09:49
Hoşlaşyk

HOŞLAŞYK

Duşuşyp günleriň täzesi bilen,
Hoşlaşyp günleriň könesi bilen,
Şujagaz ömrümde, gysga ömrümde
Ajy, süýji günleň känisi bilen
Hoşlaşdym. Hoşlaşdym baş Söýgi
bilen -

Ähli sonalaryň seresi bilen.
Sonamy elimden äkiden dünýäň
Kem-kem ýitip giden garasy bilen
Hoşlaşdym. Hoşlaşdym baş Hossar
bilen -

Atamyň jepakeş elleri bilen.
«Eje, çörek!» diýip, ajyndan ölen
Bir eşrepi çagaň dilleri bilen
Hoşlaşdym. Hoşlaşdym şum Uruş
bilen -

Ähli uruşlaryň eýmenji bilen,
Hoşlaşdym balasyn aldyran enäň
Eräp akyp giden göreji bilen...
Hoşlaşan-da bolsam ol ýyllar bilen,
Söýgüler, gözýaşlar, gaýgylar bilen,
Heniz henizlerem her ädimimde
Şol duşuşyp ýörün
Men olar bilen.

Bugdaýreňk, baýdak boý bir sona görsem –
Gözlerinde görüp özümiň sonam,
Özümden idinsiz sakga sagynyp
Hem ýuregim gysýar, hemem buýsanýan.

Giň maňlaý, çal sakgal bir ata görsem –
Öz atam, öz kyblam düşüp ýadyma,
Her sapar goşup dur hasrat notasyn
Her täze setirme, täze aýdymma.

Ak gyňaç, ak saçly bir ene görsem –
Dört ýyl aglap, gözün ereden ene
Oglunyň suratyn bagryna basyp,
Ak saçlaryn ýaýyp, bozlap dur ýene.
Mele saçagmyzdan her säher, her şam
Mele-myssyk nany sogran badyma,
Ajyndan ölenje şol çagaň eli
Ösgünje dyrnagyn sünçýär buduma.

Ýuwdup bilmän çeýnäp duran nanymy,
Böwrüm diňşirgenip, seredýän aşak.
Duşuşyk köp bu dünýäniň ýüzünde,
Hoşlaşyk ýok...

Kerim GURBANNEPESOW.

Категория: Goşgular | Просмотров: 30 | Добавил: Gurban_aga | Теги: Kerim Gurbannepesow | Рейтинг: 5.0/1

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: