23:03
Juda agyr günler -2/ powestiñ dowamy

2.

...Işigiň jaňy kakyldy. Keýik aşhanadan çykdy-da, işige bakan ýöneldi. Içinden bolsa, «Wagtyndajyk geläýdiler» diýip, begençli oýlandy-da gapyny açdy.
– Eje janym! – diýip, alty ýaşly Äşejik özüni ejesiniň gujagyna zyňyp goýberdi. – Sen bir bilsediň, seni gaty göresim geldi.
Şerip ejesi bilen gyzy tutup duran işikden içeri ätlär ýaly ýer gözläp durşuna:
–  Göresi gelip, asyl Äşe janyň gulajygy gyzaryp gidipdir-ä. – diýdi.
Äşejik içeri girip, köwşüni çykaryp durşuna.
– Gyzarmady, gulagym gyzarmadam, agyrmadam. – diýip, bälçiräp bökjekledi.
Şerip tagamly naharyň ysyna agyr-agyr ýuwdunyp, köwşüni çykardy.
– Näme bişirýäň, Keýijek?
– Kotlet! Işlekli.
Şerip başyny ýaýkady.
– Seniňem bar bilýäniň kotlet bilen işlekl-äý!
– Başga näme bişireýin?
– Çekdirme bişirmeli ekeniň.
Keýik ýylgyrdy.
– Asyl, edil pikir edişim ýaly-da. Sen şeý diýersiň diýip, çekdirme bişirdim-dä!.. Süýjüje kompodam bar. Ýöne sen çörek alan dälsiň?
Şerip gelniniň sözüni begençli böldi.
– Menem asyl, sen şeýdiýersiň diýip, çöregem aldym, böregem aldym. Gök sogan bilen konýajygam aldym.
– Ura! – megerem Keýigiň ýeke özüniň bu öýde içi gysyp giden borly. Adamsynyň, gyzjagazynyň manysyzja degişmesi onuň köňlüne tenekar bolup ýapyldy. Ol ýöne ýylgyryp otyrdy.
– Börek satyn almady. Hä-liki, aldaýar, börek satyn almady, aldawçy. Arak aldy. Hawa, arak aldy. – diýip,  Äşejik bökjekledi.
Şerip gyzyna haýran galan bolup, serdeden boldy.
– Weý, indi sen meni ejeňe satyp başladyňmy? Onda menem seni ejeňe ýamanlajak. – Ol aşhana bakan gygyrdy. – Äşe janyň ejesi, gyzyň doňdurma iý-d-di. Boldumy!
Äşejigiň ýüzi ak tam boldy.
– Kaka, kaka jan. – Ol eljagazyny agzyna tutup «aýtma, ejeme aýtma» diýip özelendi. Şerip sesini çykarman: «Indiki sapar şeýtseň, ejeňe aýdaryn» diýen manyda ellerini bulaýlady. Soň aýalyna bakan gygyrdy.
– Jan doganjanlar, aç gyrýaňyz bizi. Içegelerim jugur-jugur edip: «Keýik gelneje, bolaweri» diýip aglaşýar. – diýdi.
Keýik stoluň üstüne täzeje saçak ýazdy. Soň owadanja küýzede şerbet getirdi. Pitide çekdirme alyp gelip, ony tabaklara guýuşdurdy.
– Hany, geliň, nahar edineliň.
– Geliň, geliň, azajyk içiňem diýäýmel-ä..
Keýik ýylgyrdy.
– Içeweri, içeweri, noş bolsun. – diýdi. Ol töweregine garanjaklady. – Hany, Äşe?
Äşelik bir salymdan geldi. Onuň üsti suwdy.
– Bu näme? Durşuňa suw-la sen.
– Eje jan, seni göresim gelip, gulagym gyzaryp gidipdir. Şony ýuwup gelýän.
Keýik gyzynyň elinden tutdy-da gapdalyndaky oturgyja geçirjek boldy. Birdenem «Waý!» diýip, gygyryp goýberdi. – Sen ýanyp barýaň-a.
Äşejigiň keýpi gaçdy. Ol sülleren güljagaz ýaly boldy.
Keýik adamsynyň ýüzüne sowally seretdi.
– Ýa ýene moroženo  satyn alyp berdiňmi?
Äşejik kakasynyň ýüzüne «Aýtma, kaka jan» diýen manyda naýynjargarady.
– Aý, ýok-la, heý, Äşe janam bir moroženoýe iýermi. Men şu gün iýermikä, iýmezmika diýip, synamak üçin iki sany moroženoýe satynam aldym, ýogsam Äşe  jan-a «Ejem käýýär, iýjek  däl» diýip, hijem iýmedi. Onsoň, ikisinem özüm iýdim. Özem, ine, şeýdip... – Ol  dilini çykaryp, ýagly dogramçany ýalap-ýalap agzyna saldy.
– Al, azajyk iýäý gyzym – diýip, Keýik gyzynyň tabagyny onuň özüne   süýşürdi.
Nahardan soň Keýik gap-gaçlary ýygnaşdyrdy. Äşejigiň gaýta-gaýta gyzdyryp ýörmesi gelniň bar mazasyny alypdy.
«Wah, häzirem çagajygyň gyzgyny bar-da. Men muňa ne alaç etsemkäm» – diýip, ol gamgyn oýlandy. Ol hiç ynjalanokdy.  Gaýta-gaýta gelip, diwanyň üstünde çugutdyryp oturyşyna multfilme tomaşa edip oturan gyzjagazynyň maňlaýyny elläp-elläp gidýärdi.
– Besdir, şu günden başlajak!  –diýip, Şerip hälki gazete dolap getiren   reýklaryny, çotgalaryny, çarçuwadan boşan molbertini etýudniginiň üstünde   goýdy. Diwardan asylgy türkmen halysynyň öňünde üç stoly hatarlandyrdy.
– Ine, indi, Keýijegim, sen-ä şol owadan atlaz köýnegiňi geý. Akja gyzym, senem iň owadan toý köýnegiňi geý. Gidýäs.
– Aý, oglan, nirä gidýäs – diýip, Keýik gyzyna derman taýýarlap ýörşüne,  aşhanadan gygyrdy.
Şerip diwanda mürrelipjik oturan gyzyna gözüni gypdy.
– Ertekiler dünýäsine, wiý, suratlar dünýäsine.
Keýik  uly otaga gelip, bir gyrada duran zatlary görüp, geň galdy.
– Sen näme päliňi bozup ýörmüň?!
Şerip döşüni gaýşardyp, kükregine aýasy bilen pat-pat kakdy.
– Men – hudožnik!
– Hawa, sen hudožnik! Bezegçi-hudožnik!..
– Bolubersin. Meniň maşgalamyň suratyny çekmek hukugymy meniň elimden alyp biljek adam ýok. Şol sanda meniň Keýijegimem. Dogrumy?
Keýik ýylgyrdy.
– Goýaweri, dogan. Sen bizi medeniýet öýleriniň, klublaryň diwarlarynyň ýüzüne çekýän suratlaryň ýaly edip çekjek bolsaň, onda Alla ýalkasyn. Gerek däl.
Şerip gelnini gujaklady.
– Men seni, wo, şeýdip çekerin. – diýdi-de, onuň alma ýaňagyndan ogşady. Kakasynyň bolşuna begenip, tomaşa edip oturan Äşejik:
– Aý-ýaýa, aý-ýaýa, ogşady, ogşady, aýtjak, aýtjak – diýip şadyýanja gygyrdy.
Gyzynyň bu bolşuny gören Keýik atylyp, adamsynyň gujagyndan çykdy.
– Çaga bar-a, utanoňokmy!
Şerip gelniniň uýalmakdan nar ýaly bolan ýüzüni, nura çümen gözlerini ilkinji sapar gördi.
– Ine – diýip, ol gelniniň owadan kamatyna guwanmak bilen: – Ine, şeýle çekerin.
Ol baryp, gyzyny gujaklap, onuň gulajygyndan ogşady. Soň Äşäniň ýüzüne garady. Äşejik bolsa kakasynyň bu boluşlaryna hem begenip, hem gyjynyp, hem uýalyp, misli keýik owlajygy ýaly dyzanyp, kakasynyň gujagyndan çykjak boldy. Bolmandan soň:
– Ej-je-e! Diýip, gygyrdy.
Şerip gyzynyň içki tolgunmasy ýatýança, onuň ýüzüne garap durdy.
– Ine, şunuň ýaly. – diýip, ýene öňki agras keşbine dolandy. Ol aýalyny çagyryp, sagdaky oturgyçda oturtdy. Özi ortada oturdy. Soň ýerinden turup, galam bilen molberde berkidilen uly kagyzyň ýüzüne çyzyşdyryp başlady.
Gijäniň bir wagty halys ýadap, stulda duran Keýik molbertiň ýüzünde bir topar çyzykdan başga zat görmedi.
Şeribiň üç günläp dynman çeken azaplaryndan soň, maşgala suratynyň ilkinji sudury taýýar boldy. Onda Keýigiň özüniňkidenem şuglaly, owadan gözleri, Äşejigiň seçelenip duran garaja saçy, akja elleri, Şeribiň bolşundanam beter edile ullakan burny, hanasyna sygman duran gözleri göze ilýärdi.
Äşejigiň gyzgynynyň gaçman bakja gitmezligi Şerip üçin bähbit boldy. Ol  türkleriň Gökdepede gurulýan pamyk egiriji fabriginde etmeli dizaýyn işlerini soňa goýup, maşgala portretiniň daşyna çynlakaý geçdi.
Şerip özüniň gowy hudožnik däldigini bilýärdi. Ol Aşgabadyň Şoto Rustowelli adyndaky çeperçilik uçilişesiniň bezegçi-hudožniklik bölümini tamamlap, Moskwanyň  Surikow adyndaky çeperçilik akademiýasyna öz ugrundan okuwa gidipdi. Moskwada hem ol surat çekmäge däl-de, dizaýnlyga  aýratyn agram beripdi. Şonuň üçin, ol uçilişede  surat çekmek boýunça alan tejribesini tas ýatdan çykaryp barýardy.
Ol dört-bäş günde eden işiniň hem öwrenje çykýanyny şondan görýärdi. Ýogsa, institutda okanda professorlaryň biriniň aýdan bir gürrüňi ýadyndan çykanokdy.
«...Bir sapar imperator Nikalaý ikinji agasynyň portretini çekmegi hudožnik Kramiskoýdan haýyş edipdir. Kramskoý bu işi boýun alandan soň, üç gün gelip, on bäş-ýigrimi minutjyk işläp gider eken. Ol üçünji gün imperatora işi bolandygyny aýdypdyr. Işe imporatoryň göwni ýetipdir.
– Meňzäpdir. Gowy meňzäpdir – diýipdir. – Soň hudožnigiň ýüzne garap – Muňa näçe baha kesýäň? – diýip sowally gülümsiräpdir.
Kramskoý çotgasyny gury esgi bilen süpürip durşuna:
– Işiň bahasy üç müň gyzyl pul! – diýip endigine görä, çalaja ses bilen aýdypdyr.
Imperatoryň gözleri  owasyny doldurypdyr.
– Onça puly bir aýda özüm alamok. Sen bolsa, üç günjük gelip, on-on bäş minutjyk çotgaňy aýlap, şonça pul soraýaňmy? – diýipdir. Hudožnik imperatoryň ýüzüne-de garaman:
– Men bu işe şol üç günde bütin ömrümi goýdum! – diýipdir. Näme diýseňem, imperator sözünde durup, hudožnigiň diýen bahasyny aňry ýany bilen töläpdir...»
Şerip beýik hudožnikleriň öz işine tutuş ömrüni goýup, ony sähel salymyň içinde  kemini goýman ýazyp, beýläk taşlaýanyny bilýärdi. Ýöne, ol özüniň hem beýik hudožnik däldigini gowy bilýärdi. Ol hiç wagtam beýle derejelere dalaş etmändi.
Ýöne, onuň çyny bilen öz maşgalasynyň  portretini çekesi gelýärdi. Bu isleg Şeribiň beýik bagtyna bolan çynlakaý buýsanjyndan, pynhandan näzik söýgüsinden güýç alyp gaýdýardy. Öl  öz gelniniň näzikden owadanlygyna, onuň üstesine-de, zenan mähribanlygyna, eliniň, diliniň süýjüligine, gyzjagazynyň kere- keramata ýugurylan asylzadalygyna guwanyp, ony ýüregine sygdyryp bilenokdy.
Ol Keýigiň şol ezizligini esere geçirmegi hemişe pikirinden aýryp bilmän ýördi. Emma häzir molbertiň ýanyna geldi welin, özüniň molbertiň, reňkleriň öňünde şeýle ejizligine  ýene bir sapar düşünip galdy.
Ol ylgap baryp Keýigiň gelin bolup, ýaňy öýe düşen wagtyndaky portretini  diwaradan alyp, oňa serede-serede, gelniniň üýtgeşik keşbini ýasady. Ýogsa ol Keýigiň özüniň potretdäkiden gaty kän esse näzikdigene-de, owadandygyna-da düşünýärdi. Onsoňam, Keýik kän bir oturanokdy. Ol adamsynyň hudožnikligine kän bir ynanmaýardam.
Emma Äşejigiňki  başgady. Ol Keýik ýaly: «Çaý gaýnandyr, süýt çogandyr, nahary göreýin» diýip, häli-şindi işiň arasyny bölüp, gidip, gelip duranokdy. Ol molbertiň öňünde juda höwesek oturýardy.
– Gyzym, jan gyzym, hany, sen kakaň gulajygyňdan dişlän ýaly bol! – Şerip diýeni bilenem oňman, baryp, gyzynyň gulajygyndan dişläp, gyzynyň bolşuny makullap goýberýärdi. – Hawa, berekella! Şunuň ýaly edip azajyk dur. Haý berekella.
Äşejik gyjynyp, utanyp, hem begenip, edil bir kino düşjek ýaly yşaratjagazlary höwes bilen ýerine ýetirýärdi.
– Ine, indi boldy. – diýip, Şerip öz işinden göwnihoş halda baş atdy.
Maşgala portreti on günde tamam boldy. Ol näme diýseňem, Şeribiň derejesinden ýokary bolup çykdy. Keýik başda ynamsyzrak bolanam bolsa, iş tamam bolandan soň adamsyndan gaty razy boldy. Ol şeýle azaplar edip, öz maşgalasynyň portretini ýazan hudožnikleri bilenokdy. Iň bärkisi, Şeribiň gatnaşýanlarynyň arasynda-ha beýdeni ýokdy. Ol Moskwanyň  Surikow adyndaky çeperçilik akademiýasyny ýedi oglan bolup tamamlapdy. Keýik şol oglanlaryň maşgalalary bilen indi on-on bäş ýyl bäri gatnaşyp ýördi. Şol ýedi oglan edil bir  dogan ýalydylar. Olary dogan edýän zadyň işleridigine Keýik düşünýärdi. Sebäbi  çeper-bezeg işlerini köpçülik bolup etmeligi. Olar bir uly işi köpleşip edip,  hakyny bile paýlaşýardylar.
Ýöne, olardan aýratynlykda Şerip diýen adam işinden başga zady, gün-güzerany, öýi dolandyrmagy bilýän adam däldi. Bir gowy tarapy, gazananja  halal hakyny azam bolsa, köpem bolsa, öýe getirýärdi. Ýöne olara-da  iş tapmak barha kynalýardy.
Indi, SSSR dargaly bäri çeper bezegçileriň gazanjam, gün-güzeranam halys peselipdi. Indi öňküler ýaly döwlet býužetiniň hasabyna gurulýan klublary, medeniýet öýlerini bezemegem ýat bolupdy. Düşewüntli işleriň ählisini  daşary ýurtlylaryň özleri edýärdi. Eger  setanda-seýranda olar seni işe çagyraýsalar hem agyr-agyr işledip, ýetimiň öňüne ýuwundy goýan ýaly edýärdiler.
Şeribem indi näçe wagt bäri işsizdi. Ýöne, näme-de bolsa, Keýik gatyja öýden çykan gyz. «Ärim getirse iýerin, bolmasa aç ölerin» diýip oturanlardan däldi. Aralarda heýkeltaraş Mommadyň gelni bilen Eýran Yslam Respublikasyna üç sapar  söwda gidip gelipdi.
Olar bu ýerden arzan bahadan biýz alyp gidip, onam aňyrda satyp, puluna-da iýmek-içmek satyn alyp gaýdýardylar. Ol ýerde iň arzan haryt iýmek-içmekdi.
Getiren harytlaryny ýerläninden soň, içeriniň ezeneginden çekilen ýaly bolupdy.
Ýöne «bir ýerden damyp durmasa, köl bolanda-da, ahyr bir gün düýbi taňkaryp galýar» diýenleri çyn bolup çykdy. Keýik näçe hars ursa-da, Şeribiň güzerana gatanjynyň ýokdugy bildirip ugrady. Keýigiň ýekeje umydy, Şeribiň işe giräýmek baradaky pikiridi.
Gökdepede türkler uly fabrige başlapdylar. Şol fabrigiň içini bezemäge Şeribem çagyrypdylar. Ol şertnama baglaşyp, hak-heşdeginiň bir bölegini öňündenem alypdy.
Keýigiň pikiriçe, Şerip işläp başlasa, özem odur-budur söwda-satyga güýmense, güzeranyň bir alajy boljakdy.
Keýik adamsy suratyny çekýän mahaly şu ham-hyýallara gark bolanyny duýman galýardy.
Ine, ol esrerinem tamalady. Surat gül ýaly bolubam çykdy. Her hal, şu ýerde, gütde günlerinde, şähere çykyp, dünýäň harjyny döküp, surat aldyranyňdan-a gowudy.
– Entejik bir duruň. Men bu eseri aňyrybaş derejä ýetirerin, Keýijegim. – diýip, Keýigiň razylygyna monça bolan Şerip gara çyny bilen aýtdy. – Ine, görersiň, ählimizden köp ýaşajak şu surat bolar.
Bu surat bu kiçijik maşgalanyň bagtyýar günlerini sähelçejik uzaldan keramat bolup galdy.

(dowamy bar)...

Категория: Powestler | Просмотров: 31 | Добавил: Has | Теги: Öwezdurdy Nepesow | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: