23:07
Kipr türkmenleriniň taryhy -5/ dowamy
SELJUK TÜRKMENLERINIŇ TARYH SAHNASYNA ÇYKMAGY

Kahen türkmenleriň yslam taryhyna XI asyrda girendigini aýdýar. "Türkmenler hakynda şonça zat aýdylandan soň, olaryň taryh sahnasyna çykan wagty hökmünde XI asyry görkezmek bizi geň galdyrmaly däldir. Çünki şol döwre çenli olar barada ýek-tük çeşmeler maglumat berýärdi. Türkmenleriň yslam ülkesine gelip, öz täsirlerini iň ýokary derejä ýetirmekleri bu döwre gabat gelýär".
1017-nji ýylda gaznalylar garahanlylar bilen bolan söweşde ýeňiş gazanyp, Köneürgenç şäherini eýeleýärler we Syrderýa sebitinde ýaşaýan birnäçe oguz taýpalarynyň arasyndan Togrul we Çagryl atly iki dogan tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän güýçli bir taýpa sataşýarlar. Bu taýpanyň atasy bolan Seljuk beg aýdylyşyna görä, 1007-nji ýylda 107 ýaşynda aradan çykypdyr. Ol Garahanlylaryň Talas welaýatynyň häkimi Ýygan Teginiň golastynda bolupdyr. Seljuk beg bu toparda yslamy saýlan ilkinji adamdyr. Ol ölenden soň taýpany onuň ogullary Arslan Ýabgu we Musa Ýabgu bilelikde dolandyrýarlar. Gaznaly Mahmyt 1025-1030-njy ýyllar arasynda Arslan Ýabguny hile bilen tutduryp, Hindistanda zyndana salýar. Seljuk hökümeti Musa Ýabgu bilen Seljugyň agtyklary Togrulyň we Çagrynyň arasynda paýlaşylýar. Gaznalylar Syrderýa gelenlerinde Togrul we Çagrynyň häkimiýetiniň harby güýji çäkli bolupdyr. Seljuklylar gaznalylar sebite geleninden soň, başga bir Garahanly begi Aly Tegine bagly bolup ýaşamaga başlaýar. Gaznaly Mahmyt özüne gaty bir bagly bolmadyk Aly Teginiň daýanýan güýji seljukly türkmenler-dir diýen pikir bilen olaryň üstüne ýöriş edýär. Gaznaly Mahmydyň 1030-njy we Aly Teginiň 1034-nji ýyldaky ölümlerine çenli ikisiniň arasyndaky dawada seljukly türkmenleri hemişe arada galypdyr we 1034-nji ýylda Horasana göçüpdir. Ýöne bu gezek hem Täze şäheriň häkimi Şamälik olaryň sebitde oturmaklaryndan çekinip, üstlerine çozup, olary ýeňipdir. Söweşde diňe 700 adam aman galýarlar. Bu 700 sany seljuk Amyderýa sebitindäki Balkan oguzlarynyň ýanyna baryp, olaryň kömegi bilen birnäçe ýylyň içinde 14 000 adamlyk ýaragly güýç ýagdaýyna gelýärler. 1035-nji ýylda Gaznaly serkerde-si Beýdogly ýeňilýär. Soň bolsa Mahmydyň ogly Mesutdan ötünç sorap, Horasanda oturmaga rugsat alýar. Olar Horasandaky seljukly güýçleri ýygnap, töweregindäki birnäçe oguz taýpasynyň goşulmagy netije-sinde uly güýje öwrülýär. Mesudyň Hindis-tanda bolmagyndan peýdalan seljukly güýçleri Reýi we Merwi zabt edýärler. Özlerini Horasandan çykarmak işi tabşyrylan Gazna goşunyny ýeňýärler. 1039-njy ýylda Soltan Mesut uly goşuny bilen Horasana gidýär we 1040-njy ýylyň 23-nji maýynda Dandanakanda 50 müň adamly goşunyndaky oguzlaryň seljuklylaryň tarapyna geçmegi netijesinde 16 müň adamlyk seljuk güýçleriniň öňünde uly ýeňlişe sezewar bolýar. Soltan Mesut bu ýeňlişiň netijesinde Hindistana gaçýar. Şeýlelikde, Horasanda we Eýranda agalyk edýän güýç gowuşýar. Şol boşlugy şol günlerde sebitiň iň güýçli ýaragly güýji ýagdaýyna gelen Togrulyň we Çagrynyň golastyndaky türkmenler doldurýar. Şahyr we tebip Nasyr Hysrowyň "olaryň ne-hä döwlet bilen, ne-de mertebe bilen işi bar" diýen hem Togruly we Çagrysy ägirt uly döwleti esaslandyrýar. Ýöne Z. W. Toganyň pikirine görä, Togrul hökümdar hökmünde ilkinji, Çagry goşun serkerdesi hökmünde ikinji, Musa Ýabgu bolsa üçünji orna düşdüler. 1051-nji ýylda türkmenler Togru-lyň oturymlylyk syýasatyndan ýadaýarlar. Musa Ýabguwy ýolbaşçylygynda aýaga galyp ýeňilýärler. 1055-nji ýylda Togrul günba-tara tarap ýörän wagty, Yrakdaky sünni-şaýy dawasyndan peýdalanyp, halypanyň çagyrmagy bilen halypanyň goragçysy hökmünde sünniligi goramaklygy gönüden-göni öz üstüne alýar. 1056-njy ýylda Çagry begiň gyzy Arslan Hatyja halypa durmuşy çykarylýar. 1057-nji ýylda Bagdadyň töwereginde şaýy-sünni çaknyşygy bolýar. Seljukly ýeňlip, demirgazyk Yraga çekilýär. 1058-nji ýylda bolsa Togrul we Çagry bir eneden bolan doganlary Ybraýym Ýynal alawy aýaga galýar. (Togrul we Çagrynyň kakalary Seljuk begiň ogly Mykaýyl begdir. Ol ölenden soň däbe görä, ejeleri onuň dogany Ýusup Ýynala nikalap berilýär. Ybraýym Ýynal olaryň ogludyr).
Çagry beg 1060-njy ýylda, Togrul beg hem 70 ýaşynda halypanyň gyzyna öýlenenden soň köp wagt geçmänkä 1063-nji ýylda aradan çykýar. Çagasy bolmandygy üçin abraýly adamlar onuň ýerine, onuň wesýetini nazarda tutup, (Ol Çagry ölenden soň onuň aýalyna öýlenýär. Çagry begiň ogullaryndan Süleýmanyň ejesiniň täsiri bilen ýerine Süleýmanyň geçmegini wesýet edipdir) tagta Alp Arslany oturtdylýar. Bu gezek bolsa Arslan Ýabgunyň ogly, Anadolynyň türkmenleşmeginiň sebäpkäri Gutalmyş bu saýlawa razy bolman, alawy türkmenlerini aýaga galdyrýar. Bu wakadan soň seljuk goşunynyň aglaba bölegi türkmen-lerden däl-de ajam, täjik, gürji, kürt we ermenilerden düzülipdir.
Z. W. Togan 1064-nji ýylda Gutalmyşyň 50 müň türkmen bilen Reýi gabamagyndan soň Alp Arslanyň goşunynda türkmenler däl-de, eýranlylar we kürtler bolandygyny, türk-menleriň bolsa hemmesiniň Gutalmyşyň töwereginde bolandyklaryny aýdýar. Şol ýyl Alp Arslan öz weziri Kunduryny ilki işinden aýryp tussag edýär, soň bolsa öldürýär we onuň ýerine eýranly hazyna işgäri bolan şapygy mezhebinden Nyza-mylmülki belleýär. Bu köneden gelýän ýagdaý Fatyhyň Stambuly alanyndan soň Çandarly maşgalasyny we Türkmen asylzadalaryny döwletden uzaklaşdyryp, ýolbaşçylygy gaý-ry dinden we milletden bolan, soňra musulman dinini kabul eden dönüklere tabşyrmagyna kybapdaşdyr. Çarwalaryň döwlet däpleri bilen döwlet gurup bolmaz, ony gurmak üçin oturymlylyk medeniýeti zerurdyr. Ýöne bu ýola gidilende, döwlet bilen şol döwleti guran türkmeniň arasy açylýar we şondan soň türkmen guran döwletini ýykmaga çemeleşýär. Göçler sebäpli türkmenler Anadoluda has hem köpelýär. Ajam asylzadalary merkezi eýeläp, türkmenleri serhede tarap sürýär. Bu seljuk köşgüni birahat etmez ýaly türkmenleri çetleşdirmek syýasatynyň netijesidir. Alp Arslanyň esasy maksadynyň Anadoluda däl-de, Müsüri golastyna almak bolandygy hakda çeşmeleriň ählisi diýen ýaly deň pikirdedir. Malazgirt türkmeniň Wizantiýa-ny biynjalyk etmegi netijesinde olaryň Seljugyň üstüne ýöremeklerinden ýüze çykan hadysadyr. Emma Alp Arslanyň Wizantiýa goşunyny ýok eden ýagdaýynda gaty bir öňe gitmän imperatory salgyda tabyn edip ony azat edýär. 1072-nji ýylda bolsa Alp Arslan, goşuny ýok bolan Wizantiýada däl, 200 müň adamlyk goşuny bilen giren Garahanly ülkesinde öldürilýär. Mälik şanyň döwründe Beýik seljukly döwleti, esasan, Müsüri we garahanlylary derbi-dagyn edip, olaryň ülkelerini basyp almagy ýüregine düwýär. Şol döwürde Anadoly hem basylyp alynýar, ýöne şol topraklary basyp alanlar Beýik seljuk güýçleri däl-de, käbir seljuk begleriniň ýolbaşçylygyndaky türkmenlerdir. Bularyň başyndaky iň möhüm serkerde Gutalmyş-ogly Süleýman beg, Afşy (Kahen onuň musulmanlyga geçendiginiň takyk bolmady-gy hakynda ýazýar) ýaly merkeze garşy çykýan adamlar bolupdyr. Hasanyň pikiriçe, ähli oguzlaryň türkmen diýlip atlandyrylyp başlanmagy şol döwürler başlapdyr. 1080-nji ýylda Anadoly doly eýelenýär. Gutalmyşogly Süleýman Anadoly Seljuk döwletiniň düýbüni tutupdyr.
Mälik şanyň döwleti dolandyran döwründe Siriýanyň üsti bilen Müsüre barmak syýasaty paşmaýar, ýöne garahanlyla-ry ýeňip Buharany, Samarkandy we Özkendi eýeleýärler. Anadoludaky seljuk häkimleri bir-biri bilen çaknyşýarlar, Hasan Sabbah we Haşhaşylar bilen meşgul bolýarlar (Ysmaýyl mezhebi diýlip tanalýan bu topar şaýylardan bolmak bilen birlikde Anadoly alawylygyndan tapawutly düşünjeler bilen ýöreýärler). 1092-nji ýylda Mälik şanyň ölüminden öň esasy döwlet işleri weziri Nyzamylmülkiň arada durmagy bilen amala aşýar. Şeýdip, türkmen bilen seljugyň arasynda köprüler gurulýar. Mälik şa ölenden soň 1117-nji ýyla çenli hökümda-ryň kimdigi bilinmeýär. Tagtyň mirasdü-şerleri bir-biri bilen söweşýär. 1117-nji ýylda seljuk häkimlerinden biri bolan Sanjar özüni Uly han diýip yglan edýär, ýöne şol bir wagtyň özünde-de döwlet hem bölünýär. Anadoluda, Yrakda, Eýranda we Siriýada aýry-aýry seljuk serdarlary bolupdyr. Sanjar 1118-nji ýylda Horasan-daky oguzlaryň üstüne ýöriş edýär we alawy bolandyklary sebäpli 10 müň oguzy öldürýär. Gaznalylar, Garahytaýlylar, Köneürgenç häkimi Atsyz we beýleki türkmenler bilen köp ýyllap söweşen Sanjar ilkibada gaznalylary ýeňip, oguzlardan üstün çykýar. Asly mongol bolan garahytaýlylary ýeňip bilmese-de öz döwletiniň hem binýadyny sarsdyrmaýar.
1153-nji ýylda Balh welaýatynda ýaşaýan oguzlardan salgyt ýygnamaga gelen seljuk salgytçylary olardan para almak isleýär. Oguzlar seljuk salgytçylaryny öldürýär-ler. Sanjar sebitiň häkimini oguzlary jezalandyrmak üçin goşuna baş edip iberýär. Ýöne olar häkimi ýeňýärler. Soňra Sanjar uly goşun bilen hut özi türkmenleriň üstüne ýöriş edýär. Soltan Sanjar Balh we Merwiň arasyna geleninde oguzlar ondan ötünç soraýarlar, ýöne Sanjar olary bagyşlamaýar. Goşun oguzyň üstüne çozýar. Köp ýyldan bäri öz içine oguzlary kabul etmeýän seljuk goşuny bir wagtlar oguzlaryň ýeňip Seljuk döwletini guran beýleki oturymly ilatdan düzülen goşunla-rynyň häsiýetlerini özüne siňdiripdir. Oguzyň bolsa şol bir bolşudyr. Çalasyn, hereketli we urujy! Soltanyň goşuny ýeňilýär. Sanjar ýesir düşýär. Oguzlar Sanjary demir kapasynyň içine salyp, üç ýyllap şäherme-şäher aýlaýarlar. Uly seljuk şäherlerini basyp alyp, olja edin-ýärler. Seljuk abraýdan düşýär. Sanjar üç ýyldan soň, oguzlaryň elinden gaçýar we bir ýyldan soň ölýär. Beýik seljukly döwleti ýok bolýar. Oguzlar öz guran döwletiniň ýolbaşçysy özlerinden daşlaşandygy üçin ýene-de öz guran döwletlerini özleri ýykýarlar.

BEÝIK SELJUKLY DÖWLETINIŇ JEMGYÝETÇILIK GURLUSY

Beýik Seljukly döwletiniň Apbasy döwlet ulgamynyň ýerine geçen agalyk ediji çeşmedigini bilýäris. Syýasy durmuşda bolşy ýaly, ykdysady durmuşda hem öz täsirini ýetiren zat, öňki Apbasy ýörelgele-riniň dowam etdirilmegidir. Seljukly-laryň jemgyýetçilik durmuşynda güýjüň çeşmesi hökmünde ykdysadyýet durupdyr. Ykdysadyýetiň sütüniniň hem ýer eýeçiligi bolandygyna şübhe ýokdur. Çarwa ykdysa-dyýeti hakdaky bölümlerimizi ýatlasak, Orta Aziýa sähra däplerini iň möhüm ykdysady işleriniň arasynda ýer alan çapawulçylygy dowam etmek üçin döwletiň güýçli goşuna mätäçdigi belli zat. Mälik şanyň döwründe seljukly esgeriniň sany 70 müňe ýetende Seljuk döwleti Apbasydan miras galan kärendeden "ikta" usulyna geçmeklige mejbur bolupdyr. Bilnişi ýaly, kärende hyzmatyň ýerine berilýän toprakdyr. Mülkiýetiň haklary nazar taýdan döwlete degişli bolmak bilen kärende eýesi topragy satmak we miras goýmak hukuklaryna eýedir. Diňe bir ýagdaý mejbury bolupdyr. Ol hem topragy idegsiz taşlamazlyk. Eger topraga zat ekilmese, diňe şonda döwletiň ony yzyna almagy hukugy bolupdyr. Ýöne welin toprak çäkli, güýçlenmek hyjuwy we muňa baglylykda eklenýän esgerleriniň sany bolsa çäksizdir. Bir galan zat, hususy eýeçilige has meňzeýän kärende ulgamynyň täze güýçli maşgalalary ýüze çykarmagy hem bolup biläýjek zatdyr. Orta Aziýanyň çarwa esgeriniň demokratik däpleriniň bolsa muňa ygtyýar bermäge hiç niýeti ýokdur.
Soltan Mälik şa kärende ulgamynyň ýerine "mülk" ulgamyny girizipdir. Kärende bilen mülküň arasyndaky tapawut göräýmäge düýpli bolsa-da, soňky netijä seredeniňde beýle däldir. Mülkde esasy zat mülküň eýesi bolan mülkdara berlen zat toparagyň mülkiýeti ýa-da tygşytlamak hukugyna eýe bolmakdyr. Düzgün bolşy ýaly töläninden soň özüne galanyny öz aýlyk haky hökmünde ulanmagy dogry hasap edilipdir. Seljukly Bagdada giren wagtynda şol ýerde höküm sürýän bu düzgüni ilki dargadyp, feodalizme geçmegiň öňüni almaga çalyşypdyr. Ýöne Nyzamylmülk döwründe tutuş seljukly ülkesi mülk görnüşinde dolandyrylypdyr. Ilkibada maksat edilen pikiriň tersine welaýat dolandyryjylary dolandyrýan wela-ýatlarynyň salgytçylaryna öwrülýärler. Munuň tebigy netižesi feodallaşmak we güýçlenmekdir. Şeýle bir güýçlenýärler welin, patyşa Nyzamylmülke "Edýäniň näme?" diýip soranda oňa jogap berip bilipdir. Mülk eýeleri mülkiýet hukuklaryny hem hakykat ýüzünde öz ellerine geçirip: "Mülkler biziň mülkümizdir. Kakadan ogla miras galýar. Bu ugurda janymyzy hem orta goýmaga taýyn" diýmäge başlaýarlar. Umuman aýdanymyzda, bu gurluşyň ülkäniň dürli ýerlerinde bir-birinden tapawutly güýçleri ýüze çykarandygyny görülende geçen bölümde düşündirilen Mälik şanyň düşen bulaşyklygyna düşünmek hem aňsat düşer. Ýeri gelende türkmen mülki diýlip çarwa taýpalara berlen otlag hukugy bilen esgerlere berlen mülkleriň arasynda hiç bir meňzeşligiň bolmandygyny hem belläp geçeliň. Beýik Selžukly döwletinde ýerle-şen toprak düzgüni toprakda döwlet mülkiýetini çensiz çäklendirýär. Hereket edýän düşünjäniň sähra däplerinden beter yslam däpleri bolandygy üçin toprakdaky eýeçilik şekili hem hususy eýeçilige has ýakyndyr. Ýöne seljuk mülki hernäçe güýçli maşgalalar ýüze çykarsa hem, Günbatardaky ýaly feodalçylygy ýaradyp bilmändir. Sebäbi Gündogar mülk düşünjesi bilen Günbatar mülk düşünjesiniň arasynda has möhüm tapawut bar. Nyzamylmülkiň bu meseläni düzgüne salan hökümleri ýola goýandygyny bilýäris. Gündogarly yslam mülkdary bilen günbatarly mülkdaryň arasyndaky ikinji meňzeşlik bolsa peýdakeşlikdir. Has uly günbatarly we gündogarly ýer eýeleri ägirt uly güýje eýe bolandyklary üçin haýsydyr bir welaýatyň häkimi bolmak beýlede dursun, eýsem öz çagalary bolmasa-da öz ýerinde mirasdüşer şeklinde birini oturdyp bilipdirler. Mysal üçin, Azerbaýjanyň häkimi Gara-sungur öz ogly bolmandygy üçin, öz ýerine serkerdelerinden Çawly Çandary belleýär. Soltan hem öz mülküniň eýesidir, ýöne Soltan Mahmydyň başyna gelişi ýaly, öz şamülkini paýlap, özi hem garyp düşüp biler. Bu düzgünlere degişlilikde, uly mülkleri eýelän hökümdarlar köplenç halatda asly gullardan bolan hökümdarlardyr. Wela-ýatdaky seljukly ýörelgeleri hem garaşly hökümdarlar bilen deňdir. Anadoluda, Siriýada we Yrakda aýry-aýry döwletleriň gurulmagynyň süňňüni emele getirýän gurluş ine, şudur. Netijede, Beýik sel-jukly toprak düzgüni Orta Aziýa we yslam däpleriniň goşulmagy nukdaýnazardan Ana-doly, seljukly we Osmanly toprak düzgün-leriniň ýol görkezijisidir.
ANADOLY SELJUKLYLARY

Beýik Seljukly döwleti bilen türkmenle-riň arasynda düşünişmezlik ýüze çykan-soň, türkmenler köpçülikleýin uly toparlar bolup, tizlik bilen yslam topraklarynyň araçägine göçendiklerini bilýäris. Bu araçäk häzirki Azerbaýjan topraklarydyr. Netijede türkmenleriň döwletiň içinde pitne çykarma niýeti azalypdyr. Ýörişler Wizantiýanyň topragyna amala aşyrylyp, çapawulçylyga dini äheň bermek aňsatla-şypdyr. Awçyogly yslam dünýäsi bilen Wizantiýanyň araçägi bolan Azerbaýjanda ýygnanan bu türkmen toparlarynyň düzgün-tertibe boýun egýän taýpalar däl-de, erkin gazy, nöker, ýigit, batyr, ýoldaş we ş. m. toparlardygyny ýazýar. Biz bu kesgitlemäni “edermenler, gaýduwsyzlar” diýip umumy-laşdyrsak ýalňyş bolmazmyka diýýäris. Bu edermen, gaýduwsyz türkmen toparlary wagtyň geçmegi bilen Anadolunyň içlerine we Siriýa ýörişler gurap başladylar. Aýratyn hem Anadolunyň içlerine giren toparlar özlerine seljuk şazadasy Süleý-man şany ýolbaşçy saýladylar: Süleýman şa Gutalmyşyň ogly, Gutalmyş Arslanyň ogly, Arslan hem Seljugyň ogludyr. Biz Gutalmyşyň Beýik Seljuklylara garşy çykyp, söweşendigini bilýäris. Onuň ogly Süleýman şa hem kakasynyň töweregine ýygnanan türkmenleriň başyna geçip, Anadoluda gahrymançylyklaryny dowam etdirdi. Alp Arslanyň ogly Mälik şa garanyňda Süleýman şanyň seljukly tagtynyň kanuny mirasdüşeri bolup bil-jekdigi bellidir. Beýik seljukly türkmen-leri sünni yslamyň iň uly goragçysydy, Gutalmyşyň türkmenleri bolsa şaýy-alawydylar. Bu ýagdaý Süleýman şanyň Kilikiýany eýeländen soňra, Trablus Şamyň şaýy döwletine ýüz tutup olardan şaýy kazysyny ibermegini islemeginden hem açyk belli bolar. Bu meselä ýene-de gaýdyp gelenimizde Konýadaky seljuklylaryň munuň tersine sünniligiň goraýjysy hökmünde alawy bolan Garamanogly bilen söweşendi-giniň şaýady bolýarys. Yzygiderli gaýtala-nan bu zyýanyň sebäbi biziň pikirimizçe, göçüp-gonup ýörmeleriň çaprazlygydyr.
Umumy gurluşlary gysgaça beýan edilen bu türkmen toparlary Gutalmyşyň ogly Süleý-man şanyň we Mansuryň ýolbaşçylygynda 1070-nji ýyllaryň ikinji ýarymynda Konýa töwereklerine gelýärler. Şol wagt Wizantiýa öz içinde häkimýet ugrunda söweşi başdan geçirýärdi. Konýadaky Wizantiýa serkerdesi Brionnios bu türkmenleriň harby goldawyna buýsanyp, özüni Wizantiýa imperatory diýip yglan edýär we 2000 türkmen esgeri bilen Stambulyň üstüne çozýar. Ol ýolda barýarka 1078-nji ýylda Iznikde türkmen goragçyla-ryny ýerleşdirýär.
Bu goragçylar ol galadan soň hiç haçan çykmaýarlar.
1079-njy ýylda Mälik şa Iznik galasynda ýerleşen türkmenleriň üstüne emir Porsugyň serkerdeliginde, 1090-njy ýylda bolsa emir Bozanyň serkerdeliginde goşun iberýär, emma bu ýörişler şowsuz tamamla-nýar. Awçyogly bu ýagdaýy Beýik seljukly döwletiniň Anadoly seljukly döwletine garşy bolandygy bilen düşündirýär. 1080-nji ýyl taryha Süleýman şanyň Iznigi eýelän ýyly hökmünde girdi. Bu döwlet 1308-nji ýyla çenli ýaşady. 1100-nji ýylda Gylyç Arslanyň döwründe Iznigi we töwe-regini ýitirip, paýtagty Konýa göçürmek-leri, üç sany haçly ýörişine garşy dur-maklary, Kösedag söweşinde ýeňlip, Anado-lunyň dolandyryşygyny iş ýüzünde mon-gollara aldyrmaklaryndan başga, Anadoly seljuklylarynyň dünýä taryhyna goşan goşantlary, aslynda Malazgirtden hem has ähmiýetli bolan Miriokefalon söweşinde (1176) Wizantiýalylary derbi-dagyn edip, Osmanly döwletiniň başlangyjy hökmünde Anadoluny türkmen ýurduna öwürmekleridir. Türkmen taryhyndaky ähmiýetini aýtsak Anadoly Seljukly taryhy, esasan, seljuk asylzadalary bilen türkmenleriň özara duşmançylygynyň taryhydyr. Bu kesgitle-me, elbetde, Anadoly seljuk dolandyryşy-nyň Anadoluda başlan uly dikeldiş işleriniň, ekerançylygyň we söwdanyň ösdürilip, Alynky Aziýanyň täzeden uly medeniýet merkezine öwrülmeginiň inkäri manysynda däldir. Emma aýdyljak bolýan zat adamzat taryhy boýunça dowam edip gelşi ýaly, bu ýerde hem döwlet esaslandyrylyp, ýerli halk ösüşe eýe bolansoň göçüp gelen türkmenleriň abraýdan gaçmagynyň gaýta-lanmagydyr. Biziň pikirimize görä, mundan beýläkki bolan ösüşler bölekleýin bolup, netije nukdaýnazaryndan taryhy ähmiýete eýe däldir. Bu nukdaýnazardan seredip, Anadoly Seljukly döwletiniň syýasy taryhy gözden geçirilende gysgaça şu iki zady aýtmak mümkindir: Anadoly seljuklylary Osmanly döwletiniň başlangyjydyr.

ANADOLY SELJUKLYLARYNDA ÝaŞAÝYŞ DURMUŞYŇ
GURLUŞY

Anadoly seljukly döwletinde jemgyýetiň iň ýokary gatlagyny köşk emeldarlary, alymlar we harby serkerdeler düzýär eken. Oturymly döwleti dolandyrmagy ýerli medeniýete eýe bolan ýolbaşçylar gatlagy amala aşyrýardy. “Diýary Rum seljuklyla-ry” hem öňki geçenler ýaly eýranlylary peýdalanypdyrlar. Ýöne soň-soňlar Anado-ludaky Seljuk döwleti berk ornaşansoň, gürrüňi edilýän ýetmezçilikler ýerlilerden üpjün edilip başlandy. Anadoludaky Wizantiýa milletinden bolanlaryň käbiri yslama girip, käbirleri bolsa Rumlykdan çykman Seljukly döwletiniň ýokary gatlaklarynyň başyna geçdiler. Birinji toparyň iň esasy mysallaryna ýokary gatlak Rum maşgalalaryndan bolsalar-da seljukly-laryň uly wezirleri bolan Sagdeddin Köpek bilen Garataý bolup biler. Gylyç Arslanyň weziri hem Gawras ogly Hasandyr. Keýhysrow özüniň sürgünlikde ýanynda bolan gaýyn atasy Mawrozomesi unutman, ony tagta çykansoň begler-begi edip belleýär. Mawrozomesin ogly Mihail 1297-nji ýylda Konýada hristian hökmünde ölýär, emma mazarynyň daşyna “Emiras olanes” (Emi-riň ogly) diýlen ýazgy ýazylýar. Wizantiýa patyşasy Ýuannesiň doganynyň ogly Seljukly hyzmatyna girýär we Ýuannes Çelebi ady bilen Konýany wizantiýalylardan goraýar. Keýkubadyň gaýynatasy Kiriýe adyny üýtgedip, Ferit adyny alyp, Akşäheriň häkimi bolýar. Iskilipiň häkimi Emir Konstantin, Kaýsaryň häkimi Eseud-döwle Konstantin, Tokatyňky bolsa Emir Tornik bolýar. Deňizli welaýatyny Rumly musulman bolan Garataýyň dogany Garasungur dolandyrýar.
Wizantiýa bilen seljukly köşkleriniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar örän geňdir. Eger iki tarapda-da tagt göreşi ýüze çyksa, taraplar bir-birinden goldaw gözlär-diler. Kahen bu ýakynlygy: “Musulmandyrlar ýöne .... häkimýetlikleri Rum diýilýän bu ülke bilen bütewileşendir" diýip düşün-dirýär. Seljukly şäherlerinde “igdişler” diýilýän dinlerinden dönüp musulman bolanlardan ybarat we dolandyryşyga uly täsiri ýetýän gaýry dinden we milletden bolan özboluşly gatlak ýüze çykýar. Bulara dönme diýilipdir. Bular sünni yslamyň tarapdarlary bolup, alawy türkmenlerine pes garapdyrlar. Awçyogly bu ýagdaýy “Yslamlaşma türkmenleşme däldir” diýip beýan edýär. Onuň pikirine görä, türkmenleşme şäherlerde däl-de, obalardaky derwüşhanalarda we hüjrelerde amala aşypdyr.
Seljuklylar oturymly döwlet bolansoň-lar, göçüp-gonup ýören türkmenlerden daýhan hristan obalaryny gorapdyr. Bu syýasat bir tarapdan önümçiligi ösdürmek, salgyt ýygnamak ýaly ykdysady işler nukdaýnaza-ryndan hökmany bolup durýardy. Sebäbi türkmenler Eskişäher we Kutahyýa ýaly şäherleri ýykyp-ýumrup halkyny Wizantiýa gaçyransoň, weýrançylyklaryň üstünde ça-dyr gurup ýaşap, ekerançylygy weýran edendikleriniň pikirini hem etmändir. Emma Seljukly döwleti gurluşy nähili hem bolsa bolsun, bu bolup geçýän işlere jogapkär bolup durýardy. Netijede, Seljuk-ly döwleti önüm öndürilişini durnukly saklamak üçin göçüp-gonup ýören türkmenler bilen söweşmäge, şeýle hem hristian daýhanlary goramaga mejbur bolýar. Bu hakykat düşnükli bolansoň Seljukly döwletinde gozgalaňlaryň, baş galdyrmala-ryň sebäbiniň näme üçin diňe türkmen-lerden dörändigini has anyk aýdyp bolýar. Anadoludaky iki uly türkmen gozgalaňy bolan we soňky Jelaly gozgalaňlarynyň hem pikir ýolbaşçylary bolan Babaýylar gozgalaňyndan belli bolşy ýaly türkmeni ýeňen goşun, hakynatutma ýewropaly esgerle-riniň öňde durmagynda köpüsi rumly, ermeni we kürt esgerlerdir.
Seljukly şäherleriniň orta gatlakla-ryny düzýänler bolsa oturymly ýaşaýyşa geçen türkmenler (olar mundan soňra özle-rine “türk” diýip başlaýarlar) ahy gatlagy (senetçiler), igdişler, birnäçe tarykatlara (akymlara) degişli derwüşler (esasan möw-lewiler) we ýerli gaýry-musulmanlar bilen täjirlerdir. Bu agzalanlaryň hemmesi Ana-doly seljuklylarynyň aňyýetiniň şärikle-ridiginiň iň esasy subutnamalarynyň biridir. XIII asyryň aýaklarynda Garama-noglanyň serkerdeligindäki türkmenler Konýa derwezelerine gelen mahaly Seljukly esgerleri tarapyndan şäherden kowulýarlar. Bu ýerde ýene-de oturymlylyk bilen göçüp-gonup ýörmeklik çaknyşdy.



KIPRLI TÜRKMENLERIŇ GELIP ÇYKYŞY

Kiprli türkmenleriň kimlerdigine düşünmek üçin, onuň geçmişden geljege nähili ýollary geçendigine göz aýlamak gerekdir. Häzirki döwürde kiprli türkmen-leriň gelip çykyşy hakynda gürrüň edilende, bu meseläni öwrenijileriň niýeti syýasata uýdurmak bilen çäklenýändigi sebäpli, meseläni has aýdyňlaşdyryp öwrenmek zerurdyr. Şu nukdaýnazardan Nikos Samsonyň we Baş ýepiskop Hrisos-tomyň kiprli türkmenleriň hakykatda asylly Elen kiprliler bolup, olaryň osmanlylardan gorkusyna yslam dinini kabul edenleriň nesillerinden emele gelen köpçülikdigini aýdýar. Bu pikiriň tarapdar-larynyň arasyna şunça ýyllap gülkünç “taryh kitaplary” ýazan, kiprli türk “taryhçylaryny” hem goşmak bolar. Olar öz wagtlaryny örän köp sarp edip, dürli çeşmä daýansalar-da, meseläni öwrenmekde hakykat-dan ugur almandyrlar. Höwesjeň taryhy öwreniji bolan bu setirleriň awtory bu kemçiligiň üstüni dolmak üçin öz ýurduna, halkyna bolan söýgüni ýüreginde besläp, şu işi başlady. Elbetde, bu meselä öňki hünärmenler dogry çemeleşen bolsa, bu iş bize galmazdy...
Kiprli türkmen şahsyýetiniň esasy aýratynlygy geçmişden häzirki döwre çenli alyp gelen medeni gymmatlykdygy gürrüňsizdir. Olaryň Kipre näwagt gelen-diklerini bilmek, sanlary anyk kesgitle-mek we ondan öň kimler bolandyklaryna, näme işländiklerine seretmek o diýen bir kyn iş däldir. Ýöne bu barada örän köp çeşmeler bar bolsa-da, resmi we höwesjeň taryhçylaryň ýüze çykaranlary, 1571-nji ýyldaky sürgün permany bilen çäklenýär. Işimiziň netijesini häzirden beýan edip, delillerimizi yzygiderli nygtamak usuly-ny esas edinip, kiprli türkmenleriň özboluşlylygyny görkezmäge girişýäris.
Kiprli türkmenler bu ýere Anadoludan sürgün edilen esasy alawa türkmen taýpalarynyň nesilleridir.
1571-nji ýylyň 21-nji sentýabrynda Selim II çykaran permany munuň ilkinji delilidir. Bu ýerde ünsi çekýän zat sürgün edilen ynsanlaryň ýaşan welaýatlarydyr. Permandan görnüşine görä, “Anadoly Içil, Garaman, Rum (häzirki Siwas welaýatynyň şol döwürlerdäki atlandyrylyşy), Dulka-dyr (häzirki Gahryman Maraşdan başlap, Siriýanyň araçäklerine girip gidýän topraklar), bozuk (häzirki Ýozgat welaýaty), Teke (häzirki Antalyýa), Kadyrly we Uşak welaýatlarynda ýaşaýan ynsanlaryň bir bölegi Kipre sürgün edilipdir. Bu welaýatlaryň şol döwürdäki gurluşlaryna soňky bölümlerde seredip geçeris.
Ünsi çekýän başga bir delil bolsa, 1571-77-nji ýyllarda amala aşyrylan sürgünler döwründe Anadoluda bolup geçen wakalardyr. Şol döwürde Anadoluda ägirt uly alawa-türkmen gozgalaňy bolup geçýär we bu gozgalaň basylyp ýatyrylanda alawy-türkmen gyrgynçylygy amala aşyrylýar. 1576-njy ýylda ýüze çykan “Ýalan Şa Ysmaýyl” diýip atlandyrylan, şam-diýada türkmen taýpasyndan bolan bir şahsyň töweregine türkmen-alawy taýpalary topla-nyp, Şam-Ýozgat aralygyndaky topraklary basyp alypdyrlar we birnäçe gezek osmanly goşunlaryny ýeňipdirler. Meşhur pir Soltan Abdal hem bu gozgalaňa gatnaşypdyr we gozgalaň basylyp ýatyrylandan soň jezalandyrylyp öldürilipdir. Gozgalaň basylyp ýatyrylanda türkmen-alawy tireleri ýedi ýaşdan ýetmiş ýaşa çenli ählisi öldürilip, guýulara taşlanypdyr. 1570-nji ýylda osmanly wezipeli işgärleri Siwas we bozuk welaýatlaryndaky obalara baryp bilmändirler. 1576-njy ýyldaky gozgalaňyň sebäbi osmanly goşunynyň Eýranyň üstüne eden ýörişine bildirilen nägilelikdir.
Gozgalaň we ondan soňky çykarylan permanlar, Kipr sürgün häsiýetine, ol ýere sürgün edilen ynsanlara esasan gozgalaňyň çykan ýerinden sürgün edilmelere meňzeýär. Siňe seredeniňde, mesele gozgalaňda däl-de, onuň has düýpli sebäbiniň bardygyny aňmak bolýar.
Türkiýe respublikasynyň Ministrler kabinetiniň arhiwinde saklanylýan Osmanly döwrüne degişli “Mühimme depderinde” 1576-njy ýylda ýazylan 29-njy belgidäki 490-njy hatardaky permanda şeýle diýilýär:
“Bozuk begi Çerkez bege höküm: Welaýatyňyzdaky rafyzylardan (alawy ýa-da gyzylbaş diýmekdir) Eýran bilen aragatnaşyk saklaýanlary ýüze çykarmaly... Bulary bir bahana tapyp jezalandyryp öldürmeli... Eýran bilen gatnaşyk etmeýän alawylary aýyl-saýyl edip, Kipr adasyna göçürmeli...”
30 belgili “Mühimme depderinde” 488-nji belgide bellige alnan permanda şular buýruk berilýär:
“Bozuk begler-begine höküm: gyzylbaşlykda günäkärlenýän kişiler barada maglumatlar ýazylan depderleriň nusgalary iberildi... Gyzylbaşdyklary anyklansa, ölüm jezasy bilen jezalandyrylsyn. Ýöne günäleri subut edilmese, Kipre göçürilsin”.
Bu iki perman çykarylan döwründe alawylykda günäkärläp jezalandyrmagy, ýa-da “başga bir bahana bilen” diýip, maslahat berilmegi örän geňdir. Bu alawydyklaryny subut etmek başartmasa “garakçylyk etmek, ýol urmak, topar döretmek” ýaly günäleri ýüklemeklik ýoly salgy berlendigi görünýär.
Bu meselä degişli bolan ýene-de birnäçe perman bar. 1576-njy ýylyň 8-nji iýulynda çykarylan permanda “Anadoly begler begi we Uşak kazysyna”, “hammamy basan Kutahyýa Akgeçili ýörüklerini” Kipre sürgün etmeklik emr edilipdir.
Taryhçy Ahmet Rafyk “XVI asyrda Anadoluda türk aşyretleri” atly kitabynda halkyň başyndan bela bolup inen ýörükleriň “ýörük belasyndan dynmak üçin, olary Kipr adasyna sürgün etmek dogrumyka?” diýen soragyna, osmanly taryhynyň iň reaksion baýdak göterijisi bolan Abu Ependi (daşary ýurt dillerini öwrenmegi gadagan edýän dindar bolupdyr) “bolup biler” diýip, jogap beripdir.
Çeşmeleriň başga birinde, Kutahyýa degişli Akgeçili ýörükleriň gozgalaň edýänleri Kipre sürmek”, “Ýörükleriň esasy watany hasaplanýan Içil welaýatyny terk edenleri we garakçylyk bilen meşgullanýanlaryny Kipr adasyndaky galalara sürgün etmek barada” (Kiprde sürgüni kabul eder ýaly ýeke-täk gala bolup, bu ýerde ýaşaýanlaryň atalarynyň kimlerdigine göz ýetirmek o diýen kyn hem däldir), “Ýörükleri Kipr adasyna sürgün etmek barada”, “Kipr adasyna sürgün edilip gämide barýarkalar gäminiň serdaryny öldürip gaçanlar barada” ýaly permanlary öwrenilende, geçmişimiz bilen baglanyşykly häzirki döwre çenli aýdylýanlaryň köpüsiniň hakykatdan daşdygy ýüze çykýar. Kiprli türkmenleriň atalarynyň Konýa bilen baglanyşygy ýokdur. Garaman bilen Konýa biri-birine gapma-garşy gelýän aýratynlyklary bolan welaýatlardyr. Kiprli türkmenleriň ata-babalarynyň ol ýere sürgün edilmeklerine sebäp bolan ýönekeý günä bolman, şol döwürde “syýasy günä” derejesinde görülýän mezhep dawasy bolupdyr. Bu ýerde ýene-de bir zady belläp geçmek gerek. Gaýta-gaýta ýatlanýan Eýran şol döwürde Sefewi nesilşalygynyň agalygynda bolup, ol osmanlydan hem beter türkmen döwleti häsiýetlendirilmesine laýykdyr. Şeýlelikde Osmanly döwletini dönmeler, Eýrany bolsa türkmenler dolandyrypdyr. Şeýle hem alawylykda günälenýänler, esasan, Anadoluda we Azerbaýjanda bolan şaýy mezhebine uýýanlar bolup, tutuşlygyna diýen ýaly türkmene mahsus mezhepdir. Yslam we yslamdan öňki türkmen ynançlary hasap edilýän şamanlyk bilen manyhylygyň garym-gatym bolan görnüşidir. Şu nukdaýnazardan, irki osmanly çeşmelerinde bar bolan we bizi dolandyranlaryň ählisi hem häzirki wagta çenli guwanyp, kabul edişleri ýaly, kiprli türkmenleriň ata-babalary “gazykdan boşanlaryň topary” däl-de, tersine ynsanperwerligiň wekilleri hasap edilýän türkmen-alawy tire-taýpalarydyr, has takygy oguzlaryň nesilleridir. Käbir osmanly çeşmeleri biziň ata-babalarymyz hakynda “dogup-döräli bäri bozgak topalaňçy, garakçy” diýýän hem bolsalar, iňlis çeşmelerinde şol ynsanlara: “Ýakyn Gündogaryň iň ýumşak ynsanlary” diýilýändigini ýatdan çykarmaly däldiris
Kiprli türkmenleriň ata-babalaryny Ortaýer deňzindäki Kipr adasyna sürgün etmek baradaky permanlarynyň käbirinde ýatlanýan Anadoludaky ýaşan ýerleriniň taryhy aýratynlyklarynyň üstünde durup geçmek zerurdyr.

# Milli Golýazmalar instituty. 

(dowamy bar)..
Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 14 | Добавил: Gülzyýada | Теги: Milli Golýazmalar instituty | Рейтинг: 3.5/2

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: