19:42
Kätip kemalyýeti

KÄTIP KEMALYÝETI

■ Soltan Sanjaryň  köşgünde döredilen al-Juweýniniň «Kätipleri kämilleşdirmegiň basgançaklary» atly eseri barada)
     
Döwlete gulluk edýän we halka hyzmat edýän ýolbaşçy işgärleri terbiýelemek we ýetişdirmek hemişe-de döwrüň möhüm meseleleriniň biri bolupdyr. Çünki döwletiň bütewiligi we ýürt abadançylygy köp babatda ýolbaşçy işgärleriň arassa, halal zähmetlerine, olaryň öz halkyna we ýürt baştutanyna wepadar gulluklaryna bagly bolup durýar. 
Türkmeniň il öňüne düşýän adamlaryna aýratyn hem döwlet işgerlerine nusga hökmünde döredilen «Kätipleri kämilleşdirmegiň basgançaklary» atly ajaýyp taryhy eseri 1150-nji ýylda ýazylypdyr we ol Soltan Sanjaryň döwlet diwanynda saklanylypdyr. 1040-njy ýylda seljuklar Mahmyt Gaznalydan üstün çykanlaryndan soň Seljuk türkmenleriniň döwleti dünýäniň iň kuwwatly imperiýasyna öwrülýär. Aziýanyň ägirt uly ginişliklerinde ýerleşen bu döwlet Togrul begiň (1038-1063), Alp Arslan (1063-1072) we Mälik şanyň (1072-1092) dolandyran ýyllarynda has hem kuwwatlanypdyr. Bu döwletiň şeýle derejä ýetmegi hökümdarlaryň geçiren uly özgertmeleriniň we ýöreden adyl içeri we daşary syýasatlarynyň netijesinde bolupdyr. Bu hökümdarlar aýratyn hem döwletiň welaýatlaryna, emirleri we häkimleri bellänlerinde Oguz handan gelýän nusgalyk ýol-ýörelgelerine eýeripdirler. 
Türkmen taryhynyň ähli döwründe döwlet işgärleriniň açgözlügi we harsydünýäligi, patyşalar tarapyndanam, jemgyýet tarapyndanam berk ýazgarylypdyr. Ady agzalan soltanlar iş başarýan, eli arassa, kalby päk we wepadar emirleri dolandyryş işinde goldapdyrlar we olara sylag-serpaýy gaýgyrmandyrlar. Tersine, açgöz wezir-wekillere, emir-häkimlere ýowuz darapdyrlar, olaryň düzedip bolaýjaklaryny tertip-düzgüne getiripdirler. 
Mälik şa ölenden soň Seljuk türkmenleriniň döwletinde häkimiýet ugrunda göreşler başlaýar. Ýöne, Mälik şanyň üçünji ogly mälik (şazada) Sanjara häkimiýeti öz eline almak we kuwwatly döwleti dikeltmek başardýar. 1118-nji ýylda ol «soltan» unwanyny alypdyr we «Beýik hökümdar» («As-sultan-al-azam») derejesine eýe bolupdyr. Şeýlelikde, W.W. Bartoldyň ýazyşy ýaly «edil Mälik şanyň döwründäki ýaly bütin musulman Aziýasy ýene-de ýeke-tek hökümdara boýun egdi». 
Döwleti ata-baba ýol-ýörelgeleri esasynda dolandyrmak, döwlet işlerini synagdan geçen halalhon adamlara ynanmak meşhur türkmen hökümdary Soltan Sanjaryň döwründe-de dowam edipdir. Soltan Sanjaryň türkmeniň döwlet dolandyryş taryhynda uly hyzmatlarynyň biri-de, ol Beýik Seljuk türkmenleriniň döwletiniň taryhynda ilkinji gezek ähli nusgalyk permanlary we  hökümdaryň adyndan emirlere, häkimlere we döwletiň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda uly yz galdyran ulamalaryň, alymlaryň we şahyrlaryň adyna ýazylan hatlary bir ýere jemledipdir. Bu ýygyndydaky permanlary we hatlary bir ýere ýygnamak işi 1150-nji ýylda tamamlanypdyr we ol «Kätipleri kämilleşdirmegiň basgançaklary» («Atabat al-kataba») diýen şertli at bilen atlandyrylypdyr. Bu kitap köp ýyllaryň dowamynda Soltan Sanjaryn döwlet edarasynda («Diwany inşa») saklanyp, döwlet edarasynyň kätiplerini, mürzelerini kämilleşdirmekde gymmatly gollanma öwrülipdir. Bu kitap Soltan Sanjar ölup, döwletiň ýerleri Köneürgenç türkmenleriniň döwletiniň düzümine girenden soň hem öz ähmiýetini ýitirmändir. XIII asyrda türkmen ýerlerini Çingiz han basyp alandan soň emele gelen Hulagular döwletiniň (XIII-XIV) döwründe hem mongol emeldary üçin bahasyna ýetip bolmajak gollanma bolup hyzmat edipdir. Şonuň üçin hem bu kitap giçkirek döwür Köneürgenç türkmenleriniň döwletiniň we mongollaryň hökümdarlygy döwründe toplanylan permanlary we hatlary hem öz içine alyp «Seljuklaryň, Horezm şalaryň we mongollaryň irki döwürlerinden maglumatlar ýygyndysy» («Majmuaýy munşati ähdi seljukiýýan wa horezmşahiýýan wa ewaili ähti mogol») diýlip atlandyrylypdyr. Häzirki döwürde Turkmenistanyň taryhy boýunça möhüm çeşme bolan bu ýygyndy Russiýa YA-nyň Gündogary öwreniş institutynyň Sankt-Peterburg bölüminiň golýazmalar gaznasynda saklanylýar. 
«Kätipleri kämilleşdirmegiň basgançaklary» kitabynyň üçünji bir nusgasy şu at bilen häzir Müsüriň Kair kitaphanasynda saklanylýar. Bu kitabyň nusgasynyň Müsüre düşmekligi ýöne ýerden däl. Sebäbi, bu mysal, döwründe Beýik Seljuk türkmenleriniň döwletiniň serhetleriniň Günbatarda has uzaklara ýetendigine şaýatlyk edýär. Muny «Kätipleri kämilleşdirmegiň basgançaklary» atly eserde ýerleşdirilen permanlaryň birinde («Gürgene we onuň töwereklerine hekim bellenilmegi») Soltan Sanjaryň adyndan aýdylan «…Türkistanyň has uzakdaky (welaýatlarynyň) we Hindistanyň şäherleriniň soltanlaryndan we häkimlerinden başlap, Rumuň we Magrybyň ýurtlarynyň serhetlerine çenli ähli ýurtlaryň soltanlary we häkimleri biziň terbiýelänlerimizdir, bellänlerimizdir we bize paç töleýänlerdir. Olardan her biriniň boýnunda bize tabynlygyň boýuntyrygy bardyr» diýen sözler tassyk edýär. 
«Kätipleri kämilleşdirmegiň basgançaklary» ýygyndysy Soltan Sanjaryň meşhur kätibi al-Juweýni tarapyndan düzülipdir. al-Juweýni taryhçy, şahyr we ukyply döwlet işgäri bolupdyr. Gynançly ýeri, bu belli şahsyň terjimehaly barada maglumatlar köp däl. Al-Juweýniniň haçan doglup, haçan aradan çykanlygy belli däl. Oňa degişli az sanly maglumatlar Muhammet Aufynyň, Döwletşa Samarkandynyň we Çingiz han barada «Dünýäni basyp alanyň taryhy» («Taryhy Jahanguşaý») eseriniň awtory Ata Mälik Juweýniniň (1226-1283) işlerinde berilýer. Ýeri gelende aýtsak, Ata Mälik Juweýni al-Juweýniniň agasynyň çowlugy bolupdyr. 
Al-Juweýniniň ady we unwanlary şeýledir: Aly ibn Muaýýit ad-Döwlet Muntajabeddin Muhlis al-Yslam wal-Muslimin Bady al-Kätib atabek al-Juweýni. Taryhy çeşmeleriň şaýatlyk etmegine görä, al-Juweýniniň ata-babalaram, Ata Mälik Juweýniniň mysalyndan görnüşi ýaly, onuň nesillerem sowatly adamlar bolupdyrlar. 
Taryhy çeşmelerde al-Juweýniniň nirede dogulany görkezilmeýär, ýöne onuň familiýasy onuň Horasan welaýatynyň «Juweýn» etrabynda doglan bolmagynyň mümkindigini çaklamaga esas berýer. Al-Juweýni «Kätipleri kämilleşdirmegiň basgançaklary» atly ýygynda ýazan giriş makalasynda özi barada berýän maglumatlarynda 1122-nji ýylda Beýik Seljuk türkmenleriniň döwletiniň paýtagty Merwe kätibiň işini öwrenmäge gelendigini, şonda 25-26 ýaşlaryndaky ýigit bolandygyny belleýär. 
Merwe gelendensoň köp wagt geçmänkä, ol Gazna welaýatyna syýahat edipdir we öz döwrüniň belli ulamalary, uly alymlary, edebiýatçylary we döwlet işgärleri bilen duşuşypdyr we olardan köp zatlary öwrenipdir. Käbir ylmy we edebi endikleri ele alandan soň öz kakasynyň dosty, döwrüniň belli şyhy we alymy, şeýle hem Balhyň türkmen emiri Izzetdin Oňar Bilge begiň edarasynyň başlygy Şerefeddin Beýhakynyň gullugyna durupdyr. Al-Juweýni öz hojaýyny we halypasy Beýhakydan köp zatlary öwrenipdir. Şeýle hem ýaş kätip edenli serkerde bolan Bilge begiň yzyna düşüp, Seljuk imperiýasynyň köp ýerlerine aýlanypdyr. Şol döwürler ol «Galamyň [doredýän] gözelligi» («Rukýat al-Kalam») we «Nişapura hormat» («Tafzili Nişapur») atly goşgular kitaplaryny hem ýazypdyr. Nebsimiz agyrsa-da, olar biziň günlerimize gelip ýetmändir. Tiz wagtdan kämillige ýeten zehinli kätibe ykbal gülüp bakypdyr. Oňa şol döwrüň meşhur kätipleriniň geýýän lybasyny geýdiripdirler. Şerefeddin Beýhakynyň beren gowy hesiýetnamasynyň esasynda bolsa al-Juweýnini Soltan Sanjaryň döwlet diwanyna işe geçirýärler we ol Beýik hökümdaryň täsirli adamlarynyň birine öwrülipdir. Zehinli türkmen taryhçysy Ö. Gundogdyýew al-Juweýniniň Soltan Sanjaryň köşgünde öz döwrüniň belli şahslary bolan Hasan Gaznaly, Abdal Wasy, Emir Muýezzi, Enweri dagylar bilen bir hatarda uly hormatdan peýdalanandygyny belleýär.
Al-Juweýni 1129-njy ýylda Soltan Sanjaryň Mawerennahra geçiren ýörişine-de gatnaşypdyr we öz hökümdarynyň Samarkandy zabt edip alyşyny gözi bilen görüpdir. Bu ýöriş Soltan Sanjar tarapyndan Samarkandyň toplaňçy häkimi Ahmet hany ýola salmak üçin guralypdy. Samarkant eýelenenden soň al-Juweýnä uly ynam bildirilýär. Soltan Sanjar al-Juweýnä Samarkandyň eýelenendigi, topalançy Ahmet hanyn amana getirilendigi barada halyf al-Mustarşidin adyna ýeniş hatyny – fathnamany ýazdyrýar. Bu hatyň çeperçiligine we mazmunyna Soltan Sanjaryňam, onuň sekinji weziri ajaýyp şahyr we taryhçy al-Merweziniňem (1127-1132) gowünleri ýetip, ýokary baha beripdirler. Netijede, al-Juweýni döwlet diwanynyň baş kätipligine bellenilýär we Soltan Sanjara häkimiýetini elden giderýänçä ak ýürek bilen wepaly gulluk edýär. 
Al-Juweýni Soltan Sanjaryň 10 weziriniň soňky üçüsiniň elinde işläpdir, wezirleriň uly hormatyna we sylagyna mynasyp bolupdyr. Soltan Sanjaram özüniň meşhur kätibine uly hormat goýupdyr, sylag-serpaýlar edipdir. Al-Juweýniniň Soltan Sanjaryň ýanynda uly abraýynyň we hormatynyň bolandygyny Beýik Seljuk türkmenleriniň döwletiniň taryhynda bolup geçen şeýle bir waka hem tassyk edýer. 
XII asyryň 40-njy ýyllarynyň ortalarynda Köneürgenç türkmenleriniň döwletiniň hökümdary Alaýeddin ibn Atsyz Soltan Sanjara boýun egmän başlaýar we Horasanyň köp ýerlerine çozuşlar geçirýär. Alaýeddin ibn Atsyzyň bu hereketleriniň sebäbi Soltan Sanjar 1141-nji ýylda Katawanyň eteginde garahytaýlylardan ýeňlipdir. Alaýeddin mundan peýdalanypdyr we Köneürgenji seljuklaryň döwletinden bölüp aýyrmagyň kül-külüne düşýär. 
1147-nji ýylda Soltan Sanjar kakabaş ýapjasyna garşy Köneürgenje ýöriş geçirýär we Hazarasp galasyny gabaýar. Gabalan galada Alaýeddiniň köşk şahyry we edil al-Juweýniniň Soltan Sanjaryň baş kätibi bolşy ýaly, onuň baş kätibi Reşideddin Watwat bar eken. Şonda akly çaşan, garry şahyr Watwat Soltan Sanjara bagyşlap ýaňsyly goşgy goşupdyr. Sanjar Hazaraspy eýeläpdir we Watwaty jezalandyrmagy buýrupdyr. Uly günä iş edenine puşman eden Watwat Soltan Sanjaryn atly emilerine, döwlet işgärlerine günäsiniň geçilmegini Sanjardan sorap bermeklerini haýyş edipdir. Emma hiç kimiň bu ýumşy bitirmäge bogny ysmandyr. Ahyrsoňunda Watwat öz kärdeşi al-Juweýnä ýüz tutupdyr. Soltan Sanjar al-Juweýniniň haýyşyny bitiripdir we Watwat aman galypdyr. 
Al-Juweýniniň uly hormatdan peýdalanan şahs bolandygyny meşhur türkmen şahyry Enweriniň (1168-nji ýylda aradan çykan) oňa bagyşlap goşgy düzmegi we ony «Tanrynyň munşisi» diýip atlandyrmagy hem subut edýär. 
                      
- Eý, sen, şaň ornunda kätiplere baş bolan,
Uly abraýyň şaýatlyk edýär,
Bolandygňa seniň taňry münşisi.

Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, al-Juweýniniň özem zehinli şahyr bolupdyr. «Kätipleri kämilleşdirmegiň basgançaklary» beýik hökümdaryň döwlet diwanynda Soltan Sanjaryň iň soňky onunjy weziri, Nyzam al-Mülküň agtygy Nasreddin Nyzam al-Mülküň (1133-1153) ýolbaşçylygynda baş kätip al-Juweýni tarapyndan düzülipdir. Asyrlaryň dowamynda bu ajaýyp eserden ýüzlerçe kätipler, murzeler, munşiler döwlet işini ýöretmegiň tilsimlerini, permanlardyr, hatlaryň ýazylyşyny öwrenipdirler. Bu kitap XX asyryň başlarynda Eýranda alym Muhammet Kazwini tarapyndan ýüze çykarylyp, düýpli öwrenilipdir. 
Ýygyndynyň Kair kitaphanasyndaky nusgasyny ýüze çykaran hem M. Kazwini bolupdyr. Bu ýygyndynyň ähmiýeti barada M.Kazwini şeýle ýazypdyr: «Seljuklaryň döwlet edaralarynyň hijriniň V1 asyrynyň başlarynyň we ortalarynyň (XII a.), şeýle hem Soltan Sanjaryň döwrüniň köp sanly emirleriniň, häkimleriniň, döwlet we din işgärleriniň alyp baran işlerine degişli baý taryhy maglumatlary özünde jemleýän kitapdyr». 1950-nji ýylda bu ýygyndyny taryhçy Abbas Ykbal Tähranda neşir edipdir. Ýygyndydaky permanlary we hatlary ol özüniň «Beýik seljuklar döwründe wezirlik» diýen saldamly kitabynda hem giňişleýin peýdalanypdyr. Ýygyndynyň Tähran, Kair we Sankt-Peterburg nusgalyklarynyň üstünde türk alymy M.A. Köýmen hem işläpdir we 1951-nji ýylda Beýik Seljuk türkmenleriniň taryhy çeşmeleri hakynda ýazan kibynda ondaky maglumatlary giňden ulanypdyr. 
Bu gymmatly kitabyň Sankt-Peterburg nusgasynyň üstünde bolsa meşhur gündogarşynas W.W. Bartold işläpdir. Ol özüniň «Türküstan mongol basybalyşlary döwründe» atly kitabynda hatlaryň we permanlaryň 30-a golaýyny çeşme hökmünde getirýär. 
Bu ýygyndydan bäş sany perman Türkmenistanyň taryhy boýunça möhüm çeşme bolan «Türkmenistan we türkmenler barada maglumatlar» (MITT) kitabynda ýerleşdirilipdir. XX asyrda «Kätipleri kämilleşdirmegiň basgançaklarynyň» üstünde dürli ýurtlaryň alymlary E. K. S. Lembton, H. Horst, G.R. Romer, S.G. Agajanow, O.G. Bolşakow, G.G. Beradze, G.M. Kurpalidis we başgalar işläpdirler. Bu ýygyndyny Beýik Seljuk türkmenleriniň döwletiniň taryhy boýunça belli alymlaryň biri G.M. Kurpalidis rus diline terjime edipdir we ony 1985-nji ýylda neşir edipdir. Ol bu işi amala aşyrmanda nusga hökmünde Abbas Ykbalyň 1950-nji ýylda çap  eden  Tähran neşirini ulanypdyr. 
«Kätipleri kämilleşdirmegiň basgançaklarynyň» türkmen taryhyny öwrenmekdäki ylmy ähmiýetine okyjylar eýýäm göz ýetiren bolsalar gerek. Çünki ýygyndyda agzalýan belli seneler, permanlarda we hatlarda yzygiderli beýan edilýän taryhy wakalar, atlary tutulýan belli-belli şahslar bolan wezirler, emirler, serkerdeler, häkimler, döwlet we din işgerleri, alymlar we şahyrlar şeýle hem şol döwürlerde gurlan aramgähler, mekdep, medreseler, keselhanalar we başgalar baradaky baý maglumatlar biziň şöhratly taryhymyzy baýlaşdyrýarlar. Üstesine-de, şu maglumatlary XII-XIII asyrlarda ýazylan dürli taryhy eserlerde berilýän maglumatlar hem doly tassyk edýär. 
Ýygyndynyň gürrüňsiz çeşmeşynaslyk ähmiýeti bilen bir hatarda, onuň uly sapak berijilik, terbiýe berijilik ähmiýeti-de bardyr. Çünki onda öz döwrüniň iňňän möhüm we derwaýys döwlet meseleleri gozgalýar. Ol meseleler bolsa hemişe bolşy ýaly, biziň döwrümiz – Garaşsyz hem baky Bitarap döwletimiziň gulläp ösýän döwri üçin hem möhüm meseleler bolup durýar. Üstesine-de, olar patyşanyň adyndan berlen permanlar. Çünki patyşanyň permany diňe ýolbaşçynyň haýsydyr bir wezipäni eýelemäge kanuny hukugy bolman, eýsem-de bolsa, ol açgöz, eli egri messepsiz, biwepa we iş başarmaýan döwlet işgärine hökümli duýduryşdyr. «Gürgene we onuň töwereklerine häkim bellenilmegi» atly permanda ýokarda häsiýetlendirilen kysmy ýolbaşçylara niýetlenen we wehimli duýduryş äheňde bir jümle bar. Ol jumle şeýledir: «… patyşalyk etmegiň beýikligi, jeza bermek hakyndaky permanyň tassyklanmagyndan ybaratdyr».
Sen ministr bol, häkim bol ýa-da bankyň başlygy bol, tapawudy ýok, döwlet saňa ägirt uly döwlet serişdelerini, in jogapkärli ýerem, adamlaryň ykbalyny ynanýar. Şonuň üçin hem bu meselelerde döwlet işgäri iňňän eserdeň bolmaly. Sebäbi döwlet serişderiniň bisarpa tutulmagy, adamlaryň ykbalyna parhsyz garalmagy ahyr soňunda döwletiň kuwwatyna, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerine uly zyýan ýetirýär. «Merwiň diwanynyň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenmegi» atly permanda bu barada şeýle setirler bar: «Goý, ol girdejini we çykdajyny ýazsyn, köne hasabatlara uns bilen seretsin we eger-de käbir zatlaryň ýazylmadygyny ýa-da haýynlyk edilendigini anyklasa, onda ol ony düzetmegi hökmany diýip hasap etmeli».
«Sarahsyň başlygy wezipesine bellenilmegi» atly permanda möhüm welaýatlara we jogapkärli döwlet wezipelerine bellenilýän adamlaryň şahsy sypatlary barada şeýle diýilýär: «… ýolbaşçy boljak adamyň gadymy kökleriniň bolmagy, onuň tejribesiniň, çydamlylygynyň beýlekilerden bir gez ýokary bolmagy zerurdyr. Ol durmuşyň ajysyny, suýjüsini gören, ýaşlykda taplanan bolmalydyr». 
«Gürgene we onuň töwereklerine häküm bellenilmegi» permany hem süňňı-durky bılen many-mazmuna, pähim-paýhasa ýugrulan çeşme. Onda bu welaýata bellenilen häkimden edilýän talaplar, oňa bildirilýän uly ynym, şol ynamy ödemek üçin täze bellenilýän häkimiň amal etmeli işleri birin-birin görkezilýär. Şol amal edilmeli işler üstünden köp asyrlar geçen hem bolsa, biziň döwrümiziň ýolbaşçylary, harby we beýleki gulluklaryň ýolbaşçylary üçin hem uly nusga, uly görelde, uly ynam. Permandaky ýolbaşçylardan edilýän talaplar şulardyr: «Goý, ol galada we berkitmede wepaly, tejribeli, huşgär, harby häkimleri bellesin we bu meselede seresaplylygy hem-de işleri ýola goýmagy gözden salmasyn». Öz tabynlygyndaky işgärleriň we raýatlaryň aladasy baradaky talaplar permanlaryň öňe sürýän esasy pikiri. Sebäbi döwleti edara etmegiň baş wezipesi ýurduň we halkyň abadançylygydyr, raýatlaryň asuda durmuşydyr. Bu barada «Goý, ol welaýaty dolandyrmakda we ähli işleri ýola goýmakda rahatlygy hem-de ýürekleriň hoşamaýlygyny gazanmagy in esasy şert hasaplasyn» . 
Permanlarda aýdylýan raýatlaryň arza-şikaýatlaryna seretmek, olardan adalatly netije çykarmak bilen baglanşykly jümleleriň hem uly ähmiýeti bar:  « …olaryň arzalaryna ýeterlik derejede düşünjek bolmagy, ezileniň hukugyny, ezýäniň elinden almagy, onuň garşysyna adalatly hereket etmegi, hakykatdan daş düşmekden, geçirimlilik etmekden, ikiýüzlilikden, aldowçylykdan saklanmalydygyny duýduryp goýsun.  … ähli adamlara mähirli garamagy talap edýäris. Olaryň asudalygyna we howpsuzlygyna jogap bermelidir. Adamlaryň arasynda ejize ganymlyk,  «goly güýçliniň güni güýçli» diýen ýaly düzgünler bolmaly däl».
Patyşalar tarapyndan berilýän permanlaryň diňe bir iş ähmiýeti bolman, olaryň ägirt uly terbiýe berijilik, duýduryjylyk ähmiýeti hem bardyr. Sebäbi patyşalaryň permany Allanyň ady bilen berilýär. Şonuň üçin hem Allanyň ady bilen patyşanyň elinden berlen permany ýerine ýetirmän, açgözluk edip, abraýdan düşseň özüňden gör. 
Aslyýetinde, diňe bir musulman döwletlerinde däl, eýsem beýleki dinlere uýulýan döwletlerde-de patyşalar permany hudaýyň ýa-da hudaýlaryň adyndan yglan edipdirler. Bu däpler döwletlilik taryhy müňýyllyklardan gelýän Hytaýdyr Ýaponiýada, ýa-da bolmasa Ýewropa döwletlerinde-de şeýle bolupdyr. Görşimiz ýaly, adamzat taryhynyň aýrylmaz bir bölegi bolan türkmen döwletlerinde-de şeýle bolupdyr. 
Dogry, indi zamana üýtgedi. Dünýäniň aglaba döwletleri dünýewilik esaslarda dolandyrylýar. Şol sanda biziň eziz ýurdumyz Türkmenistan hem dünýewi döwlet. Emma, muňa garamazdan, dünýewi döwletlerde-de ýurt Baştutany tarapyndan çykarylýan permanlarda-da ýokardaky ähmiýet bardyr. 
Aglaba döwletlerde, şol sanda biziň ýurdumyzda-da ýokary häkimiýet indi saýlawlar esasynda kemala gelýär. Şunda permanlary halk tarapyndan saýlanan döwlet ýolbaşçylary yglan edýärler. Diýmek, häzirki döwürde-de döwlet ýolbaşçylary tarapyndan yglan edilýän permanlaryň keramat derejesindeki many-mazmuny bardyr. 

Jumadurdy ANNAORAZOW,
taryh ylymlarynyñ kandidaty.

Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 18 | Добавил: Has | Теги: Jumadurdy Annaorazow | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: