08:03
Indi duşsam...
INDI DUŞSAM...

"Degerli delil ýok" diýdik-de, oñduk,
Ykballar isländir hoşlaşmagymyzy.
Ýöne biz ýene-de duşuşdyk bu gün,
Wadalaşsagam hiç duşuşmazlygy.

Dideleñ kirpikleñ añyrsyndady,
Nazaryñ sowlansoñ añmadym şol gün.
Häzir birje pursat gözlerme seret,
Bir zady soraýyn gözleñden şu gün.

Soragly galypdy soñky ýatlama,
Indi bagtlymyñ aýtsana? Ýa-da...
"Hawa" diýýäñ, ýöne welin hakykat,
Gizlenmeýär göz diýilýän aýnada.

Örtenme, ýene-de özüñi horlap,
Gözleñ maña aldaw bilen bakmasyn.
(Ahmal, tapan dälsiñ başga çykalga)
Belki, şeýtseñ bagtlyñ gözlerne meñzär,
Indi duşsam bagtly günleñ ýatla sen!..

Kerim ATÇAPANOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 15 | Добавил: Raýdaş | Теги: Kerim Atçapanow | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: