10:50
Humar / hekaýa
…Darajyk otag…
…Alasarmyk dünýä…
…Pessejik üçegiň astyndan sallanýan ýalňyz, ýalaňaç çyranyň ölügsi yşygy…
…Galyň perde bilen gaýym örtülen penjire…
…Sary giden köne keçelerdir-palaslaryň üstünde döwre gurap oturan humarbazlaryň karta kelleleri gyzan aýlawy…
…Içerini dolduran çilimiň tüssesinden ýaňa palta oklasaň ýere düşjek däl…
…“Geçdim!”, “Goşulýan!”, “Kon!”, “Mert!”, “Tonnyda otyryn!”, “Külç!”, “Men pas!” diýen ýaly gysgajykdan çürt-kesik edilip, käte dabaraly, käte lapykeç, käte adaty äheňde aýdylýan jümleler, çilimiň tüssesinedir, derden ýaňa öl-myžžyk bolan geýimleriň, göçgünli nebsiň, ýeňil gazanjyň heýjany yşgynyň dürli-dümen goýras ys-kokuna garyşyp kartkeşleriň depesinde pyrlanýar…
Aýlawa gatnaşýan her oýunçydan bäş manatlyk ýer hakyny alan öý eýesiniň keýpi ýyldyza toýnak salýar. Süňňüni gaplan alas-gopaslykdan ýaňa bir ýerde durup bilmeýär. Humarbazlaryň daşynda hozanak bolup pyrlanýar. Bir otursa iki turýar. Byzbydyklap öwran-öwran daşaryk çykyp gelýär. Aram-aram bolsa, eli geleniň gapdalyna geçýär-de, nähilidir birhili myssyjakdanam beter ýumşajyk hereket bilen, garny dok pişik myrlaýan ýaly edip onuň gulaklaryna pyşyrdaýar. Güldürýär. Ilgeziklik bilen, köpi görüp azy galan, moý açan jürnügine demir geýdirilen uly hum çäýnekden demini alan çaýy reňňi saralyp giden käseleriň birine sarkyryp berýär. Süýji uzadýar. Guýmazyndan dem salym öňem hyzmaty edilýän maňlaýlynyň gözüne-gözüne ýaramsaklyk bilen içgin-içgin äňedýär-de: “Gara çaýmy ýa gök?” diýip mylakatly soraýar. Jogap berlerine mähetdelem, desbi-dähil sargydy berjaý kylýar. Garaz, kartyň bu aýlawynda oljasy oňan ýa-da olaryň öz dilinde aýdanyňda “ortany syran” humarbaz, tä: “Me saňa çaýhaky!” diýip, itiň öňüne süňk oklan ýaly edip, eliniň tersi bilen, öňüne dartan topbak pulundan birki sanysyny sogrup alyp oklaýýança bolmajysyny bolýar.
Göwün matlabyna ýetenden soňam, girisine ilen awuny hasyr-husur kisesinde ýygşyrýar-da, ýene-de humarbazlaryň daşynda perwaz urup başlaýar. Olaryň has kilçigräk, täze başlanrak käbirleri: “Hany, eliň gelsin diýip kartymy sykyp ber bakaly!” diýip kartyny açman oňa garşy ümläýse-de sygry ekiz guzlana dönýär. Tötänden öz sykan karty utuşly bolaýsa dagy gül-gül bolup açylýar. Derrew-derrewdenem çalt, eli gelenden özüniň “elhakyny” ýonmaga girişýär…
Aýlawyň töründe hekemsiräp oturyşyna, ezber leýlaçlara öýkünip, çalasynlyk bilen kart garýan gytyk saçly, garaört ýüzi böwrek ýaly garry düwürtiklerden dos-doly, takmynan otuz ýaşaberen pyýadanyň welin, mesgen eýesiniň şagalpisint hereketlerem, lüt utulyp, jullukgotan galanlaryň lapykeç umytsyzlyklaram, eli gelip maňlaýy şowlanlaryň indiki utuga sadylla-sabyrsyz tamakinliklerem piňine däl. Ol bu mahal – gaplaň! Demi daglary eridýän Aždar! Şu döwre gurap oturan mahluklary, elindäki gyradeňje dörtburçja kagyz bölejikleriniň kömegi bilen islese alçy gopduryp, islese ompa oturdyp, islese-de keseligine dükge düşürip bilýän gözbagçy! Ýeke arlanda syrtlanlar sandyrap, şagallar sumat bolýan şiri-peleň ol, şu mahal!...
…Özüni ussat leýlaçdyryn öýdýän gytyk saçlynyň gabat-garşysynda ýüzüni ýerden galdyrman oturan daýhansypat ýigit bolsa, bu wagt edil, köne keçede däl-de asty alawly demir sajyň üstünde pessaý otda gowrulýan ýaly…
…Näme üçin bu günem geldim, bi ýere?! Düýn lütjek utulyp, uzakly günki kireý edip gazananjamy şulara ýal edip gidenimde: “gelmen indi” diýip öz-özüme söz berip gaýtdym ahyry!...Bu günem-ä ekin satyp alanjamyzy – garagöz çagajyklarymyň ryzkyny ortada galdyrdym…
…Bir ýanyndan set müň pikir bilen şonça-da gaýgy aňyny gemirýär. Beýle ýanyndanam “ynha, indi şu gezek, indiki sapar” diýip başyny sämediji pyşyrdaýan humar hyjuwy janyny alyp gelýär…
…Ýeri, şu gezek utmak nesibämde bolaýanda-da aýlawa goşulmaga zadyň bolmasa näme?! Karza hem geçmersiň! Sebäbi öňem-ä birnäçe gün bäri bularyň her haýsyndan alyp bileniňi aldyň…
-Näme-how goçak?! Bu aýlawa atyňy goşmyýaňmy?!-diýip gytyk saçly gelişmese-de tagaşyksyz ýesersiremek bilen gözüni gypan boldy.
Daýhansypat ýigit uludan demini aldy. Hyýalynda aýaly başlyklaýyn çagajyklarynyň melleklerinde, günüň aşagynda, jokrama yssyda ekine joýa gazyşlary, şitil ekişleri, pel otaýyşlary, kätmen uruşlary janlandy. Bada-badam özüniň şu “indiki” gezekde eliniň geläkge, ortada başly-barat depe turzup ýatan iri-iri pullary öňüne syrakga ähli utduranlaryny bir saparda gaýtaryp alyşy, soňam gaýdyp dolanmazlyk üçin bu darajyk otagdan yzyna garaman çykyp gidişi göz öňüne geldi...
-Goşulýan. Paýla!-diýende ol, özüni goýy batga oklaýana çalym edip öwhüldedi.
-Orta goýmaga zadyň barmy? Ýogsa, seňki öňem-ä “bergiň müňe ýetende ýumurtgaly börek iý” diýilýänindenem ötüp-geçip, indi ýumurtgaly işlekli iýiberseňem bolmaýjak ýaly dämi, nä?! Hä?!-diýip çeýe aýasynda kart dessesini oýnamagy ýeke pursadam bes etmeýän gytyksaç ýiti dillisiredi.
Daýhansypat sähel salymam oýurganmady. Ýöne onda-da:
-Öýde garry atamyň garry atasyndan miras galan egri gylyç bar. Neberämizde diňe at dakylana geçirilip gelinýär ol…Şony, arada bir söwdagär on bäş müňe soranda bermändik…-diýende ol, birsellem nämedir bir zat bogazyna tegek bolan ýaly yzyny aýdyp bilmän dymdy. Soňam kynlyk bilen, ýuwduna-ýuwduna, özüne zor salyp gepini tamamlady:-…Ine şony…şol söwdagäre berjek…bergilerimi ýapmaga-da, oýny dowam etmäge-de ýetýärmi, şo?!
Daýhansypat sözüni gutaran dessine nähilidir bir ikujunam deňläniň aýgydy bilen gözlerini göterdi-de, gytyksaçyň garaçygyna dikildi. Olam köpi gören zaňňar. Sähel-mähel zada baýtallabererden syrty ýogynrak. Nazaryny sowmady. Erniniň, hälden bäri ysgynsyzja tüsselän bolup duran çilim gysdyrylgy tarapyny çala gyşartdy. Ýene-de “öwrenilen endik örkleseňem durmaz” diýleni, gepe çepersiremän saklanyp bilmedi:
-Hä, ata-babalarymyzyň ar-namysyny goran kesgir gylyjy satmakçy diýsene!-diýip burnuna salyp, eşidiler-eşidilmez hümürdän boldy-da, baş atdy:
-Ýetýär. Başladykmy onda?!
Döwre gurap oturanlaryň hiç haýsyndan seda çykmady.
…Kart paýlandy…
…Oýun başlandy…
…Darajyk otag…
…Darajyk dünýä…
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 56 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 8
0
1  
M.Gorkiniñ "Durmuşyñ düýbündäkilerini" yatlatdy..

0
2  
Okyjylar babatda bir tendensiýa üns berýän, soňky döwrüň okyjysy, mümkin boldugyndan gysgalygy, many gizlinligini hem-de ümürli mataly isleýän ýaly...

0
3  
Bilemok, belki bu Paolo Koelýanyň, Orhan Pamugyň, Markesiň, Haruki Murakaminiň täsiridir. Ýa-da umumadamzat depressiw noosfera indiwidiumyň ruhy dünýäsine şeýle täsirini ýetirýändir...

0
4  
Göräýmäge näme diýjek bolýanyň düşnükli ýaly, emma şol aýtmakçy bolýan zadyň astynda başga bir aýtmakçy bolýan zadyň bolmaly, özem mümkin boldugyndan gysby, az göwrümli bolmaly...Iň gowusy-ha Hemingueýiň geýilmedik çaga köwüşjiginiň satylýandygy hakynda ýeke sözlemden ybarat hekaýasy bolsa has gowy...

0
5  
Bilemok, belki ýalňyşýandyryn ýa-da duýgym aldaýandyr...

0
6  
Hemingueýiň "Okeandaky adalar" atly bir romanynda meniň pikirimçe, ýazyjylyk sungatynyň naýbaşy derejesi bar. Romanyň bir ýerinde, bar stoýkasynyň öňünde rom içip oturan garry erkek kişi şekillendirilýär. Şonda-da ýazyjy hiç zat ýazmasa-da, hatda dynnym ýalyjak kakdyrmasa-da, onuň eý görýän körpe oglunyň wepat bolandygyny okamankaň duýýarsyň, diňe şol sahnadan soň üç sahypa geçirip ýazyjy onuň körpesiniň hakykatdanam wepat bolandygyny ýazýar. Ine sungat! Aýtmazdan aýtmak! Ýazman ýazmak!...Hiç haçanam ýetip bolar ýaly zat däl!

0
7  
Uly bolmadyk göwrümi,az sanly gahrymanlary bolan,baş gahrymanyň-daýhansypat adamyň durmuşyndan ýekeje pursady suratlandyrýan hekaýa.Awtor beýleki gahrymanlaryň üsti bilen baş gahrymanyň häsiýetini,onuň bilen baglanyşykly problemany açyp görkezýär.Hekaýada ýönekeýje detallar uly rol oýnaýarlar.(daýhansypat adamyň kellesindäki pikirler,onuň häsiýetini doly açyp görkezýär.)Hekaýada gürrüňi awtoryň özi alyp barýar.Bu bolsa okyjyda aýdylýan zatlaryň çyndygyna ynam döredýär.Hekaýanyň ady eýýam galdyryljak soraga jogabyň bölegi bolup durýar.

0
8  
Men-ä haladym.Gowy ýazypdyr.

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: