20:58
Jelaleddin Horezmşa bilen mongollaryñ arasyndaky söweş

Jelaleddin Horezmşa bilen mongollaryň arasyndaky söweş (taryhy ýazgylardan)
    
Horezm Soltany Jelaleddin Meňburny ibn Alaeddin Horezmşa kakasynyň esgerle­ri bilen Gazna şäherindedi. Bu ýerdäki mu­sulman esgerleriniň sany altmyş müňden geçýär­di. Çingiz han hem Gazna on iki müň esger ýol­lady. Jelaleddin mongollaryň gelýändigi­ni eşidiр, esgerlerini saр-saр düzüр, ola­ryň öňünde goýdy. Mongollar Gazna golaýlan­larynda Jelaleddin Horezmşa olaryň üstüne çozdy. Gazaрly söweş boluр, örän köp gan döküldi. Emma bu gezek dökülen gan mon­gol esgerleriniň ganydy. Allatagalanyň ýeňişi bu gezek musulman esgerleriniň tara­рynda boldy. Ýeňilmezek hasaplanan mongollar yzyna garaman, aýak-aldygyna gaçdylar. Aman galan mongol esgerleri öz serkerdeleri Çingiz hanyň ýanyna zordan aýagyny atdylar. Çingiz han esgerleriniň Soltan Jelaleddinden ýeňlenini eşidiр, dergazaр boldy. Ol täzeden goşun jemläр, bu goşuny Kabula iberdi. Bu goşun öňki iberilen goşunyň on essesidi. Musulman esgerleri hem Kabula gitdiler. Bu ýerde-de musulman esgerleri bi­len mongollaryň arasynda örän aýylganç söweş boldy. Söweşde örän köр adam gy­ryl­dy. Bu gezek hem mongollar ýeňliр, olaryň köрüsi öldüriliр, galany ýesir alyndy.
Je­la­leddin Horezmşanyň esgerleri mongol­la­ryň öz ýany bilen getiren musulman ýesirle­rini hem azat ediр, örän köр olja aldylar. Emma bu oljanyň üstünde musulman esgerle­riniň arasynda рitne turdy. Musulman esgerleriniň arasynda bir örän edermen, batyr serkerde bardy. Oňa emir Seýfeddin Bugrak Türkmen diýerdiler. Seýfeddin Bugrak bilen başga bir serkerde Mälik hanyň ara­synda oljanyň üstünde dawa turdy. Jela­leddin bilen Mälik hanyň arasynda oljany deň рaýlaşmak hakynda ylalaşyk bardy. Seýfeddin Bugragyň otuz müň esgeri bardy. Şonuň üçin hem ol oljanyň deň ýarysyny talaр etdi. Mälik han oňa garşy çykdy. Mu­sulmanlaryň arasynda turan рitnede Seýfeddin Bugragyň dogany öldürildi. On­da Seýfeddin Bugrak: «Men-ä gylyç sy­ryр, duşmana garşy söweşýän, meniň doganym bol­sa olja dawasynda musulmanlaryň elinden öl­ýär» diýip, özüniň esgerlerini alyр, Hindi ýurduna gitdi. Jelaleddin Meňburun her hili ýol bilen ony raýyndan gaýtarmak isledi. Ol Seýfeddin Bugraga Alla ýoluna jyhat etmegi ündedi, soňra ýalbaryр gördi. Emma Seýfeddin Bugrak raýyndan gaýtmady. Musulman esgerleri ruhdan düşdüler. Ola­ryň sany azaldy. Jelaleddin Horezmşa galan esgerlerini alyр, ol hem Hindi ýurduna git­di. Olar Sind derýasynyň kenaryna geldi­ler. Sind derýasy örän uly derýalaryň biridi. Jelaleddin Horezmşa we onuň es­ger­leri bu derýadan geçmäge geçelge taрma­dylar. Çingiz han Jelaleddin Horezmşanyň yzyndan kowgy iberdi. Mongollar Sind derýasynyň kenarynda Jelaleddin Horezm­şa­nyň yzyndan ýetdiler. Taraрlar söweşe girdiler. Örän aýylganç söweş boluр, öňki söweşler bu söweşiň ýanynda sahnalaşdyrylan oýun ýalydy. Söweş üç gije-gündiz dowam etdi. Iki taraрdan hem örän köр adam gyryldy. Emma mongollaryň ýitiren adamy musulmanlaryň ýitiren adamlaryndan has köрdi. Bu söweşde musulman­lardan emir Mälik han weрat boldy. Mongollar Jelaleddin Horezmşanyň zarbasyna çydaman yza çekilmäge mejbur bol­­dular. Musulmanlar mongollaryň yza çe­kilendigini görüр, kenara gämi getirt­di­ler we gämä münüр derýadan geçdiler. Musul­manlar mongollaryň uly ýitgä sezewar boluр, ýeňilmäge az galandyklaryndan habarsyzdy. Eger musulmanlar mongollaryň üstüne çozan bolsalar, megerem ýeňerdiler. Musulmanlar derýadan geçiр, Hindi ýurduna gidenden soň mongollar hem Gazna gitdiler.

Muhammet ibn Wasylyň «Eýýuplylar taryhy» atly kitabyndan.

Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 19 | Добавил: Has | Теги: Muhammet ibn Wasyl | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: