15:19
Jübütlik / hekaýa
…Gowy ömür sürdüler…
…Ýöne…
…Şol “ýönesi” bar-da…
…Äý ýöne, bu ýalançyda “ýönesiz” zat barmy?!
Bularyňam segseni seňselediberen ömrüniň bilelikde ýaşalan altmyşa golaýynyň içinde her hilisi boldy. Gowusam, erbedem, ajysam, süýjüsem, ajyşylanam, süýjüşilenem…
Uly ile mahsus zat, adatysam ýeterlik bolandyr. Emma, iň esasy zat, nämäni nädip gaýyrsalaram düzedip bolmaz ýalys-a bolmandy. Megerem, henize bu güne çen jübüt ýaşaşyp ýörmeklerem şeýlekin bidüzgünçiligiň goparylmandygynyň iň aňrybaşy subutnamasy bolsa gerek.
“Ýönesi” bolsa, jübtüň uzyn saçlysynyň-a igenjeňräkligi, köse sakgallysynyňam gaharjaňrakdygy bolaýmasa…Başga-ha göze dürtülip duran: “ine, şulaňkyda-ha şü kemis-kümüsli ýeri” diýer ýaly zat ýok…
Kempiri bolsa…
“Şu günler-ä birtüýsli, ýa demrinden, ýa kömründen, ýa-da ussasyndan, adatdakylaryndan has beterräk igesini törpä öwräýesi gelip duran ýalymy göwnüme bolmasa…” diýip goja içini hümletdi. Törde gyşaryşyna, derçiräp çaý süzüp ýatan ýerinden:
-Gitdiň-de, gelmänjikler geçäýdiň ýöne! Gelinler eýýäm haçan-häli çaýyňy demläp-basyryp, süýjüsi-kökesi bilen desbi-dähil taýýarjaklap goýdular. Dolanynçaň buza döndi, asyl. Tasdanam ikilenç dökdürip-çaýkatdyryp demletmeli edýärdiň halys…-diýip, entegem zeýrenç gatyşykly igenmegini kesmän, şol tükezzibanyna tutduryp gidip oturan başdaşyna gabak astyndan alaryldy.
“Bäh, şüňem agzynyň dagam ýadamaýşyna biz haýran-aý! Tüketmän sagatlap gepläninden soňam ýene-de arasyny üzmän sonçaragyň iki-üç essesi ýalakyny yzba-yz suňşurybam bilýä-how, şular!” diýip goja, ýaltalyk bilen göwnübir oýlandy. Ýarym asyrdan gowrak wagtyň içinde munuň ýaly üznüksiz söz akymyna halys öwrenişip giden aňynyň bolsa özüne garşy dolup-daşyp eňterilip, sürnüp gelýän däli gep sili piňine-de däldi. Bu gulagyndan girse, ortada dagy sähelçejik “egleneýinem” diýmän, şaglap o gulagyndan çykyp gidýärdi. Kellesinde-de biri-biriniň yzyna sepleşip barýan asuda oýlanmalar endiganlyk bilen emele gelýärdiler-de, yz-toz galdyrmanam sumat bolýardylar.
…Ýöne dogrusy, soňky döwür bi biziň bü kempiriň igenjeňliginiň artan-a çyn. Garraýany bildirýämi nämemi…Haýsy şahyr aýdypdyr-a: “Baý halky öwünjeň bor, garry igenjeň” diýip…Alla janlarym, ýa ýalňyş ýatlaýýamykam? Beýle däl-de, eýle bolup, şo şahyr: “Baý halky zeýrenjeň bor, garry öwünjeň” diýip dagy ötägitdimikä?...Äý bolýar-la, nämäni nähili diýende segsen ýaşda saňa nä diýsene?! Onuň ýaly zatlar goý, şondan çörek iýýän ýaş-ýeleňleri bimaza etsin. Sen bilen munyňa bolsa indi diňe bärden umydyňy üzüp, eýläň aladasy bilen bolubermek galan bolaýmasa…Bäh, muny diý-ä sen! Muňa bir gara ahyry! Hakyýt, entegem tüketmän ümdüzine tutduryp gidip otyr-aýt, bi! Şü gürleşmekden ýaryş yglan edilse dagy şünem gatnaşdyryp göräýmelimikä diýýän-aý, asyl! Ilde-günde-de munuň ýalysa-ha ýok däldir welin, şüýem-ä şol ugurdan dünýä çempiony bolmasa-da baýrakly orunlaryň birin-ä alyp galar, iň bolmanda. Özi-ýä dile bir zat berilýän bolsa baran ýerinden boş gaýdýanlaryň hilinden-ä däl bolmaly biziň munymyzam! Heh-heh-he…
-Gülýäňmi sen?!-diýip, kempir dessine lam-jim boldy-da, ýanýoldaşyna garşy şübheli çiňerildi.
-Üh-he, üh-he…
Goja düwündi. Üsgüre-üsgüre zordan demini dürsän dessine-de, hemişeki ganygyzmalygy zerarly girre gahary geldi.
“Sen-eý akmak heleý! Nä inni “aýal garrasa erkek bor, erkek garrasa gorkak” diýleni çyndyr öýdüp, meň üstüme hekemlik satjak bolup ýatymyň-eý, şü öýde?! Häh?! Geple! “Häh” diýýän men saňa!” diýen gazaply sözler, ýatan ýerinden dikelip galyp ugran gojanyň diliniň ujuna mündi.
Emma…
Beýtseňem boljak däldigi ýadyna düşdi-de, diline badak atyldy duruberdi.
Geçilen uzyn ýoluň gyrasynda galan üç sany näzijek tenjagazyň solup giden mazarjyklarynyň awusy, bu görgüliniň öňem-ä zenanlara mahsus ejiz ýüreginiň bolanja sarynam alypdy. Dynnym gynandyrsaňam, jinnek begendirseňem, ýöne wagt bir minudam dek durmaýan dilini ýuwdana dönýärdi-de, ses-selemsiz beýlesine bakyp ýatyberýärdi. Birsellemden soňam turýar bir başagaýlyk, gopýar bir tüpgen. “Haý ýet, haý tut! Ýürek dermany nirde, “tiz kömege” jaň et, lukman çagyr, sanjym etdir. Haý gitdi, waý ýatdy…”…
Ýeri, onsoň, muňa nädip jabjynjak, nädip azgyryljak?!...Ho öňki ýaly, ýaş mahallaryndaky elpe-şelpelik bolsa…Ýitgem ýok o mahal, agyry-ynjam. Çaga-çugalaram ownuk, öýde bolup geçýän zatlaryň takmynan ep-esliň ýarysyndanam gowragyna düşünibem barmaýarlar, düşünjegem bolmaýarlar…Näme edesiň gelse ediber, keýpleňňiz kelläňizlerde…Isleseňiz, ha dönüp-dönüp ütmeleşip urşuň, isleseňiz, ha diliňizler äňleriňize sürtele-sürtele halys hamy sypyrylyp galynça sögüşiň…Towugyňyza “tok” diýjek ýok. Bir ejeň pahyr gelip: “Wiý, wiý, gyýw-gyýw, bolşuňyzlar nähili sizleriň, toba etdik Hudaýym, diýmäýin diýsem?!” diýip jibrinäýmese…Indi welin, öz-ä özi sähel-mähel gyňrarylsaňam derrew gursagyna elini ýetirip ugraýar welin, bi çagalardanam geçirip, hatda agtyk-çowluklaram ýüzüňe-ýüzüňe alarylyşyp bakyberýärler-how!
Bularyň käbirleri dagy, o kakamyň ady dakylanja agtygym ýaly, mundan buýankylara garanyňda öte eý görülýänini bilýärmi nämemi: “Ata, şü eneme gaty-gaýrym geplemeseň ýagşy bolaýjak ýalymy özi?! Soňky döwür kän bir ýüregine agram salybererligi ýok bolaýmasyn şonuň!” diýensiräp, özüňe geňeşen kişi bolup, ýüzüňe gelibermäge-de ýaltanjak däller-how, asyl! Dogrusy, diýenine diýen dessine puşman edip, almytyn-a aldam-la o ýeksurun! “Bi näme-how, inni men siz ba diýip öz öýümde öz heleýime gep aýdyp bilmän gezmelimi-aý?! Hä?!” diýip jabjynanymdan soň-a ählisi üçin syçanyň hini müň tylla boldam-la welin, onda-da ýeksurunyň sözleri şondan soň iňkise gidiräýdi, birhili! Edil ýöne, ömür edýän zadym däldir welin, şondan soň ýöne, her sapar muňa bir zat diýip gep gatjak bolsam her sözümi seljerip ýörenden bolaýdyk, birtüýsli…
Dogrusy, henizem-ä şübhäm ýok däl, elmydama şüňem islän wagty “me saňa gerek bolsa” diýen ýaly edip, ýüreginiň tapba-taýyn agyryp-sanjyp durýandygyna beýlebir ynanybam barammok gaty. Bi, öten-geçenlere ynansaň, hatda şeýtanyň hut özünem aldap, ýolda ýatan tokga daşy heleý edindirmegiň hötdesinden gelen, bi hilesi köplerde oýun-a kändir-ow özi! Ýöne onda-da: “Birdenkä çyny bolaýsa nädersiň?” diýen gorkunç pikir diliňi duşaklaýar duruberýär…
Bu oýlanmalar dem salymda aňynda aýlanan goja howpurgady. Edil ýöne, hut şuş-şu mahal başyndan geçirýän ýaly, höwürsiz ýeke galyşy, gum-guk öýi, başdaşy gidenden soň bir pursatda mährewsiz ýalňyzlykdan dolan tukat dünýäde betbagt batyl ýaly ölüp bilmän, ser-sepil sermenip ýörşi göz öňüne gelip gitdi.
Daşyndan ýüzüniň, iň bärkisi terzi üýtgemese-de ini tikenekledi. Özem duýman, şeýle pikirler aňyna gelende hemişeki edýän mynajatyny içinden gaýtalamaga howlukdy.
“Jan Allam, eger şü ömrümiň bir ýerlerinde birje sogap gazanan bolsam, maňa şonuň serpaýy hökmünde şünden bir öň gitmäge mümkinçilik bereweri! Mundan soňa galdyryp, ejiz-ýalňyz şumjardyp goýup, bala-çagalaryň, il-günüň öňünde abraý-mertebeden düşürmäweri jan Ýaradanym-a! Her niçigem bolsa, şüňe gezek gelende aýal diýen jandar mundan buýankylara garanyňda mert bolýandyr, jan Allam, biziňler ýaly onsuz ýetim-ýesir galyp baýtallap ýörmez özi! Garaz-haý, çagalary, agtyk-çowluklary, gelinleri bar, içi gysaýsa-da beýlebir biziňler kibi ýekesiremekden ýaňa ölüp bilmän ölüp ýatmaz! Jan Perwerdigärim-ä, küpür gepleýän-de bolsam, dag kibi günählerimi dary kibi edip geçäkge, şüjagaz dilegimi kabul edeweri, ýa rehimdar Rebbim-ä!”.
Goja dem salymda tutaşyp-köşeşmäge ýetişen içki harasadyny gizlemekden ötri, äwmän-alňasaman çaýyny owurtlan boldy-da, başyny işige garşy gaňryp, daşaryk gygyrdy:
-Kim ba-how, bi jelegaýlarda?!
-Näme ata, bir zat gerekmi?-diýip işikden at dakylan agtygynyň kellesi uzady.
Goja oňa garşy hatda boýnunam gaňyrman buýruk berdi:
-Bar hany kakam, bi eneňi ilerki oba, gyzynyňka birküç günlük myhmançylyga äkit…-diýdi-de, mundan artyk geplese gaharyny pürküp başlajakdygyny durky bilen duýup, dilini dişlemäge çytraşdy. Emma, “gan bilen giren jan bilenem çykar” diýleni. Paşmady. Neşderini sokman saklanyp bilmedi:-Ýohha, garrap halys akly çaşypdymmy nämemi, ýa bizlerden öte ýadapdymmy, bellisi ýok, birhili äri kim, çagasy ýa agtygy kim, seçip-saýgarmajak bolup barýar onyňyz! Ärinem çagasydyr öýdüp, ýonuşgasyny çar ýaňa syçradyp ýonuberip ýatyr, o seň eneň zaňňar! Şoň üçribem, bar äkit, gyzydyr-agtyklarynyň arasynda birneme ýelejiräp, mazaly aklyna aýlanyp gelmese bolmyýa, bi!
Atasyna belet agtygy sesini çykarmady. Gojanyň başdaşy bolsa şunça ýylyň içinde munuň ýaly zatlara halys werziş bolup giden bolara çemeli, beýlebir gaty görjegem bolup durmady. Diňe hatyn hötjetligini edip:
-Hä-ä-ä, “git” diýiberersiň asyl! Näme gitmän, gatam giderin! “Git” diýmeseňem bun-erte gitmekçi bolup ýördüm şo ýanlara! Mazaly özüň dillenäýdiň, ýohha, şu gün agşam soraşaýyn diýip otyrdym.-diýip hüňürdeý-hüňürdeý ýumakly-çişli torbasynyň agzyny düwdi-de, işige ýöneldi. Gidip barşyna-da iň soňky sözi özünde galdyrmakdan ötri, ýüz-keşbini üýtgetmese-de gözleri gülüp duran agtygyna lak atýandan boldy:-Näme onnoňam “garrap” diýen bolup, hämi ballym?! Biler bolsaň ballym, bi dikgirdäp ýören eneňe “garry kempir” diýen bolýanlaň özi seň eneňden üç ýaş dagy uly bolmaly! Onsoň ballym, senem akmak däsiň, özüň biliber kimiň-ä kempirdigini, kimiňem aklynyň çaşandygyny…
Olar çykyp gidenlerinden soň daşardan başdaşynyň gelinleriniň birine gygyrýan sesi eşidildi:
-Gyýw, gyzym, bi ataňyzyň çaýyna-suwuna gaty hatyrjem duraweriň! Ýohha: “enemiz ýok” diýäkge, o görgülini gatyýyplar galdyraýmaň, birdenkä! Öz-ä aňsat: “ony getiriň, muny äkidiň” diýip dillenmesi bolmaz, wagtly-wagty gelip ýetende özüňizden bilip ýetirip duruň gerek-ýaragyny. “Bolýamy” diýýän men sizlere?! “Atalaryny eneleri bommasa aç-suwsuz daňyp goýaýýan ekenler, bu aýbygadymlar-a! Eneleri bommasa o bendäň çagasyny idejegem ýok ekeni, asyl!” diýen gepe galdyraýmaň meni?! “Gyýw” diýýän men size! Düşündiňizmi?!...
…Soň gitdiler…
Birsalym daş-töweregiň gohy sowlana döndi. Jany dagy hezil etdi. Pinekläp çaýyny içenden soň “ýa sakgaldaşlaryň biriniň ýanyna gümür-ýamyra gidäýsemmikäm” diýip oýurgandy…
Näme üçindir hiç ýere gidesi gelmedi.
Öýem gum-gukluk…
Daşaryk çykdy.
Howlam gum-gukluk…
“Gezmeläýin” diýip köçä çykdy.
Bütin dünýäde gum-gukluk…
Yzyna dolandy. Öýe girdi. Telewizory açdy. Öňünde gyşardy.
Ýagty jahanyňam hiç hili keýpi ýok…
Tutuş süňňüni gaplan tukat bimarlyga meýmiräp, irkilenini özem duýman galdy…
…Gelinlerdir-çagalar birki ýola üstüne aýlanyp gitdiler. “Hä” bermäninden soň “bimaza etmäli” diýip, assyrynja çykyp gitdiler.
Gün ýaşyberende eneleri geldi. Ýüzi-gözem eňşäp dur. “Näme enesi, eýýäm dolanaýypsyň?! Ýa garry gaýyn ýekesiräýer öýtdüňmi?” diýen uly gelinleriň degişmesine-de ibaly eşitdirip-eşitdirmän: “Şüňe bir zatlar bolan ýaly özi, heýç o ýanda oturyp ynjalygym bolmady” diýip hümürdedi-de, bosagadan ätledi. Işigi ýapdy.
Gojanyň şol ýatyşy.
Hälden bäri sodaja sanjyp duran ýüregi jigläp gitdi.
-Atasy!
Jogap ýok.
-Atasy!-diýip öňküsine görä biraz batlyrak seslendi. Ýatandan ýene-de ses çykmady...
Zenan düşündi.
Dünýäsini dolduran tukatlykdan ýaňa göz açyp-ýumasy salym doňňara-daş bolup durdy. Bada-badam doňy çözüldi. Göýä, ömürboýy bile ýaşaşan jübtüni bimaza etmezlige çalyşýan dek, emaý bilen oňa ýakynlady.
-Ýeriň ýüzünde bir elheder alýan zady soňa galmakdy. Ondanam Hudaý sowdy, munymy!-diýip assaja pyşyrdady-da, gurap çöpe dönen, damar-damar, kinniwanja elini ýanynlygyna ýatyşyna ukudaka kazasyny tabşyran höwrüniň ýüzünden çala galtaşdyryp mähirli ýöretdi. Kimdir biriniň üstlerini basaýmagyndan çekinýän dek, gapa tarap howatyrly garanjaklady. Usullylyk bilen ýanýoldaşynyň gapdaljygyna geçip, gyşardy.
“Hä-ä, innä-hä, “ýerimi daraldýaň, ine-gana ýatyp dyýynç almaga maý bereňňok, aýry ýassykda, aýratyn düşekde ýat” diýip hüňürdemänjik geçersiň!” diýip biygtyýar oýlananda garry görgüliniň ýüregi gysmakdan ýaňa agysy tutdy. Dodaklaryny dişläp, möňňürmän zordanjyk saklandy. Ýaňaklarynyň gasyn-gasyn hamynyň üstünden syrygyp başlan ajy gözýaşlar bilen birlikde-de onuň aňynda birje pikir ähli ýowuz aýdyňlygynda emele geldi.
...Onsuz galan bu dünýäde, indi mundan buýana näme işlemeli, nädip ýaşamaly?!...
Bu birje pikirem başga sözlere öwrülip onuň diline indi. Özem duýman pyşyrdap başlady:
-Hak Ýaradanym, men ejiz-günäkär bendäňi ýalňyz goýma! Munuň yzynda munsuz galdyryp, döz gelip bilmejek sütemime sezewar etme, Ýa Rebbim! Rehim eýleýip, men ejiz naçaryňam ýygnaweri, jan Allam!...
Hünibirýan aglap, zaryn-zaryn pyşyrdap ýatyşyna-da garry görgüli, horja eljagazyny gojanyň buz ýaly sop-sowuk eliniň üstünde goýdy. Şol pille-de dirileriň dünýäsiniň hiç bir şatylama aýazynyňam, hiç bir hazan ýeliniňem sowugyna meňzemeýän sowuklyk aýasyndan parran geçdi-de, bada-badam göni ýüregine aralaşdy. Emma, garry görgüli muňa howpurgamady. Gaýta ynjaldy. Zaryn mynajatyny kesip, gözlerini ýumanda-da, haçanam bolsa bir wagt, niredendir bir ýerden eşidip, hakydasyna ýelmeşip galan birje setiri, näme üçindir çalgyrtlap oýlandy... “Köki guran gök daraht, gurymaýan ne olsun...”.
...Bu onuň soňky pikiri boldy...
…Gowy ömür sürdüler…Ýönesiz-beýlekisiz…
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 63 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 5.0/1

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 1
0
1  
Hakyky durmuşy, çynlakaý duýgularyň,gündelik durmuşda bolýan wakalaryň,ýagdaýlaryň üsti bilen suratlandyrylan çuň manyly hekaýa. Hekaýa awtora mahsus bolan gysgalyk,deň derejeli az sanly gahrymanlar,gizlin many,açyk final görnüşinde ýönekeý çeper dilde  ýazylan.Hekaýa hem güldürýä,hem agladýa,hem oýlandyrýa...Bakylygyň hakykaty barada ýazylandygy sebäpli,bu hekaýanyň ömri uzak bolar diýip aýdyp biljek.Serdar Ataýew ýiti täsirli ýazýar. Döredijilik işiňizde üstünlik arzuw edýän.

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: