08:08
Hojaldat galasy

HOJALDAT GALASY

Gazuw-agtaryş işleriniñ barşynda bu ýadygärlikler barada düýpli maglumatlar toplandy we olaryñ peýda bolan döwri, kimler tarapyndan gurlandygy we haýsy maksatlara hyzmat edendigi anyklanyldy. Shol taryhy ýadygärliklerden üçüsi - Nusaý, Merw we Köneürgenjiñ ýadygärlikler toplumlary ÝUNESKO -nyñ Bütindünýä medeni mirasynyñ abraýly sanawyna girizildi. Shonuñ ýaly-da, häzirki wagtda düýpli öwrenilýän we geljekde öwrenilmeli ululy-kiçili taryhy ýadygärlikler hem az däl. Ol ýadygärlikleriñ köpüsi Beýik Ýüpek ýolunyñ ugrunda ýerleşip, belli bir döwürde söwdanyñ we beýleki gatnaşyklaryñ gülläp ösmegine ýardam eden oturymly ilatly ýerler, şäherler bolupdyr.
Şol ýadygärlikleriñ biri hem Lebap welaýatynyñ çäginde ýerleşýän we Beýik Ýüpek ýolunyñ ugrunda belli bir döwürlerde oturymly ilatyñ ýaşan ýeri bolan Hojaldat galasydyr. Gadymy galalaryñ biri bolan bu taryhy ýadygärlik Garabekewülden demirgazyk-günbatar tarapda ýerleşýär.
Hojaldat galasy barada ençeme rowaýatlar bar. Olaryñ birinde şeýle diýilýär: araplar gelmezinden ozal galada gazaply hem-de zalym şa Zarkun ýaşapdyr we oña Amyderýanyñ kenarýakalarynyñ ählisi garaşly bolupdyr. Patyşadan raýatlaryñ köpüsi nägile bolupdyr. Bu ýagdaýdan hem araplar peýdalanypdyrlar. Olar gala öz adamlaryny iberýärler we patyşadan nägile adamlara daýanyp, gala kürsäp girýärler. Patyşa Zarkuny ele salýarlar we oña jeza berilýär. Hojaldat atly adam gala hökümdar bellenipdir. Şol adamyñ adyndan hem galanyñ ady emele gelipdir.
Uly ölçegdäki çig kerpiçden we pagsadan galdyrylan bu harabalygyñ alty gektardan gowrak meýdany bar. Görnüşi boýunça ol inedördülligi ýada salýar. Hojaldat galanyñ daş-töweregi antik döwürlerinde gurlan gorag diwarlarynyñ belli bir derejede oñar saklanyp galan bölegi bilen gurşalyp alnypdyr. Ol diwarlar daşary çykyp duran diñler bilen güýçlendirilipdir. Arab saklanyp galan ýerlerdäki diwarlaryñ belentligi 12 metre ýetýär.
Günorta-günbatar çüñkde kuwwatly binýatda kiçiräk gala ýerleşýär. Onuñ golaýynda, günorta-günbatar diwarda ozalky derwezeleriñ ornunda uly oý ýerleşýär. Galanyñ töwereginde bolsa käl bar. Ol gadymy çukura ýa-da gurlup, tamamlanmadyk meýdana çalym edýär. Ol galany şäheriñ beýleki gurluşlaryndan bölüp aýyrýar.
Hoja ldat gala uzak döwürleriñ dowamynda ýaşalyp gelnen köp gatlakly ýadygärlikdir. Shäher diwarlarynyñ käbir ýerlerinde hem-de galanyñ gopan gyralarynda bir tarapy tagmaly iri inedördül çig kerpiçden örülen ýerleriñ galyndylary ýüz çykaryldy. Bu deliller antik döwre degişli keramikanyñ we haýsydyr bir ýerli zenan Hudaýyñ ajaýyp heýkeljiginiñ käbir galyndylaryñ dapyndylary bilen bilelikde, bu ýerde irki döwürlerde şäheriñ bolandygyny subut edýär. Ýöze çykarylan tapyndylaryñ arasynda irki orta asyr döwrüniñ keramikasy hem bar. Şäherçäniñ üst garlagy X - XII asyrlara degişlidir. Tapyndylaryñ arasynda şol döwrüñ basma we syrçalanan keramikasy hem bar.
Mongol çozuşlaryndan soñ şäherçe ençeme asyrlap boşap galypdyr we kem-kemden ýumrulyp, belent depä öwrülipdir. Shäheriñ harabalyklary XVII - XIX asyrlarda ärsary türkmenleri tarapyndan öz galalaryny galdyrmak üçin ulanylypdyr. Gadymy diwarlaryñ ýumrulan ýerlerinde özboluşly binýadyñ üstünde pagsadan täze diwarlar galdyrylypdyr. Olar biziñ günlerimize çenli oñat saklanyp galypdyr we giçki orta asyr döwrüniñ türkmenleriniñ berkitme galdyrmak sungatyny öwrenmekde gyzykly maglumatlary berýär.
Häzirki wagtda bu ýadygärlik döwlet tarapyndan goralyp, ýerli we başga ýerli jahankeşdeleriñ höwes bilen görmäge gelýän ýerleriniñ birine öwrüldi.

Paşaguly Garaýew
TYA-nyñ Taryh inistitutynyñ uly ylmy işgäri.

Категория: Taryhy ýerler | Просмотров: 148 | Добавил: Has | Теги: Paşaguly Garaýew | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: