15:28
Hyýalbentler / hekaýa
…Howly…
…Uzak taryha şaýat, maýryk derweze, diňe eýesinden däl, bütin dünýädenem nadyl ýaly gapdallygyna gyşaryp, çagşap ýatyr…
…Owadan arzuwlar kimin ajaýyp bägüller, derwezeden jaýyň işigine çenli eltýän beton ýodajygyň iki gyrasyny bezeýär…
…Derwezäniň öňünde keserip duran gymmatbaha ulagdan düşen bezemen geýnüwli, orta ýaşlaryndaky pyýada, çar-töweregine eýemsek nazar oklap, ýodanyň ugry bilen her ýerden bir ätmerleşdirip barýar.
-Habarlaş-how! Bi mellekde adam tohumyndan diri jemende bamysyň-how?!
Daşy suwagsyz bolandygy zerarly örülen kerpijiniňdir-laýynyň iç-goşy görnüp duran, köne plan jaýyň işigi närazy jygyldy bilen açyldy-da, aňyrsyndan burnunyň ornuna şugundyr oturdylana çalymdaş, mazaly çalaran hüžžük saçly kelle göründi. Güp ýaly çişen ýüzünde deriň deşigine dönen gözlerini ýumjuklatdy-da, öňünde durana çiňerilip, siňe-siňe seretdi. Tanady. Düýbünden ýagtylasy gelmeýändigi mese-mälim bildirip duran, ýöne üsti gapyl basylandygy sebäpli ýagtylmaga mejbur bolan keşbi, zoraýakdan ýazyldy. Nurlandy. Ýa-da nurlanýandyryn öýtdi.
Begenýäniňem aňrybaşysydygy göz-görtele äheňde, “gorkan öňürderine” tutdurýana çalymdaşlykda:
-Oh-how! Hojaýyn ini?! Bun-erte özümjik, elinjek ýanyňa baryp-gaýtmaga şaýlanyp otyrkam, özüňjik elinjek, bi bigadyr akgaň ýanna gelip galaýdyňmy?!-diýişdirip, sarnaşdyryp başlady.
Epeý pyýada söhbetdeşiniň ýüzüne däl-de hüžžük saçlaryna çala göz aýlady-da, göwnüýetmezçilik bilen dodagyny çöwürdi. Seňrigini ýygryp, dil ýaranda her bir sözi dişinden syzdyrdy:
-Akgam, hany öten hepde ofise baryp, pul alyp gaýdaňda: “Aňyrsy üç güne ýetirmän hereketlendirijiň mysaly nusgasy taýýar bolýar. Dynnym ýalyjak işim galdy. Onnoň hemme zat “Wo!” bolýa. Gömülýäs ikimizem puluň aşagynda!” diýip başam barmagyňy çommaldypdyň-a?! Ondan bärem-ä “üç günüň” yzly-yzyna ikisi geçip, üçünjisi ahyrlaberenem bolsa, biz-ä senden “Wo!” bolan zady görmän galdyk. Hä?! Akgam?!
Hüžžüksaç öý eýesiniň bir ýerlerine ot ýapyşana dönäýdi. Jozzuk keşbi gapynyň aňyrsynda dessine sumat boldy-da, “bir” diýip sanap başlanyňdan soň “iki-üç-dört...” diýip yzyny dowam etdirmän, üstaşyr böküp geçäkge, göni “on” diýen ýaly, göz açyp-ýumasy salymdanam çalt, atylyp yzyna çykdy. Egnine-de orus bilen nemisiň birinji sene-menesinem gören bolmagy gaty ähtimal, raritet penjegini, birmahalky ak reňki sary öwüşgine boýalan, köne maýkasynyň üstünden ýelbegeý atynypdyr.
-Weh! Hojaýyn inisi?! Bi nägileligiň neneňsi-how?! Bi özüň ýaly merdi-merdana hojaýyn inilere gelişjek zat dä-how, bi aýdyp-diýip-goýup oturanlaň?! Sen-how, hojaýyn inim-how, özüň ýaly mundan buýankylara garanyňda bijaýyňam barypýatan düşünjelisi dämi nä-how?! Bizä-how: “Kim akmak düşünmese-de, şü hojaýyn inijigimiz-ä, biziňler ýaly döredijilik adamsynyň halyna-ýagdaýyna, päline-pyglyna gaty, öte-beter, ýaman, erbet gowy aklyny ýetirmegiň hötdesinden geler-le” diýip arkaýyn bolan bolup ýörendiris!-diýişdirdi-de, epeý pyýadanyň goltugyna girdi:-Özüňňem şü mahal düşünip aňyrsyna geçip ýatyrsyňa-how! Bi täze zady derrew-derrewden bahym oýlap tapakga, bada-badam ýasaşdyryp goýberip bolmaýandygyny! Özem ýöne-möne, hol, uly iliň çep elinden gelýän traktyr, tank ýa-da atom bombasy däl-de, ebedi hereketlendiriji ýaly hiç hili ýangyçsyz-beýlekisiz, hiç hili elektrik tok, şemal, suwuň akymy, gün şöhlesi ýaly energiýa çeşmesiz, öz-özünden işläp duran, üýtgeşik bir zady! Göz öňüňe getir, şonuň ýaly ajap-üýtgeşik hereketlendiriji! Hiç hili çykdajysyz-ýangyçsyz, öz-özünden işläp dur! Özem elektrik toguny işläp çykarýar! Bu bar-a, bu bar-a…
Hüžžüksaç öz aýdýanyna özi joşup, kalbynda dyňzap duran duýgularydyr-pikirlerini beýan etmäge birbada söz tapmady. Özüniň ählumumy adamzat ösüşine goşan goşandy üçin mynasyp bolýan sylag-serpaýlary, baýlygy, şan-şöhrady bir demde göz öňünde janlandymy nämemi, demi tutuldy galaýdy. Özüniň gara jalbarly, uzynsyý gara penjekli, juw-akja köýnekli, garaja kebelek şekilli boýunbagly, resmi zynatly eşikde, Nobel baýragynyň gowşurylyş dabarasynda, şwed patyşasynyň öňünde baş egmän, buýsançly başyny baýdak kibi parladyp durşy, çar ýanynda surat enjamlarynyň “şyrk-da-şyrk” bolşup, çyra öçürip-ýakýana kybapdaş ýalpyldysynda, belent münberde dabaraly söz sözleýşi dem salymlyk hyýalynda janlandy.
Ol göýä, “entek ir, howlukmaly, herki zadyň öz wagty-sagady bar, tutulmadyk guşy ütüp iýjek bolmaýyn, enşallasy, başymyz dik bolup gezip ýörsek, bi zatlaňňam ahbetin bir gün müddeti-pillesi gelip ýeter” diýýän şekilde başyny silkeledi-de, dogalana dönüp, üşerilip özüni diňleýän epeý pyýadanyň gulagyna ýag bolup dammagyny dowam etdi:
-Bu bar-a, sen sorama şuny menem aýtmaýyn! Woobçe, seň haýran galýan zadyň hekgermekden-ä geçen, dikgererem, pakgararam, iň soňunda-da ýöne yzygiderli hem birsyhly geň galyp ýörmekden ellibizarlar bolup, ahyrsoňlugynda tükgererem! Düşýäňmi, hojaýyn inisi?! Göz öňüňe gelýämi bir özi?! Onnoň, şonnan soň, seň ebedi hereketlendirijiniň mysaly nusgasyny ýasamak üçin çykaran bujagaz çykdajylaryň dagy gözüňe wiçjijek bolup görner galaýar! Sen bar-a, onnoň, ony isle, zäwut baryny gurakga özüň öndür, isle patentini sat, isle patentini özüňde galdyr-da, mundan buýanky beýlekilere ony öndürmäge ygtyýarnamasyny satyp, her öndürilen önümiň satuw bahasyndan belli bir göterimini özüňe tölener ýaly et, o diňe, täk-tenha seň ýekkeje öz işiň! Maňa-ha, şo giden baýlyklaňdan birje jinnegem gerekgä! Diňe hojaýyn inisi hökmünde, özüňňi şoň ýaly ile belli Geýtsiňkä on…ýok, ýok, on dagy nämejik, munuň ýalaky bi ýanda, on bäş, hatda on ýedi esse baýlyga ýetiren şü alym akgaňa göwünjagazyňdan çykaranjaňy kätebir taşlap iberseň bolýa! Düşýäňmi, hojaýyn inisi?! Bilseň, bi akgaň ýalaky alymlara pul gerekgädir, hojaýyn inisi! Şo “pul” diýilýän külüň ýüzüne köz degsin! Bolýamy?! Bi biziňler ýalakylar diňe adamzady tutuşlygyna bagtly etmäge tarap birje ädim ädip bilse, şonnan özge hörek gerekmezdir! Heýç haçanam bi biziňler ýalakylar täk-ýalňyz özüniň düzgünini düzüw etmäge ymtylyp ýatmyýalar, bi biziňler ýalaky mundan buýankylara bagtyýar-şadyýan bolmaklyk üçrib, hökmany suratda bagtyýar etmäge tutuşlygyna adamzat gerek! Düşýäňmi, şuňa hojaýyn inisi?! Ýa, düşünmeýäňmi ýa?! Hä?!...
Hüžžüksaçyň sarnamasyna meýmiräýene çalym edýän epeý pyýada bolsa bu mahal, daş-töweregini gallaýan, ibaly idi-yssywat edilmeýändigi sebäpli, taşlanan zat oklanan ýerinde çaşyp ýatan weýran howlyny görmeýärdi. Onuň hyýaly gözüniň öňünde, mähnet tüsseçykarlarynyň burulyp çykýan burum-burum tüssesi asmany ýapýan hatar-hatar “zäwutlar”, öz eýeçiligindäki kaşaňdan-kaşaň ymaratlar, banklar, gymmatdan-gymmat ulaglar, her bir aýdan sözüni dodagyndan doly syzylyp ýetişmänkä gapyp alýan hyzmatçylar, çümüp-çykyp, onsoň ýene-de gaýtadan çümüp-çykyp, agynap, arkan-ýüzin agdarynyp ýüzübermeli deňiz deýin yrňyldap ýatan pul ummany hellewleýärdi…
…Birdenem…
Näme üçin ähli işini taşlap bu howla gelendigi epeý pyýadanyň güpbe ýadyna düşdi. Ol özüniň ýene-de hemişekisi deýin söhbetdeşiniň çoçgaryna çolaşyp, gyltymyň alynyň kül-külüne düşendigine gaharlanýan dek, siltenjiräp hüžžüksaçyň penjesinden tirsegini sypdyrdy:
-Men-how, akgam! Seň aýdýanlaňňa düşmän durammok. Uly il ýalaky bolsam-da halys tükenen mahawam dä elbetde! Seňki ýalaky ylym urup işigaýdan meýnim bolmasa-da käbir zatlar şygyrdamanam durmaýar, bi akmak kellede! Sen şu bilbil owazyň bilen “bu gün – bu gün, ertir-ertir” diýip saýraplar, meni bir ýyl bäri ynandyryp gelýäň! Saňa o enjamyňy ýasamak üçin berenlemmi bir ýere üýşürip bolaýsa dagy, hut ak bazardan üç sany süýtlek, göleli sygyr edinseň boljak! Ol: “Şü bommasa biziňler ýalaky hakyky alymlaň kellesi öňküsi ýaly beýle gowy işlemiýä” diýip içen araklaňňy dagy hasabam etmiýän men, bilseň…
Hälden bäri epeý pyýadanyň ýüzüne-ýüzüne ýalymsaklyk bilen garanjaklap, onuň keşbiniň her bir alamatyndan many ogurlamaga dyrjaşyp duran öý eýesiniň meňziniň terzi üýtgäp gitdi. Näme edýändigine özem düşünmän, epeý pyýadanyň alkymyna dykyldy-da, oňa yzyny aýtmaga maý bermän, sözüni şarpa kesdi:
-Sen-n bar-r-a, hoj-jaýyn in-nisi-i! Hojaýyn inisi bolsaň-da, şo aýdylýany bolmasaň-da, mundan buýankylaň biri hökmünde öňem aýdanam bolsam, ýene-de bir ýola gaýtalaýan! Şoňa degme! Menem biler bolsaň, şony bilgeşländen etmiýän! Şo bommasa, bi iýip barýan aladalardyr dünýäsygmaz oýlanmalardan doly kelläniň azabyna tap getirer ýaly dä?! Düşýäňmi şoňa?! Özüň bilýäň, bi biziňler ýalakylaryň adaty mundan buýanky siziňler ýaly ýönekeý bolup bilmeýändiklerini! Bi görgüli adamzadyň gaýgy-aladasy iýip ýatyr-a, bi birje pursadam oýlanmazdan oňup bilmeýän gara başymyzy!...
Birdenem hüžžüksaç öz gatyrganmasyndan özi eýmendimi nämemi ýa-da özüniň kimiň üstüne dübläp durandygy ýadyna düşdümi, jozzuk ýüzüni naýynjar eňşitdi-de, güjük çyňsaýana kybapdaş zarynlady:
-Ýohha-da, hojaýyn inisi…Äý inimsiň-le sen! Inijigimsiň-le! Hojaýynym hem inim jansyň-la! Bi...görgüsi ýaman akgaň, “düýnden bäri düýnküsinden ejir çekip ýatandyr, säher bilen kellesini düzetsin” diýäkge, ýanyň bilen mundan buýanky oýankydan alyýypjyk geläýen-ä däsiň-dä?! Hä?! Hojaýyn inijigim?! Ulagyňda, hemişekije goýýan ýeriňde bolsa, bi ýeňilaýak akgaň, ýügre-ýügre ylgapjyk gidip, alynyýypjyk geläýse neneň bolar?! Hä?! Inijigim?! Hä?! Ýa ýogam bolsa, sähelçejik, hut şojagaza ýeter ýalyjak, azajyjak eçilseň, dükanam-a daşda dä özi?! Hä?!...
Öňünde hamyny sypyraýjak bolup elini owkalaşdyryp, özüniň görejiniňem hut garaçygyna ýalynjaňlyk bilen garamaga çalşyp, sazanaklap durany birlaý synlanda, epeý pyýadanyň özüne rehimi inmekden ýaňa hakyýt bokurdagy dolup gitdi.
“Bäh, meniňem gara nebsime “haý” diýip bilmän, düşüp ýören günümi diýsene! Ebedi hereketlendiriji küje, zat küje mundan! Wah-wah, meniň azaplar edipler, özüm idili iýmän-geýmän, çagalaryma ile meňzeş iýdirmän-geýdirmänjikler geçip, gazananja pullam! Wah-wah, gör, kime ýal bolmak siz eýjejikleriň nesibesine ýazylan ekeni!” diýip oýlananda, ol tasdanam bozulyp, hamsygýardy. Şol pille onuň bu öňünde durana aýdasy geldi.
...Özüniň ilkibaşda aýaly görgüli bilen her gün gara daňdanlar ukudan galyp daň bazaryna çykyp, gowrulan çigit satyşlary hakda, derden-kirden ýaňa eşikleri eginlerinde şorlap tozuşy hakda, çagalarynyň agzyndan kesipler toplanja pullaryna ilkinji çaklaňja dükanyny satyn alyşy hakda, soň ýene-de birnäçe ýyla çeken hor-homsy durmuşyň yz ýany birinji sapar köneje ulagyny edinende garaja gözli, arryjak göwrejikleri agyr zähmet zerarly eýikmän galan balajyklarynyň şol ulaga münmäge dözmän, ony çöp ýalyjak horja eljagazlary bilen öwran-öwran sypalap-sypalap görüşleri hakynda, indem şol kösençlerden soňra, ýaňybir agyzlary aşa ýetende birden baýamagyň humarly albaýyna aldanyp, oňa sarp eden pullarynyň möçberi hakda...
...Ählije zady aýdyp-aýdyp, onuň ýüreginde rehim-şepagat oýarasy, derdini egsip, derdini paýlaşyp, ony öz halyna gyýlar derejede ynandyrasy geldi...
...Emma...
Ýene-de bir sapar ony boýdan-başa synlap çykdy-da, düýbünden başga zat gepledi:
-Saňa şony tamamlamak üçin, gutarnykly näçe möhlet gerek?!
Göýä özüniň gaty çyny bilen oýlanýandygyny görkezmekçi bolýan mysaly, hüžžüksaçyň ýüzi epin-epin bolup bürüşdi-de, dessine-de ýazyldy:
-Ýene üç gün!-diýip ol öwhüldeýäne çalymdaş äheňde jogap gaýtardy.
Epeý pyýada jyňkyny çykarman dodagyny çowürdi.
-Näme ynanaňokmy, hojaýyn inisi?! Häzir, ýör, özüňňem dynyp barýandygymy gözjagazyň bilen görüpler galarsyň! Ýör hany, ýör!-diýişdirip hüžžüksaç ýene-de ýaňky hereketi bilen hemaýatkäriniň tirsegine ýapyşdy-da, ony melleginiň günbataryndaky ýegşerilip duran, çalamydar kümä garşy dartdy:-Görersiňem, haýranyňam hekgerer, hekgermekdenem beter dikgerer, soňra dikgermekdenem ötüp geçer-de duranja ýerinde dükge düşäkge tükgeribem galaýar...
Hyýalbent pyýada ýene-de özünden bäşbeter hyýalbendiň doga sanaýana çalymdaş samramasyna maýyl bolup, kelte tirkelen ýaly, idilen ugruna tarap dähedem-dessemläp ugrady...
…Howly…
…Uzak taryha şaýat, maýryk derweze, diňe eýesinden däl, bütin dünýädenem nadyl ýaly gapdallygyna gyşaryp, hyýalbentleriň yzyndan biparh seredýäne çalym edip, çagşap ýatyr…
…Owadan bägüller kimin ajaýyp arzuwlaram şeýle...
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 29 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: