10:35
Jomartlyk we husytlyk

JOMARTLYK  WE HUSYTLYK / edebi filosofik söhbet

Türkmeniň ahlaky düşünjeleriniň düýp manysyny yzarlanyňda, olaryň gelip çykyşynyň, esasynyň hemişe iki zat bilen çuňňur baglanyşyklydygyna göz ýetirýärsiň. Olaryň birinjisi halkyň taryhy ýaşaýşynyň aýratynlyklarydyr. Bu tarapy türkmen ahlagynyň taryhy-durmuşy esasy diýip atlandyrmak mümkin. Türkmenler hemişe jemagat bolup ýaşan halk. Ahlaky, has giňden alanyňda bolsa, ruhy gymmatlyklar taryhyň bütin dowamynda şol jemagatyň, milli bitewüligiň saklanmagyna we berkemegine hyzmat edipdirler. Muňa özboluşly suratda ruhuň durmuş çeşmesi we şol bir wagtda-da jemgyýetçilik hyzmaty diýmek mümkin. Beýleki tarapdan bolsa, ruhy gymmatlyklaryň dini-ruhy esaslary hem bolupdyr. Allatagala bil baglamak, ykbala ten bermek ideýalary türkmen ruhundaky özboluşly dünýä modelinden gelip çykýar. Adamyň ömründe-de, milletiň ýaşaýşynda-da hemme zat, garaz, esasy zatlar kesgitlenen, bize bolsa şol kesgitliligiň içindäki erkanalygyň çäklerinde hereket edäýmek galýar.
Şu ýerde bir hekaýaty aýdasym gelýär. Elbetde, men muny türkmen ruhunyň ählumumy ykrarnamasy derejesine göteresim gelenok, ýöne, herhal, bu gürrüň ata-babalarymyzyň dünýä gatnaşygyny häsiýetlendirýärmikä  diýýärin.
Bir akyldar derýanyňmy, kölüňmi kenarynda şägirtleri bilen güneşläp oturan eken. Her kim zikri-haba meşgul. Zikri-habä – içiňden Allanyň adyny zikr etmek, irginsiz gaýtalap oturmak. Birdenem, pir oýanan ýaly bolupdyr-da, golaýynda ýatan bir kiçijik daşy eline alyp, suwuň içine zyňyp goýberipdir. Soňam bir düýpli hakykata göz ýetiren ýaly, üýtgeşik hyjuwlanyp hem ýylgyryp (ol hal-ýagdaýyna düşen bolmaga çemeli):
– Eger şujagaz daşa aň hem dil berilsedi, ol hökman: «Ýaňy suwa meniň özüm bökdüm» diýip aýdardy – diýip, töweregindäkilere bakypdyr.
Bujagaz hekaýat ötenlerimiziň Hudaýa hem durmuşa gatnaşygyny görkezýär. Şol gatnaşygyň ahlak esasynda jomartlyk-husytlyk düşünjeleri uly ähmiýete eýe. Jomartlyk hem husytlyk hakyndaky gürrüňler edebi mirasymyzda juda köpdür. Olar milletiň esasy ahlaky düşünjeleriniň deňine göterilipdir.
«Gorkut atada» hanlaryň öz öýüni meýletinlik bile halkyň ygtyýaryna berip, ýagmaladandygy türkmenleriň milli ýaşaýşynyň uly bir däbinden habar berýär.
«Görogludaky» Genjim baýyň şahsyýeti gysgançlygyň simwoly bolup, ol milli aňyň çuňňur jümmüşinde ýaşaýan simwoldyr. Düşünjäniň ýa tipiň şeýle simwola ýetendigi bolsa onuň milli ruhda ähmiýetli bir hadysa bolandygyny görkezýär.
Sahylyk, jomartlyk, myhmansöýerlik, elaçyklyk türkmen ahlagynyň iň arzyly sypatlary bolupdyr. Islendik köne türkmen şahyryny alyp göräýiň. Bu hakda aýtmaýany ýokdur. Bu türkmeniň milli-taryhy ýaşaýşynyň aýratynlygy bilen bagly dörän häsiýetdir. Türkmen taryhyň dowamynda ruhy hem, rysgaly hem bir jemagat bolup ýaşapdyr. Ruhy hem rysgal bitewüligine hemaýat edýän düşünjeler hökmünde olar türkmen üçin iň arzyly gymmatlyklara öwrülipdir. Taýýarlanylýan naharda myhmanyň rysgy bar hasaplanypdyr. Birinji çanak myhmanyňky, ikinji çanak goňşokara çanagy hasaplanypdyr. Ana, şol iki çanaklyk nahar aýrylansoň, gazanda galan nahar öý eýeleriniňki hasaplanypdyr. Myhmanyň diňe bir öýüňe gelen wagtlary däl, eýsem onuň ýok wagtlary hem ruhy barlygy türkmen öýüniň güzeranynda özüni bildirip durupdyr. Munuň özi özboluşly hem täsin ruhy atmosfera döredipdir.
Myhman milli bitewüligiň, öýüň, maşgalanyň millet üçin hemişe açyk bir elementdiginiň görkezijisi bolupdyr. Degişlilikde-de, myhmansöýer, jomart adam halk bile birligiň, halka dahyllylygyň, husyt bolsa milletden aýralygyň alamaty bolupdyr.
Men bu ýerde biziň milli dessanlarymyzda, şahyrlarymyzyň eserlerinde jomartlyk, myhmansöýerlik barada aýdylan ajaýyp sözleri, goşgulary, pähimleri getiribem bilerdim. Emma okyjynyň ol zatlary juda oňat bilýändigi üçin, muňa zerurlyk ýok hasaplaýaryn. Özem okyjynyň oňat bilýänligi-de türkmen bu meselä gatnaşygyny ýene bir gezek häsiýetlendirýär. Ýöne milli bitewüligiň esasy sütünleriniň biri bolup gelen bu gymmatlyklaryň däp-dessurda amal edilişi has-da aýratyn. Ol däp hem türkmenleriň toý tutuşlarydyr.
Milletimiziň esasyny goýan atamyz Oguz hanyň nähili toýlar tutandygyny «Oguznamalardan» bilýäris. Megerem, bu milli däbiň sakasynda duran hem onuň özi bolmaly. Sebäbi Oguz han türkmen toýunyň milli bitewüligiň serişdesidigine juda oňat düşünipdir. Taryhymyzyň soňky döwürlerinde bolsa bu däp halkyň durmuşyna, süňňüne siňip gidipdir.
Esasy ruhy-ahlaky gymmatlyklaryň biri bolan jomartlyk toý tutmak däbinde has aýdyň ýüze çykýar.
Ýadymyza salalyň. «Gorkut atadaky» Derse han perzendiniň ýoklugy üçin Bahadyr hanyň toýunda kemsidilip goýberilýär. Toýdan kemsinip gaýdan han toý arkaly-da myradyna ýetýär, gyjalatyň astyndan çykýar. Aýaly hana şeýle maslahat berýär:

«Depe kibi et ýyg,
Köl kibi gymyz sagdyr!
Uly toý eýle, hajat dile!

Ol-a kim, bir agzy dogalynyň alkyşy-la. Taňry bize bir ýyl ýetmen ogul berer – diýdi.
Derse han aýalynyň sözi bile uly toý eýledi, hajat diledi. Atdan aýgyr, düýeden bugra, goýundan goç gyrdyrdy. Aç görse doýurdy, ýalaňaç görse, donatdy. Borçlyny borjundan gutardy. Depe kibi et ýygdy, köl kibi gymyz sagdyrdy. El göterdiler, hajat dilediler. Bir agzy dogalynyň alkyşy le Allatagala bir ogul berdi».
Ruhy gymmatlyklaryň milli taryhy ýaşaýyş hem Hudaý ideýasy bilen baglanyşygyny yzarlaýan adam üçin bu ýerde iň gyzykly zat – Derse hanyň Alladan bitmeli hajatynyň diňe halkyň üsti bilen bitýänligidir. Hudaýa barýan ýol diniň däl, aýry-aýry adamlaryň däl, ýene bir zadyň däl, diňe tutuş halkyň üstünden geçip gidýär.
Allatagalanyň ölçeg terezisi – halkdyr. Allatagala ýakynlygyň mähek daşy-da – halkdyr. Bu pähim – sap türkmen taryhy-ruhy pelsepedir. Şol pelsepäniň hut jomartlyk, elaçyklyk bilen baglanyşykly toý dessury arkaly amal bolmagy-da ýöne ýere däldir. Jomartlyk diňe bir halk bilen däl, eýsem halk arkaly Alla bilen-de aýrylmaz baglanyşyklylygyň görkezijisidir.
Özüniň ähmiýetliligi boýunça jomartlyk türkmen aňynda möwriti däl-de, baky gymmatlyklaryň üýtgewsiz hatarynda aňlanylýan sypatdyr hem-de düşünjedir. Yzynda hiç hili güman, ikirjiňlenme goýmaýan subutnama! Magtymgulydan:
Kyýamat güni jomarda
Dowzahdan zyýan ýetmezmiş!

Türkmen ruhundan habarly adam, türkmen ruhunyň amaly bolan türkmen durmuşyny gören adam bu tassyklamanyň ýöne bir şahyryň agzyna söz owadanlygyndan ötri ýa-da: «Aý, şunam agzaýaýyn-la, herhal, gerek zat-da» diýip geläýen tötänleýin pikir, wagtlaýyn ýaşajak, ömri gysga pikir däl-de, türkmen ruhunyň esasy sütünleriniň birine öwrülen gymmatlykdygy bilen ylalaşar. Kysmat, dowzah, Alla, şeýtan – bular türkmen aňynda hemişelik aýlanyp, ýaşap, işläp duran düşünjeler. Näçe ýüz ýyllar, müň ýyllar geçse-de, sözleriň, düşünjeleriň möwriti ötse-de, bular öňki janlylygynda işläp durlar. Bular ömür, ölüm bilen bir hatardaky filosofiki, dini-filosofiki ýa-da sap dini düşünjeler. Ine, ömrüniň uzaklygy boýunça jomartlyk şolaryň deňine ýetýär.
Şahyrymyzyň bu setirleriniň anyrsynda ýatan rowaýat hem jomartlyk düşünjesini has çuňňur aňlamaga kömek eder diýen pikir bilen, şol rowaýaty beýan etmek isleýärin:
Hezreti Muhammet pygamber Jebraýyl perişdäniň yzyna düşüp, mukaddes Remezan aýynda Magraja çykýar. Leýletil-Magrajda – Magraj gijesinde ol perişdäniň yzy bilen ähli äleme – ýerlere hem asmanlara aýlanyp görüpdir. Bu hakda durmuşy söýen şahyrymyz Kemine şeýle diýipdir:

Göz ýumup-açynça haýr ul-mursalin,
Magraja çykardy Jebraýyl emin.

Pygamberimiz göz ýumup-açasy salymyň içinde  älemleri gezip çykypdyr. Munuň özi älemiň dürli ýerlerinde wagtyň dürli geçýänligi baradaky  ähtimallyk teoriýasynyň öňünden tassyklanmagydyr. Ine, Ýeriň astky gatlaklarynda, has dogrusy, Ýerden aşakdaky gatlaklaryň birinde ýerleşýän dowzahda gezip ýörkä, Muhammet pygamber bir geň-tanlygyň üstünden barýar. Dowzahyň eddil ortarasynda bir adam göýä  jennetde oturan ýaly ýylgyryp otyrmyş. Bu ahwalata haýran galan we hiç zada düşünmedik Muhammet perişdä  soragly nazaryny dikýär: «Bu näme üçin beýle?» Muňa Jebraýyl perişde şeýle jogap beripdir: «Bu oturan adama Hatam taý diýýärler. Ol dünýäde ýaşan ömründe küfr boldy – Allanyň birligine ynanman, butperest boldy. Emma ol adatdan daşary jomartlyk, sahylyk görkezdi. Şol görkezen sahylygy üçinem, küfrligi sebäpli dowzaha höküm edilse-de, Allanyň buýrugy bilen dowzah ody oňa kär etmeli däl diýildi. Şol sebäpli-de, ol özüni dowzahda däl ýaly duýýar».
Şeýlelikde, göräýmäge, sap ahlaky düşünje bolan jomartlyk hatda diniň aňyň özi tarapyndan dini gymmatlyga bäsleşýän düşünjeleriň hataryna çykarylýar.
Jomartlyk dowzahda-da jennet döredip bilýär.
Jomartlyk hatda iň uly günäni – Allaha çirk ýetirmek günäsini ýumşaklaşdyryp, awusyny hem ýowuz manysyny öçürip bilýär. Çünki meselä  has çynlakaý çemeleşseň, jomartlygyň ýöne bir jemgyýetçilik-ahlaky manysy däl, eýsem dini-filosofiki jäheti hem bardyr. Aslynda türkmeniň jemgyýetçilik ruhy hem şol filosofiki mana dahyllydyr.
Bu manyly dini rowaýatyň üstüni başga bir şirin taryhy hekaýat ýetirýär. Bu gürrüň Hatam taýyň o dünýädäki däl-de, şu dünýädäki ömrüne degişli, şonuň üçinem ol rowaýat däl, hekaýat.
Hatam taýdan sorapdyrlar:
– Özüňden jomart adam gördüňmi? diýip, ol «Hawa» diýip jogap beripdir. Imi-sala sähra agşamynda ortadaky ody dörjeläp oturan Hatamyň gysgaja jogaby gözleri daşarky otdan-da beter içlerindäki bilesigelijiligiň oduna «ýaldyr-ýaldyr» edýän çarwa ýetginjekler üçin indiki gürrüňi has-da süýjedipdir. Hatamyň gürrüňinde çigrek güýz agşamynda ortada ýatan közleriň mähirliligi we aýsyz asmanyň çuňlugynda «ýalp-ýalp» edýän ýyldyzlaryň süýji alyslygy hem elýetmez nätanyşlygy bardy. Hatam üç oduň sabyrsyzlygyny köşeşdirmek isläp, arzyly gürrüňine başlady:
– Bir gezek bir obajygyň çetindäki öýe myhman boldum. Öý eýesi garyp ýigit eken. Emma sähralylaryň däbini bozman, derrew myhmana söwüş etdi. Iki bolup söwüş edilen goýnuň etinden iýip otyrkak, goýnuň türresi agzyma aýratyn tagamly göründi, menem bu tagamyň töwirini daşyma çykardym: «Bä, etiň şu ýer-ä  hasam süýji eken!» Muny eşiden ýigit derrew ýerinden galdy-da, öýden çykdy. Birnäçe wagtdan goýnuň ýene türresini getirip öňümde goýdy. Soň ýene, soňra ýene-de, garaz, doýýançam meni diňe dowaryň türresi bilen hezzetledi. Tagamy agzyndan gitmeýän agşamlykdan, süýji gürrüňli agşamdan soň, oňat ýatypdyrys. Irden ýola düşeýin diýip, daş çyksam, öýüň töweregi goýun derisi, damak gany gömülen çukur bolup dur. Görüp otursam, ýigit meniň göwnümi görjek bolup, sanaýmalyja janlysynyň baryny söwüş edäýen ekeni. Men muňa gaty haýran galdym we özümden hem jomart adamyň bar ekenligini bilip, onuň soýan oýnam dowarynyň ýerine üç ýüz düýe bile bäş ýüz sany goýun berdim – diýip, Hatam gürrüňini soňlapdyr. Oturanlar: «O nähili-de, o nähili?» bolşupdyrlar. «Ol-a saňa bary-ýogy dört sany goýun bagyşlapdyr, sen bolsa oňa...»
– Ýok, ýalňyşýaňyz, men oňa malymyň ýüzden, belki, müňden birini berdim, ol bolsa özünde baryny berdi.
Hatam taýyň bu hekaýatynda jomartlygyň mukdar ölçegi däl-de, adam kalbynyň jomartlygy görkezilýär. Şu manydaky jomartlygyň dini-filosofiki manysy bar: jomart adam öz malyny ile bagyş etmek bile, ähli zadyň eýesiniň bir Alladygyny öz hereketleri bilen tassyklaýar. Husyt adam bolsa, munuň tersine, zadyny ýygşyrmak bile oňa çyn eýe bolmaga, ýagny Allatagala çirk ýetirmäge dalaş edýär. Onuň bar zadyň eýesiniň Allatagaladygyny, bularyň özüne wagtlaýyn berlendigini boýun alasy gelenok.
Milli-taryhy ýaşaýşyň jähetine geçirip aýdanyňda, türkmen jomartlygy – munuň özi bar zadyň eýesiniň milletdigini boýun almakdyr! Çyn adam hem şol milletiň bir agzysydyr.
Jomartlyk – Alladan,
Gysgançlyk – şeýtandandyr.
Çünki şeýtan seždesini gysganyp, Allanyň baky lagnatyna duçar boldy.

Osman ÖDÄÝEW.

Категория: Filosofiýa | Просмотров: 10 | Добавил: Has | Теги: Osman ÖDE | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: