10:02
Kipr türkmenleriniň taryhy

KIPR TÜRKMENLERINIÑ TARYHY

“Türkler size degmeseler olar bilen parahatçylykly ýaşaň”
Hadysy Şerif.

■ Türkmen kim?

XX asyryň başlaryna çenli “türkmen” ady hoşniýetlilik bilen ýatlanan däldir. Hezreti Omaryň pikirine görä, “Türkler zyýany kän, mal we harytlary has az bolan duşmanlardyr”. “Türk çapawulçylyk bilen garnyny doýuran, aw we oljadan başga zat iýmeýän, çapawulçylygy söýýän mahlukdyr (adamdyr)”.
Mahmyt Kaşgarly şeýle diýýär: “Beýik Taňry: “Meniň bir goşunym bardyr. Oňa "Türkmen" diýip at dakdym. Olary Gündogarda ýerleşdirdim. Bir halka gaharym gelse, türkmenleri şol halka musallat ederin” diýýär.
Taryhyň her pursaty şol döwrüň gatna-şyklaryna bagly bolup, täze gymmatlyklary döredip, öz döwrüni doldurypdyr we könele-riň ýerini täzeler bilen çalşyrypdyr. Şu manyda “millet” düşünjesi ýeterlik dereje-de ýaş jemgyýet we taryhy kategoriýadyr. Orta asyrlarda ne-hä bu gün bize tanyş bolan “türk milleti” bardy, ne-de türkçe gepleýän adamlary biri-birine bu günki manyda baglaýan bir bag. Elbetde bu zatlar ähli jemagatlara hem degişlidir. Taryhy ýadygärliklerimizde agzalýan türk düşünjesi çarwa türkmen taýpalaryny aňladýar. XX asyryň başlaryna çenli "türk" ady çarwa türkmenlere ýa-da ýörüklere berlipdir.
Taryhda "türk" ady ilkinji gezek VI asyrda duş gelýär. "Oguz" ady bolsa VIII asyrda. Töwratda Nuh pygamberiň Ýafes atly oglunyň bolandygy, Ýafesiň bir oglunyň adynyň hem Türk bolandygy we türkleriň atasynyň şoldugy aýdylýar. Bu adyň agzalyp geçilen ilkinji ýeri Orhon ýadygärlikleri bolup, şol ýazgylarda bu söz “türük” görnü-şinde ýazylypdyr. Bahaddin Ögeliň aýdy-şyna görä, “türk” ady Göktürkmen döwleti-niň düýbüni tutujy aşina taýpasynyň atalary bolan Natiliunyň lakamydyr. Kültegin ýadygärliginde şu setirler ýazylypdyr:
“Güneýde (günortada) Tabgaç Budun duş-man imiş (Hytaý). Guzaýda (demirgazykda) Baz han (Uýgur hany) dokuz oguz budun duşman imiş. Gyrgyz, kurikan, otuz tatar, hytaý, tataby hem duşman imiş...”
Has ýokary abraýly oguz taýpalary türk buduny diýlip atlandyrylypdyr. Täze taýpa şol abraýy almak bilen “Türk buduna” goşulşy ýaly, şol abraýdan aýrylyp “Türk budundan” çykyp hem bilýär eken. Bilge han “Dokuz oguz meniň budunymdy” diýipdir. Kültegin olary budunyň daşynda diýip hasaplaýar. Uýgur hany bolsa dokuz oguzlary öz budunyna çagyrypdyr, emma olar soňra:

“Burguda ýetişdim
Söweşdim, gylyçlaşdym, naýza saldym.
At sürüsini, mallaryny, aýalyny getirdim”

- diýen setirleri arkaly, zor bilen öz budunyna goşandygyny düşündirýär.
“Türk budun belli-belli taýpalaryň döreden toparyna dakylan atdyr. Buduny düzýän taýpalaryň we obalaryň hemmesiniň aslynyň bir bolmagy, hatda bir dilde geplemegi hem hökmany däldir”.
Wizantiýalylar Orta Aziýa bilen söwda gatnaşyklaryny alyp barýandyklary üçin boz ýeriň halkyny tanapdyrlar. Göktürkmen-ler bilen "türk" adyny umumylaşdyryp-dyrlar. Yslam ýazyjylary çarwa şaman toparlarynyň hemmesine "türk" diýipdir-ler. X-XI asyrdan soň çarwa musulman oguzlar türk ýa-da türkmen ady bilen ýatlanypdyr. Özlerini buharaly, samarkant-ly ýa-da Anadoluda bolşy ýaly rumly (rumly, ýagny medeniýetli) diýip atlandyrýan oturymlylar bolsa, "türk" "türkmen" sözleri bilen çarwalary aňladypdyr.
X asyrdan başlap "türk" ady musulman oguzlara berlen atdyr. Türkmen hem şoldur.
Grekleriň özlerine dakan atlary bolan "hellen" ady gadymy Gresiýadaky bir taýpa-nyň adydyr. "Rus" ady Skandinaw asylly-lardan gelmek bilen birlikde "rus", "isket", "sarmat", "alan" we "slaw" taýpalaryndan ybratdyr. Häzirki fransuzlaryň aslynyň "germandygyny" kim aýdyp biler? Ýöne olaryň atalary "franklardyr", ýagny german taýpasydyr. Iňlis milleti şol adada ýaşaýan "keltlerden", "angyllardan", "žutlardan", "saksonlardan" emele gelen "germanlar" we "brutonlardan", "normanlardan" emele gelen demirgazykda ýaşaýan fransuzlar daniýalylara degişli taýpalaryň birleşmegi netijesin-de ýüze çykandyr. Şu sebäpli bu günki iňlis milleti "angyllaryň" ady bilen ýatlanýar. Ýöne XI asyrda bu ülkede bilim dili latyn, syýasy dil fransuz, köçe dili bolsa iňlisçe eken. Anadoluda şol asyrda bilim dili arapça, syýasy dil parsça, köçe dili bolsa türkmençe eken.

■ TÜRKMEN TAÝPALARYNYŇ TARYHYŇ SAHYPASYNA DÜŞMEGI

“Taryhda iň gadymy türkmen taýpalary Hytaý çeşmelerinde biziň eýýamymyzdan öňki III asyrda ýatlanýar. Bular Hytaýyň demirgazygynda mongol taýpalary bilen bile ýaşaýan hiong-koular bolupdyr.
"Hunlar" diýlip atlandyrylan bu toparyň “Goşun görnüşinde toplanan halkdygy” ýazylýar. “Syýasy birleşmäniň gurluşynda baştutanlygy "tu-ko" taýpasy ýöredipdir. Bu taýpa Tan-Hu atly serkerdäniň taýpasy eken. Tan-Hunyň taýpasy ýaly bäş taýpa jemgyýetde dürli aýratynlyklary bolan ýagdaýda eken. Biziň eýýamymyzdan öňki 209-njy ýylda Tu-Manyň (Teomanyň) ogly Mo-Tun (Mete) bu syýasy toparlary döwlet derejesine göterýär we “Tan-Hu“ adyny alýar. VI asyrda Göktürkmenler döwletiniň düýbüni tutujy Bumyn han hem Hytaý çeşmelerinde “Tan-Hu“ diýlip atlandyrylypdyr.
Huong-Noular hususy mülküýeti bilmändirler. Aslynda bular atalyk bagy bilen baglanan garyndaş toparlar we toparlaryň birleşmeginden emele gelen taýpalaryň we olaryň birleşmeginden emele gelen konfederasiýa bolup ýaşan çarwa toparlardyr. Bu nukdaýnazardan, şeýle-de oba hojalygy bilen gyzyklanmaýan adamyň mülküýeti hususylaşmak pikiri kellesine hem gelmändir.
Hytaýyň han taýpasynyň hökümdarlary biziň eýýamymyzdan öňki III asyrdan başlap, tan-houlara hytaýly şa gyzlaryny bermäge başlaýarlar. Iýjek gök önümlerini alamançylyk ýoly bilen hytaýlylardan getirýän hiang-noularyň baştutanlary hytaýly şa gyzlaryna öýlenensoň alaman-çylyk edip bilmändirler. Şeýlelikde, ýuwaş-ýuwaşdan hun ekerançylygy ýitip gidýär we gerek bolan gök önümleriniň hemmesini söwda ýoly bilen Hytaýdan almaga başlaýarlar. Harydyň öwezine berlen mallaryň we söwda garaşlylygynyň netijesinde hun ykdysadyýeti tutuşlygyna Hytaýa garaşly bolup galypdyr. Ikinjiden bolsa Hytaýa ymtylan hunyň ýokary synplary bilen aşaky gatlaklaryň arasyndaky medeni deňagramlylyk bozulypdyr. Synp tapawutlyklary has hem artypdyr.
Netijede biziň eýýamymyzdan öňki I asyrda hiang-noularyň bir bölegi Hytaýa göçüp, şol ýerde ýaşap başlaýarlar. Biziň eýýamymyzdan öňki 44-nji ýylda bulara goşulmadyklar günbatar hunlar atlandyry-lypdyr. Günbatar hunlar Aral we Baýkal kölleriniň arasynda ýerleşýärler. Gündogar-dakylar biziň eýýamymyzyň I asyrynda ýene-de bir gezek günorta we demirgazyk toparyna bölünýär. Günortalylar Hytaýyň ýerli ilaty bilen garyşyp gidýär. Demirgazyklylar bolsa mongollar bilen bolan söweşlerde ýuwaş-ýuwaşdan taryhyň sahnasyny terk edýär.
Resmi taryhyň ýazyşy ýaly, Beýik Hun döwletini ýykan esasy sebäpler hytaý däpleridir.
Ýöne sebäp hökmünde diňe hytaýly gözel gyzlaryň türkmen hanlarynyň akylyny almagyny görkezmek bolmaz. Näme sebäpli ykdysadyýetiň Hytaýa garaşly bolandygy hem bellidir. Munuň netijesinde ýokary synpda-kylar ýerleşen ýerlerindäki däp-dessurlara ýykgyn edip, öz aşaky gatlaklaryndan daşlaşandyklary üçin jemgyýetçilik gurluşy ýykylypdyr.
Beýik Hun döwleti ýykylandan soň günbatarly hunlar sähralarda gonup-göçüp, günbatara tarap ýöriş edýärler. Olar Ýewropada Beýik Hun döwletini gurýarlar. Gündogar hunlaryň günortada galan topary bolsa taryhyň sahnasyny terk etmezinden öň Hytaýyň içinde To-Ba döwletini gurupdyr.

■ BEÝIK GÖKTÜRKMEN DÖWLETI

Türkşynaslyk boýunça hünärmenleriň Hytaý çeşmelerinden derňew esasynda alan netijelerine görä, hiong-noulara medeniýet we beýleki ugurlardan seredilende buddizmi kabul eden göktürkmenlerdir. Göktürkmenler taryhda "türkmen" adyny umumylaşdyryp-dyrlar. Olar ösüşiň netijesinde öňürti demirçiligi, soň bolsa ýazgyny oýlap tapypdyrlar.
IV asyryň başlarynda Altaýda mongol-laryň golastynda ýaşan käbir taýpalar Bumynyň ýolbaşçylygynda garaşsyzlykla-ryny alýarlar. Bumyn han ölenden soň ýurt ogly Mu han bilen dogany Istemi hanyň arasynda paýlaşylýar. Munuň netijesinde merkezi Garagurum bolan gündogarly göktürk-menler bilen Maweranahrda günbatarly göktürkmenler emele gelýär. VI asyrda Eýrandan Manjuriýa çenli ähli meýdanlar bu döwletiň golastynda bolupdyr.
Göktürkmen döwletini döreden Bumyn-dyr, ol aşina tiresiniň atasy bolan, “Türk” lakamyny alan Natiliunyň çowlugy eken. Oguzlarda Göktaňry sebäpli gök reňk mukaddesdir. Döwleti döredenler oguzlardyr. Gynansagam, bu döwleti ýykanlar hem oguzlardyr. Seljuklyda-da, osmanlyda-da bolşy ýaly, oguzlaryň içinden çykan dolandyryjylaryň soň-soňlar dolandyry-lýanlary özünden daşlaşdyryp, hatda gylyç-dan geçirmäge synanyşmasynyň göktürkmen-lerden başlandygyny görýäris. Gysgaça aýdanymyzda, Beýik Göktürkmen döwleti beýleki birnäçe döwletler ýaly oguzlaryň guran döwletlerinden biridir.
Osmanly begleriň güýçlenip we medeniýetleşip başlan Wizantiýadan, hun hanlarynyň Hytaýdan gyz alyp öýlenmek bilen medeniýetleşjekdiklerini pikir edişleri ýaly, göktürkmen begleriniň hem ilkinji işi Hytaýdan gyz soramak bolýar. Juan-juanlardan gyz dilän Bumyna kemsidiji jogap berilýär. Bumyn hytaýly gyzlara bolan söýgüsinden dänmeýär. Ol günbatarly To-Ba şanyň gyzyna öýlenmek arkaly, hytaýlylar bilen garyndaşlyk gatnaşygyny açýar, ýöne Juan-Juana bolan öýke-kinesini unutmaýar. Pursat tapanda üstüne çozýar we olaryň atlaryny taryhdan bozup, aryny alýar (552-nji ýyl). Bu ýeňişden soň Bumyn han adyny alýar. Şeýlelik bilen hunlardan Tan-Hu (ýa-da Şenýu) diýip ýatlanan hökümdarlaryň derejesi şondan soň han (Kagan) bolýar. Bumyn şol ýyl ölýär.
Bumyndan soň gelen hanlar ýerli medeniýete, şol medeniýetiň eýesi bolan Hytaýa ýykgyn etmäge başlaýarlar we şolara meňzemek bilen medeniýetleşme ýolunyň hytaýly şa gyzlaryna öýlenmek arkaly amala aşýandygyna ynanýarlar. Bu ýagdaý medeni tarapdan hytaýlaşmak bilen öz halkyndan daşlaşýan dolandyryjy begleriň ýüze çykmagyna ýol açýar. Söwda tarapyndan hem hunlaryň ýalňyşlary gaýtalanýar. Çarwa halk gerek-ýaraklaryny gazanmak üçin şol ýere ýerleşip, önümçilige girişmeýärler. Ýöne bu ýagdaý bu ülkäniň ykdysadyýetiniň ýene-de Hytaýa boýun egmegine getirýär. Dolandyrýan begleriň öňki güýji galmaýar. 581-nji ýylda bu ülke ikä bölünýär. Günbatarda "ýagby türkleri" ýa-da "on taýpa" türkleri ady bilen tanalýan taýpalar "Günbatar Göktürkmen döwleti" diýen ady alýarlar. Gündogarda bolsa gündogar Göktürk-menleri ýüze çykýar. "Ýagby" ady şondan soň günbatar göktürkmen baştutanlarynyň ady bolup galýar.
Hytaý çeşmeleri günbatardaky taýpa-laryň däp-dessurlarynyň türkmenleriňkä meňzeşdigini, ýöne dilleriniň biraz tapawutlydygyny ýazýarlar. Bahaddin Ögel günbatardaky taýpalaryň “düz ýüzli oguz”, beýlekileriň bolsa “çalarak çekik ýüzli mongol” görnüşinde bolandygyny belläp geçýär. Umyt Hasanyň ýabgy saýlamagyň şertleriniň bozuklaryň gaýa boýuna bagly bolupdyr diýen netijesine görä, günbatar Göktürkmen döwletini guranlar hem oguzlar-dyr. Hytaýyň gündogar göktürkmenlerini ýykmagynda baş roly Bumynyň garyndaşy, aşina tiresinden bolan Aşina Sögöl oýnaýar we 648-njy ýylda gündogar Türküstan Hytaýyň golastyna girýär. 656-njy ýyldaky Göktürkmen-Uýgur urşunda bolsa Hytaý goşunynyň başynda ýene aşina tiresinden bolan Aşina Mi-şi bilen Aşina Pu-çen durýar.
745-nji ýylda döwleti düýp-teýkary bilen ýykan Uýgur-Göktürkmen urşunda bolsa uýgur goşunynda uýgurlar, garlyklar, gyrgyzlar, bismiller we oguzlar söweşýär-ler.

# Milli Golýazmalar instituty. 

(dowamy bar)..

Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 34 | Добавил: Gülzyýada | Теги: Milli Golýazmalar instituty | Рейтинг: 4.3/3

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: