09:01
Jemgyýetçilik durmuşy we habarlar ulgamy / makala

JEMGYÝETÇILIK DURMUŞY WE HABARLAR ULGAMY

…Iki sany dükan ýanaşyk dur. Biri çörek dükany, beýlekisi gazet dükany. Çörek dükanynyň satyjysy işsizlikden ýaňa dişlerini ýaldyradyp, pallap otyr. Gapdalyndaky gazet dükanynyň agzy bolsa adamlardan ýaňa hümer bolupdyr. Satyjy müşderileriniň wagtyny eglemejek bolup ýetişibildiginden gazet-žurnallary paýlaýar. Işçiler, okuwçylar, çalaran başlar…her kim öz gezegine sabyrly garaşýar. Sebäbi gazet-žurnallar olaryň ählisine ýeter…

Onsoň: Ertirlik naharyn ýanyna alan
Gazet nobatynda çekip “ezýeti”.
Ahyr ýol ugrunda büdräp, çakyşyp,
Buterbrod bilen okaýar gazeti…

Ýokarda görkezilen şygyrda şahyryň hakdan içen hyýaly ýöne ýerden deňeşdirme üçin iki sany dükany bir ýere getirip goýmaýar. Öz pikirini hem duýgusyny çeper beýan etmek üçin şowly deňeşdirmäni tapan şahyr, çörek hem gazet hakyndaky setirleri bilen okyjysynyň aňyna, haçan-da maddy zerurlyklaryny üpjün edenden soň adamyň teşnelik bilen ruhy isleglerini kanagatlandyrmaga topulýandygy, bu ýagdaýyň bolsa şol jemgyýetiň kämilligiň hem täzelenişiň ýoluna ymykly düşendigini aňladýandygy hakyndaky pikirleri ýetirmäge çalyşýar. Ýöne, şahyr näme üçin, adamyň ruhy islegini ala-böle gazet bilen aňlatdyka? Näme üçin, özi döredijilige berlen, ykbalyny döredijilik bilen baglan adamdygyna garamazdan, öz goşgusynda çörek dükanynyň gapdalynda deňeşdirme üçin kitap dükanyny, aýdym-sazly dabaralar geçirilýän merkezi, teatry ýa-da sergiler merkezini goýmadyka?!
Sebäbi adam ilkinji nobatda täzeligiň teşnesi. Kärdeşim A.Çaryýew “Türkmenistan” gazetiniň 2008-nji ýylyň 10-njy sentýabryndaky sanynda çap edilen “Dünýä, maglumat we biz” atly makalasynda, ynsan beýnisiniň hemişe maglumata mätaçligini aýratyn nygtap geçmek bilen, bu mätäçligiň we ynsan göwnüniň tükeniksiz bilesigelijiliginiň tutuş adamzat siwilizasiýasynyň häzirki derejelerine ýetmeginiň iň wajyp kesgitleýji sebäbi (faktory) bolandygy barada nukdaýnazaryny ýazýar. Hakykatdan-da adam, öz ýaşaýan dünýäsi, daş-töwereginde bolup geçýän hadysalar barada ähli zady bilmäge, olary öwrenmäge we unutmazlyk üçin ýazgy, surat, şekil, saz ýaly haýsydyr bir görnüşlerde özi üçin saklap, alyp galmaga dyrjaşýar. Bu çensiz-çaksyz bilesigelijilik hem ynsanyň ebedilik mahsuslygy.
Öz bilesigelijiligini adam dürli usullar bilen gandyrýar. Ynsan üçin täzelikleri eşitmegiň iň ýönekeý, iň gadymy hem iň tebigy usuly bolsa onuň öz kowumdaşlaryndan, çar-töwereginde ýaşaýan adamlardan täze maglumatlary eşitmek we öz gezeginde özüne mälim bolan maglumatlary olar bilen paýlaşmakdan ybarat bolup durýar. Emma bu usul hiç haçan hem adamyň täzelige bolan islegini kanagatlandyryp bilmändir. Adam hemişe özüniň gün-güzerany bilen baglanyşykly gündelik hysyrdylaryny düýpgöter terk etmezden, gysga wagtyň dowamynda öz ýaşaýan jemgyýeti, özge halklar, döwletler, olaryň ýaşaýşy, däp-dessurlary, kemçilikleri we artykmaçlyklary barada has doly hem jikme-jik maglumatlary bilmäge çytraşypdyr. Jarçylaryň döremegi, hat-ýazuwyň, sungatyň surat, heýkeltaraşlyk, saz ýaly görnüşleriniň döremegi-de adamyň täzelige bolan teşneligini gutarnykly gandyryp bilmändir. Sebäbi görýän, eşidýän, öwrenýän we oýlap tapýan täzelikleriniň netijesinde onuň durmuşy näçe kämilleşdigiçe adamyň maglumata bolan islegi hem şonça-da artypdyr. Adamzat taryhyndaky ilkinji döwletler döräninden soň bolsa adamlaryň täzelige ymtylyşyny kanagatlandyrmak üçin hem-de olaryň öz durmuşlaryny täze emele gelen ýagdaýlar bilen sazlaşdyryp guramaklary üçin patyşalar tarapyndan kabul edilýän kanunlar, daş sütünleriň ýüzüne çapylyp, şäherleriň, obalaryň ortarasyndaky dabara meýdançalarynda, bazarlarda, möhüm kerwen ýollarynyň ýolaýyrtlarynda (çatryklarynda) dikilip goýlupdyr.
Ýöne adamzadyň täzelige, maglumata bolan höwesini kanagatlandyrmak babatda hakyky genial açyş, biziň eýýamymyzdan öň 100-43-nji ýyllarda ýaşap geçen Gadymy Rimiň imperatory Gaý Ýuliý Sezar tarapyndan edilipdir. Ägirt uly halk köpçüliginiň jemlenen ýeri bolan, mähnet imperiýanyň paýtagty Rimde hemmeleri döwletde bolup geçýän ähli täzeliklerden habarly etmek maksady bilen Ýuliý Sezar tarapyndan ilki “Senatyň işleri”, soňra “Halkyň gündeki jemgyýetçilik işleri”diýip atlandyrylan, täzelikler ýazylan kagyz sahypajyklar köp möçberde ýaýradylyp başlanýar. Şol täzelikler ýazylan sahypajyklary-da adamzadyň taryhyndaky ilkinji gazetler diýip atlandyrmak bolar. Ondan soňra, biziň eýýamyzyň 911-nji ýylynda Hytaýda hem “Szin bao” (“Paýtagt habarçysy”) atly täzelikler sahypajyklary çykarylyp başlanýar. Ilkinji köpsahypaly maglumatlar sahypajygy bolsa 1513-nji ýylda Londonda çap edilýär. Ol 12 sahypadan ybarat bolupdyr.
Adamzat siiwilizasiýasynda mäkäm orun alan bu açyşyň “gazet” diýen ady bolsa, XVI asyrda Italiýanyň Wenesiýa şäherinde döräpdir. Şol döwürde çykarylýan, “awwizo” diýlip atlandyrylan maglumat sahypajyklarynyň bahasy Wenesiýanyň iň ownuk teňňesi bolan, bir “gazette” bolupdyr. 1631-nji ýylda, Fransiýada yzygiderli çap edilip ugran “La Gazette” atly maglumat sahypajyklary bolsa “gazet” adalgasyny dolanyşyga ymykly girizipdir. “Journal-gündelik” diýen fransuz sözünden gelip çykan, “Journal des scavants” diýen at bilen atlandyrylan ilkinji maglumat kitapçasy bolsa, 1665-nji ýylda Fransiýada neşir edilip ugranyndan soňra, adamzadyň taryhynda täze bir hünäriň – žurnalistikanyň döremeginiň başlangyjy bolupdyr.
Öz ýaşaýan Zemininiň çygryndan çykyp, külli Äleme akyl ýetirmegiň kül-külünde, barha örüsini giňeldýän adamzadyň häzirki zaman durmuşyny bolsa žurnalistlersiz, gazet-žurnalsyz, umuman köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bolmazdan göz öňüne getirmek hem mümkin däl. Sebäbi köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň biziň durmuşymyzdaky möhümligi, olaryň diňe bir adamlaryň täzelige bolan teşneligini gandyrmaga ýardam berýänliginde-de däl. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işi gönüden-göni adamlaryň öz ynam-ygtykadyna erkin eýermäge we ony erkin beýan etmäge bolan esasy hukuklarynyň hem azatlyklarynyň amala aşyrylmagy bilenem berk baglanyşykda durýar.
Mälim bolşy ýaly, bu hukuklar gönüden-göni adamyň ruhy hem döredijilik erkinligine bolan hukuklarynyň aňlatmasydyr we adamyň öz ynançlaryny wagyz etmäge, ylmy seljerişleri geçirmegiň, döredijilik we mugallymçylyk işi bilen meşgullanmagyň erkinligine, erkin saýlawlara bolan hukuklary bilen gönüden-göni arabaglanyşykda durýandyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we hereket edýän kanunçylygyna laýyklykda adamyň öz ynam-ygtykadyny erkin beýan etmäge bolan hukugy onuň gündelik durmuşynda-da, beýleki adamlar bilen dürli gatnaşyklarynda-da, ýagny onuň jemgyýetçilik durmuşynda-da ýüze çykyp bilýär. Adamyň öz pikirlerini jemgyýetçilik durmuşynda erkin beýan etmegi bolsa köp halatlarda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, esasan hem gazet-žurnallaryň kömegi bilen amala aşyrylýar. Adamlaryň öz pikirlerini, garaýyşlaryny beýan etmekde, birek-birek bilen pikir alyşmakda, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň arasyndan gazet-žurnallara has aýratyn üns bermekleri bolsa, ynsanyň ýene-de bir tebigy mahsuslygyndan gelip çykýar. Ol tebigy häsiýet hem adamyň gepläninden ýa-da hereket arkaly düşündirenden, ýazanda öz pikirini has düşnükli, has doly we çeper beýan edýänliginden ybaratdyr. Şonuň ýaly-da, Uýilýam Şekspiriň sözleri bilen aýdanyňda: „ýazgylary ýüzýyllyklar süpürip bilmez“ diýen pikiriň gadym zamanlardan bäri aňastyaňynda orun alanlygy-da adamlaryň pikirini ýazga geçirmeklige ýykgyn etmekleriniň wajyp sebäpleriniň biridir.
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň durmuşymyzdaky zerurlygynyň ýene-de bir sebäbi bolsa, žurnalistleriň biziň maglumaty toplamaklyga sarp etmeli boljak wagtymyzy tygşytlap bermekleri we bu zerurlygymyzy kanagatlandyrmak üçin iňňe bilen guýy gazmaklyga çalymdaş zähmetden bizi dyndarmaklary bilen baglydyr. Sebäbi ylmyň we tehnikanyň ösmegi bilen häzirki zaman dünýäsinde bir günüň dowamynda müňlerçe jiltlik kitaplary doldurmaga ýetjek täzelikler bolýar. Mümkinçilikleri çäkli bolan ynsan aňy bolsa ol ummasyz maglumat gorlaryny özleşdirmegiň hötdesinden gelip bilmez. Daşary ýurtly alymlaryň biriniň aýdyşy ýaly: „Häzirki zamanda, bir günüň dowamynda bolup geçýän ähli täzelikler bilen tanyşmaga dyrjaşýan adam edil, her gün, irdenden agşama çenli mähnet pili tutuşlygyna iýmäge mejbur bolýan garynja çalym edýär.“ Žurnalistler bizi şol „pili iýmegiň“ azabyndan dyndarýarlar we her gün ýurdumyz we dünýä babatda iň zerur täzelikleri jemläp, seljerip, öwrenip, gaýtadan işläp, neşire taýýarlap, gazet-žurnallaryň, telewideniýäniň, radionyň hem internetiň üsti bilen biziň dykgatymyza ýetirýärler.
Mundan başga-da žurnalistler edil ýazyjy-şahyrlar, sazandalar, heýkeltaraşlar we beýleki döredijilik adamlary ýaly, ynsanyň ruhuny baýlaşdyrýarlar, onuň sowadyny, ylmyny-bilimini artdyrýarlar, medeni-ahlak sypatlaryny kämilleşdirýärler. Çünki žurnalistiň toplaýan ilkinji maglumatlary edil büdür-südür tokga daş ýaly bir zat bolup durýar. Ony adamlar kabul eder, düşüner ýaly, özleşdirer ýaly etmek üçin bolsa žurnalist şol harsaň daşa meňzeýän maglumatyna, edil şahyryň kämil şygry düzmek üçin siňdirýän yhlasyna barabar yhlasy sarp edýär. Üstesine-de ol „daş“ zähmet bary siňdirilip, ýonulandan soňra, ondan horaşaja külbe galdyrmak ýa-da şarňyldap duran köşki-eýwany bina kylmak üçinem ýene-de ýazyjynyň çeper hyýaly-da zerur. Žurnalistiň yhlasy siňen, çeper hyýalynyň zynaty bilen nagyşlanan ymarat – maglumat bolsa gazet-žurnallaryň okyjylarynyň kalbynda bina bolýar. Netijede-de ynsan köňlüniň ýene-de bir kämil we täsin täzelik bilen gözelleşmegine getirýär.

Категория: Publisistika | Просмотров: 59 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 4
0
1  
Şular ýaly saýtlary hem muña goşup bolar-a agam, cry smile

0
2  
Edil Gurbannazaryñ døwründäkä görä seredende gazet-žurnallarymyzyñ okyjy gatlagynyñ juda pesligi zerarly... sad

0
3  
Häzirki döwürde, saýtlary goşmag-a beýle-de dursun, olary jemgyýetiň maglumat ulgamyny emele getirýän esasy düzüm bölegi diýip kesgitlemek dogry bolar. Sebäbi ýaşlar, çagalar indi "aýfon eýýamynyň adamlary", maglumaty diňe eltelefonyň üsti bilen internet arkaly almaga endik etdiler, öňki adamlar ýaly gazetden ýa-da telewizordyr-radiodan habar eşitjek bolmaýarlar. Kitaplary hem indi kagyz görnüşde däl-de elektron görnüşde okanlaryny kem görmeýärler.

0
4  
Edebiýaty wagyz etmekde, oňa adamlary imrikdirmekde-de şular ýaly saýtlaryň ähmiýeti örän wajyp. Esasy zat saýt gyzykly bolmaly. Edebiýatyň dürli žanrlaryny özünde jemlemeli.

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: