00:02
Komitet 300 / Jon Koulman

"Komitet 300" atly, 1992-nji ýylda peýda bolan eser ýer ýüzüniň hökümdarlary barada gürrüň berýär. Awtoryň ynanmagyna görä, ýer ýüzüni kuwwatly bir edara dolandyrýar. Ol edaraň ady "Komitet 300", (elbetde awtoryň dakan adyna görä). Kamitet 300 edaraň sanawyna 300 sany kuwwatly we baý maşgalalar girýär. We ol edara eýýäm 200 ýyla golaý ýerde bolup geçýän bar bidüzginçilikleriň sebäpkäri. Rodşiltleriň malgalasy, Ratfellerleň maşgalasy, Anglýaň patyşalygy, Ýewropaň gara arestokratiýasy, masonlar, NATO we Birleşen milletler guramasy ýene-de bir giden başga maşgalalar we edaralar şol syrly kametetiň düzimindemiş. Komitetiň elleri näçe uzyn bolsada, oň edýän işleri we täsiri tutuşlygyna gizlin syr. Komitetiň syryny açan ýa-da açjak bolan adam uzak ýaşanok. Iň gowy mysal hökmünde Amerikaň atylan prezidenty Djon Kenedi. Awtoryň pikirine görä Kenedi Komitet 300'iň buýruklaryny ýerine ýetirmekden buýun gaçyrypdyr. Aslynda Amerika bilen Kamitet 300'iň gatnaşyklary ýaman täsin. Ýer ýüzüni dolandyrmak üçin adam psihalogiýasyna gowy belet bolmaly, şeýle bilimler bilen Komiteti Amerikaň çäginde ýerleşen bir giden Institutlar we uniwersitetlar üpjin edýär. Adam gatnaşyklaryny öwrenýän institutlar, kamitet 300'iň buýrmasy boýynça bir topar programmalary oýlap tapýar. Mysal üçin "Hippi" hereket, "Rok" sazyň muşdaklary. 1960-70 ýyllarda ýaýran ýetginjek bandalary. Awtoryň bellemegine görä, Amerikaň halky, Komitet 300 üçin tejribe geçirilýän uly bir türgünneşlik meýdany. Dogrydanam pikirlenip görseň, soňky ýylkarda, adan jemgiýetine degişli üýtgeşmeleriň bary Amerikada bolup geçdi. Ýenede awtoryň bellemegine görä, Amerikan halky we ýer ýüziniň halky, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň üsti bilen gowy täsire sezewar bolýar. Adamzadyň dünýä garaýşyny we pikirleriniň baryny telewidenýe we başga serişdeler anyklaýar. Awtoryň getirýän mysayna görä Amerikan halky Yrak döwletiň dünýä kartasynda nirde ýerleşýäninem bilenokdy. Ýöne köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň döredýän täsirinden, Yraga goşyn salma garşy bolmady. Köpçülige täsir etmekde öwrenilýän ylymlaryň baryny kamitet 300 pul bilen üpjin edýär. Eýsem ol kamitet nirden beýle baý? Kamitetyň öz taryhy kökleri bar. Birinji bellemeli zat kamitet 300'iň iň esasy agzalary Britan patyşalyklary. Olar bolsa öz wagtynda narkotik serişdelerini Hytaý halkyna satyp gowja silkindiler. Hindistanda ekilýän opýumy Hytaý daýhanlaryna satdylar we olary gutaran neşekeş etdiler. Hytaýyň halkynyň sanyny özüňiz bilýäňiz? Awtoryň bellemegine görä, şu wagydam ýer ýüzüniň narkotik aýlanşygyny şol Kamitet 300 dolandyrýar. Ýöne ol edara esasan geroin söwdäsi gyzyklandyrýar, sebäbi kakoin bilen deňeşdireňde geroýindan girdeýjiler kän. Kakoin entek hiç hili gözegçiliksiz aýlanýar. Şonuň üçin kakoiniň daşynda mydama dawwa jenjel bar, şonuň üçin kakoin söwdäsi barada kinolar düşirilýär. Kakoin aýlanşygyna degişli kiçijek bandalar mydama öz ara uruşýar. Näme üçin şu wagyda çenli geroin aýlanşygy barada jikme jik kino ýok? Kamitet 300 eserde dünýä ýüzinde geroiniň aýlanşy we haýsy ýurtlar oňa degişlidigi barada giňişleýin maglumat berilýär. "Kamitet 300" edarasy daşyndan göräýmänä diňe pul gazanma bilen gyzyklanýan edara ýaly bolup görünsede. Mysal üçin dünýä ýüzünde iň girdeýjili we täsirli pudaklar şolaryň tabynlygynda: Narkotik söwdäsi, ýarag söwdäsi, nebit we gaz söwdäsi, tehnologiýa söwdäsi. Dürli metallar söwdäsi, şol sanda altyn we kümüş. Hakykatda edaraň öz ideýalary bar. (Awtoryň bellemegine görä ol esara esasanda Şeýtana çokynýar). Kamitet 300'iň miýilnamasyna görä, 2050-nji ýyla çenli ýer ýüzünde 1 miliýart adam galmaly. Şu wagt mälim bolşyna görä ýer ýüzinde 6 miliýart adam bar. 6 miliýart adamy açaçan dolandyrma kyn bolansoň Kamitet 300 öz işi barada açaçan aýdyp bilenok. Haçanda adam sany 1 miliýarda ýetensoň kamitet 300 öz hakyky ýüzüni açar. Döwletleriň arasyndaky serhetler açylar. Ýer ýüzünde ýeketäk döwlet bolar, ýeketäk din bolar. Adamlaryň aňyndan milletlik duýgysy aýrylar, milletlik üçin agyr jezalar beriler. Ýadro ýaragy ýok ediler, adamlar ýekeme ýeke göz astyna alynar. Jynsy gatnaşyklar iň erkin forma getirler we awtoryň sanamagyna görä başgada bir giden gorkynç zatlar. Gepiň gysga ýeri, Kamitet 300' de agzalýan gelejek, fantastiki eserlerdäki Antiutopiýa hakykatlary ýatladýar. Bu geňem däl, sebäbi Oldos Haksli ýaly gelejek barada ýazýan awtorlar şol edaraň hyzmatynda eken, elbetde awtoryň pikirine görä. Ýokarda agzalan awtordan başga Gerbert Uells hem şol edara bilen ýakyn gatnaşýan. Eger ýadyňyzda bolsa Gerbert Uells'yň "Wagt maşyny" eserinde baş gahryman gelejege düşýär we adamzadyň iki sany topara bölünenine göz ýetirýär. Kamitet 300'iň meýilnamasyna görä adamzada gelejekde şeýle bölünşik garaşýar. Gullar we hökümdarlar, jemgiýetiň iň ýönekeý gurluşy.

Категория: Edebi tankyt | Просмотров: 100 | Добавил: Adalat19 | Теги: Begli666 | Рейтинг: 3.0/1

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: