19:13
Hoş gal...

HOŞ GAL.. 

Hoş gal, ters täleýim, durma duwlanyp,
Hoş gal, ýeriň dört künjüni sermänim.
Hoş gal dünýäň gap biline towlanyp,
Ýere-göge ýerleşmedik armanym.

Bu başy sämedip, gaýyşyp arkan,
Hoş gal, ýaşyl düzüm, porhan bolanym.
Çaga wagtym sallançakda ýatyrkam,
Ýassygmyň teýinde Kuran bolanym.

Hoş gal, biweç söýgüm, giç gelen güýzüm,
Men giderin galar sende yhlasym.
Nazaryňdan awunaryn ezizim,
Damagyny çalan günüm yhlasyň.

Hoş gal garyp şemal, hünübirýanym,
Ediber saparyň Zeminde dowam.
Özümem bilemok nirä barýanym.
Hoş gal, gözi ýollaryma bendiwan.

Şähribossan Geldimämmedowa.

Категория: Goşgular | Просмотров: 28 | Добавил: Gurban_aga | Теги: Şähribossan Geldimämmedowa | Рейтинг: 5.0/2

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 1
0
1  
Oran onat

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: