10:19
Kalbymyň owazy

KALBYMYÑ OWAZY

Ser sämedi, dünýäm geldi lerzana,
Ýar kamaty ygtyýarym alanda.
Ýürekleriň tary bir jübüt bolup,
Heniz diňlenmedik mukam çalanda,
Galdym bir görgä.

Aýňalmaklyk iş boldy-la heserden,
Söýgä erkin berdi baş bermez durkum.
Bu takdyryň edýän täsin oýnuny,
Bilmedik bolup ýör, bilse-de her kim.
Geldik biz bergä.

Özüň bilýäň Allam, näme etjegiň!
Näme berseň gaşym çytman alaryn.
Goldow berýär maňa her bir pursatda,
Gudrata eýleýip beren galamyň,
Bereňok hemmä...

Käte-käte serler sämäp örteýär,
Arzuwlary alys ýollar getirmiş.
Gyssasa-da, gynasa-da bir daýym,
Ahyrynda ajap bagta ýetirmiş,
Öwrüp telbä.

Islänimçe işler etsem ajaýyp,
Zähmetimi ýyllaň goýnunda ýaşat!
Ýalňyz Allam, senden ýeke haýyşym:
Baýlygy göremde durkumy gagşat,
Gul etme teňňä!

Ber maňa pursaty, aýdym ýazaýyn,
Timarlap-timarlap kalba nagş etjek.
Gazananmy, ähli dünýe malymy,
Hany-manym höwes bilen bagş etjek,
Galam gaş selbä.

Kynçylyklar taplar eken durmuşda,
Sarsmaz ynam gerek eken her göwne.
Boýuntyryk salyp, daňyp nebisi,
Geregimi gözläp taparyn,
ýöne
Rysgymy kemme!

Azymberdi Kakaýew

Категория: Goşgular | Просмотров: 37 | Добавил: Aziz | Теги: Azymberdi Kakaýew | Рейтинг: 4.3/3

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 2
0
1  
Siziň gowy goşgularyňyz bar, Azymberdi. Galamyňyz kütelmesin!

0
2  
Gowy goşgy.

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: