16:01
IKI JIGIME MASLAHAT

IKI JIGIME MASLAHAT

Owal ahyr bu dünýäde,
Maňlaýyňyz çüwen bolsun!
Dogan diýiň ýakyn ýa:da,
Kömegiňiz degen bolsun!

Çuň derýada ýüzüň mäkäm,
Gürläp ýörmäň artykmaç, kän,
Öňünde sen dogran käbäň,
Gara başyň eglen bolsun!

Bu durmuşdyr, kösenersiň,
Şeýde-şeýde öwrenersiň,
Wagty gelse öýlenersiň,
Ojagyna berlen bolsun!

Garamagyn tapawutsyz,
Düşek bolmaz hiç pamyksyz,
Diýdirmegin hiç akylsyz,
Akyl başda gelen bolsun!

Gyz jigim meň ýeke täksiň,
Melek ýaly di:ne päksiň,
Oglan jigim öýde çäksiň,
Allam sizi ýalkan bolsun!

✍Amangözel Gurbanowa

Категория: Goşgular | Просмотров: 48 | Добавил: ahallydan | Теги: Amangözel Gurbanowa | Рейтинг: 4.0/1

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: