21:53
IKI ŞYGYR
HORMATLY PRIZDENTIMIZ.

Arkaýyn ýaşaýas, ýatýas arkaýyn,
Dünýäň bagty çüwen raýatdyrys biz!
Munyň üçin hiç ýadaman işleýär,
Görelde Hormatly Prezidentimiz.

Watan "rowaçlygyň" ýylyna gelip,
Toýlarmyzy baýram edýär ilimiz!
Munuň üçin hiç ýadaman işleýär,
Ýörelge Hormatly Prezidentimiz.

Ak merkeziň aklygyndan paý alyp,
Hiç galmady alada ýa derdimiz.
Munyň üçin hiç ýadaman işleýär,
Görelde Hormatly Prezidentimiz.
Şonyň üçin bagtlydyr ilimiz,
Şonuň üçin alkyş aýdar dilimiz...

EJEMJAN HEM KAKAMJAN

Gözüm açyp görenim,
Ejemjan hem kakamjan.
Ähli zadyň seresi
Dermany siz göz damjaň.

Elim tutup ýöreden,
Ejemjan hem kakamjan.
Derdim uzakdan duýup,
Ilki ýüregi ajan.

Ulaldyp adam eden,
Ejemjan hem kakamjan.
Il alkyşyny alaryn,
Hiç galmaryn basyp çaň.

Size başym egikdir,
Ejemjan hem kakamjan.
Hiç ýüzüňiz utanmaz,
Bu ýürege berip jan.

✍Amangözel Gurbanowa
Категория: Goşgular | Просмотров: 24 | Добавил: ahallydan | Теги: Amangözel Gurbanowa | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: