinden geçip giden Fransuz ilçisi Le Broquiýere Çukuroba hakynda “Bu örän ajaýyp ýurt deňizleriň, daglaryň arasynda bolup, dolulygna türkmenleriň mesgenidir” diýipdir .
Bu ülkäniň halkynyň bir asyr geçenden soň, HVI asyrdaky gurluşyna düşünmeklik üçin, ýokardaky Anadoluda bolup geçen gozgalaňlar barada beýanlarymyzda bu töwerekleriň ady örän köp gaýtalandy we Sefewi köşgi Yspyhana geçenden soň hem ol ýerde Çukuroba türkmenleriň bardygy hakynda taryhy çeşmelerde ýatlanyp geçilýär. Şeýlelikde, Içil welaýatyndan sürgün edilenleriň türkmenlerdigi babatda şübhe ýokdur.
Kutahyýa-Kadyrly welaýatyny ýokardaky-larda edişimiz ýaly, öwrenmegi zerur hasap-lamaýarys. Ýöne permanda aç-açan akgeçili türkmenleriň sürgün edilmelileriň arasyn-da atlary geçýär. Ol welaýat bilen baglanyşykly maglumatlary subut etmeklige zerurlyk ýokdur.


KIPRE GÖÇÜRILEN TIRE-TAÝPALARYŇ GURLUŞY

Kipre sürgün edilen ynsanlar gyrlarda ýaşaýan Osmanly raýaty bolup, olaryň degişli bolan türkmen tire-taýpalaryny hem öwrenmek möhümdir.
Dürli çeşmelerde Kipre sürgün edilen şu aşakdaky türkmen tire-taýpalary barada anyk maglumatlar bar:
1. Şamly.
2. Garahojaly (käbir çeşmelerde "Ussahyjaly" ýa-da "Garahynjyly").
3. Köseli.
4. Eski ýörük.
5. Şyhly.
6. Kiseogly,
7. Patraly.
8. Çyplakly.
9. Gädikli.
10. Toslakly.
11. Jerit.
12. Saçygara.
13. Garageçili.

Bu ýerde "ýörük" we "türkmen" adalgasynyň näme aňladýandyklaryny gaýtadan ýatlamak isleýäris. Araplar H asyrda Horasandaky oguzlara “türkmen” diýipdirler. Anadoluda Seljukly döwründe göçüp-gonup ýören oguz boýlaryna türkmen diýlipdir, oturymlylyga geçenleri “oturymly”, “uýgur”, “romaly” manysyny aňladýan “Rum” diýip aýtmaga başlapdyrlar. Türkmenler olara teýene bilen “ýatyk (ýatak)” diýip at goýupdyrlar. Osmanly döwründe Baýezit II “Türkmenlerden wezir bellemek bolmaýar” diýip, perman çykarýar. Onuň ogly Ýowuz Selim Çaldyran söweşinden gaýdyp gelýärkä, Amasyýada türkmen asylly Pir Mehmet paşşany wezir belledi diýip, ýançorylar pitne turuzypdyr. Osmanly hem Seljukly ýaly türkmeni kemsidipdir. Şol döwür bu at belentligiň, beýikligiň sypatlandyrmasy däl eken. HVII asyrda osmanlylar günbatar we günorta-günbatar Anadoludaky tire-taýpalara ýörük, orta we gündogar Anadoludakylara bolsa türkmen diýipdirler. Faruk Sümer bolsa bu tapawutlandyrmany döwür bilen baglanyşdyrýar. Şeýlelikde, osmanly seljuklylar döwründe gelip ýerleşenlere "türk", HVII asyrdan öň gelip ýerleşenlere "ýörük", HVII asyrdan soň gelip ýerleşenlere bolsa "türkmen" diýipdir. Ýöne häzirki döwürde türkmenleriň ählisi diýen ýaly oturymly ýaşaýşa geçen hem bolsa, käbir tireleriniň häzirki wagtda çarwaçylyk bilen meşgullanýar.

# Milli Golýazmalar instituty. 

(dowamy bar)..
Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 26 | Добавил: Gülzyýada | Теги: Milli Golýazmalar instituty | Рейтинг: 4.0/1

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: