11:59
Ilçilikde bolaýýar...
Göz gara, kirpik gara,
Gaş gara, ah, saç gara...
...Şu gün biziň köçämizden,
Gatnady bir masgara.

Gatnady, baý, gatnady,
Gaýtmady, baý, gaýtmady.
Agalarym soranda-da,
Sebäbini aýtmady.

Gep indi, wah gep indi,
Gep indi ol "Opelli"
Şu gün biziň köçämizde,
Agalarym köpeldi.

Göni aýdyň-a, göni aýdyň,
Göni aýtmadym, güläýdim.
Agalarma penjireden,
Gülen bolup öläýdim.

Arkadan jigim geldi,
Almalar tigirlendi.
Goşalanan ýüregim
Ah, ýene-de birlendi.

Gotazjygam pyrlanmaz-a,
Seçekleri gyrlansoň...
...Ýeser ýigdiň gitmesi, nä?!
Kesirje gyz yrlansoň...

Laçyn PÜRJÄÝEWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 30 | Добавил: Gökböri | Теги: Laçyn Pürjäýewa | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 2
0
1  
Beh

0
2  
Dusunmedim

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: