06:07
Iki alma hakda abstrakt goşgy
Iki alma hakda abstrakt goşgy

Aşyk ýigit arman bilen ölmesin,
Dyndar bizi bu dowzahy ezýetden.
Howenäniň hödür eden almasyn,
Dadan Adam jyda düşdi jennetden?!

Niçik döz gelerin, çydaryn nädip,
Gysymyma gysyp goşa mämäňi?
Şol ajaýyp goşa almadan dadyp,
Jennetden zemine düşmedik barmy?!

Meniň-de paýyma iki nar düşdi,
Birisinden dadyp jennetden jyda.
Ikinjisin ogşap uçmahdan daşda,
Zeminiň üstünde bolaryn pida.

Goşa alma- ajal meniň boýnumda,
Kaza bolmaý ýer tapaýyn goýnuňda.

***

Asmanda Aý alma ýaly enaýy,
Akar suw ýüzüne suraty düşýär.
Buldurapjyk duran asmanyň Aýy,
Derýanyň ýüzünde täsin ýaraşýar.

Meň ýüregim seniň köňül derýaňa,
Al asmandan surat bolup düşüpdir.
Agşam şapagynda uçan perwana,
Meniň arzuwlarma umyt goşupdyr.

Seni gökde görüp kalbym tolgunar,,
Hemem çaý ýüzünde synlap bu gije.
Dolan Aýy oýnar durar tolkunlar,
Akdyryp äidip bilmeýär hijem

■ Dilberim

Didelem ýoluňda intizar etdiň,
Biziň ýana dolanmazmyň dilberim!
Täleý tupanynda daşlara gitdiň,
Biziň ýana dolanmazmyň dilberim!

Şol däli duýgular badymy alyp,
Ýakdy meni hijran oduna salyp,
Şol geçen günleri ýadyňa salyp,
Biziň ýana dolanmazmyň dilberim!

Sensiz yssy dünýäm galypdyr sowap,
Oňa derek kalbym bolupdyr kebap.
Yşga teşnelikden gül lebleň kepäp,
Biziň ýana dolanmazmyň dilberim!

Aýralykda galdym hallarym harap,
Ýolaýyrtda durdum ýollaryň garap,
Şol gülli öýmäňi başyňa orap,
Biziň ýana dolanmazmyň dilberim!

Bir söz üzre gitdiň ýardan öýkeläp,
Gam-hesreti çekip bormy arkalap?
Tapyp bir bahana, tapyp bir sebäp,
Biziň ýana dolanmazmyň dilberim!

■ Durmuş söýgi ýoly bilen, seniň bilen

Gel, men seni gujagymda göterip,
Äkideýin deňiz ysly sährama.
Bolsa bolsun daşly ýollaň köteli,
Gözlerim gamaşyp seniň şöhläňe,

Gyýçak-gyýçak ol daşlary görmerin,
Duýmaryn aýagma batan awusyn.
Bile ýörseň giň kalbyma nur berip,
Güneşiniň aşagynda awgustyň.

Pyrlana-pyrlana bagtdan püre-pür,
Ýaýlamyzda gyzyl gülleň içinde,
Gussaly güýz hakda etmeris pikir,
Kötel ýollar başymyzdan geçende.

Görsene, älemiň iň uzak ýoly,
Edil dört ädimde geçilen ýaly.

■ Suwperi

Türkmen gözeliniň
Päkligi hakda,
Rowaýat eşitdim
Alys-uzakda.

...Bägüller açylyp,
Baglar güllände,
Bahar gülüp,
Gyş ýüzüni sallanda.

Gül şahada,
Şeýda bilbil saýrap dur,
Çolagüzer,
Garagöz gyz,
Gözlerini çar tarapa aýlap dur.

Töweregne bakýar,
Bakýar asmana,
Gyz güzere geldi
Suwa düşmäge.

Soňam herýan garap
Ýaýdanyp durdy.
Ejep bilen
Ketenisin çykardy.

Mermer bedenli gyz
Meňzeşdi guwa.
Emaý bilen ädip
Girende suwa.

Suw ýüzünde herýan
Gulaçlap ýüzdi,
Akar suw gül gyzyň,
Zülplerin ezdi.

Soňra suw içinde
Saçlaryn bogdy.
Tiziräk bu ýerden
Gitmekçi boldy.

Birdenem gyz
Töweregine seretdi.
-Waý, eje-diýdi-de,
Gül ýüzün tutdy.

Gözleri kenarda
Tapanok geýmin,
Eli bilen ýapýar
Gül göwsün, egnin.

Sebäbi kenarda
Otyrdy kezzap,
Gyzyň eşiklernem
Goýupdy gizläp.

Gyz ýuwaş sözledi:
-Git, sen bu ýerden.
Meni günüme goý,
Bizar men senden.

A, bihaýa kezzap
Ýakymsyz güldi.
Gara gözli gözel
Saralyp soldy.

Soň kezzap diýipdir:
-Sözümi alsaň
Köýnegiň bereýin,
Aýalym bolsaň.

Bolmasa-da näme...-
Güküpdir kezzap.
-Duruber sowuk suwuň
Içinde derläp.

Haly harap gözel,
Kezzaba bakyp.
Şumgüzerde gözden
Ajy ýaş döküp.

Göge seredipdir,
Namys edip kän.
Taňra ýalbarypdyr,
Nalyş edip kän.

-Ömrüm ötüreýin
Ah bilen zarda,
Ýöne häzir meni
Berme namarda.

Taňry bolsa
Gyzyň islegna görä,
Gözel gyzy
Öwrenmişin suwperä...

Meniň rowaýatym
Şu ýerde tamam.
Gyzyň mertligne hem
Haýran men haýran.

■ Güýzdäki düýş

Gülüp garap gözlermiň ýaşyna
Çyn söýgä biperwaý bakan aýperim,
Gözýaş dökdüň girdiň-de meň düýşüme.
Güýz gijesi nämüçindir sen gamgyn

Gussaly nazaryň birýana dikip,
Gözýaşly gözleriň süzüp otyrsyň.
Sessiz aglap, bir zat üçin dert çekip,
Meniňem bagrymy ezip otyrsyň.

Gözýaşlaryň dür-merjeniň dänesi,
Ýyldyz dideleňden syrykdy durdy.
Näzik kalbyň gör kimlerden kineli,
Azaplary bolsa täk maňa berdi.

Gözüm açdym...
Gaýyp bolduň gözümden,
Gaýyp bolan ýaly baky-müdimi.
Turup penjireden syrsam tutyny,
Sary baglaň arasyndan...
Sen birden...

Bu ne gudrat, görünýärsiň gözüme,
Belki geçmiş bolup galmanyň üçin.
Men gündizler aglap ýörün gör, ine,
Bir gije düýşümde aglanyň üçin.

■ Arzuw

Gözleriň söýginiň çuň deňzi ýaly,
Daşgyny yşk, gaýtgynynda gam doly.
Meni hesret tupanynda gark etjek,
Soňy gelmez arzuwlaryň wysaly,
Bilemok, gör haçan myrada eltjek.
Belki-de aýralyk pyraga eltjek.

Seniň deňiz ýaly püre-pür gözleň,
Meniň bagtym ýaly garadyr gözleň,
Şol gözleri unutmaga taýyn men,
Ynjytmaga weli hiç haçan dözmen.
Şol gözleriň garasyndan-agyndan,
Dert çekmäge elmydama taýyn men.

■ Aýdymym sen...

Aýdymym sen-ýüregime sygmadyk,
Söwdügim sen söýülenin duýmadyk,
Wadasynda, wepasynda durmadyk,
Garamyk gözleri gaharly dilber?!

Ýadyňa-oýuňa düşmejek zatdyr,
Ýürege sygmadyk ýürege ýatdyr,
Kalbym gowagynda ýakylan otdyr,
Garamyk gözleri heserli dilber?!

Nädeýin gözleriň gaharly bolsa,
Ýyldyryma dönüp çakarly bolsa,
Meniň garyp göwnüm ýykarly bolsa,
Gözleriň gylyç deý çaparly dilber?!

Wadalaryň hany, sözleriň hany,
Düýşde durmuşymda, gündiziň güni,
Aldama garagöz, aldama meni,
Ýa dideleň şeýle mekirmi dilber?!

Söýmeseň goý, ýüregimi gynama,
Gözleriňden gözýaş dökme, aglama.
Gussa bolup, gaýgy bolup düýnüme,
Gara gözleň hesret çekermi dilber?!

***

Seň üçin bagrymy ezip gezerin.
Duýgularmam umman ýaly gözýetmez.
Men bir şu şygrymy ýazyp goýaýyn,
Çap bolmasa bolmasyn ol gazetde.

Seň waspyňy etsem sada sözlerim,
Gymmatyn artdyrar altyn-kümüş dek.
Meni serhoş edýär bada gözleriň,
Hem hoş ýakýar bile oýnap-gülüşmek.

Onsoň yşkdan ýaňa köýük ýüregim,
Köňlüm, janym, durkum teselli tapar.
Belki-de maralym, duýup geregim,
Öňümden bir käse heselli çykar.

Maňa bolsa şondan başga hiç bir zat,
Bu jahanda hiç bir närse gerek däl.
Maňa seniň gara gözleň güýç berýär,
Daşym gurşan hossalara seretmän...

■ Guşum

Men bir bilbil, säher saýran,
Sen ukudan oýan guşum.
Aşyk köňlüm edip weýran,
Gyrmyzy gül geýen guşum.

Bägüller otyr gunçalap,
Ýagyşlar ýagýar damjalap,
Meniň ýüregmi penjeläp,
Ganatyny ýaýan guşum.

Gussalar düşse dert bolup,
Çekip gezmäge mert bolup,
Kösenip, gara-ört bolup,
Men bir kül dek köýem, guşum.

Bagtdan aglap ýa-da gülüp,
Şahyr kalbym oda salyp,
Bahar gülün ýada salyp,
Säher ýelin söýen guşum.

Joraň bilen seýle çyksaň,
Meni mežnun eýlejeksiň,
Aýlar-ýyllar şeýle çakgan,
Dur, bir salym daýan guşum.

■ Sogan dograýan gyz

Gelnaljy geçip gitdi,
Bu darajyk köçeden.
Ol gözel gyz seretdi,
Aýnadan, penjireden.

Elindäki iňňesin-
Gaýmasyny taşlady,
Aşhanadan getirip,
Sogan dograp başlady.
Ýeke özi oturyp,
Ýaman ýyglap başlady.

Öýlenýän ýigit oňa
Söýýän diýip ýörüpdi,
Gyz bolsa ynaýardy
Ýüregini beripdi.
Gijeler şol oglany,
Düýşlerinde görüpdi.

Bu gün bolsa şol oglan,
Ine, şeýle toý tutdy.
Gyzyň hem köçesinden,
Gelnaljy geçip gitdi.

Dosty-ýary şat bolup,
Ýygnanyp il-obasy.
Öýlenýärdi, alýardy,
Söýen gyzyň jorasyn.

Toý güni şemally gün,
Ýüregim azar bu gün,
Wah, bolup döwüm-döwüm,
Aglaýar ýarymgöwün.

Neýlesin gyz, neýlesin?1
Baryň aýdyň aglamasyn!

Söýgüsi köýen gözel,
Gözlerini ýaşlaýar.
Dözmän ýürek derdine,
Gül leblerin dişleýär,
Aglaýanyn bildirmän,
Sogan dograp başlaýar.

■ Gyzdan haýyş

Läläm, seniň gözleriňe bakaýyn,
Gözleriňde öz keşbiňi tapaýyn,
Hiç wagt syrkowlama, saralyp-solma,
Gamgyn bolma, men derdiňi çekeýin.

Läläm, seniň gözleriňe bakaýyn,
Gözleriňde bagt kölüne bataýyn,
Ýeteýin ýanyňa şemal mysaly,
Ýok bolmasa gam öýünde ýataýyn.

Läläm, seniň gözleriňe bakaýyn,
Soňra bägül gabagyňdan öpeýin,
Irde-giçde saňa dert boljak bolsam,
Gözleriňden gözýaş bolup akaýyn.

Läläm,seniň gözleriňe bakaýyn,
Ýatyp bilmän ýap boýuna çykaýyn,
Ikimiziň birwagt duran ýermize,
Bagyň aşagyna bägül ekeýin.

Läläm, seniň gözleriňe bakaýyn,
Bimahal çag penjiräňiz kakaýyn,
Agşamara gar tozgalap başlanda,
Gelersiň diýp kijijik ot ýakaýyn.

■ Gyz howsalasy

Pyşyrdaýar gyz:
-Git-diýýärdi-Tiz!
Wah, şeýlebir eziz
Garagol oglan.
Diňe düýşlerimde gorkma-da gel, gir,
Ýogsa maňlaýlarmyz gara bor oglan.

Gündizlerne gelme, gijelerne gel,
Gijelerine hem diňe düýşümde.
Akyl-huşum aldyň ýaşlygymdan sen,
On alty ýaşymda, ýok, onbäşimde

Öýmüziň daşynda, töwereginde,
Bir zat syzyp ýören doganlarym bar.
Garaşyp ýör olar hanjar elinde,
Meger saňa ölüm, maňa zulum bar.

Asmana baksam-a, hon-ha, Ýedigen,
Zemine çyksam-da, wah, ýedi dogan,
Garaňky gije, eý, aşyk oglan,
Dolan aşyk oglan, yzyňa dolan».

Näderini bilmän garagözli gyz,
Penjireden bakýar, gapydan çykýar.
Agalarym taýyp ýykylsyn diýip,
Bosagaň öňüne kir suwyn dökýär.

Wah, akylly gözel ederin bilýär,
Ýöne edil şu wagt saralyp-solýar,
Sebäp onuň söýýän garyp oglany,
Hiç zatdan hedersiz ýanyna gelýär.

Bukjasyny aldy oýlanansoň kän,
Doglan öýüniň-de gapysyn çekdi.
Hem hiç zatdan gorkman gelýän oglanyň,
Söýgüli ýarynyň ýoluna çykdy.

■ Soňky söz

Men seniň ýanyňa barjakdym gülüm,
Agyr-ýeňil ýollaň baryny geçip.
Seň ýanyňda bolup,
Oýnap hem gülüp,
Gitjekdim men bagtdan guş deýin uçup.

Indi bolan işe hiç bir çäre ýok,
Diýibem bilemok sen maňa düşün.
Men-ä ajy gepi ýuwdup bilemok,
Senem başararsyň öýdemok guşum.

Kän bile ýaşadyk arzuw-hyýalda,
Bile bolmalydyk Hudaý goldasa.
Alaç tapyp garaşaňda şu ýolda,
Men saňa ýeterdim nädip bolsa-da.

Sylapberdi MUHAMOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 13 | Добавил: Garadag | Теги: Sylapberdi Muhamow | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: