06:20
Jüneýit hanyñ döwleti

JÜNEÝIT HANYŇ DÖWLETI
(1918 – 1920 ý.)

1917-nji ýylyň 7-nji noýabrynda Petrogradda ýaragly gozgalaň bolýar. Şol günüň ertesi işçi we esger deputatlaryň Sowetleriniň Bütinrussiýa II gurultaýy açylýar. Gurultaýda ähli häkimiýetiň Sowetleriň eline geçendigi jar edilýär.
Orsýetde bolup geçen Oktýabr rewolýusiýasy we Orsýetiň doly suratda bolşewikleriň eline geçmegi türkmenlerde uly bir sarsgyn döretmedi.
Türkmenistanyň demirgazyk-gündogarynda, Amyderýanyň sag we çep kenarlarynda ýaşaýan türkmenleriň merkezi asyrlarboýy Köneürgenç bolan bolsa, soň bu merkez Hywa geçipdi. Hywa köp wagtlap Köneürgenç (Horezm) döwletiniň paýtagty hasaplandy.
1918-nji ýylyň ýanwarynda ak patyşanyň dikmesi polkownik Zaýsew öz goşuny bilen Hywadan gidýär.
Gurbanmämmet Serdar Hywada Türkmen döwletini yglan edýär.
Türkmenleriň Horezm döwleti üç ýyl dowam edýär.
Jüneýit han bilen baglanyşykly şeýle bir rowaýat bar: ol ata Watandan gaçmaga mejbur bolansoň, mysapyrlykda aňynda göbek ganynyň daman topragynda jaýlanmak bolupdyr. Ol jesediniň ata Watandan alysda ýatmagyny islemändir, şonuň üçin hem ol ölüm ýassygynda ýatyrka: «Ölsem, jesedimi aga Watana eltip jaýlaň – diýip, wesýet edipdir. – Eger jesedimi ilime eltmegi başarmasaňyz, ýol bermeseler, onda jesedimi Jeýhun derýa taşlaň, men öz ilime derýa bilen bararyn, bolmanda, jesedimi iýen balyklar bilen bararyn». Jüneýit han öz jesedini nädip jaýlamalydygyny-da wesýet edipdir. «Eger mümkinçilik bolsa, jesedimi köşekli düýe bilen äkidiň. Köşegi meniň bilen bile jaýlaň. Soňam mazarymyň üstüni tekizläň. Döwür mydama munuň ýaly galagoply bolup durmaz. Türkmene döwran gelende mazarymy galdyraýyň. Ondan öň mazarym belli bolsa, duşmandan her hili ýaramazlyklara garaşaýmalydyr» diýipdir. «Mazaryňy tekizlesek, soň ony nädip tapyp bileli?» diýip, handan sorapdyrlar. «Düýäni goýberäýiň mazarlyga, bagyr awusy ýitidir, ol köşeginiň nirede jaýlanandygyny derrew biler».
Jüneýit han Köneürgenç döwletiniň iň soňky hanydyr. Jüneýt han 1928-nji ýyla çenli Garagumda elkin ýaşap, bolşewiklere garşy göreşýär. Paltasy daşa degensoň hem Owganystana aşýar, 1938-nji ýylda hem aradan çykýar.
Jüneýt hanyň 16 ýyllap ilki ak patyşa, ak patyşa arka diräp halky ezen Hywa hanyna, soňra bolşewiklere garşy alyp baran göreşi ýeňliş bilen gutarýar. Halk bolşewikleriň wagyz-nesihatlaryna, boş jenneti wadalaryna, «ýagty gelejegiň» salgymyna imrinýär, han gözüne gubar bagladyp, serhetden hemişelik aşýar. Watanyň ahyny çekip, 1938-nji ýylda mysapyrlykda aradan çykýar.

Osman ÖDE.

Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 57 | Добавил: Has | Теги: Osman ÖDE | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: