08:39
Jeýtunyñ taryhy

JEÝTUNYŇ TARYHY (miladydan öňki VI müňýyllyk)

■ Türkmen medeniýetiniň ilkinji ekerançylyk – oba esasy

Taryh rowaýaty düşündirýär. Rowaýat taryhy düşündirýär. Ýöne rowaýat taryhdan has ýaşdyr. Munuň özi rowaýatyň taryhyň her täze eýýamynda täzeçe many hem-de mazmun edinýändigini aňladýar. Emma şonda-da rowaýatdan hiç bir taryhy eýýamyň goýan yzlary bütinleý ýitip gitmeýär. Bütinleý ýitip gitmeýär-de, rowaýatyň many barlygynyň aşaky gatlaklaryna süýşýär.
Taryh rowaýaty döredýär. Şol bir wagtda-da rowaýat hem taryhy hakydanyň kemala gelşini alamatlandyrýar. Hakyda bolsa biziň geçmiş taryhyna bolan gatnaşygymyzdyr. Diýmek, belli bir manyda rowaýat hem taryhy döredýändir.
Türkmen ruhy hakydasynyň iň aşaky gatlaklarynda mundan 8–7 müň ýyl ozalky bolup geçen taryhy açyşlar we hadysalar saklanyp galypdyr. Men häzir türkmenleriň arasynda meşhur bolan Babadaýhan baradaky halk rowaýatlaryny göz öňünde tutýaryn. Ol rowaýatlara görä, ýer suwarmak, ekin ekmek işine başlan adam Babadaýhandyr. Hususanam, rowaýatlarda Babadaýhanyň şeýtanyň kömegi bilen iň ilkinji ýaplary gazandygy barada aýdylýar. Gürrüňiň taryhy wagt taýdan juda gadymylygyny ýap geçirmegiň ilkinjiligi görkezenok. Degişli wakanyň gadymylygyna, juda gadymylygyna, ýagny ezeli hadysalygyna bu gürrüňde çykyş edýän şeýtanyň barlygy şaýatlyk edýär. Dinleriň, bir dini dünýägaraýyş ulgamynyň beýleki bilen çalyşmagynyň özüne mahsus kanunalaýyklygy, öz «göçümleri» bardyr. Waka şeýtanyň gatnaşmagy yslamdan has ozalky taryhdan habar berýär. Şeýtany – özüniň ganym duşmanyny ara salmak bilen, soňky eýýamlaryň dünýägaraýşy bolan yslam özüniň ret eden taryhy barada gürrüň edýändigini ýaňzydýar. Arheologiýanyň maglumatlaryna ýüzlenseň, Türkmenistanyň çäklerinde ilkinji ýaplar Göksüýrüde mis-daş eýýamynda çekilipdir. Emma muny iň gadymy sene hasaplamak nädogry bolar. Näme üçin? Sebäbi Göksüýrüdäki ýaplar diňe häzire çenli, has dogrusy, XX asyra çenli saklanyp galan gadymy ýaplardyr. Emma ekerançylyk wagt taýdan Türkmenistanyň beýleki bir ýerinde – Köpetdagyň edil eteklerinde, Jeýtunda döräpdir. Şonuň üçin hem ol medeniýetiň ýaplary saklanyp galmadyk bolsa-da, ýabyň ilkinji çekilen wagtyny has aňryk – biziň günlerimizden 8 müň ýyl ozalky döwre – daş eýýamyna süýşürmelidir. Edil häzirki günlerde 1963-nji ýylda Göksüýrüde açylan ýaplar hem pagta ekilişigi sebäpli ýitip gitdi. Göz öňüne getiriň, eger ol ýerlere pagta bir sebäp bilen has öňler ekilip başlan bolsady, onda ýokarky açyş hem bolmazdy. Şeýdip, ylym degişli taryhy hadysany 1–2 müň ýyl ýene bärik süýşürerdi.
Diýmek, ylmyň berýän maglumaty çäklilik häsiýetine eýedir – yz barmy, diýmek, bolupdyr, yz ýokmy – diýmek, bolmandyr.
Ylmyň şu hili çäkliligi rowaýatyň we taryhy hakydanyň kömegi bilen ýeňlip geçilýär. Babadaýhan ilkinji daýhandyr, ýeri işläp bejeren ekerançydyr. Ekerançylyk bolsa bizde neolit – täze daş eýýamynda dörän taryhy hadysadyr. Şonuň üçin hem ýeriň ýüzünde saklanyp galanlygyna-galmanlygyna dahylsyzlykda ilkinji ýap gürrüňini Jeýtun medeniýeti we döwri bilen baglanyşdyrmak maksadalaýyk bolar. Şundan ugur alsaň, Babadaýhan baradaky düşünjeleriň döräp başlanyna azyndan 7–8 müň ýyl geçipdir diýip tassyklap bolar.
Babadaýhan – halkymyzyň iň ezeli zamanlarda uýan, çokunan ylahlarynyň biridir. Wagtlaryň, döwürleriň, eýýamlaryň geçmegi bilen bu ylah özgerip, üýtgäp, kiçelip, ahyrsoňunda – yslam döwründe ekiniň, daýhançylygyň pirine we adaty adama öwrülipdir. Her bir maddy medeniýete laýyk ruhy medeniýet – aňyýet kemala gelýär, soňkuda bolsa dürli ylahlar, keramatlylar uly orny eýeleýärler. 8 müň ýyl ozal ýaşan eždatlarymyz özleriniň butjaýlarynda häzirki Babadaýhan görnüşine gelen ylahyna çokunypdyrlar.
Türkmen rowaýatlarynda Babadaýhanyň şeýtanyň kömegi bilen ilkinji azaly, has dogrusy, kündäni ýasandygy barada hem gürrüň berilýär. Jeýtundan, bu medeniýete degişli beýleki obalardan hem künde tapylmady. Emma rowaýatyň hakykatyna gulak salsaň, onda täze daş eýýamynda eždatlarymyzyň kündepisint bir gural bilen ýeri işläp bejerendiklerine ynanmak bolar.
Jeýtun medeniýeti adyny alan iň irki ekerançylyk medeniýetimiz miladydan öňki IV–V müňýyllyklarda dörän we ösen ýaşaýyşdyr. Bu döwür türkmen topragynda maýyl we ygally howanyň durnuklaşan döwrüdir.
Jeýtun medeniýetiniň maddy esasynda ekerançylyk ýatýar. Mundan sekiz müň ýyl ozal eždatlarymyz Jebelden Köpetdagyň eteklerine geçýärler hem-de ýeri, topragy işläp bejermek bilen meşgullanyp ugraýarlar. Olar dag eteklerinde ornaşmak bilen dürli çakmak daşlaryny giňden we hertaraplaýyn ulanmak arkaly, esasan hem, dürli zähmet gurallaryny ýasamak arkaly ajaýyp ekerançylyk medeniýetini döretdiler. Jeýtun obasynyň galyndysy Aşgabadyň günbatar-gaýrasynda saklanyp galypdyr.
Jeýtun türkmeniň ýaşaýyş usuly we ýaşaýyş giňişligi hökmündäki medeniýetiniň ikinji, ortaky basgançagydyr. Ondan öňki eýýamda – Jebelde eždatlarymyz awçylyk we balykçylyk bilen meşgullanypdyrlar. Bu birinji ýaşaýyş basgançagyny awçylyk medeniýeti hökmünde häsiýetlendirsek, munda esasy ýaşaýyş giňişligi düşelgedir. Düşelgeden oba, obadan bolsa üçünji basgançak bolan şähere geçildi. Bu basgançaklaryň hersi müňlerçe ýyly öz içine alýardy.
Jeýtunda ata-babalarymyzyň aýagy ýer tutdy. Halk bir topraga örklenip, rysgalyny tebigatdan taýýar görnüşinde alman, öz zähmeti bilen döretmäge başlady. Muňa ylymda taýýary alyjy ykdysadyýetden öndüriji ykdysadyýete geçmek diýilýär.
Öndüriji ykdysadyýete geçilmegini täze zähmet gurallarynyň ýasalmagy bilen baglanyşdyrýarlar. Emma şeýle gurallary ýasamalydygyna, olaryň nämä gerekdigine düşünmek üçin, ilki bilen, bilimleriň belli bir ulgamynyň kemala gelmegi zerurdyr. Ekerançylyk, ösümlik dünýäsinde bolup geçýän hadysalaryň, kanunalaýyklyklaryň adamyň özleşdirmegine we olary özüçe gaýtalamagyna esaslanýar. Munuň özi däneli ösümlikleriň gögerişi, köpelişi, olar esasynda taýýarlanylýan iýmit baradaky bilimlerdir. Eždatlarymyzyň tebigat baradaky synçylygy olaryň zehininiň açylmagyna – zerur zähmet gurallaryny döretmek we kämilleşdirmek ukybynyň ösmegine itergi beripdir. Topragyň häsiýeti, suw bilen topragyň gatnaşygy, yzgarly toprakda däneli ösümligiň oňat ösüşi baradaky bilim tejribesi we oýlap tapyş ukybyna esaslanýan zähmet gurallary ekerançylyk döretdi we ösdürdi.
Jeýtunlylar dag bilen gumuň arasyndaky yzgarly düzlükde ýurt tutundylar. Gyş hem-de ýaz paslynda düşen ygal topraga siňip, topragy yzgarlaşdyrypdyr. Jeýtunly ata-babalarymyz yzgarly topragy işläp, onda düme ekinlerini, elbetde, ak ekini ekmek bilen meşgullanypdyrlar. Ýer agaçdan edilen çişler we piljagazlar, kündepisint, kätmenpisint gurallar bilen işlenilipdir. Ýere sepilen ak bugdaý, arpa möwriti gelende bişip hasyl beripdir. Onsoň eždatlarymyz ýetişen ak ekini özboluşly oraklar bilen orupdyrlar. Jeýtunly ata-babalarymyzyň oraklary täsindir we özboluşlydyr. Häzirki orakdan tapawutlylykda, olar egri däl-de, göni, gezlik şekilinde bolupdyr. Beýle orak – gezligiň ýüzi – dişi çakmak daşyndan ýörite ýasalyp, ol uzyn süňk ýa-da agaç sapa oturdylypdyr. Munuň çakmak daşyndan ýasalan dişiniň uzynlygy adatça 4,5–8,5 sm. uzynlykda bolupdyr. Sapy sandan çykansoň, dişler täze saplara oturdylan bolmaly.
Jebel bilen deňeşdirilende Jeýtun ägirt uly taryhy öwrülişigi alamatlandyrýar. Öndüriji ykdysadyýete geçmek – munuň özi uzak wagtlaýyn, aýdaly, bir ýylda iýjek rysgalyňy öňünden taýýar etmek diýmekdir. Awçylyk bilen iş salyşýan adam bolsa tas her günki iýjek rysgalyny günde taýýar etmeli bolýardy. Öndürijilik meselesinde şeýle öňe gidişlik tutuş jemgyýetiň ösüşiniň çaltlaşmagyna getirdi.
Diýmek, önümçiligiň beýleki täze ugurlaryny döretmäge mümkinçilik açylýar. Netijede, eždatlarymyz öz bilimlerine, ukyplaryna daýanyp we el astyndaky bar çig maly ulanyp taryhda ilkinji gezek:
a) külalçylyk
b) gurluşyk
ç) zergärçilik
d) dokmaçylyk we ýonaçylyk
ýaly önümçiligi ýola goýupdyrlar.
Külalçylyk el zähmetine daýanypdyr. Uly bolmadyk toýun böleklerini biri-birine sepleşdirip, dürli toýun gaplary ýasapdyrlar. Bu gaplar häzirki göz bilen seredeniňde, gödeňsi, galyň bolupdyr. Bişirmek usulynyň entek kämil däldigi sebäpli, gaplar bişirilende, ala düşüp, kä ýeri oňat bişse, kä ýeri biraz çigliginde galypdyr.
Alymlar toýun gaplary ýasamak usuly aslynda sebet örülişinden gaýdýar diýip hasaplaýarlar. Şol bir wagtda-da toýun gaplaryň ilkibaşda ýasalan daş gaplaryna öýkünilip, döredilen bolmagy-da bolup biläýjek hakykatdyr. Toýun eždatlarymyzdan çykan ezeli ussalar tarapyndan iki usulda – açyk oduň üstünde we sada körüklerde bişirilipdir.
Öz döwri üçin ýokary ekerançylyk medeniýetiniň özboluşly gurluşyk däpleri bolupdyr. Jeýtunlylar biröýli jaýlarda ýaşapdyrlar. Öýüň içinde bir diwarda ojak, onuň garşysyndaky diwarda bolsa ýokarsy tagçaly, öňe çykyp duran «dyrnaklar» bolupdyr. Tagçalarda Babadaýhanyň, beýleki ylahlaryň butlary saklanylan bolmaly.
Saman garylan palçykdan guýlan, ýasalan kerpiç esasy gurluşyk serişdesi bolupdyr. Üsti güberçek bu kerpiçleriň uzynlygy 60–70 sm., ini 20–25 sm. ýetýär. Bu kerpiçden jaý örülende hem samanly laý ulanylypdyr. Jaýlaryň diwarlary, ýeri hem şol palçyk bilen, käte-de hek bilen suwalyp, reňklenipdir. Munuň özi sözüň häzirki zaman manysynda-da hakyky ýaşaýyş medeniýetidir.
Jeýtunda-da, onuň töweregindäki beýleki ululy-kiçili obalarda-da ýaşaýyş jaýlarynyň golaýynda kümeler, ambarlar gurlupdyr. Emma ezeli we ilkidurmuş taryhymyza mahsus bolşy ýaly, obalarda öňden göz öňüne tutulan köçeler bolmandyr.
Jeýtunda çakmak daşyndan ýasalan dürli mikrolitler örän köpdür. Daş gurallar bilen süňkden biýzler, temenler, dürtgüçler, burawjyklar ýasalypdyr. Bular hem öz gezeginde ýonaçylykda – deriden dürli eşikleri, torbalary, bukjalary, horjunlary tikmekde ulanylypdyr. Deriler sürtgüçler bilen arassalanyp, eýlenip, soňra degişli zatlar taýýarlanylypdyr. Ujy çakmak daşyndan edilen ýaýlar, jyzalar bilen awlanyp ýekegapan, towşan, gulan, dag goçy, keýik ýaly ýabany haýwanlaryň eti et iýmitiň çärýek bölegini üpjün edipdir. Şol bir wagtda-da dürli haýwanlaryň, esasan hem, goýunlaryň eldekileşdirilmegi dowam edýär. Çekene bakmak Jeýtundan başlanypdyr. Ak ekinden alnan däne urularda alapa edilip saklanypdyr. Onuň üwelendigine Jeýtundan tapylan soky daşlary, degirmen daşlary şaýatlyk edýär. Ýöne şol bir wagtda-da bugdaýy ýarma edip bişiripdirler. Türkmeniň gowurga taýýarlamak däbi hem Jeýtundan gaýdýandyr.
Jeýtunyň sungatyny palçyk binagärligi we külalçylykdan başga-da şekillendiriş sungaty kemala getirýär. Jeýtunlylar daşdan, süňkden, balykgulakdan dürli haýwan we adam şekiljiklerini ussatlyk bilen döredipdirler. Bu heýkeljikler kämilligi bilen häzirki adamlary haýran galdyrýar. Pessejikdepede bolsa diwaryň ýüzüne çekilen bars we at suratlary tapyldy. Dürli monjuklar hem Jeýtunyň sungatyny oňat häsiýetlendirýär.
Jeýtun medeniýeti diňe Jeýtun obasynda bolupdyr diýmek çäklilikdir. Arheologiýa-gazuw işleri Jeýtun medeniýetine girýän onlarça obalary ýüze çykardy. Olar Köpetdagyň eteginde ýerleşen obalardyr. Olardan has ähmiýetlileri Bamy, Naýzadepe, Baga, Jeýtun, Çopandepe, Togalak, Täze Nusaý, Kelete, Ýartygümmez, Pessejikdepe, Çagyllydepe, Monjukly ýaly obalardyr. Şu obalarda, şeýle-de entek arheologiýa tarapyndan açylmadyk hem-de ýitip – ýok bolup gidenligi sebäpli indi hiç mahal açylmajak obalarda miladydan öňki VI–V müňýyllyklarda ajaýyp we özboluşly medeni durmuş ýaýbaňlanypdyr. Meniň şu ýerde beren gysgaça häsiýetlendirmelerim ol obalarda ýaşan eždatlarymyzyň maddy we ruhy durmuşyny göz öňüne getirmäge mümkinçilik berýär.
Şeýlelikde, Jeýtun ilkinji oturymly türkmen oba ekerançylyk medeniýetini berdi. Ol medeniýetden türkmen eldekileşdirilen mallary we goýun itini, düme we suwarymly ekerançylygy, ýonaçylygy we gurluşygy, şekillendiriş sungatynyň ilkinji tejribelerini, ilkinji ýöntem külalçylygy hem-de ekerançylyk mifologiýasynyň ilkinji şinelerini miras aldy. V müňýyllygyň ahyrlarynda we IV müňýyllygyň başlarynda jeýtunlylar Göksüýrä we Änewe geçdiler. Şonuň bilenem türkmen taryhynyň ilkidurmuş döwri tamamlandy.
Degişli ýerlerde döräp ugran täze medeniýet türkmeniň ezeli taryhynyň başlangyjy boldy. Ezeli taryh – türkmen medeni-şäher ýaşaýşynyň taryhydyr. Onuň iň ýokary derejesi IV–III müňýyllyklardaky Ýaňykent medeniýeti boldy. Diýmek, awçylykdan başlanan ýol ekerançylygyň üsti bilen şäher medeniýetine baryp ýetdi.
Halk pederleri bilen baglanyşykly tymsallary, rowaýatlary eger-eger ýatlaryndan çykaranok, pederlerimizden galan gowy tymsallar soň-soňlaram adamlara çykgynsyz güne düşenlerinde çykalga-sapak bolup hyzmat edipdir. Jeýtundaky ilkidurmuş ýaşaýşy hakda-da saklanyp galan rowaýatlar bar.
Didoryň hökümdarlyk eden döwründe bolan bir wakany gürrüň bereýin:
Mundan sekiz müň ýyl öň Köpetdagyň Ahal ýaýlasy edil ertekilerdäki ýaly wasp edilýän, jennet bagy diýilýän gözel tebigat bolupdyr. Gyşyn-ýazyn miweli daragtlar topraga gün düşürmändir. Ýylyň haýsy döwründe ajyksaň daragta eliňi uzadaýmaly eken. Ol miweli daragtlaryň bolsa bu gün biz köpüsiniň adynam ýadymyzdan çykarypdyrys.
Didor öz körpe dogany Buga Mawerennahra ýazylyp-ýaýrap hökümdarlyk et diýip ugradýar. Buga ençe ýyl geçenden soň sap-sap ýygyn çekip, Didoryň üstüne gelýär.
– Eý, Didor, maňa seniň hökümdarlygyň gerek. Maňa beren ýerleriň az – diýip, beýik bir depäniň üstünde durup, habarçy iberýär. – Ýogsam-da, ýurduňy tozduryp, bar zadyňy olja aljak.
Didor goňşy ýerlerden goşun ýygnamaga Perman berýär. Özem dogany bilen gepleşige barýar.
– Eý, Buga beg! Ikimiz darkaş gurap ýörsek il-gün, goňşy-golam näme diýer. Iň gowusy, sen meniň myhmanym bol. Näme gerek diýseň bereýin. Al-da, git. Ýöne uruşmaly – diýýär.
– Sen meniň hyzmatkärim bol! Men, ine, şuny isleýän. Aýagyma ýykylmagyňy, menden pesde bolmagyňy isleýän.
– Özüme derek iki müň hyzmatkär bereýin, eý, Buga beg!
Buga ylalaşmaýar.
Üç gije bilen üç gündiz darkaş bolýar.
Bu darkaşda Buga ýesir düşýär.
– Eý, Buga beg! Päliňden gaýt. Men seni ýene öňki ýurduňa patyşa edip göndereýin.
– Seniň il arasynda abraýyň uly. Seni dünýäň şasy diýip atlandyrýarlar. Eşidýäňmi, seni dünýäň şasy diýip atlandyrýarlar. Men hakda bolsa şöhratly gürrüň edenoklar. Maňa «Didoryň goýan dikmesi» diýip at beripdirler. Nämemiş, sen meniň hökümdarymmyşyň. Meniň hökümdar bolasym gelýär. Dünýäň meniňki bolmagyny isleýärin.
Buga beg öz päliniň pidasy bolupdyr. Şondan soň il arasynda «Buga begiň niýeti ýaly» diýen düşünje galypdyr.
Änew taryhda «Bagabat» ady bilen meşhurdyr. Änew Anu diýen patyşanyň ady bilen baglanyşykly dörän bolmaly. Anu patyşanyň döwründe – mundan ýedi müň ýyl öň Köpetdag degresi baglyk, lälezarlyk bolupdyr. Anu döwründe türkmen topragy üýtgeşik üzümi, ondan ýasalýan çakyry-şeraby bilen şöhratlanypdyr. Şol döwürden bir waka halkyň hakydasynda taryh bolup galypdyr.
Patyşalygyň üstüne duşman dökülipdir. Anu patyşa şeýle diýipdir:
– Urşup, çagalarymyza ýaramaz görelde bolmalyň. Näme isleýän bolsaňyz, aýdyň, islegiňizi bitireli. Dost bolup gatnaşalyň! Dogan bolup arkalaşalyň!
Gäwürler (duşmanlar) Anuwy diňlemek hem islemändirler. Olar çeleklerde doly duran çakylary içip-döküp urdumşalyk edipdirler.
Gäwürler öz ýurtlarynda özlerine gelipdirler. Çakyra aňyny aldyrypdyrlar. Her biriniň maňlaýynda ullakan tagma barmyş. Ot gyzdyryp basylan bu tagma masgaralaýyş tagmasy bolupdyr. Şol tagmasy bar adamyň eline ýarag alyp söweşe girmek hukugy ýok eken.

Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 29 | Добавил: Has | Теги: Osman ÖDE | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: