12:25
Jennete berlen kepillik

JENNETE BERLEN KEPILLIK

Hezreti Osman (r.a) baý musulmanlaryñ hataryndan eken. Hatda Onuñ diñe öýünde 300 sany hyzmatkär gyrnak bolupdyr. Günlerde bir gün Hezreti Osman gyrnaklaryñ birine (megerem ikiçäklikde) ýüzlenmeli bolýar. Muny bolsa aýaly Hezreti Rukaýýa duýýar. Netijede adaty zenan gabanjañlygy oýanyp biynjalyk bolýar. Emma ol biynjalyklygyny adamsyna aýdyp göwnüne degmek islemeýär we ýuwaşlyk bilen "Kakamyñ öýüne gitjek" diýýär. Hezreti Osman oña ejaza berýär. Yzyndanam özi biynjalyk bolýar we içinden:
- Resulallanyñ ýanyna gidip meniñ bu bolşumy aýtsa, meniñ ýagdaýym niçik bolar?!. Ne bu dünýäde, ne ahyretde ornum bolmaz - diýip, dessine täret alyp, Hudaýa mynajat edýär...
...Hezreti Rukaýýa kakasynyñ ýanyna baranda, Pygamberimiz (s.a.w) onuñ ýüzüniñ gamgyndygyny görüp:
- Eý jigerbendim. Nedir halyñ, näme üçin ýüzüñ salyk - diýýär.
Hezreti Rukaýýa biygtyýar aglap goýberýär we şeýle diýýär:
- Eý meniñ döwletli kakam, soltanym. Seniñ şan-şöhratyña gelişýän zatmy şu, Osmanyñ gözi gyrnagynda?
Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) şonda şeýle diýýär:
- Eý meniñ gyzym! Eger Allatagalanyñ we meniñ razylygymy almak isleseñ, bir pursat durma-da öýüñe bar. Osmanyñ aýaklaryna ýüzüñi sürtüp, ötünç sora. Ýogsa ne Hakyñ, ne-de meniñ huzurymda ornuñ galar.
Rukaýýa kakasynyñ aýdanyna eýerip derhal öýüne gelýär. Gapa elini ýetirse, gapy içinden gulplangymyşyn. Gapyny kakýar. Hezreti Osman "Kim?" diýip ses berýär. Aýaly özüni tanadansoñ ol gelip gapyny açýar we aýalyndan ötünç soramakçy bolýar. Hezreti Rukaýýa adamsynyñ aýaklaryny gujaklamak islese-de, Hezreti Osman muny birhili görýär. Rukaýýa razy bolman "kakamyñ emrini berjaý etmesem içerik girmerin" diýip, adamsynyñ aýaklaryna ýykylýar we ötünç soraýar. 
Mundan soñra Hezreti Osman şükür sejdesini edýär we şeýle diýýär:
- Ýa Resulallanyñ gyzy! Kakañ saña muny wesýet eden bolsa, menem Allatagalanyñ söýgüsine we kakañ hormatyna haremimdäki 300 gyrnagyñ barsyny azat edýärin. Şu günden şeýläk erkin bolsunlar - diýýär.
Dek şol pursatda hem Jebraýyl perişde (a.s) Pygamberimiziñ (s.a.w) ýanyna gelýär we Hezreti Osmanyñ gyrnaklary azat edendigini habar berýär. Şonda Jebraýyl (a.s) şeýle diýýär:
- Ýa Muhammet! Hak Subhanehu we tagala saña salam aýtdy we şeýle buýurdy:
"Osmanyñ egnindäki amal ýazýan perişdeleri aýyrdym. Mundan beýläk onuñ haýry we şeri ýazyljak däldir. Ondanam hasabam soraljak däldir. Hasapsyz Jennete girjekdir. Asla ondan hiç zat soralmaz we amallary derñelmez!"

Pikir etmäliñmi, Hezreti Osman ýaly ýagşyzadalar ne mertebelere ulaşypdyrlar. Biz nirelerde gezip ýörüs...

▶ GYÝA GÖZ BILEN BAKMADYGAM BOLSA...

Dört Çaryýarlaryñ üçünjisi Hezreti Osman (r.a) aýaly Hezreti Rukaýýa (r.a) bilen öýünde bile otyrka onuñ hyzmatkär gyrnaklaryndan biri iýip-içmek üçin desterhan ýazýar. Şol wagt Hezreti Osman tagam getiren gyrnagyñ ýüzüne garaýar. Muny bolsa Hezreti Rukaýýa duýýar we biynjalyk bolýar. Hezreti Osman aýalynyñ ynjalykdan gaçanyny görüp, gyrnaga bilgeşleýin seretmändigini aýdyp ant içýär. Şondan soñ aýaly arkaýynlaşýar. Hakykatdanam Hezreti Osman (r.a) hyzmatkäriniñ ýüzüne ýöriteläp bakmandy. Şeýle-de bolsa Hezreti Osman öz içinden: "Pygamberimiziñ jigerbendini bilgeşleýin ynjytmak niýetim bolmasa-da, ony barybir ynjytdym. Munuñ keffaratyny (öwezini) dolmak gerek" diýip, ujypsyzja zat üçin 100 sany guly azat edýär.

Geliñ, indi özümize göz aýlalyñ: Hemmämiz bolmasa-da, aramyzda köpümiz iki günlük ýeñles gylykly zenanlaryñ haram keýpine kowalaşyp, ömürlik ýaşaşjak nikaly we halal aýallarymyzy bilkastlaýyn we nähili derejede ynjydyp ýörendigimizden habarymyz bir barmyka?!. 

Категория: Halk döredijiligi we rowaýatlar | Просмотров: 71 | Добавил: Has | Теги: Seýit Eýýup ibn Syddyk | Рейтинг: 3.7/3

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: