21:46
Ilkinji tanyşlyk

1947-nji ýyl bolsa gerek. Tomus aýlarynyň biridigini anyk bilýän. Berdi agany şonda birinji gezek görüpdim. Tejen suw howdanyndaky ýa-da ýörgunli ady boýunça Gaňňalydaky "Tejen gurluşygy" gazetiniň redaksiýasynda işleýärdim. Gazetiň nobatdaky sany üçin bir goşgy ýazyp otyrdym.
— Daşarda, klubuň agzynda Berdi Kerbabaýew dagy dur! – diýip, gazetimiziň korrektory ylgap diýen ýaly gapydan girdi.
— Näme, näme?! Berdi Kerbabaýew! Klubuň agzynda?! – diýdim-de, syçrap daşaryk çykdym.
Olar dört-bäş adam bolup, klubuň gapysynda gürleşip durdular. Men olaryň ýanyna baryp bilmän, esli mahal köwejekläp gezdim. Klubuň gapysyna bukulyp, yşyklap hem seretdim: "Ýanyndaky adamlar tizräk başga ýere gidäýsediler!".
Şeýdip pikir edenimem şoldy welin, üç adam olardan aýryldy-da, gurluşyk uprawlenaýesiniň jaýyna tarap ýöneldi. Özi ýaly uzyn boýly, çal saçly adam bilen Berdi aga ikiçäk galdy. Men ylgap diýen ýaly olaryň ýanyna bardym:
— Berdi aga, salawmaleýkim!
— Salam, salam.
Men nämeden söze başlajagymy bilmän, hasam beter ýygryldym.
Berdi aga aljyraýanymy derrew aňdy.
— Hä, şu ýerde işleýämiň? Gurluşykdamy? Klubdamy? Kim bolarsyň?
Men redaksiýada işleýändigimi, goşgy-poşgujyk hem ýazýandygymy aýtdym. Adymyň kimdigini hem aýdyp goýberdim.
— Wiý, wiý, sen Kerimmi? Men seniň goşgularyňy okap ýörün ahbetin... Kerim bolsaň name beýdip bukdaklap aýlanyp ýörsüň?
Eýýäm ýetişen ýigit ýaly-la sen. Ertir gyzlar bilen nädip gepleşjek?
Berdi aga meniň goşgularymy okaýandyr, adym oňa tanyşdyr diýip kelläme-de gelenokdy. Ol bolsa diňe tanyş hem däl, azda-kände meniň ykbalym bilen hem gyzyklanmak üçin gelen eken. – Sen Aşgabatda geçirilýän ýaş ýazyjylaryň seminaryna gatnaşmaýarmyşyň.
Çagyrsak-da gelenok diýip aýtdylar. Ýa-da ýol uzak bolýarmy?
Men ýol uzak bolsa-da seminara baryp biljekdigimi, ýöne bu ýeriň redaksiýasynda işiň örän köpdügini, diňe üç adam bolup gazet çykarýandygymyzy, işden sypynyp bolmaýandygyny aýtdym.
Ol dymdy. Soňra bolsa diňe iki sözi aýdyp, meniň bilen hoşlaşdy:
— Hemmesi düzeler.
Şondan soň salym geçmänkä meni partiýanyň Tejen raýon komitetine çagyrdylar. Birinji sekretar meni hoşgylawlyk bilen kabul etdi: "Seni "Tejen gurluşygy" gazetinden bärik "Zarpçy" gazetiniň redaksiýasyna
işe geçirýäris. Arkaýyn ýazyber. Döredijiligiň üçin hemme şertler dörederis..."
Men Berdi agadan ýetendigini derrew aňdym. Sekretar hem ony gizläp durmady: "Arada Berdi Kerbabaýew gelip gitdi. Haýyş etdi. Biz onuň
haýyşyny kanagatlandyrmagy karar etdik. Näme haýyşyň bolsa, ýüz tutup dur!.."
Ine, Türkmeniň uly ogly, halkymyzyň guwanjy Berdi Kerbabaýew bilen ilkinji tanyşlygym şondan başlanypdy.

Kerim Gurbannepesow 1984 ýyl.

Категория: Ýatlamalar | Просмотров: 83 | Добавил: Gurban_aga | Теги: Kerim Gurbannepesow | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: