11:53
IT BILEN PIŞIK

IT BILEN PIŞIK

Bile ýaşaýar,
It bilen pişik,
It-ä horlanýar,
Pişigem çişik.

Etmeli zady,
Öwredýär oňa,
Pişik myr-myrna,
It gelýär heňe.

Şeýdip agzybir,
Ýaşaýar olar,
Heý oýlan barmy,
Bu beýle bolar.

Itler pişige,
Meňzejek bolýar
Möjekler muny,
Geňlejek bolýar.

Ýöne özlerem,
Bolupdyr heňdeş,
Uwlaýar olar,
Şagala meňzeş.

Bu bar haýwana,
Ýoň bolup barýar,
Gör edenlerem,
Oň bolup barýar.

Категория: Çagalar edebiýaty | Просмотров: 35 | Добавил: Raýdaş | Теги: Allanazar Rejebow | Рейтинг: 5.0/1

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 2
1
1  
Göräýmäge ýönekeýje, emma çuň manyly goşgy.
Adamlary olarda bar häsiýetleri däl-de,dalaş edýän häsiýetleri gülkünç görkezýä.(Fransua de Larosfuko)
Adamlaryň arasynda originallardan kopiýalary kän.(Pablo Pikasso)

0
2  
Pikirlendirýä.....

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: