08:00
Ilden kem galmazlyk / makala

Hakykatdanam biziň durmuşymyzyň, biziň durmuşda özümizi alyp barşymyzyň 99 göterimini diýen ýaly, şu düşünje kesgitleýär. Çagalykdan başlap tä amanadymyzy tabşyrýançak ýa-da halys garrap, bu pany dünýäniň ähli zadyna biparh garap başlaýançak biz ilden kem galmazlyga ymtylýarys. Ilki, ýaňy ýörjen-ýörjen çaga döwrümiz öz doganjyklarymyzdan, goňşularyň özümiz ýalylaryndan kem galmajak bolup, güýjümiz ýetse-ýetmese olar bilen deň ylgaşmaga, çarp urmaga, gemrişmäge, basalaşmaga çalyşýarys. Soň mekdepde ilkibada öz deňdeşlerimizden okuw okamakda, harplygy öwrenmekde, sanlary bilmekde, goşgy ýat tutmakda, surat çekmekde kem galmajak bolup, yhlaslylykdan ýaňa dilimizi çykaryp sowat öwrenýäris. Soňra 5-6-njy synpa geçenimizden soň özümiz ýalylaryň arasyndan bir-iki sany has bezzadragy tapylyp, barymyza şol garagolluk keselini ýokaşdyrandan soň okuw okamazlykda, mugallymyň diýenini etmezlikde, mekdepden, sapaklardan gaçmakda, umuman garagollukda kem galmajak bolup başlaýarys.
Soň wagt geçýär, eýýäm ýaşy on bäş – on alta ýetip, “gyzlar bolýar hyýalyň”, onsoň “söýüşmekde”, gyzlary “yrmakda”, olar bilen “gezmekde” ýaşytdaşlarymyzdan kem galmajak bolup çytraşýarys. Şol syrly, bu dünýäniň däl-de başga bir, has gyzykly, has täsin, has jadyly bolan dünýäniň, özüňizden has ajaýyp ýaşaýjylaryna ýaranmak üçinem sen ýene-de ilden kem galman geýinmeli, ilden kem galman aýdym-saz diňlemeli, aýfonyň bolmaly, syrlaşyp duran dar jalbar-jinsi geýmeli (munuň ýaly jalbar arrykdan gelen şilliň uzyn sypatyňa gowy gelişýärem), saçyňy başardygyňdan ösdürmeli, başardygyňdan sakgalsapyň (bakenleriň) agzyňa girjek bolup durmaly, ilden kem galmajak bolup, ýuwandan-ýuwan, kilçikden-kilçik geplemeli, “çotga, çyra, lampa, waňk, güň, şetdaly…” diýen ýaly hakyky manysy düýbünden başga bolan ýoňsözleri (moda) köpräk ulanmaly… umuman ilden kem galmajak bolsaň etmeli işiň juda kän… Sen gaty delowoý…
Soň wagt geçýär, harby gullukdan gelýärsiň, eýýäm öňki durmuşda öz öňüňde goýan “pellehanalaryň, çelgileriň” üýtgeýär. Indi sen ilden kem galmajak bolsaň, gowy işiň, gowy hünäriň bolmaly, başarsaň özbaşyňa ulagyň bolmaly, olam arzanragy däl-de gymmadragy, soň öýlenmeli. Ilden kem galmajak bolsaň toýuňam iň gymmat restoranda, tutuşlygyna iki ýarym sagatlap, gaty, biçak uzak wagtlap hoş owazy bilen fonogrammanyň astynda aýdym aýdyp halky güýmäp berýän aňrybaşy gymmat bagşyly geçmeli. Bu zatlary üpjün etmek üçinem, ataň-eneň, doganlaryň, üstesine özüňem olara aýtman bergi-borç baryny edeniňiz bolsa, hiç, toýdan soň berginiň aşagyndan çykmak üçin tutuş maşgalaňyz bolup birnäçe ýyl zähmet çekmelidigiňiz hem şetdaly. Esasy zat ilden kem galmasaň bolýar.
Maşgalaly bolanyňdan soň-a ol ilden kem galmazlyk keseli hasam güýjeýär. Ilden kem galmazlyk üçin, mümkinçiligiň bolsa-bolmasa ýaşaýan jaýyň otag sany köp bolmaly, içi gymmatbaha goşdan doly bolmaly, azyndan bäş sany telewizoryň, üç sany holodilnigiň, dört sany kondisioneriň, alty sany elektrik tok pejiň, iki sany kompýuteriň bolmaly. Ryzkyň açylyp ýagdaýyň gowurak bolsa-ha, onda, bu-u-u-uw, näme, dünýä iki gezek gelýärsiňmi, hözirini bir gör ahyry, hökman aýalyň-a sany näçe köp bolsa ýagşy…Magtymgulydan gowy bilýän dälsiň, olam: “Iýip-içip, münüp-guçup, öt ýagşy” diýipdir, şonuň üçinem, dawaý, bas, sapy çykýança…Ýagdaýyň barmy? Başga zada üns bermek nämä gerek?!
Ine, şeýle dünýägaraýyş bilenem biziň aglaba köpümiz ýaşaýarys. Dogry, ile görä bolmak erbet zat däl. Ata-babalarymyz aýdypdyrlar: “Il bilen gelen toýda baýram” diýip. Ýöne at-abraýda, hünärlilikde, ile peýda berip ýagşylyk etmekde, arassalykda we beýleki gowulyklarda iliň naýbaşy adamlary bilen deňleşjek bolman, sähel pursatda ýeliň demine düşen peşmek ýaly sowrulyp gidýän maddy gymmatlyklar babatda, ýalan şöhrat babatda, hakykatdanam baý bolmak däl-de baýsyramak babatda, özüň ýaly haýsydyr bir zat-“syraýan” bilen deňleşjek bolup dyzap, gül ömrüňi tozan edip üfläp ýörmek dogrumyka?!

Категория: Jemgyýetçilik tankydy | Просмотров: 90 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 15
0
1  
@Bagabat,il arasynda mundan has uly mesele bar.Ýagny ilden artyk,üýtgeşik boljak bolmak meselesi...

0
2  
@Gumlygelin, adamlaryň aglaba köpüsinde psihologlaryň "комплекс неполноценности" diýip atlandyrylýan ruhy-emosional ýagdaýy bolýar. Onsoň şonuň ýaly ruhy-emosional ýagdaýly adamlar özlerinde bar bolan ýa-da bardyr öýdýän kemçilikleriniň öwezini başga bir artykmaçlyklar bilen dolmaga ymtylýarlar. Mysal üçin, ol birnäçe sylaglara mynasyp bolan sport türgeni, men dogry, saglygym gowşakdygy sebäpli (hakykatda barypýatan ýaltadygy üçin) sport bilen meşgullanyp bilmeýärin, emma men pul gazanyp bilýärin, meniň gymmatbaha ulagym, iki sany jaýym bar, onuňky bolsa ýok, ol görmegeý men bolsa köp okaýaryn, şonuň üçinem akylly, ol akylly hem görmegeý diýip ykrar edýärler, emma oňa derek meniň iki sany gymmatbaha, modanyň iň soňky haýkylygy (ýa-da çykylygy) bolan köýnegim bar. Ol ýokary bilimli, zato (oňa derek) men diplomym bolmasa-da taryhy gowy bilýärin. Ol akylly, baý, wezipeli, görmegeý, zato (oňa derek) onuň aýalynyň agramy 200 kile (kilogram) meniňki bolsa bary-ýogy 99 kilejik  biggrin  Umuman, "ýoly kändir, aly kändir haýynyň"...

0
3  
@Bagabat, siz bn sorag-jogap alyşmak mumkin bolsa gailinizi goyayyn shutak? geçen makalarda ubsumi cekdiniz

0
4  
@Bagabat sag boluñ dogan.Siziñ durmuş hakdaky ýazgylarñyzy okasam öz añymdan syzylyp çykan ýaly duýgylary başdan geçirýän.Dogrusy aýtmaga söz tapamok.

0
5  
Ilden kem galmajak bolup ylgaýan wagtymyz ömrümiziñ iñ ajaýyp günlerniñ deñinden ylgap geçýänimizi duýmaýas.
Şoñ üçinem beýikleñ yzyndan ylgaman,özümizden has pes adamlañ bardygy hakda oýlanyp günümize şükür edip ýaşamak nesip etsin.

0
6  
@Gumlygelin, ýagşy sözleriňiz üçin minnetdar. Bu we beýleki durmuşyň käbir ýagdaýlary hakyndaky pikir ýöretmeler nähilidir bir üýtgeşik, original oýlanmalardyr diýip hasap etmeýärin. Ýöne Akbar şanyň parasatly weziri Birbalyň aýdyşy ýaly: "hemme akylly adamlar birmeňzeş pikir edýärler".

0
7  
@Kimdir biri, bagyşla, hondanbärisiremek diýip kabul etmegiň hem mümkin, ýöne nähili sowalyň bolsa şu saýtda şahsy hat ýazmak arkaly ugratsaň, başardygymdan jogap bererdim, sorag-jogap alyşmak bolsa aňsat bolardy.

0
8  
Akgam, @kimdir biriler saýta agza bolmasa şahsa hat ýazyp bilmez, ýa-da anonimden ýazyp hakykatdanam taryñyza kakyp görmek isleýär biggrin

0
9  
Saýtyñ şüweleñini artdyrýan aktual makalalaryñ ü.n welin, sag bol agam.

0
10  
@Has, meniň üçin-ä tapawudy ýok, ýüregi arassa her bir adam bilen gürrüňdeşlige taýýar. Ýüregi hapa adamam öz pälinden özi tapar.

0
11  
Onsoňam mugallymlarymyzyň biri: "Siz jemgyýetde ýaşap, hiç haçanam ondan üzňe bolup bilmersiňiz, her günde, her minutda, hatda hiç hili hereket etmän uklap ýatyrkaňyz hem iň bolmanda öz hereketsizligiňiz bilen jemgyýetiň beýleki agzalary bilen gatnaşyga girýärsiňiz. Şol gatnaşyklarda-da men size bir zat aýdaýyn, köphormatly talyplar, jedelleşip bilersiňiz, sögüşip bilersiňiz, dawalaşyp bilersiňiz, emma bir zady welin hiç haçan etmäň! Üç sany kodeksiň kadalaryn-a bozmaň, ýekeje-de ýazylmadyk adamkärçilik kadasyna-da gollanyň" diýerdi. Soňam bozmaly däl kodeksleri sanardy: Jenaýat kodeksi, Administratiw kodeks, Raýat kodeksi. Adamkärçilik kadasy bolsa "uruş-sögüş, ýöne ýaraşmaga ýer goý" diýerdi.

0
12  
Parasatly pikir. Iňňän baý durmuşy tejribeden gelip çykýar.

0
13  
Eger dünýede ösüş bar bolsa oda bäsdeşligiň hasabynadyr diýerdi daýym...

0
14  
ýöne bu makaladaky ýaly juda ownuk bäsdeşlik däl-de has ulurak mslm, biznes diňe konkurensiýanyň hasabyna ösýä ýa bolmasa uludan uly ylmy açyşlar bäsdeşligiň miwesi

0
15  
@Ashyr Sapar dogry belleýärsiň. "Инстинкт доминирования" az-da-kän-de hyjuwy hem zehini bolan her bir şahsyýetde bar. Ýöne geçen asyrda Patyşa Russiýasynyň ofiserleri bu duýgy, ambisiýalar, şöhratparazlyk, özgelerden tapawutly bolmak barada şeýle belläpdirler: "Ambisiýa ofiser üçin erkeklik jyns agzasy ýaly bir zatdyr. Onsuz-a erkek kişi ýok, ýöne şol bir wagtda-da ony hemme ýerde-de sereşläp ýörmegem bolmaýar"  biggrin

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: