22:47
Kipr türkmenleriniň taryhy -4/ dowamy
JEMGYÝETÇILIK BASGANÇAKLARY. ÜLEŞ (PAÝ)

Oguzlaryň jemgyýetçilik basgançaklary olaryň jemgyýetdäki durmuş ykdysady düzgünine görä bolupdyr. Adamlaryň ýaşa-ýyş-durmuş ýagdaýyny we önümçilikden öz paýyny düzgünleşdirýän bir orun-paý ulga-my döredilipdir.
"Oguznamada" ýazylşyna görä, Oguz hanyň ogly Gün han 24 nesil (oba) üçin at we tagma çykaryp, goýunyň etinden haýsy böleklerini iýmelidigini görkezipdir. Üleşden alnan paý orun bilen deň dereje-dedir. Orny ýokary derejede bolan nesliň ýolbaşçysy toýda goýunyň gowy ýerini iýýär we ülkäniň gowy bölegine häkimlik edýär. Reşideddiniň "et paýy" diýýän ülüşi hakykatdan hem etden alnan paý däl, häkimlikden alnan paýdyr. "Et" nyşany şony bildirýändigi üçin gaty möhümdir. Toýda hiç et iýmän diňe hyzmat edýänler hem bar. Olaryň oturýan ýerleri bolsa ornuny, ýagny jemgyýetde eýeleýän wezipesini görkez-ýär.
"Altyn çadyrda iň abraýly ýerde Gün han oturdy. Ähli kowumlaryň birleşmegi üçin goýunyň kellesini we sagrysyny Gün hanyň öňünde goýdular we şeýle diýdiler: "Kim han bolsa bu onuň ülüşidir". Gapynyň ýanynda Yrkyl hoja otyrdy. Onuň öňünde goýunyň döşüni goýdular, kim wezir bolsa bu onuň hakydyr. Bäşinji çadyrda Deňiz hanyň ogly Igdiri oturtdylar we oňa goluny berdiler. Bügdüz dogrady, Garlyk atlara seretdi. Kynyk dogrady, Gypjak atlara seretdi".
Görşümiz ýaly, begleriň arasynda hem tapawut bar. Dogan Awçyogly Kradere salgylanyp, bu ýagdaýy ilkinji doglan oglanyň tohum zynjyryna baglaýar. Ýagny ilkinji doglan kişi atanyň ýerine geçjek-digi üçin onuň tohumynyň orny has ýokardadyr. Galyberse-de, birnäçe arkadan soň iň kiçi ogluň tohumy "ak süňklilikden" gitdigiçe "gara süňklilige" geçip bilýär. Ýokary derejedäki tohumdan bolanlar öz aralarynda hem "biri iýmeli, beýleki seretmeli" düzgüni bilen ýaşan wagtlarynda akbudun bilen garabudunyň arasynda şeýle ýagdaýyň bolmandygyny tassyklamak ýalňyş-dyr. "Halkyň we abraýly taýpalaryň arasynda medeniýet we millet tarapyndan tapawutlylyk däl-de jemgyýetçilik we syýasy tarapdan tapawut bar. Bu tapawut töweregin-däkileri ýanyna jemläp, olary wezipelen-dirip, adamlaryň bu wezipeleri bir edara ýagdaýyna getirmeleri we häkimiýeti ele geçirmeleri, taýpanyň beýleki agzalarynyň zähmeti bilen eklener ýaly ýagdaýa gelmekleri netijesinde döräpdir. Mysal üçin, her kim çadyryny jemgyýetdäki tutýan ornuna görä gurup bilýär. "Orun" meselesi düzgünlere berk bagly bolup durýardy. Jemgyýetde eýesiniň eýeleýän wezipesine görä çadyrlar içerden daşara tarap halkalar görnüşinde uzap gidýärdi.
Bu aýdylyp geçilenlerden düşünşimi-ze görä, üleşdäki, ýagny paýlaşykdaky deňsizligiň bir edara ýagdaýyna getirilen-digini görýäris. Halyl Berktaý bu gurluşyň içindäki ezilen halkyň "il" diýlip atlandyrylandygyny, "gün" ezilmesiniň bolsa has ýüzleý galandygyny görkezýär. Ýagny beg bilen il biri-birine garşylyk-lydyr. "Türkmen ýaýlagyna ýöremese, il bozulandyr". Beg öz başyny çarap bilýär. Orta Aziýadaky düzgün Anadoly türkmenleri-niň arasynda uzak ýyllar dowam edipdir.
Jemgyýetiň şeýle synplar görnüşinde gurulan düzgüniniň köplenç ýagdaýda garabu-dun gozgalaňyna ýol açandygyny, Oguzyň syýasy we ykdysady häkimligi artdygyça ýerli medeniýete öýkünip, ilki Hytaý, soňra bolsa Eýran-Arap, iň soňunda bolsa Wizantiýa medeniýetine boýun bolup, özünden daşlaşan öz asylzada gatlagy bilen eden söweşleri onuň özüne bähbitli, synpy çaknyşma hökmünde kabul edilen bolmagy-nyň ähtimaldygyny nygtamak gerek. Bilge hanyň ýazgysyndaky şu bölüm örän ünsi çekýär:

"Türk begleri türk adyndaky itdi,
Hytaýly begler Hytaý adyny tutdy
Elli ýyl hytaýa işini, güýjini berdi
Türk gara budun şeýle diýipdir:
Illi budundym, hany indi ilim?
Kime il gazanyp berýän?
Hanly budundym, hany indi hanlygym?
Haýsy hana işimi-güýjümi berip ýörin?"

Görüşimiz ýaly, diňe medeni däl, syýasy häkimlik dawasy hem garabuduna dert bolup durýar we onuň eli bilen ýöredilýär. Şeýlelikde, begleriň boýun bolan medeniýeti oturymly medeniýetiň ýokarky gurluşy bolmak bilen gara budunyň ykdysady durmuşyna howp salýar. Ýeterlik derejede baýlyk edinen begiň ýerli durmuşyň ykdysady düzgünine görä ýaşamagy kyn zat däldir. Hakykatda welin il ýa-da gara budun çopançylyk bilen meşgul bolup ýaşaýandyr. Ýaşaýan ýerleri ekerançylyga gabat gelmeýär, şeýle hem onuň özi ne ekerançylygy bilýär, ne-de ekerançylyk bilen meşgullanmaga höwesi bar. Şonuň üçin onuň düşünjesine görä ekerançylyk bilen meşgullananlaryň hemmesi "ýatukdyr". Müňlerçe ýyldan bäri çarwa bolup ýaşaýan we hiç hili baýlygy hem bolmadyk adamlaryň ýerli medeniýetden çekinmegi, gazanan baýlygy sebäpli şoňa görä laýyk hereket edip bilýän beýnä öz aslyndan bolsa hem oňa duşman bolmagyna nähili düşünmeli? HH asyryň gymmatlyk-laryny müň ýyl jümmüşe äkidip, ol adamlaryň "milletçi" bolandyklary sebäpli Hytaýa duşman bolandyklaryny öňe sürmek gülkünç düşünje bolar. Aslynda bu ýagdaý olaryň ykdysady bähbitleri bilen bagla-nyşyklydyr. Ekerançylyk bilen meşgul-lanmak üçin bilimi, tejribesi we mülki, söwda etmek üçin maýasy, senetkärçilik bilen meşgullanmak üçin okuwy bolmadyk adam-laryň bu işleri agalyk edýän medeniýete garşy durup bilmejekdigi bellidir.
Orta Aziýadaky gara budun, Eýrandaky oguz we Anadoludaky gyzylbaş gozgalaňla-ryna biziň pikirimizçe bu nukdaýnazardan seredilse düşnükli bolar.


DÖWLET GURLUŞY. SERDAR. ÝaBGU

Taýpanyň taýpadygyny bildirýän ýedi aýratynlygy bar. Bular:

1. Özüne degişli topragy we ady;
2. Diňe özüne degişli bolan dialekti;
3. Tireler tarapyndan saýlanan syýasy baştutan we onuň harby baştutanlara görnükli ýagdaýda ygtyýar bermek hukugy;
4. Syýasy ýolbaşçylary we harby baştu-tanlary wezipeden boşatmak hukugy;
5. Umumy dini düşünje we dini dabaralarda tutýan orny;
6. Umumy işler üçin taýpa geňeşini geçirmek;
7. Ygtyýarlyklary çäkli bolan syýasy baştutanlardan biriniň soňra baş serkerde derejesine gelmegi.

Iroukalardaky bu aýratynlyklaryň hemmesiniň Orta Aziýa toparlarynda hem bolandygyny görmek geň däldir. Oguzlarda her taýpanyň öz ady, topragy (ýaýlag-gyşlag) we nyşany bolandygyny bilýäris. Dürli taýpalaryň öz dialektleriniň bolandygy hakykatdyr. Oguzlaryň "tarla" (ekin) diýýän zatlary Çagataý dilinde "tarlag", Uýgur dilinde bolsa "taryglygdyr". Üleş we orun beglere ygtyýaryň nä derejede berlendigini görkezýän mysaldyr. Wezipelerinden boşat-ma hukugyna gelenimizde bolsa olja getirmeýän ýabgularyň diňe wezipesinden boşadylman, eýsem öldürilendigini hem bilýäris. Umumy dini düşünjeleriň we tire geňeşleriniň bolandygy hem hakykatdyr. Uly ýolbaşçynyň ygtyýarlarynyň çäkli bolmagy meselesine gelenimizde bolsa:
Oguzlaryň seljukly soltany Sanjary tutup, köp ýyllap demir kapasada aýlandyklaryny, ýöne şonda-da ýolbaşçy hökmünde görendiklerini, Seljuk begiň kakasy Dukakyň dawalaşan ýabgusynyň kellesine topuz (serdesse) bilen urup bilmegi ýolbaşçynyň güýjüniň simwoliki bolandygynyň we onuň "deň derejelileriň arasynda ýolbaşçy" bolandygynyň aýdyň subutnamalarydyr. Ibn Fadlan oguzlaryň dolandyryş ýörelgelerine geň galyp, şeýle diýýär: "Ýolbaşçylaryna beg diýýärler. Aralaryndan biri bege maslahat salmak islän wagty onuň ýanyna gidip: "Beg, pylan işi näme edeýin?" diýip soraýar. Näme etmelidigini barada öz aralarynda geçirýän ýygnaklarynda karar kabul edýärler. Ýöne karary ýerine ýetirmegiň wagty gelende bolsa iň ýönekeý, iň abraýsyz adamlar hem orta çykyp, karara garşy çykyp bilýär.
Syýasy kararlary Buýwakiniň pikirine görä bir çadyryň içine üýşen begler, harby ýolbaşçylar, we taýpanyň ýaşululary kabul edipdirler.
Syýasy bütewilik merkezi bir erk ulanylmagyna däl-de, taýpalar konfedera-siýalaryň birine baglydyr. Islän we güýji ýeten aýrylyp bilipdir. Harby ýolbaşçyla-ryň biri bolan Seljuk özüniň yslamyýete geçendigi üçin Ýagbu bilen düşünişip bilmän "men kapyra salgyt tölemen" diýip, salgyt tölemekden boýun towlaýar, ýüz sany erkek garyndaşy, 1500 sany düýe we 50 müň sany goýuny hem alyp, olardan aýrylýar. Soň bolsa öz ogly Arslany Ýabgu diýip yglan edýär. Ýöne welin ol 3-4 müň çadyrlyk bir türkmen toparynyň ýabgusydyr. Baştutan-lygy ondan kabul edip alan doganynyň ogullary Togrul we Çagrylyň kararlaryny özleri däl-de gurultaý kabul edýär.
T. Teýmir Göktürkmen döwleti bilen Ýewropadaky Frank döwletini meňzeş diýip hasap edýär. S. Ýerasimos S. M. Arsaly çeşme hökmünde görkezip, onuň "gowşak konfederasiýa" pikirine goşulýar. Ýerasimos VII asyrda Orta Aziýada merkezi döwlete tarap öňe gidişligiň bolandygyny, ýöne oguz gozgalaňynyň bu öňe gidişligi togtadandygyny düşündirip ýazýar. Çarwalyk şertlerinde alamançylyk hem özbaşyna bir iş bolandygy üçin, aýratyn harby birleşmäniň düzülmegi tebigy zatdyr. Taýpalaryň arasynda bolan söweşlerde hemişe şol bir taýpanyň ýeňiş gazanmagy sebäp bolýar. Ýöne muny bir han taýpasynyň orta çykyp, döwleti dolandyrmagy görnü-şinde pikir etmek ýalňyşdyr. Taýpalar, uruglar ýa-da tireler özlerini güýçli hasap edenlerinde döwletden aýrylýarlar, döwlete goşulýarlar. Tiräni dowam etdirmeklik diňe öz tiresiniň içinde ýöredilýär. Dolan-dyryş bilen baglanyşykly wezipeler atadan ogla geçýär. Aksüňkli budun bilen garasüňkli budunyň arasynda araçägiň bolmagy hökmandyr. Ibn Fadlanyň hem belläp geçişi ýaly, garabudun çykarylan karary halamasa, pikirini aýdyp bilýär, ýöne ondan başga zat edip bilmeýär. Olar karara boýun bolmaga mejburdyr. Gysgaça netije çykaranymyzda, çarwa türkmen döwletleri begler tarapyndan dolandyrylan we aralarynda gowşak arabaglanyşygy bolan taýpalaryň harby serkerdeleriniň, hanyň uly abraýynyň töwereginde birleşmekleri netijesinde gurulandyr. Wezipesine saýlaw arkaly ýa-da beýleki ýolbaşçylary baş egdirip geçen ýokary ýolbaşçy bilen taýpa ýolbaşçylaryndan emele gelen we hemişe söweş guramasy hökmünde işlän gurultaýyň tabynlygyndaky bu döwletleri bitewi goşun görnüşinde birleşendirler. Taner Teýmir Göktürkmen döwlet gurluşyny "içinde harby demokratiýanyň galyndylary bolan döwlet" diýip atlandyrýar.
Aýdylyp geçilenlere seredenimizde T. Teýmiriň pikirine goşulmazlyk mümkin däl. Hatda has öňki wagtlara ser salsak, şol döwrüň döwleti bilen, bu döwrüň döwlet düşünjesiniň doly tapawudynyň büs-bütin başgaça bolandygyny aýtmak bolar.

# Milli Golýazmalar instituty. 

(dowamy bar)..
Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 11 | Добавил: Gülzyýada | Теги: Milli Golýazmalar instituty | Рейтинг: 5.0/1

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: