22:33
Musulman zenanlara makiýaž ulanmak bolýarmy?

MUSULMAN ZENANLARA MAKIÝAŽ ULANMAK BOLÝARMY?

Sorag: 
Gelin-gyzlar, hijaplyka ýüzlerine we gözlerine bezeg üçin boýag çalsa bolýarmy?

Jogap: 
Soragy şeýle edip sorasak has dogry bolar: Musulman zenanlara makýaž ulanmak bolýarmy?

Musulman zenanlara käbir şertleri ýerine getirip makýaž ulanmak bolýar!

Ol şertler:
1-nji şert: 
Musulman zenana: diñe öz ärine görünmek üçin makýaž ulanmak bolýar! Eger keseki erkeklere görünmek üçin makýaž ulansa ýa-da makýažlyka daşaryk çykyp kesekilere bezegini görkezse haram bolýar!

2-nji şert: 
Kapyr zenanlara meñzemek maksady bolmaly däl!

3-nji şert: 
Ulanjak makýažlary saglyga zyýanly bolmaly däl! Çünki satylýan bezeg serişdeleriniñ köp böleginde, saglyga zyýanly himiki maddalar ulanylýar we netijede deriñ çalt garramagyna, sowuklamagyna, guramagyna, alergiýýa getirmegine, çişleriñ emele gelmegine we başga hassalyklara sebäp bolup bilýär. Bu lukmanlar tarapyndan tassyk edilendir.

4-nji şert: 
Bezegde öte geçmeli däl!

5-nji şert: 
Täret we gusul alañda suwyñ geçmegine päsgel boljak madda bolmaly däl! Mysal üçin dyrnaga çalynýan renkler ýaly! Eger makýažda şonuñ ýaly madda bar bolsa, täret we gusul almazyndan öñ ol aýrylmaly!

6-nji şert: 
Haram maddadan ýasalan bolmaly däl!

Belläp aýdýarys: 
Musulman zenan diñe äri üçin bezenip biler, bezegini keseki erkeklere görkezse ýa-da görünmek üçin bezense haram bolar!

Allaha hamd, Pygamberimiz Muhammede s.a.w. salat we salam bolsun!

Категория: Pedagogika we edep-terbiýe | Просмотров: 56 | Добавил: Gülzyýada | Рейтинг: 4.0/4

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: