08:43
Kimkä? / hekaýa
KIMKÄ?

«Gaty gitse bir sagat, ýok, bir sagadam däl, kyrk bäş minut çemesi wagtym bardy. Irräk çykanyň bilenem alyp barýan galaň ýok. Sebäbi sekiziň ýaryndan öň ýola çykýanlaryň köpüsi awtobusa garaşýar. Esasy hereket kiçi dili ýedi bilen sekiziň arasynda duran sagadyň uly diliniň altydan agmagy bilen başlaýar. Senem şojagaz gysga wagtyň içinde iki-baka daz ýasap, şol günküje ryzkyňy çöplejek bolýaň. Onsoň ilk-ä, dokuzyň ýary bolmanka, gyzjagazymy çagalar bagyna ýetişdirmeli, soňam bialaç amanat tünegiňe ýumlugaýmaly. Bir girensoňam, ýürek edip, garaňky gatlyşyp, it-guşuň gözi baglanansoň çykaýmasaň, irdenki gazananjaň bilen oňňut etmeli.
Ýaman ýeri, kelläňde-de birtopar alasarmyk pikirler gybyrdyklap, günüňe goýanok. «Ýeri, şeýtmänimde başga eliňden gelýän zat ýokmy? Ýok! Käte bir hekaýajyk ýazmakdan başga başarýan zadyň ýok! Olam kime gerek? Okajak bir tapylarmy? Tapylaýanda-da, hany, ondan bäş şaýy barmy? Barmak basyp sanaýmalyja adamlaryň aýdýan «Tüweleme, gowy ýazypsyň, yzy gür bolsun!» ýalyrak sözlerindenem garnyň doýanok. Bolýa, garnymy doýurmasa-da, ruhumy doýurýar, mundan soňky döredijiligiňe goldaw berýär diýeli. Näme, şol sözler guşuň çagasy ýalyjak agzyny açyp oturan üç sany garagözüň garnyny doýurýarmy? Ýa-da sözi bilen bomasa-da, gözi bilen gyjalat berip oturan aýalyň gyjytly nazaryna galkan bolup bilýärmi? Onsoňam biz ýaly ýazyp-pozýan adamlar aşa duýguçylam bolaýýar. Käte gelýän netijäňe hiç hili ilteşigi bolmadyk sözlerdenem başga-başga manylary çykaryp, öz-özümizdenem öýkeläp gezeýýäs. Düýn-öňňünlikde özüm bilen deň-duşrak galamdaşym bilen gabatlaşdym».
–– Salawmaleýkim.
–– Waleýkim.
–– «Maral» magazine.
«Juk» edip, kellämi ýaýkadym.
«Şonda ýaňky dostum aýdýar: Soňky günler hiç zat bilen serim ýok. Öňler aýalym göwünlik bererdi, indi olam gury sözlerden ýadapdyr öýdýän. Arada-ha: «Seniňkiden hezili ýok, ýatýaň-turýaň, ýazýaň-pozýaň» diýip, birneme igendem. Gazetde işleýän ýene bir tanşymyň gelni hem: «Şojagaz aýlygyň diýmeseň, senden peýda ýok. Bileniň-biteniň gije-gündiz dümtünip, nämedir birzatlar ýazyp oturmak. Diňe özüňi bilýäň» diýipdir. Aýallaryňkam dogry, çaga eklemeli, güzeranyňy tigirlemeli. Ýöne şol sözleriň ýa-da igençli bakyşlaryň ýanýoldaşlarynyň bagryndan parran geçip, olary iki epläp taşlaýandygyndan habarlary ýokmuka?! Onsuzam oňat eser…»
–– Salam, inim, «Şeker» magazine.
–– Bolýa, mün.
«Hawa, onsuzam, oňat eser ýazjak bolup ýürege agram salýas, gahrymanyň ýerine özümizi goýup, onuň gussasyny deň paýlaşýas. Ýogsam, eser ýasama çykar, ýürekden çykmansoň, ýüreklere-de barmaz. Bä-äý, ýeri, şeýdip owadan sözler bilen pikir ýöretmäniňde, barmak çommaldyp, «Aý, munuň pikirlerem «betgelşik» ekeni» diýip üstüňden güljek barmy diýsene?!»
–– Owadanja eken-aý.
–– Düşünmedim?! –– Öwelip, ýanymda oturan daýaw pyýadanyň ýüzüne seretdim.
–– Ýaňky geçip giden gelin diýýän…
«Baý, soňky hekaýa agyr ýazyld-aý. Temasam agyrdy, belki, şondandyr. Täsirinden heniz-henizlerem çykyp bilmän ýörün. Baş gahrymany-ha iküç gezek düýşümde-de gördüm. Her gezeginde-de belent dagyň depesinde sowukdan ýaňa titräp durşuna: «Meni şeýdip ile paş etmäniňde, ýarylyp ölýämidiň?» diýýän ýaly, nägile garaýar-da, dumana siňip gidýär. Özümem şol dagdan kelemenläp gaýdýan ýaly, hopugyp oýanýan».
–– Şu ýerräkde saklaý, inim.
«Ýeri, Gaýratjan, seniň kysmatyň keç bolmagyna men günäkärmi? Ýa ejeňi şol ýola men iterdimmi? Nätjek, ýazgytdyr-da. Dogrusy, özümden: «Şu hekaýany ýazmak hökmanmy?» diýip kän soradym. «Oňarypsyň» diýip makullanam tapyldy, iki-ýeke garşy çykanam. Şol hekaýany okan halypalaryň biri bolsa: «Ýazmak –– ruhy terapiýa» diýip jogap beripdi. Aýdyp bilmän, kalbyňda dykyn alyp duran sözleri hekaýadan çykaryp goýberýäň welin, dünýäň giňeýär, ýeňleýäň. Ýöne şol halypa:
–– Ol oglan soňundan nirä gitdi? –– diýip, seni sorady. Jogabym ýeke sözden aňryk geçmedi.
–– Bilmedim.
Bu gürrüňi diňläp oturan ýazyjy dostum has giňişleýin düşündirdi:
–– Pylan aga, onuň üýtgeşik giden ýeri ýok. Ol biziň aramyzda, belki, bazarda-beýlekide günde-günaşa gabatlaşandyrys, ýöne tanaýan däldiris».
–– Salam, 30-yň bazaryna.
–– Ýok, gelneje.
Haýallyk bilen ýaňky gelnejäniň duşundan geçip, sähel ýöredim. Ýanýodanyň gyrasynda çep egninden uzyn sumka asylan, aýagy köneräk jynsyly, egni tyrrygrak futbolkaly, saçy ýaýylan, garaýagyzdan gelen gelşikli, taksi saklajagyny-saklamajagyny bilmeýän ýaly, ikigöwünli bolup duran, on alty-on ýedi ýaşly gyzyň deňinde saklanjak boldum. Ýöne elini doly galdyrmansoň säginmedim-de, gaty haýallyk bilen ýüzüne seredip geçip gitdim. Olam ýylgyryp seretdi. Göwnüme bolmasa, ýüzi tanyş ýaly. Süňňüme ýeňiljek galpyldy aralaşdy, ýüregimiň urşam birneme batlandy. Hemişeki endigim boýunça, roluň çep gapdalyndaky sagada seretdim. 8:15. Onsoň öňümdäki ullakan aýlawdan yzyma öwrüldim-de, ýoluň o ýüzünde, ýaňky gyzyň deňiräginde saklandym. Maşyny öçürdim. Gapynyň aýnasyny doly ýatyryp, ony synlap başladym. Kellämde her dürli pikirler jyrtlaýar. Gyzam maňa seredýär. Ýüregimiň gürsüldisem artyp barýar… Maşyny çalarak öňe sürdüm-de, onuň çep «gulagyndan» gyza seredip ugradym. Olam ýylgyrýan ýaly… Hawa, ýylgyrýar. Diýmek, göwünjeň… Şol wagt gabat garşymdan eli köneräk paketli, gulagy birtaý gulaklykly, ýaşy durugşan bir adamyň maňa seredip ýöräp gelýändigini gördüm. Ogurlykda tutulan ýaly, gaty erbet boldum. Ýüzüm lap-laplap ýanyp, gulaga çenli gyzdy. Şol ikarada ol gyz saçyny ýygnap, kellesine kepka geýip ýetişipdir. Meniň gyzaryp oturyşymdan lezzet alýan ýaly, şelaýynsyrap ýylgyrýar. Al saňa gerek bolsa, ind-ä sag eliniň süýem barmagyny kükregine degrip, soňam maňa tarap uzadýar. Kellesinem çalarak aşak-ýokaryk yraýar. Düşnükli. «Ýanyňa baraýynmy?» diýýär. Jogap hökmünde menem kellämi iki gapdala ýaýkadym. Soňam ur-tur maşyny otladym-da, öňümdäki çatrykdan yzyma öwrüldim. Haýaljakdan sürüp gelşime, maşynyň maňlaýynda keseräk bakyp duran aýna seredip, sag elim bilen saçymam daraklap ýetişdim.
–– Salam, nirä?
–– Teke bazara.
–– Näçe manat berjek.
–– Pulum-a ýok.
Gepleşiýinden bu jelagaýyň adamy däldigine düşündim.
–– Onsoň?
–– Gaýrat ediň, äkidiň!
Ol maşynyň gapysyny açjak boldy. Gulplangydy. Ýöne men çep elimiň astyndaky düwmeleriň birine basdym-da, oňa münmäge rugsat berdim. Ol içinde üýtgeşik goşunyň ýokdugy halparyp durşundanam belli bolan sumkasyny ýeňillik bilen gujagyna aldy-da, ýanymda joňkaryp oturdy. Şobada burnuma arzan bahaly atyryň ysy urdy. Indi onuň äňiniň çep tarapy kiçiräk peşehordaly ýüzüne ýakyndan seredýärdim. «Öz-ä tanyş. Beý, allajanlarym, nirede gördümkäm?» Ol bolsa çalarak ýylgyryp, birzatlary gürrüň berýär. Sözleriň arasynda «sepiň» ýokdugyndan ýalan sözleýändigini arkaýyn bilip oturmaly.
–– Düýn gije bolýan kwartiramyz ot aldy… Bar pulumam şonda ýandy. Gaýrat edip, meni Tekä taşlaň…
–– Sen näme berjek onsoň?
–– Düşünmedim… Bir ýerde oturaly diýjek bolýaňyzmy?
–– … Ol ýerden nirä gitmekçi?
–– Bilmedim, barara ýerim-ä ýok.
Oňa nebsim agyryp başlady. Ýaş başyna şeýle ýowuz kysmata sezewar bolmagyna kim günäkär? Näme, onuň kimdir biriniň mähriban uýasy, gyzy, gelni, ejesi bolmaga haky ýokmy? Özümi müýnli duýdum. Sag elimiň aşagynda, bulgur-beýleki goýulýan goşa «çukurçygyň» içinden teňňeleri aldym-da:
–– Bar, jigim, hana, şol ýerdäki duralgadan awtobuslar gatnap dur. Şolara mün-de, gidiber. Meniň wagtym ýok. Ugrumam ters –– diýdim. Onuň bolsa henizem şol bir heňi:
–– Haýyş, äkidäýiň!
–– Wah, jan jigim, wagtym ýok.
Ol kynlyk bilen maşyndan düşüp barşyna:
–– Onda habarlaşalyň –– diýdi.
Men ony jogapsyz galdyryp, gyzjagazymy çagalar bagyna ýetişdirmek üçin haýaljakdan gaza basdym. Şonda gapdalymdan hälki eli paketli adamyň geçip barýandygyny gördüm. Ýöne bu gezek onuň göni bäbenegine gaty arkaýyn seretdim. Soňam maşynyň sag «gulagyndan» naýynjar garap galan hälki gyza gözümi aýladym. «Kimkä? Kimkä? Dur, dur… Ýa bolmasa, Gaýratyň gyz sypatynda öňümden çykyşymyka? Ýa onuň uýasymyka? Ýa-da ejesiniň ýaşlygymyka? Kim bilýä, belki-de, indiki ýazjak hekaýalarymyň biriniň gahrymanydyr?»

Ahmet MELE.
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 31 | Добавил: Raýdaş | Теги: Ahmet Mele | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: