17:07
Keramatly Gözli Ata Kelamy

KERAMATLY GÖZLI ATA KELAMY / hikmetli hekaýatlar

■ AZAŞSAÑ TEBIGY ÇELGÄ BAK

Mañgyşlagyñ çölüni aralap gelýän Gözli atanyñ öñünden ugruny ýitirip ýören kerwen çykýar. Hasasyna söýenip duran Gözli ata elini uzadyp:  
-  Şu ugur boýunça kerweniñ öñüni tartyber. Hä diýmäni öñki belet ýoluñyza çykarsyñyz - diýýär we uzan elini aşak goýberip, sözüni dowam edýär: - Haçan-da sapara çykan wagtyñyzda ýeriñ çöl, çag gündiz bolsa tebigy çelgä gum depeleriniñ ygasyna, bardy-geldi tokaýda bolsañyz agaç başynyñ gyşaran ugruna äñ ediñ, ol kyblañyzy görkezer. Eger-de wagt gije asman bolsa asmana bakyñ, ýyldyza bakyñ, üýtgemez demirgazyk ýyldyzy göni gaýrany salgy berýändir. Şeýle-de ýene-de bir zady unutmañ. Gije yşyga (oda), gündiz-de tüssä gitmäñ. Düşünseñ ata-babalarymyzyñ "Batara (gün) gitme, atara (dañ) git" diýmeleri şudur. Baryñ, ýoluñyz bolsun! Omyn ~ diýip, el göterýär. 

■ ÇEŞMESINE BEREKET

Şol ýöräp gelşine Gözli atanyñ nazary goýun çygryna düşüp we golaý aralykda bolan çopan goşuna ýa-da bir ilata golaýlaşandygyny añýar. Köp ýol geçmän gyrlygyñ deñine ýetende, ýapgytda ýazlaga çykan gazak çarwalaryñ öñli-yzly hatar bolup oturan öýlerine gözi düşýär. Olary synlap seredip durýar. Dürli gül açyp gül öwüsýän oýtaga inende ökjesi ýeñläne dönýär. Öýlere golaýlaşdygyça gapdaly ergenekli goradyr agyllarda dañylgy atdyr düýä, dowarlara, tazydyr owlak-guzyny kowalap ýören çagalara gözi düşýär. Bu ýerib bir gelim-gidimli menzildigine akyl ýetirýär.   
Uly göwrümli boýy pes gara öýüñ kölegesinde bir gyzyñ ýaýyk (ýanlyk) ýaýyp duranyny görýär. Ol golaýlaşanda ýoldan sowulýar-da içer ýaly çal soraýar we dyz epýär. Gyz haýal etmän ýaýyp duran agyndan çanagy dolduryp oña uzadýar.  
- Bismillahy-r-rahman-r-rahym - diýip, tabaga eñek basýar.    
Şol aralykda gyz çaltlyk bilen öýüne girip, içi teññeli çanaga iki sany nany salyp derwüşiñ gapdalynda goýýar. Suwsuzlygy ganan Gözli ata çanagy gyza uzadýar-da, elini galdyryp: 
- Omyn, çeşmesine bereket bersin. Tañry ýalkasyn, agyñyz ýaga dönsün, döwletiñiz zyýada bolsun - diýip elini eñegine ýetirýär we teññeli tabakdan nany alyp ýola rowana bolýar.    
Gyz saçakdyr tabagy ýerine goýup, pişege el uranda, ol bir zada ilteşen ýaly çekilmesi kynlaşýar. Muny duýan gyz eñilip ýaýygyñ içine äñ etse, öñki gatygyñ tutuşlygyna ýaga öwrülenine haýran galýar. Atasy öýe gelende, bu geñ wakany oña gürrüñ berýär. Han:   
- Bu bir gudrat gyzym. Ol adamy tapmaly bolýar - diýip hyzmatkärlerini onuñ yzyndan iberýär.    
Atlylar ony yzarlap, ýola çykýarlar. Ep-esli ýöränlerinden soñ, olaryñ öñünden Horezme barýan kerwen çykýar. Olara ýüzlenende kerwenbaşysy özleriniñ azaşyp ýol tapman bir gelen ýerlerine ençeme gelendiklerini, bir galandar duşup, onuñ göni ýol salgy berendigini aýdýarlar we giden ugruny görkezýärler. Kerwenbaşynyñ:   
"Häzirjik gitdi, entek uzak ýol geçen däldir. Gerşe çyksañyz görüner" diýlen aralyga atlylar garagörnümden-de uzak ýol geçýärler. Emma derwüşe gözleri düşmeýär. Şonda olar: "Häzirjik giden bolsa, munça aralygy nädip geçip bildikä?" diýip, özara geñirgenýärler we onuñ yzyndan ýetýärler. Atlylara gözi düşen galandar aýak çekip saklanýar. Atlylar ulaglaryndan düşüp salamlaşýarlar we hanyñ tabşyrygyny aýtmak bilen ony yzyna alyp gaýdýarlar.   
Gapysynyñ agzynda duran han galandary görüp, onuñ ýönekeý adam däldigini añýar. Ýelbegeý alyp duran donuny ýeñlenip oña salam berýär, iki elini uzadyp görüşýär. Saglyk-amanlykdan soñ, öýe girmäge teklip edýär. Hezzet-hormat dowamynda içgin tanyşýarlar. Derwüş ömür beýanyny, nirden gelip, nirä barýanyny gürrüñ berýär. Han-da öz gezeginde tebigy ýagdaý bilen baglanyşykly dörän kynçylykdan onuñ kerwenine eden kömegini ýatlap, öz minnetdarlygyny bildirýär. Soñunda galandara göwni ýeten han ony özüne ýakyn adam ~ giýewi etmek baradaky niýetini aýdýar. Şonda ol:   
- Siz han, men bolsam bir saýyl derwüş, bu ýagdaý şerigata dogy gelermi? - diýende, han:  
- Sen bu halyña kemsinme, biz razy bolsak bolany bor - diýýär.   
- Aýdanlaryñyz dogry welin, gyzyñyz muña razy bolarmy? Bu zatlar oña-da bagly bolsa gerek.  
- Onuñ gepi bolmaz. Biz aýtsak gutarany şol.   
- Onda hem gyzyñyzy çagyryp, maksadyñyzy oña hem aýdyñ. Çünki nakyl bar: "Ýigit göwni ýüpekdir - çigilse çözüp bolmaz; gyz göwni kepekdir - ynjasa dözüp bolmaz"diýleni hak söz. Nähili bolsa-da razylyk gowy zat - diýýär.    Şeýle sözlerden soñ Janybek han:   
-  Aksuluw (Akgözel, Akjemal) -diýip, gyzyny çagyrýar. - Milli geýimde, göze dolmaç orta boýly owadan gyz salyhatlylyk bilen içeri girýär we edep bilen aşak bakyp oturýar. - Gyzym, golaý otur, öñe süýş. Bolşuñ asyldan gelen asyldan gelen ejeñ pahyr Bagtygüli ýatladyp dur-la - diýip, birwagy aradan çykan maşgalasyny ýatlaýar. - Diñle gyzym, men seni şu kişä jübti halallyga laýyk gördüm. Sen hem, elbetde garşy bolmarsyñ, razysyñ gerek - diýip, oña ýüzlenende gyz içinden: "Hä ata! Gel-gel indi siz meni entäp ýören saýyl bir derwüşe rowa gördüñmi?" diýen pikiri göwnüne getirýär we sülmüräp ýere bakyp oturşyny üýtgetmän ýüzüni çep egnine tarap çalaja sowýar we ýuwaşlyk bilen:  
- Görüñ-dä - diýýär.    
Onuñ sowulan ýüzi gaýdyp yzyna öwrülmeýär. Muny görüp, duýup duran derwüş: "Bagyşlañ" diýip gyzyñ eñegine el ýetirende, doñan boýun öñküsi ýaly herekete geçýär. Gyz ör turup garşysyndakylara baş egip tagzym edýär we öz razylygyny bildirýär. Gyzynyñ sözüne göwni ýeten han: "Alysy (uzagy) golaý eden ulaga rahmet (şöhrat), ýady ýakyn eden kyzlarga (gyza) rahmet" diýip içinden guwanýar.   
Gürrüñ kesilýär. Orta dymyşlyk aralaşýar. Derwüşiñ saklanyp bilmän:  
- Allatagala herki jübüti goşmakçy bolanynda, haýsy tarapdan bolmasyn, bir ugurdan olaryñ gylyk-häsiýetleriniñ meñzeş bolmagyny - deñ etmän duş etmezmiş diýen rowaýat bar.  
- Hä şeýlemiş diýlen gürrüñi eşidenimiz bar - diýip, han kellesini atyp, derwüşiñ sözüni makullaýar.  
- Şeýle bolsa, onda gyzyñyz başda gedemlik edip, özüni han gyzy, bizi bolsa gedaý sandy. Eger ol ýalñyşyny duýup, özüni bize kybap saýýan bolsa, ýedi gapydan dilegçilik etmeli bolar - diýýär. Şeýlelikde, Aksuluw ýedi gapa baryp, dilegçilik edýär. Şeýdibem aslyhalal jübtüne deñleşip baş goşýar.    
Bu hakykaty kowumdaş gazak halky hem henize şu güne çenli unutman "Gözli ata giýewim, Aksil meniñ süýegim" diýip ýatlap gelýärler. Aksil sözüniñ düzüminde duşýan "sil" bölegi "suluw" ~ owadan sözüniñ gysgalan bölegi bolup, ol güýçli, keramatly diýen düşünjäni hem añladýar. Başga bir rowaýatda han gyzyny derwüşe (Gözli ata) nikalap berýär we uly toý tutýar. Atasynyñ ýüzünden geçip bilmän razyçylyga gelen gyzyñ ýüregini duýup duran Gözli ata nika düşege geçilende, gapdalyndaky jöwher pyçagy gyz bilen aralyga goýup ýatýar. Bu ýagdaýy gyz ertir atasyna mälim edýär. Ör-gökden gelen han giýewsini ýanyna çagyryp:   
- Bu nä boldugy? Men razy bolup, ýalñyz gyzymy saña rowa gördüm we nikalap berdim - diýýär.   
- Han aga hak aýdýarsyñyz: "Ata razy - Huda razy, ene razy - Pygamber razy" diýleni. Siziñ razylygyñyza añryýany bilen düşünýärin, minnetdarlyk bildirýärin. Gyzyñyza-da dil ýetirmäge hetdim ýok. Ýöne ol göwnünde özüne han gyzy, bizi-de gezip ýören bir saýyl-gedaý saýýar. Özüne mynasyp däl diýen pikir-hyýalda. Ol bize aýan. Ine, şonuñ üçin-de men şeýle hereketi etmeli boldum - diýende, boýnuny gapdala burup, torsaryp oturan gyz:  
- Hak aýdýar, men günäkär. Müñ-de bir toba edýärin. Men ýalñyşypdyryn, bagyşlañ - diýip ör turanda, gapdala burlan boýny gönelmän, şol durşuna galýar. Haçan-da adamsynyñ aýdany bilen razylaşyp, ýedi gapydan dilegçilik edip gelenden soñ, boýny öñki katdyna gelýär we biri-birlerine düşünişip, agzybir, bagtly ömür sürýärler.

■ GERKEZ GÄGE

Günleriñ birinde goñşy obadaky toýa barýan ýigit atyny suwa ýakmak üçin Gözli ata oýtagyna sowulýar. Guýynyñ başynda üýşüp duran adamlara onuñ gözi düşýär. Suwdan dolup duran nowa atyny goýberýär-de, üýşmeleñiñ ýanyna barýar. Görse, gowa çekýän düýäniñ on aýagy gorpa oýulypdyr. Adamlaryñ amalsyz hereketini synlan ýigit:     -  Hany gapdala sowulyñ - diýýär-de, düýäniñ ömgeninden* göterip onuñ aýagyny gorpdan çykarýar.    
Töwerekdäkiler muña haýran galýarlar. Gapdalyndan synlap duran Gözli ata hem muña geñirgenýär. Onuñ ukybyna, güýjüne göwni ýetýär we oña berekella aýdýar. Ol ýigit adamlar bilen hoşlaşyp gidenden soñ, Gözli ata onuñ kimdigini ýanyndakylardan soraýar. Duranlardan biri:   
- Wah, pirim şony bileñokmy? - diýip, donuny kakyşdyryp duran ýerinden söze goşulýar.   
- Wah, ony bilmeýän ýokdur. Ol ýagyrnysy ýere degmedik pälwan Gerkez-ä, oña Gerkez gäge (gäbe) diýýärler, ol heniz çagaka bir Kerkawul (kerkes) atly uly guş ony alyp gaçýar. Gerkez sözi-de şol guşuñ ady bilen bagly bolmaly - diýende, Gözli ata:   
- Hä-hä, boldy-boldy, hakydama geldi, gudaçylyk barada söz aýdylypdy - diýip, içinden: "Seniñ bu hyzmatyñ deñäre bahasy ýok, näme diýsem azdyr. On bersem tozar, mal bersem tezer. Gel, gowusy ençe gezek aýtdyrylan sözüñizi alaýyn. Ýol ýitse hem, ýordum ýitmez edip, bir önelge bereýin" diýen karara gelýär. "Aşyñy aja ber, gyzyñy isleglä" diýleni edip, Akbibini Gerkez gägä bermäge razy bolýar.    
Beýkeki bir rowaýata görä, aýagy guýa giden düýäni çykarmak üçin, Gözli ata kömekçi yzarlap, goñşy öýlere gidýär. Ol mahal bir atly ýigit peýda bolýar. Ol suwdan doly nowa atyny goýberýär-de, urnup ýatan düýäniñ ömgeninden göterip, ony aýak üstüne galdyrýar. Muña seredip duran Akbibi:  
- Berekella, Tañry ýalkasyn, uly iş bitirdiñiz, sag boluñ! - diýende, atynyñ jylawuny tutup duran ýigidiñ güler ýüzi bilen oña bakyp, "Bile ýalkasyn" diýendw gyzyñ päk kalbynda yşk ody alawlap gidene dönýär.  
- Dädeñe aýt, men Gerkez gägedirin. Sawçylar ýene-de gelmekçi diýseñ, meni dessine tanar. Hoş, aman boluñ - diýip, atynyñ başyny barmaly ýere sowup gidiberýär. Kömege diýip bäri gelýänler düýäniñ aýak üstüne galanyny guýynyñ başynda görýärler-de haýran galyp, aýak çekýärler. Begenip gelýän Gözli ata guýa golaýlaşyp:  
- Gyzym, düýe nädip katdyny dikläp bildi - diýende, gyzy:  
- Ho-ol-ha şol barýan ýigit düýäni göterip çykaraýdy - diýip, uzakdan görünýän atlyny görkezýär we onuñ diýenlerini kakasyna aýdýar:  
- Hä-hä bolaýypdyr, şeýle-de bolmalydyr, tanadym guzym - diýip, Gözli ata düýäniñ golaýyn barýar.    
- Şeýlelikde düýäni halas eden ýigdiñ Gerkez gägedigi ~ Gerkez taýpasynyñ nesilbaşysy belli bolýar. Atalar bilen gerkezleriñ daýy-ýegenligi şunuñ bilen baglanyşyklydyr.

■ DOGA MÖWJIZ, ADAM EJIZ

Günlerde bir gün Gözli atanyñ gapysyndan salam berip, bir ýaş gelin içeri girýär. Gözli ata salamyny alyp, arzyny diñleýär.   
- Merhemetli atam, maña kömek et. Men bir haýyş bilen geldim. Ony nädip aýtjagymy-da bilemok. Ýagdaý etden süñke ötenden soñ size ýüz tutmaly boldum. Meniñ ýanýoldaşym bir dul aýalyñ ýanynda, onuñ öýünden çykanok. Anda-sanda, aç bolan mahaly öýe gelip gidýär - diýýär.
Gelniñ arzyny diñlän Gözli ata:   
-  Hä, guzym, ol-a bolmandyr. Bu dönügiñ taýy bolan biwepalykdyr - diýende, gelin:  
-  Wah, gudraty güýçli atam, bir ýol tapyñ-da? Ol size ynanýar. Ile eden kömegiñiz az däl, ony bütin halk bilýär. Belki, maña-da bir nepiñiz ýeter, ýetjegine-de tüýs ýüregimden ynanýaryn - diýip, özelenýär.    
Gözli ata:   
-  Biz bir dilegdeş, emini Huda bersin, gysynma bir alajy bolar - diýýär-de, bir doga ýazyp berýär we: - Şol dul aýalyñ an (alyn) dañysynda bir doga bar, şony oña duýdurman alyp, ýerine elindäki goýmagy başarsañ, işalla, dilegiñ biter gyzym - diýýär.   
-  Atam, arkaýyn bol, muny men edil hamyrdan gyl sogran ýaly ederin - diýip, alkyş baryny aýdyp, pir bilen hoşlaşýar we begene-begene öýüne ýetýär.    
Herhal agyr-da bolsa, gelin ol aýal bilen arany sazlaýar. Günleriñ birinde çaý başynda ol aýal uklap galýar. Ýaş gelin ýuwaşlyk bilen edilmeli işi ökdelik bilen berjaý edýär. Soñ ony oýarýar.   
- Wah, öli ýaly ýatypdyryn. Gitseñ hoş, sag bol - diýip, gyşaran başyny (kelle dañysyny) dogrulaşdyryp, ýerinden galýar. Gelin alan dogasyny getirip, pire gowşurýar.   
- Me, gyzym, bu dogany-da adamyñ telpegininiñ içine tikersiñ, ýa-da düşeginiñ aşagyna ýerleşdirseñ-de bolýar - diýip, gelne uzadýar.   
- Bu zatlary hem berjaý etseñ, adamyñ toba geler, gaýdyp gapyñdan gaýry ýere gitmez, kesekiniñ ýüzüne-de bakmaz -diýýär.    
Ine, günleriñ birinde adamsy öýüne gelýär. Gelin çaý demläp, nahar bişirip, hezzet-hormat edýär. Agylyñ ergenegini düzetmegi ondan haýyş edýär, ýalbarýar.   
- Aý, düzeler-dä. Men-ä gitdim - diýip, "Öwrenen gylyk örkleseñ durmaz" diýlenini edip, "dul ýüzüni şeýtan ýalaryñ" ýanyna tarap eñýär. Gelin çäýnek-käse, çanakdyr saçagy ýygnap, daşary çyksa adamsynyñ aljyraññy halda gara dere batyp, öýe tarap ylgap gelýänini görýär.   
- Toba-toba, saña ne döw çaldy? Gideniñden gelşiñ tiz boldy-la. Ýüzüñ-ä ak samana dönüpdir, saña bir zad-a bolýar, aýt-da - diýende, adamsy ellerini daldalap:  
- Garagyñ gapyldymy, bol tizräk. Samahyllap durma-da, öýe gir, zatlaryñy çykar! Göreñokmy? Oba sil gelýär, seret oña - diýip, gözüne sil ýaly bolup görünýän örküçlenip duran gum depelerini aýalyna görkezýär. Gelin ýylgyryp: "Hä, bolaýypdyr" diýip, içinden guwanýar we:   
- Sadagasy gitdigim keramatly Gözli ata. Ine, gudrat diýseñ bu gudrat! -diýýär-de ärine ýüzlenip:  - Arkaýyn bol. Ýagyş ýaganok, nirden sil gelsin. Gelýän zat ýok - diýip, ony köşeşdirýär.    
Ine, şodur şol onuñ adamsy öýünden uzak gitmeýär. Mal-garasydyr öý hojalygy bilen bolup, agzybir ýaşap başlaýarlar.

■ ÝOKANÇ KESEL

Gözli ata maşgalasy bilen Käriz obasyna çakylyga myhman bolup gelýär. Onuñ baran öýüne goñşularyndan biri salam berip, gapydan girýär. Aman-saglyk soraşylandan soñ gelen adam:   
- Pirim, men siziñ oba geleniñizi eşidip geldim. Biler bolsañyz, meniñ endam-janyma bir iriñli ýara örüp, örän gaty heläk etdi. Ýokançly örgün diýip, töweregimdäkiler göçüp gitdiler. Obada somalyp, ýeke özüm galdym diýen ýaly. Sizden bir haýyr isläp oturyşym şu. Belki Hudaý, bendäm-bendäme sebäpkär diýleni. Siziñ nepiñiz deger - diýýär.    
Onuñ ýagdaýyna dözüp-çydap bilmedik Gözli ata: 
- Hany, ýarañy bir göreýin - diýip, ýerinden turýar we onuñ golaýyna baryp äñedýär.     Ençesi ýarylyp, ençemesi-de ýarylmaga golaý bolhp duran mäzleri synlap:  
- Wah-wah - diýip, gynanýar. 
- Häh, bolmandyr inim. Muña Hudaý garaşyk etsin, bendäñ etjek emi ýok, dermany el ýeter ýaly däl - diýýär. Onda ol:   
- Wah, pirim, onda näme, men ýatyp öläýmelimi? Heý, bir alaç, ýa çykalga ýokmy? - diýýär.    
Gözli ata çäresiz, gamly ýüzüni aşak sallap, sesini çykarman oturyberýär. Keselli ýüz-gözüni turşardyp, nägile halda gapydan çykyp gidýär. Aradan bir-iki aý geçýär. Günleriñ birinde ýorgan-düşekli ýatan keselliniñ gapysyndan bir äpet gara ýylan süýnüp içeri girýär. Ýatanyñ golaýynda duran çüýrän süýdi içýär we yzyna öwrülip, gapa ýetmän, içenini gusýar we gapydan çykyp gidýär. Muny görüp ýatan hassa:   
- Hemme ölüm bir ölüm, beýdip ejir çekip, gynanyp ölenden, goý, ýylanyñ gusugyny bir içip öleýin - diýen karara gelýär we bagry bilen süýşenekläp, gusuga golaýlaşýar. Çakylan ýumurtganyñ suwuklygy ýaly dargaman tulkuldap (ýalkyldap) duran gusuga gözüni ýumup, eñegini basýar.    
Aradan aý, aý ýarym geçip, ýaraly hassa ýuwaş-ýuwaşdan sagalyp, aýaga galýar. Türşek düwen ýaly köplän mäzleriñ ýarylyşy ýaly, ýarylmadygy şol dömüp durşuna köki kesilen ot ýaly gurap gutulyp gidýär. Günleriñ birinde ýañky dertli Gözli atanyñ ýanyna gaýdýar. Salam berip, gapydan içe girýär. Görüşip durkalar, aman-saglyk soraşylandan soñ, ýañky baran:   
- Keramatly pir meni tanadyñyzmy? Tanan däl bolsañyz gerek. Ho-ol Käriz obasyna baranyñyzda saña derdimi aýdypdym. Şonda sen maña: "Aý, oglum, Alla garaşyk etsin. Bu derdiñe bendäñ etjek emi ýok, ölersiñ" diýipdiñ. Ýadyña düşýärmi? -diýýär we nädip sagalandygyny pire gürrüñ berýär.    Pir:  
-  Hawa, edil şu günki ýaly ýadymda, ýöne ölersiñ-ä diýmändim. Şypa tapan emiñi men şol wagt hem salgy berip biljekdim, emma sen: "Şeýle-de bir em bolarmy, ol tapyljak bir zatmy? Munyñ bir barypýatan başdansowma bahana" diýjekdigiñ ikuçsyzdy. Şonuñ üçinem men dymmaly boldum. Seniñki-de: Hudaý berse guluna, getirip berer ýoluna" ýa-da "Sagalar hassanyñ tebibi üstüne geler" diýenleri bolupdyr. Gözüñ aýdyñ, saglyga gelesi zat ýok, gutulan ýeriñ bolýar. "Jan saglyk - tereñ baýlyk" diýleni. Bu bolsa saña Hudaý garaşyk etsin diýenimiñ netijesidir. Gaýdyp keselleme - diýýär.    
Keselli bu zatlary eşidip, ses-üýnsiz ýere bakyp oturmakdan başga alaç tapmaýar. Özüniñ adamkärçiligi ýitirip gödek, ýeñilkelle we nadanlyk bilen eden gelşiksiz hereketine bolan ökünjiniñ añry çetine ýetip bilmeýär. Ol utançdan ýaña ýaýdanyp, gitmäge zordan rugsat dileýär. Pir:   
-  Rugsat Alladandyr, hoş geldiñ, aman bar - diýip, hoşlaşýar we öýünden çykyp ugradýar.

■ GUDRATYÑ ELHEDERI 

Bir gün aga-ini (Gözli ata bilen Gaýyp ata (Soltan Hupby)) Hazar deñziniñ kenaryna gezelenje gidýärler. Ýolda çopanlardan bir dowar satyn alýarlar, ony soýup nahar edinýärler. Şonda Gözli ata:   
- Inim, gümür-ýamyr edip goýny-ha iýipdiris. Añyrsy Hudaý, bir nepes eden keramatlary hem ýatlasak kem bolmazmyka - diýip, inisine geñeş salýar we iýlen süñkleri bir ýere jemleýär-de, ellerini ýokary galdyryp, bir zatlary pyşyrdap okaýar.    
Şol wagt Hudanyñ emri bilen, ýatan süñkler herekete gelip, ýerbe-ýer bir-birlerine birleşip başlaýar. Üstüne derinu atýar welin, ol janly goýna öwrülýär-de ýuwaşlyk bilen ýerinden turup mäleýär we geçip barýan çopan sürüsine goşulyp, ötägidýär. Bu gudrata sesini çykarman synlap oturan inisine ýüzlenip:   
- Inim, indi gezek seniñkidir - diýýär.   
- Gezek meñki bolsa, agam, onda hoş galyñ - diýip, ýerinden turýar-da: - Bismillahy-r-rahman-r-rahym - diýip, tolkun atyp atyp ýatan deñziñ üsti bilen misli ýerde ýörän ýaly ädimläp gidiberýär. Muny gören Gözli ata: - Saklan inim, dolan yzyña. Keramatyña göwnüm ýetdi. Soñky derejäñe eýe bolupsyñ, nesip etsin. Gaýt bäri - diýenden soñ, ol yzyna dolanyp, kenara çykýar we hezilleşip, oba gaýdýarlar. 

■ YBAGYÑ ODUNA GIDIŞI

Günleriñ birinde Gözli atanyñ körpe ogly Ybak (Ybraýym) ata düýeli oduna gidýär. Düýesini çökerip odun ýygmaga başlaýar. Bir uly sazagy ýykyp, pürüni pudap durka, onuñ köweginden çykan äpet gara ýylan Ybagyñ aýagyndan çakýar-da, pürlere sümülip gidýär. Ybagyñ başy aýlanyp, gözi garañkyraýar. Ol haýal etmän golaýyndaky çöküp oturan düýäniñ üstüne özüni atýar. Janawar ýerinden turup, göni oba tarap gaýdýar we ýatagyna gelip saklanýar.   Muny duýup, gören Gözli ata düýäni çökerip, oglunyñ halyndan habar alýar. Ol özüni ýylan çakandygyny mälim edýär. Atasy dessine ogluny öýe getirip, molla goñşularyna habar edýär. Gelenleriñ eline keramatly Gurhany tutdurýar, özi-de ortada ýatan oglunyñ gapdalynda Kelamyllany okap başlaýar. Okamak işi üç güne çekýär. Bir uzyn gara ýylan gapydan girip, Gözli atanyñ öñünde saklanýar we adam dilinde:  
- Eý, adamzat, sen näme-de bolsa menden üstün çykdyñ. Geljek Annada men ýene-de gelerin we seniñ bilen hasaplaşaryn. Oña çenli hoş - diýip, gözden gaýyp bolýar.    
Bu hadysany öýdäkiler duýman galýarlar. Eli bilen mañlaýyny derini süpüren Gözli ata töweregindäkilere göz aýlaýar we:   
- Siz duýan hem dälsiñiz, oglumy çakan ýylan geldi we indiki Annada ýene-de geljekdigini gaharly duýdurdy - diýip, olara habar berýär.    Juma namazyna oba bolup jemlenýärler. Öýle namaza duran wagtlary Käbe ýoly bilen ýer sarsdyryp süýnüp gelýän äpet gara ýylan metjidiñ agzyna ýetende, neşterini daşa-içe gezäp, haş-haşlap, guýrugyny tarpyldadyp ýere urýar we birden-bire çabalanýar. Kä uzalyp, käte ýygrylyp tapba jan berýär. Edil şol wagtd-da essini bilmän ýatan Ybak-da özüne gelýär, ýumulan gözlerini açýar. Bu habary eşidenler guwanjyndan iki bolup bilmeýärler.   Metjitdäkiler gapydan çykanlarynda, ölüp ýatan ýylany görýärler. Ony oda ýakyp, ýere gömýärler. Şol mahal birje oglan ylgap Gözli atanyñ ýanyna gelýär we oña ýüzlenip:  
- Eý aba, öli ýylany näme üçin oda ýakyp, soñ ýere gömýärler. Bu näme boldugy? - diýýär.    Panyk ýaly eli bilen oglanjygyñ kellesinu sypalap oturan Gözli ata:  
- Eziz jan ogul, hergiz ýadyñda sakla. Aýdylan bir söz bar. "Şerigat yzlasañ ynjytma jany, eger-ki kast etse öldür ýylany" diýleni hak. Bu mahluk gadym eýýamlarda hem ynsana zeper ýetiripdir. Atamyz Adam alaýhyssalamyñ behiştden çykmagyna hem şu sebäpkärdir, oglum. Şonuñ üçin-de ony depelände hökman oda ýakyp, soñundan ýere gömmelidir. Çünki onuñ ýene bir ýarany bardyr. Bardy-geldi bir gün onuñ zyýan ýetirmegi-de mümkindir - diýip, pir sözüni soñlaýar we: - Sadaka belany gaýtarar, toba günäni - diýip, oglunyñ aman gutulany üçin oba adamlaryny çagyryp, halas sadakasyny berýär. 

■ BAŞA-BAŞ SÖWEŞ

Gözli ata öýüñ gapdalyndan geçip barýarka, aşyk oýnap ýören oglanlara bir äpet ýylanyñ zeper ýetirmekçi bolup duranyny görýär. Edil şol wagt uçup barýan bir serçs pel-pelläp ýañky ýylanyñ agzyna düşýär. Ýylan ony lak-luk edýär-de, oglanlara tarap kellesini dikläp doga okaýandygyny Gözli ata duýýar. Bir çepiksi saryýagyz oglanjyk bolsa, öz seri bilen bolman gözlerini mölerdip, göni ýylana tarap gaýdyberýär. Daşyndakylar geñirgenip, onuñ yzyndan gygyrsalar-da, ol gulak asman barýardy.   
Bu ýagdaýy görüp duran Gözli ata hem haýal etmän ýylana garşy okalýan dogasyny okap başlaýar. Oglanjyk bolsa ýa añryk, ýa bärik boljak ykbal çözgüdiniñ çür depesinde sandyraklap durdy. Ýylan-da erki ýetse Gözli atany aradan aýyrmaga azym edýärdi, ýiti nazary bilen oña seredýärdi. Ol bolsa batly ses bilen doga okaýardy. Başa-baş söweş barha gyzygyp, ýeter derejesine ýetýär. Gara ýylanyñ ysgyny barha gaçyp, diklenen başy yrañ atýardy. Awuly dilini çykaryp, çekip durşuna birdenkä-de ýere ýykylýar we jansyz süýnüp ýatyberýär. Umytsyz duran oglanjyk özüni dürsäp, Gözli ata tarap ylgaýar. Beýleki oglanlar hem ýetip gelýärler. Beladan gutulan oglanjyk sen ýok, men ýok halasgärini gelip gujaklaýar. Ýüzüniñ derini syran Gözli ata-da ony bagryna basyp, ýañaklaryndan taýly gezek ogşaýar we:   
- Han ogul, jan ogul, Allaga ýüz-de müñ şükür, bir beladan aman galdyñ. Baryñ bir penje (çaññal) selin ýygyp getiriñ, onýança men çukur gazaýyn - diýýär.
Ýylany oda ýakyp, ýere gömýärler. Oglanjyk guwanjyna tolgunyp:   
- Eziz atam, sag bol, meni bir ölümden halas etdiñ. Minnetdar. Men bu ýagşylygyñyzy ejeme, dädeme bir ýetireýin - diýip, öýlerine tarap ökjäni göterýär.    
Ýoldaşlary-da onuñ yzyndan ylgap gidýärler. Gözli ata bolsa ol çagajyga gowy dilegler edip, öz ýoluna rowana bolýar.

________________________________   
*Ömgen - düýäniñ iki öñ aýagynyñ arasy.

Toplan: © Sabyr ARAZKULYÝEW,   
dil-edebiýat ylymlarynyñ kandidaty.

Категория: Halk döredijiligi we rowaýatlar | Просмотров: 50 | Добавил: Has | Теги: Sabyr Arazkulyýew | Рейтинг: 3.3/3

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 2
1
1  
Õrän degerli hekaýatlar, Gõzli Ata barada bir poemada bolmaly ýalñyşmasam..

1
2  
Örän govy doganjan elleriñize güller bitsin.Yetirip duruñ keramatlylaryñ waspyny rowayatlaryny Allajanym razy bolsun!Ählimizdenem.Ämin.

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: