23:10
Juda agyr günler -3/ powestiñ dowamy

3.

Şeribiň Gökdepeden süllerip, keýpsiz dolanyp gelmegi Keýigi diýseň aljyratdy.
– Hä, näme boldy? Ýüzüňde ruh galmandyr-a? – diýip, Keýik howsala bilen sorady. Soňam, çaý goýmaga aşhana girdi.
Ol çaýly çäýnegi, käseleri alyp otaga girende, Şerip agyr oýa batyp, stoluň üstüne ýazylan klýonkanyň gülüni dyrmalap otyrdy.
Içigara, Gökdepedäki iş diýýänimizem bolmady. – diýip, Şerip dodaklaryny kemşerdäýjek-kemşerdäýjek bolup gussaly aýtdy. – Aý, türkler-dä, olaryň ýüpüne odun gurar ýaly däl. Düýn «eýle» diýip oturan bolsa, bu gün olar utanman «Beýle,   bize bezeg gerek däl, aý biz bu ýerini kerpiç bilen ýapmak isleýäris»  diýip otyrlar. Biziň işlemeli ýerimizi bolsa, eýýäm suwap, agardyp goýupdyrlar...
– Indi näme? – diýip, Keýik içine giden demini zor bilen daşyna sorýan ýaly bolup, zordan gürledi.
Şerip ýumrugyny ýumrugyna urdy.
– Men-ä indi ugrumy ýitirdim. Janym ýanyplar gaýtdym. Dünýe doly gurluşyk, iş. Şonda-da işiň tapylmaýşyna men-ä haýran. Juda bolmasa ýönekeý gurluşyga ýönekeýje kerpiç örüji bolup barmalymy?! – Ol başyny gussa bilen ýaýkady. – Munuň uçilişesini oka, munuň Moskwasynyň gaty çöregini iý. Iş diýip, hünär diýip, öýi köýen...
– Soýuza bardyňmy? Sary Babaýew näme diýýär?
Şeribiň has beter jany ýandy.
– «Dokuň açdan ne habary bar» diýleni, Keýik. Olaryň öz garynlary dok, onsoň olar Şerip ýalylary däl, ýerem görenok. Şol «Düşünýäňmi, ýok, däreý» diýen bolup, ýirik agzyny gury ýumrugy bilen çalan bolup otyr. Başlyksumak haramzada, özüne iş bolsa, beýlekiler onuň ne azaryna...
– Ýok diýdimi?
– Bolsa habar ederis – diýen boldy. Ýöne oňa-da ynam ýok. Olaram türklerden ybaly däl. Olaryň ýüpüne odun guranyňdan, şeýtanyň ýüpi birneme ynamdarmyka diýýän men-ä. Ol şeýtandan geçiren-ä. – Şerip demlengi çaýyň ýüzüne-de garamady. Ýüzi boz-ýaz bolup durşuna:
– Men-ä walla, utanýanam, erkek halyňa, maşgalany ekläp bilmesem. – diýip, nyrhy üýtgän ýüzüni gapdala sowdy.
Keýigiň ýüregine sowuklyk aralaşan ýaly boldy. Onuň göwnüne bolmasa, bir ýerden hözirlije yş açylaýjak ýaly göründi.
– Bähbit bolsun! – diýip, ol adamsynyň ýüzüne mähribanlyk bilen garady. – Bolmasa, Soltan bilen ýene-de Eýrana söwda gidip geläýeýin. Sen öýde bolup, Äşe jana göz-gulak bol. Sen etdiň näme, men etdim näme! Erkegiň hem eli edýändir, aýalyň hem. Oňa çenli bir ýerden bir yşjagaz açylaýady-da.
Şerip sesini çykarmady. Ýok, ol garşy bolmady diýseňem boljakdy. Onuň özem munuň ýaly iş gahatçylygynyň beýle bir uzaga çekmejegine ynanýardy. Şonuň üçin ol Keýigiň söwda-satyk işine begendi.
Keýigiň goňşy ýurda gitmäge alty aýlyk rugsatnamasy bardy. Şonuň ýaňy dört aýy geçipdi. Ýene iki aýy öňdedi. Iki aýda, azyndan dört gezek gidip gelip boljakdy.
Soltanyň tizara ugramakçy bolýandygyny bilensoň, Keýik hem biýz satyn almanyň ugruna çykdy. Iki-üç günde ýagşy şaýyny tutdy. Diňe Äşejigiň bokurdagy agyryp, gyzgyny düşmeýär diýmeseň, hemme zat ugrunady.

4.
Keýik garaşylan gün geldi. Ol gaty uly guty ýumurtga, mesge, kişmiş, kişde, odur-budur zatlar alypdyr. Ol ýadawdy. Öňki söwdasy oňan gelniň şady-horramlygy ýokdy. Ol gele-gelmänä, zatlaryny hem açyşdyrman diwana süýndi.
– Ýürek agyry dermanyny bersen-e. – diýip, peträp duran gözlerini adamsyna dikdi.
Şerip aýalynyň bu bolşuny halamady. Onuň äheňinden: «Sen erkek halyňa, öýde heleýlenip otyrsyň, men aýal halyma, daglary aşyp, haryt getirýän, seni ýallajak bolup...»  diýen manyny okady.
«Ýa, söwda, beýleki diýip, başga birini tapyp pygylyny bozup ýörmükä?» diýibem oýlandy.
– Näme, Keýik? Näme boldy? Ýa ýaraňokmy?
Keýik sesini çykarmady.
– Eje janym! – diýip, boýnuna bökmäge owsunan, ýanar oduň içinde bolany üçin dodajyklary gara köýük bolan gyzynam  eli bilen itip goýberdi.
– Duruň, degmäň maňa. Jan berene bir jaýberiň.
Şerip çaý demläp getirdi. Aýalyna ýürek agyry dermanynyň erginini berdi. Soň Keýigiň elinden tutdy.
Keýik tutuş süňňi bilen titireýärdi. Damarlary lars-lars edip, ýüregi kükreginden çykaýjak bolýardy.
Keýik gijiräk özüne geldi. Ýuwundy, çaý içdi. Bir az garbandy. Diňe şondan soň:
– Hudaý sowdy, Şerip – diýdi. Indi galan ömrüm söwda urunmaryn. Söz berendirin. – diýdi. – Söwdasy upbatlar bolup galsyn...
Şerip agraslandy. Onuň ullakan ala gözleri, ujy ýogyn burny, her haýsy el ýaňly galyň dodaklary yzyna gaýtarylan şar gara saçynyň aşagyndan tä gaşyna çenli daraw-daraw bolup gaýdýan ýygyrtlar  ony häzir juda gazaply görkezýärdi.
– Näme boldy? – diýip, ol aýalynyň ýüzüne garaman  sorady.
Keýik başyndaky sary öýmesini açdy-da, täzeden ony çekip daňdy. Bu öýme onuň käkiligiňki ýaly juda owadan kellesine juda gelişýärdi. Gelniň sary ýüpek ýaly owadan didary, garaluw ýaly mährem dideleri, akja dişleri ýukajyk, misli bölünen ülje ýalyjak dodaklary daşyndan juda owadan görünýärdi. Ol häzir agyr ýoldan aryp gelene däl-de, indi birki gün bäri uly toýa taýarlanyp, özüne timar berip, bezenip-beslenip oturana meňzeýärdi. Az-kem ýadawlyk, gorky onuň gözelligini pynhandan syrly, näzikden mähriban görkezýärdi. Häzir peýwagtyna bolsa, Şerip gözüni onuň inçeden nepis kamatyndan aýyrman oturjakdy. Emma Şerip bularyň baryny görmediksiredi. Ol özüni merdem tutdy.
– Tas gara bagtym ýatypdy. – diýip, Keýik erbet titredi. – Mundan Maşada bardyk. Bir musulman bendäniň öýünde myhman bolduk. Biz Aşgabatdan dört sany aýal. Her iki adama bir otag. Soltan ikimiz bir jaý aldyk. Ertesi söwda-satyk etdik. Myhman ýerimizdäki bende-de ýükümizi ýükleşip, daşaşyp, gaplaşyp, gara gadyr.
Ine, söwdalaşyp durkak ol adam Soltan bilen gürüm-jürüm boldy. Bir salymdan iki sany çörek, bir topbak labaş, ullakanam gaýnadylyp, gowurylan towuk alyp, onam gök-sök bilen dolaşdyran bolup, bir torba salyp, göterip geldiler. Maşyn tutup, awtobus stansiýasyna geldik. Zatlarymyzy ýükledik. Ýola düşdük.
– Al, gyz, şu towgy sen sakla – diýip, Soltan goýanok-da. – Ýolda iýeris. – diýýär. Men Soltanyň şol towukly torba gorka-gorka seredişinden bir zatlar aňjak ýalam boldum. Emma: «Güman imandan aýrar» diýipdirler diýip, sesimi çykarmadym-da.
Eýranyň gümrüginden geçenimizden soň Soltan maňa:
– Al, gyz torbaňy – diýip, ony maňa berdi. Soň bolsa torbasynyň golaýyna gelenok. Men gümrükden geçdimem welin, bir begenýär, bir begenýär. Onuň bolşuna  haýranlar galarsyň.
Awtobusa mündik. Men osmakladyp:
– A gyz, aç öldük, gel hälki towukdan iýeli – diýdim. Soltanyň tas ýüregi ýarylypdy. – A gyz, açaýma. Bolmaz-a. – diýip bir gygyrýar.
Şonda bu towugyň ýöne zat däldigini aňdym.
– Al, torbaňam, towugyňam özüňe nesip etsin – diýip torbasyny eline berdim.
Ýaňky heleý bir hüňürdändir.
– Sen namart ekeniň. Gaýdyp seniň bilen ýola düşsem, atamyň gyzy bolmadygym – diýýär maňa.
Ine, öz gümrügimize geldik. Ýaňky gara heleý şol torbasyny ýene meniň başyma dakjak bolýar. – Almadym!
Barlag geldi. Men geçdim. Ol aýal: «A gyz, me torbaňy» diýip, maňa oklan bolýar.
Gümrükçiler ony derrew barladylar.
– Eý, Hudaý jan, bişen towguň içine ýarym kilogram geroin dykypdyrlar.

(Dowamy bar)....

Категория: Powestler | Просмотров: 33 | Добавил: Has | Теги: Öwezdurdy Nepesow | Рейтинг: 5.0/1

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: