18:35
Howlugamok / hekaýa
…Bir elinde dişlenen buterbrod, beýlekisinde kefirli çüýşäni gysymlap durşuna jyn töweregine ýaltaklaýardy. Onuň daş keşbi adatydy – ýygyrt-ýygyrt, könenysak (moda) penjek, ýüpek köýnek, pilkuş pisint boýunbag. Tutuş sypaty şar-gara, diňe boýunbagynda ýalyn dilkawlarynyň şekili bar. Eger-de sypaýyja timarlanan saçynyň arasyndan jyklaýan çaklaňja şahjagazlary hem-de syrtyndan sallanýan guýrugy bolmasa jyn adama mese-mälim çalym etjekdi.
Şäher muzeýiniň orta asyrlaryň taryhyna degişli dälizinde penjekli hem-de boýunvagly jynyň gereginden artyk modernelaýyk görünýändigi hakynda Tolik parhsyzlyk bilen oýlandy. Bu dälizde oňa uzynsyýly sýurtuk ýa-da frak görnüşli penjekler has gowy gelşerdi.
-Bi ne bela boldug-a...-diýip ýarymçeýnelen buterbrodyny tüýkürip durşuna jyn dil ýardy. Emaý bilen gatykly çüýşesini ýerde goýup, Anatolä gözüniň gyýtagyny aýlady-da, uzyn sarymtyk dyrnagy bilen däliziň astyna çekilen bäşburçlugyň (pentagrammanyň) hek çyzygyny barlap gördi. Dyrnagynyň degen ýerinden uçgun syçrap gitdi. Jyn jyňňyldady-da barmagyny agzyna sokdy.
Tolik:
-Men guýruk uzynrak bolar öýdüp pikir etdim-diýdi.
Jyn uludan demini alyp, kisesinden çirksiz tämiz elýaglyk çykardy-da, däliziň astyna ýazdy. Üstüne buterbrodyny goýdy. Ýeňillik bilen bökdi-de boş eli bilen däliziň bamyna (potologyna) elini degirdi – azyndan dört metr dagy belentlikde bolan beýik muzeý bamyna (potologyna).
Bu gezek uçgun ulurakdan syçrady. Jyn aglamjyrap, agzyna ikinji barmagyny hem sokdy.
-Ýerzeminde-de bäşburçluk (pentagramma) çekilendir-diýip Tolik duýdurdy.
-Adatça, otagyň asty (poly) we bamy (potology) barada ýatdan çykarýarlar-diýip jyn ajy gepledi:-Siz, adamlar, tekizlik boýunça oýlanmaga ýykgyn edýärsiňiz…
Tolik dabaraly ýyrşardy. Elindäki kagyz bölejigine (şpargalka) gözüniň gyýtagyny aýlady-da gepläp başlady:
-Şeýlelikde, maňa tabyn we tabyn däl güýçleriň ady bilen, şol sanda mälim we nämälim güýçleriň ady bilen, men seni bäşburçlugyň (pentagrammanyň) çyzyklary bilen germelen şol duran ýeriňde galmagyň we meniň özüm seni aýanlykda hem hiç hili mejbur etmesiz erkinlige goýberýänçäm maňa boýun egmegiň we hyzmat etmegiň üçin jadylaýaryn.
Jyn üns bilen diňlese-de, kinaýaly geplemän saklanyp bilmedi:
-Nä ýat tutup bilmediňmi? Kagyzdan okaýaňmy?
-Ýekeje harpynam ýalňyşasym gelmedi-diýip Tolik çynlakaý jogap gaýtardy:-Onda nä, başladykmy?
Uludan dem aldy-da jyn aşak çökdi:
-I harpynyň üstünde ähli nokatlary goýalymy?
-Elbetde.
-Onda, ilkinji nobatda dykgatyňa ýetirýärin: Sen melguny çagyrmadyň. Sen jyny çagyrdyň. Bu bolsa, ýaş ýigit, has çynlakaý zatdyr. Melgun iru-giç seni tary-mar ederdi. Men bolsa diňe seni aldaryn we ruhuňy özüme alaryn. Şonuň üçinem…haýp saňa, haýp.
-Meniň melguny çagyrar ýaly dogma ýokdy.
-Gerekmi?-diýip jyn ilgeziklik bilen elini kisesine sokdy:-Sen meni goýberersiň, men bolsa oňa derek saňa melguny çagyryş dogasyny bererin. Ol doga hem edil öňkiň ýaly bir zat, diňe netijeleri seniň üçin has ibalyrak.
-Melguny çagyranym üçin meniň ruhuma näme bolar?
Jyn hikirdedi:
-Kelläň birneme işlemänem durmaýar-ow…Onyň maňa şam bolar.
-Onda men seniň teklibiňi ret edýärin.
-Bolýar, onda dowam edeli-diýip jyn gussa bilen gatykly çüýşesine seretdi. Birdenem gyzaryldy:-Ýeri näme üçin men diýsene?! Näme üçin hut men?! Bir ýüz sekiz ýyllap hiç kes jynlary çagyrmandy. Oýnap hezil etdiler, köşeşdiler, tümlügiň güýçlerini aldap bolmajakdygyna düşündiler. Ine-de, birdenem al saňa – nobatçylygym tamamlanyp barýardy, ýaňybir biraz garbak-gurbak edineýin diýsem, niredendir bir ýerden sen öz bolgusyz bäşburçlugyň (pentagrammaň) bilen somalyp çykdyň!
-Nobatçylygyň uzakmy?
-Ýo…-diýip jyn ýüzüni eňşitdi:-Iki ýyly aşyryp üçülenji ýyl. Tamamlanmagyna bir aý galypdy…
-Duýgudaşlyk bildirýän. Ýöne hiç zat bilen kömek edip biljek däl.
-Bolýar. Besdir. Şeýlelikde, siz şeýtany güýçleri çagyrdyňyz,-diýip jyn guraksy hem resmi äheňe geçdi:-Gutlaýaryn. Siz düzgüne laýyklykda ygtyýarnamalaýyn ylalaşygy kabul etmeli ýa-da inkär etmeli.
-Okap ber.
Jyn gözlerini otlukly lowurdatdy-da çeňk ýaly berk jümleleri yzly-yzyna suňşuryp başlady:
-Şu ygtyýarnamalaýyn ylalaşygyň şertlerini kabul etmek bilen taraplar şu aşakdaky borçnamalary öz üstlerine alýarlar: Birinjiden, Şeýtany güýçler, mundan beýläk – Jyn, müşderiniň dünýewi işleri bilen bagly islendik isleglerini berjaý kylmaga borçlanýar. Ähli islegler harpma-harp berjaý kylynýar. Isleg sesli aýdylmaly we “isleg aýdyldy, berjaý kylmaga girişmeli” diýlen sözler diýlenden soňra ýerine ýetirilip başlanýar. Eger-de islegiň beýan etmesi oňa iki ýa-da ondan-da köp düşünilmegine ýol berýän bolsa, onda jyn şol islegi öz erkine görä isleýşiçe ýerine ýetirmäge ygtyýarlydyr. Ikinjiden, Adam, mundan beýläk – Müşderi, eger-de onuň islegleriniň berjaý kylynmagy müşderiniň ölümine getiren halatynda, özüniň ebedilik ruhuny jynyň baky peýdalanmagyna bermäge borçlanýar. Bu ylalaşyk taraplaryň öz töwekgelçiligi bilen baglaşylýar we özara ylalaşylan şertler bilen onuň üsti doldurylyp bilner.
Anatoliý baş atdy. Ygtyýarnamalaýyn ylalaşygyň ýazgysy (teksti) oňa öňem mälimdi.
-Ygtyýarnamalaýyn ylalaşyga goşmaçam bar-diýip ol dil ýardy:-Birinjiden, islegiň beýan edilýän dili rus dili bolmaly.
-Rus dili ygtyýarnamalaşdyrylmadyk!-diýip jyn hüňürdedi.
-O nähili beýle bolýar-a?! Islegleriň beýan edilýän dili – rus dili bolmaly!
-Bolýar,-diýip jyn baş atdy:-Ýogsa, adatça dymmaklyk (umolçaniýe) boýunça biz suahili dilinden peýdalanýardyk.
-Ikinjiden, müşderiniň islegleri adamlara täsir etmegi hem öz içine alýar…
-Ýo, ýo, ýo! Ýene-de bir gezek “ýok”!-diýip jyn zyňlyp ýerinden galdy:-Bolmyýa! Başarmaryn! Gadagan! Bu hereket eýýäm, kesekileriň köňüllerine gatyşmaklyk bolýar, başarmaryn!
Umuman-a, Anatoliý bu teklip edýän şertiniň kabul edilerine umydam etmeýärdi. Ýöne, onda-da näme, barlap göreniňe degýär dälmi?
-Ýeri bolýar. Ikinji goşmaça. Müşderä ebedi ýaşaýyş berilýär. Bu bolsa, doly biologiki saglygy we garramak prosesiniň bes edilmegini, şeýle hem betbagtçylykly hadysalardan, tebigy betbagtçylyklardan, ýokanç keselleriň ýaýramagynyň täsirinden, üçünji şahslaryň bilkastlaýyn hereketlerinden, şonuň ýaly-da gönüden-göni ýa-da gytaklaýyn ýagdaýda müşderiniň ýaşaýşynyň bes edilmegine ýa-da onuň saglygynyň bozulmagyna getirýän şoňa meňzeş, ýöne ýokarda agzalmadyk hadysalaryň ýaramaz täsirlerinden goraglylygy öz içine alýar.
-Sen hukukç-a dälsiň?!-diýip jyn sowal berdi.
-Ýok. Taryhçy-talyp.
-Düşnükli. Arhiwleriň haýsam bolsa birinden gadymy golýazmany (manuskripti) dörüp tapansyň-da…-diýip jyn baş atdy:-Bolup biler. Bi muzeýe nädip girdiň? Onsoňam munuň ýaly tukat orta asyr öwüşginleri nämä derkardy?
-Men bu ýerde gazanç edýän. Işleýän. Gije garawuly bolup. Şeýlelikde, ikinji goşmaça?!
Jyn düşünmeklik bilen baş atdy-da, iňirdedi:
-Şü ebedi ýaşaýyş siziň hemmäňiziň nämäňize gerek?! Hä?! Ýagşy, ikinji bent şunuň ýaly goşundy bilen kabul edilýär: “müşderiniň janyna we saglygyna zyýan ýetmegi müşderiniň öz islegleriniň berjaý kylynmagy bilen bagly bolan ýagdaýlardan başga halatlarda”. Ýogsa özüň düşünýäň, bu ylalaşygy baglaşmakda meniň hiç hili bähbidim galmaýar.
-Senem elbetde, şeýle görnüşdäki zeleliň ýetmegi üçin örän jepa çekersiň, şeýlemi?!
Jyn ýyrşardy.
-Üçünji goşmaça,-diýip Anatoliý dowam etdi:-Jerime çäreleri. Eger-de jyn müşderiniň haýsydyr bir islegini berjaý kylyp bilmese, onda şertnama müşderiniň tarapyndan birtaraplaýyn tertipde ýatyrylan diýlip hasap edilýär. Şeýle halatda jyn müşderiniň isleglerini berjaý kylmagy dowam etmeli, ýöne şondan soň müşderiniň ebedilik ruhy babatda jynyň hiç hili hukuklary we ygtyýarlyklary ýüze çykmaýar. Şonuň ýaly-da eger-de jyn asyrlar gutarýança müşderini öz islegini nätakyk beýan etmekde tutup bilen halatynda-da ylalaşyk bes edilen diýlip hasap edilýär.
Jyn nägilelik bilen başyny ýaýkady.
-Isleseň-islemeseň baglaşmaly bolarsyň,-diýip Anatoliý aýtdy:-Şu şertler girizilmedik ýagdaýynda meniň üçin şertnama baglaşmagyň barça manysy ýitýär. Sen barybir iru-giç meni islegimiň nätakyk beýan edilmeginde tutup bilersiň…
Jyn baş atdy.
Anatoliý dowam etdi:
-Onsoň men ebedi güzaplara sezewar bolaryn. Beýle “şatlyk-bagt” meň nämäme derkar? Ýo, diňe seň däl, meniňem utmaga mümkinçiligim bolmaly. Ýogsa bu gyzykly bolmyýa…
-Köp zat isleýäň…-diýip jyn hümürdedi.
-Aý goý-a, näme meniň isleglerimi berjaý kylyp bilmek ukybyňa müňkürlik edýärsiňmi?
-Müňkürlik edemok. Şertnamany iň gowy hünärmenler işläp düzüpdi.
-Ýeri onsoň?!
-Ýagşy, üçünji goşundy hem kabul edildi. Ýene-de näme?
-Dördünji goşundy. Jyn müşderiniň azatlygyny ýa-da onuň öz erk-islegini erkin beýan etmek mümkinçiligini çäklendirýän hiç hili hereketi amala aşyrmazlyga borçludyr. Şonuň ýaly-da, jyn, müşderiniň abraýyna şek ýetirmeli däldir, şol sanda öz aralarynda şu şertnamanyň bardygy hakyndaky ýagdaýy aýan etmek arkaly hem müşderiniň mertebesine zelel ýetirmezlige borçludyr.
-Munyň welin, eýýäm artykmaç bolýar,-diýip jyn egnini gysdy:-Aýan etmezlik babatda biziň özümizde örän zabun düzgünler hereket edýär. Eger-de birden ýaýraýsa…meniň hamymy sypyrarlar. Azatlyk barada bolsa…Mysal üçin, men ýer titreme emele getirerin-de şu binany başyňa ýumraryn, onsoň näme bolar öýdýärsiň?! Sen barybir abat galarsyň-da, özüňi ýykan-ýumranlygyň astyndan ýokaryk çykarmagy talap edersiň-dä!
-Eger-de birdenkä meniň agzyma gum dykylyp, gepläp bilmän galsam näme?!
-Was-was keselli,-diýip jyn göwnüýetmezçilik bilen seňrigini ýygyrdy:-Ýagşy, seniň dördünji goşundyň hem kabul edilýär.
-Bäşinjisi. Jyn şertnamanyň dowam edýän ähli wagtynyň dowamynda müşderiniň tehniki goldawyny üpjün edýär. Ýagny, jyn müşderiniň islegine görä, diňe müşderä görünýän şekilde onuň ýanyna gelmeli we müşderiden hiç zady gizlemän, ony ýalňyş hereketlere itermän, müşderiniň amala aşyrmakçy bolýan hereketleriniň ýüze çykmagy mümkin bolan netijelerini düşündirmäge borçludyr. Müşderiniň ilkinji talaby boýunça jyn ýom-ýok bolmaga we özi bilen müşderiniň ýüregine düşmezlige borçludyr.
-Bäý, zabun-ow, zabun!-diýip jyn başyny ýaýkaşdyrdy:-Mazaly taýynlandyň gerek? Hawamy?! Ýagşy, kabul edildi.
-Gol çekişýäris-diýip Anatoliý ilgeziklik bildirdi.
Jyn penjeginiň goltuk jübüsini dörüşdirdi-de, birnäçe sany eplenen sahypalary çykardy. Derrew olara göz gezdirip çykdy-da, iki sanysyny saýlap alyp, olary Anatolä tarap poluň ýüzünden pitikläp iberdi.
-Goşundylary sal-diýip Anatoliý şübhe bilen jyna çiňerildi.
-Näme üçin? Sekiz tertip belgili standart şertnama. Näme ýa sen öz goşundylaryň şeýle ajap-enaýy üýtgeşikdir öýdýärsiňmi?
Tolik öňündäki sahypalaryň birini göterdi, epinini ýazyşdyrdy. Neşirýat usulynda çap edilen blankyň adynda: “Adamyň we Şeýtany Güýjüň Şertnamasy. Sekizinji görnüş” diýen ýazgy bardy.
Hakykatdanan Toligiň aýdan goşundylarynyň hemmejesi bardy.
-Gan bilen gol çekmelimi ýa-da adaty syýagalam bilenem bolýarmy?
-Gan bilen bolsa-ha biçem bolmazdy…-diýip jyn sakyndy:-Sen bir bilsediň biziň o taýymyzda nähili tozan basyp giden köneçilleriň oturandygyny…Ýöne, dogrusy, halys bolmasa syýa bilenem-ä bolar-la welin…
Anatoliý jyňkyny çykarman gapdalynda duran kinniwanja spirtli çüýşejikden iňňe çykardy-da barmagyny deşdi. Soňra guw ýelejigini öz ganyna batyryp, blanklara goluny çekdi. Olary täze iňňe hem-de ýelejik bilen bilelikde jyna berdi. Jyn, yhlaslylykdan ýaňa dilini çykaryp ylalaşyga gol çekdi-de, onuň bir nusgasyny bäşburçlugyň üstaşyr oklap goýberdi.
-Iş bitdi,-diýip pikire çümen Anatoliý hümürdäp durşuna öz nusgasyny kisesinde gizledi:-Belki, gol çekişligi ýuwarys?!
-Içemok,-diýip jyn syrtardy:-Saňa-da maslahat beremok. Biler bolsaň, köplenç serhoşluk zerarly bela-betere-de uçraýarlar. Şeýlebir islegleri beýan edýärler welin, edil ýöne, hiý goýaý!...Gidip bilerinmi?
-Näme gidip bileriň ýaly bäşburçlugy bozmak hökman dälmi?
-Indi hökman däl. Ylalaşyk baglaşdyk ahyry. Ýogsa-da, diňle hany, sen munuň ýaly ýokary hilli heki nireden tapdyň-a?! Barmagymyň awusy henizem aýrylanok.
-Ruhanylaryň mekdebinden.
-Häk hilegär diýsäni…-diýip jyn Tolige barmagyny çommaldyp haýbat atdy:-Meniň saňa maslahatym, has takygy ylalaşygymyza dilden goşmaça diýseňem dogry bolar, eger-de meni aldamazlyga söz berseň, onda menem…umuman saňa düşünmeklik bilen gararyn. Ilkibaşda seniň maňlaýyňa ýazylan ömür möhletiň dowamynda saňa degmerin. Hatda nämedir bir zady doly oýlanman isläýen halatyňda-da sözüňde tutjak bolup ýatmaryn. Saňa-da gowy bolar – sebäbi ýagda ýüzýän bal ýaly bolup ýaşarsyň, menem rahat bolaryn. Gepleşdikmi?!
-Sag bol. Ýöne meniň özüm öz başymy çarajak bolarmykam diýýärin.
-Bu islegiňmi?-diýip jyn kikirdedi.
-Belaň sapy bilen mereziň märýegi saňa! Bu ýöne bir owadan söz. Gowusy sen aýtsana, name üçin seniň guýrugyň beýle gysga jotdaryp dur-aý?!
-Sen nä, “gysga-uzyn” diýip baha keseriň ýaly, jynlary köp gördüňmi? Laýyk meň guýrugym!
-Men seniň maňa jogap bermegiňi isläbem bilerin…
-Çagakam kesdiler-how! Boldumy?! Ýykaýdyň-aý halys. Bi mahal uzyn guýruklar modadan gaçdy.
Şondan soň jyn Anatoliýni öýkeli nazar bilen birlaý synlap çykdy-da, barmagy bilen haýbat atyp, gözden gaýyp boldy. Sähel salym geçip-geçmänkä-de howada tüýlek el peýda boldy-da, ýerdäki buterbrody, gatykly çüýşäni alakga, sumat boldy.
Tolik bolsa öňünden taýýarlap goýan esgisini hem-de suwly setilini (bedresini) alyp, bäşburçlugy süpürmäge başlady. Çünki yzyňy tämizlemegiň örän wajyp ähmiýeti bardy. Ýetde-gütde talyp görgüli özüniň gijeki garawulçylygyna eli-aýagy bilen ýapyşyp ýatyrdy.
Ýöne jynly waka munuň bilen gutarmady.
Jyn ilkinji gezek şondan bir aý soň peýda boldy. Şol pille Anatoliý umumy ýaşaýyş jaýynyň eýwanynda aşak seredip durdy. Birdenkä, düzgüne laýyklykda onuň çep egni tarapdan usully üsgürinjireme eşidildi.
-Saňa näme gerek?-diýip Tolik yzyna garaman hüňürdedi.
-Seni garaňky oý-pikirler gemirýärmi? Sen eden işiňe ökünip, indem öz janyňa kast edesiň gelýärmi?-diýip jyn umyt bilen sorady.
Tolik jykyr-jykyr güldi.
-Hä, düşünýän gardaş, düşünýän…-diýip jyn esentanyşlyk bilen Toligiň egninden gujaklady-da, eýwanyň germewinden aşak äňetdi:-Eýjejik näzenin! Seniňki dogry. Ony isleýäňmi?
-Sen adamlaryň kalbyna täsir edip bilmeýärsiň ahyry.
-Ýeri bolanda näme? Ak bägülleriň up-ullakan dessesini alýaň eliňe – ol bägülleriň agyny eý görýär…tüf saňa, neneňsi suwjuklyk diýsene! Soňam täp-täzeje “Bentlini” öňjagazynda keserdip goýýaň welin…
-Men-de ol-a “Bentli” ekeni, welosipedem ýok…
-Bolar! Sen näme-how, müşderi?! Sen müşderimi-how ýa-da entäp ýören sergezdan?! Hä?!
-Bolar,-diýip Tolik ýanýodada duran gyzdan gözüni aýyrman durşuna ylalaşdy:-Ýöne men howlugamok.
-Hawa-hawa! Hany! Bol, islegiňi beýan et. Äht edýän, şu sapar seni islegiň düzüm bölekleriniň näsazlyklarynda tutmaryn! Şeýlelikde, saňa dogsan tokguz sany ak, tikensiz bägülden boglan çemen gerek, ýene-de seniň adyňa resmileşdirilen, gözlegde bolmadyk, hiç hili ýetmezçiligi bolmadyk awtoulag serişdesi gerek…Şeýlemi? Ýene-de näme?!
-Sumat bol,-diýip Tolik emr eden badyna jyn gaharly sojady-da gürüm-jürüm boldy.
Soňky ýyllaram jyn Toligiň gözüniň öňünde yzygiderli peýda bolmagyny bes etmedi.
Ýyllar geçdi…
…Professor, taryhy ylymlaryň doktory, orta asyrlaryň taryhy boýunça köp sanly monografiýalaryň ýazary, öz iş otagynda, aýnanyň öňünde oturyp, ýüze çalynýan dürli reňkler (grim) bilen keşbini bolşundan has garry edýärdi. Çünki ol özüniň elli ýaşyna gelişmeýän uslypsyz şekilde ýaş görünýärdi. Dogrusyny aýdanyňda, keşbini reňk-beýleki bilen üýtgetmese dagy ol bary-ýogy otuz ýaşly ýigit ýaly bolup görünjekdi. Eger-de birmahallar keşbini üýtgediji (plastiki) operasiýasyny dagy etdirmedik bolsa oňa ýigrimi ýaşdan köp ýaş berer ýalam boljak däldi.
-Barybir seniň daş keşbiň şübhe döredýär,-diýip ýeňsesindäki kürsüde duýdansyz emele gelen jyn ýigrenç bilen seslendi.
-Sagdyn iýmitlenmek, ýoga maşklary bilen meşgullanmak, gowy, sagat tohum,-diýip Tolik gep alyp galmady:-Onsoňam hemme kişä mälim, men öz daş keşbime esewan bolýaryn we görk beriji (kosmetika) usullardan giňişleýin peýdalanýaryn.
-Ýene-de elli ýyldan soň nähili saýrarkaň?!
-A men nämälim ýagdaýlarda ýitirim bolaryn,-diýip keşbine iň soňky emeli alamatjygy girizip durşuna Tolik jogap berdi:-Meniň deregime bolsa başga bir ülkede täze, ýaş alym peýda bolar.
-Olam taryhçymy?
-Näme üçin? Kim bilmese-de sen bilýänsiň, göwnüme bolmasa meniň hukuk ylmyna bolan ukybym has artykmaçrak ýaly…
Jyn ýegşerildi. Burnuna salyp eşidiler-eşidilmez hüňürdedi:
-Şo pille hemme zat adaty bir lenji çykan çagyryş ýalydy…Indem gör nähili elhenç pirim bolup çykdy…
Birdenem jyn umytdan püre-pür gözlerini göterdi-de naýynjar samramaga başlady:
-Eşidýäňmi? Sen tutuş Zeminiň hökümdary bolasyň gelmeýärmi? Hä?!
-Islesem, bolaryn,-diýip Tolik göwnübir wada berdi:-Men biler bolsaň…
-…howlugamok…-diýdi-de jyn gürrüňdeşine derek onuň sözüni tamamlady:-Diňlesene sen meni! Iň bolmanda ýekeje islegiňi bir aýt ahyry! Şu öten ýyllaryň içinde birje saparam menden hiç zat islemediň! Iň bolmanda iň kinniwanjasyny! Söz berýän, hiç hili pirimsiz-hilesiz, aýdyşyň ýalyjak berjaý kylaryn!
-Äý ýo,-diýip Tolik aýnadaky öz şekilini synlap durşuna hümürdedi:-Iň gowusy bu pişä baş goşmazlyk…Ýeri bolýar, maňa myhmanlar garaşýar, ikimize hoşlaşmaga wagt ýetdi.
-Sen meni çoçgara çolaşdyrdyň. Aldadyň!-diýip jyn zeýrendi:-Sen şo pille adaty bir ýeňil ýaşaýşyň yşgyna düşen jalataý ýaly bolup görünýärdiň!
-Seniň bu aýdýanlaryňda men diňe “ýeňil” diýen söze basym bermedim,-diýip Tolik jogap gaýtardy:-Maňa senden gerek diňe ýekeje zat bardy – çäklendirilmedik wagt. Galan zada bolsa özüm ýeterin…
Ol gapynyň agzynda sägindi-de adatdakysy ýaly: “sumat bol” diýmek üçin yzyna gaňryldy. Emma bu artykmaç boldy, jynyň özi sumat boldy…

© Sergeý Lukýanenko
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 43 | Добавил: Bagabat | Теги: Sergeý Lukýanenko | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: