20:40
Jan Agam

JAN AGAM

(Şu goşgymy meniñ üçin iñ bir gadyrdan ynsan bolan kyýamatlyk doganym Bazarow Serdar Allanazar oglyna bagyşlaýaryn).

Goldap birek-biregi,
Mähre çoýýas ýüregi.
Siz ömrümüñ diregi,
Meniñ mähriban Agam.

Kyn günümde daýandym,
Arka saýdym söýendim.
Daşyñyzdan guwandym,
Meniñ mähriban Agam.

Syr alyp syr berenim,
Jandan eziz görenim.
Başyma täç ederin,
Sizi mähriban Agam.

Sensiz dünýäm gussadyr,
Sensiz göwnüm hassadyr.
Şatlygym müñ essedir,
Siziñ bilen jan Agam.

Mähirli hem pespälli,
Älemde ýokdyr taýy.
Biribaryñ serpaýy,
Sensiñ mähriban Agam.

Alhamdulillah baryña,
Doýma yok didaryña.
Köñül köşgümüñ törüne,
Bir sen mynasypsyñ Agam.

Nurberdi GOÇMEDOW.

Категория: Goşgular | Просмотров: 80 | Добавил: Can-Kurt | Теги: Nurberdi Goçmedow | Рейтинг: 3.5/4

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 2
0
1  
Gowy goşgy.
Aga deregini tutup biljek dostlar,özi dost bolmagy başarýanlara nesip edýändir.
Saňa agam ýa uýam diýýän adamlaryň gadyryny bilmeli.Olar seýrek duş gelýärler.
Seň galan wagtyň,dostlaň seni tanaýar.Ýykylan mahalyň,sen dostlaryňy tanaýaň.

0
2  
Ejemizi öz ornundan tapmasak

Ýazarlar söýgi hakda, ýazarlar sene hakda,
Ýazarlar gaýgy hakda, ýazarlar ene hakda.
Ýöne welin daş-töwerek hyň berse-de şahyrdan
Sen barada birje goşgam ýazýan ýok-la bu çakda.
Ýogsa, dogan, çagalygyň ýadyňdamy diýseler,
Doganlygyň, agalygyň ýadyňdamy diýseler,
Seniň bilen bir göwüsden emen barmy diýseler,
Seň oduňa senden beter ýanan barmy diýseler,
Ene bolsa ilkinjisi, ata bolsa ikinji,
Şolardan soň gümany ýok, seň adyňdyr tutuljak,
Onam bolsa, känem bolsa, erkek dogan sanymyz,
Ýene sensiň bir zat bolsa, hemmeden öň topuljak.
Ýa bolmasa, käte-käte küýsämizde enäni
Çaga dönüp, ýerli-ýerden öýe tarap eňýäris.
Ana, şonda öz ornundan tapmasak biz ejäni,
Ejemize meňzeşimiz - saňa bakyp oňýarys.
Aga bolup, kaka bolup, duýmasagam derdini,
Öz derdini ýeke özi çekip ýören dogansyň.
Gaty görmäň deregine, öz bagtyny unudyp,
Bize garap, bolsadylar ekip ýören dogansyň.
Aljyrama, şahyr oglan, aljyrama, goşguçy,
Ol ikimiz ýaly däldir, ýene ýarym göwündir.
Biz ýazsagam, ýazmasagam, gaty görüp ýörmez ol,
Çünki, ol bir beýik ynsan - naçar aýal dogandyr.

#Mekan

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: