17:48
Hindistanyñ türkmen soltany: RAZIÝA

HINDISTANYÑ TÜRKMEN SOLTANY RAZIÝA

Häzirki zaman Hindistanyny esaslandyryjy Mahatma Gandi öz eserinde: “Hindistan bir enedır. Onuñ iki çagasy bardyr. Olaryň biri türkler (türkmenler) beýlekisi bolsa hindilerdir” - diýip ýazýar. Türkmenler Hindistanyň durmuşynyň dürli ulgamynyň ösüşine özüniň ep-esli goşandyny goşan halkdyr. Hindi topragynda ösüp, ulalyp, dünýä belli döwlet dolandyryjylaryň hataryna goşulan Raziýa soltan ýaly är gaýratly türkmen zenanlar, beýleki serkerdeler ägirt uly miweli daragtlar hökmünde taryhyň bütin dowamynda ýaşap gelýärler. Hindi topragynda türkmen zenany Raziýa soltandan 700 ýyldan soň, döwlet ýolbaşçysy bolmak Jawaharlal Nerunyň gyzy Indira Ganda nesip etdi. Şonuň üçin hindiler Raziýa soltanyň taryhda bitiren hyzmatyna biçak gadyr goýýarlar.
Serkerde hem soltan zenan barada taryhy maglumatlar, edebi eserler şol döwürde we soňraky ýaşap geçen taryhçylar, edebiýatçylar tarapyndan ýazylandyr. Olar Minhaj Sirajyň „Tabakat-i Nasiri“, Ibn Batuttanyň „Syýahat“, Nyzamuddin Ahmediň „Tabakat-i Akbari“, Нikmet Ваyuryň „Hindi taryhy”, Bahriýe Üçokuň „Musulman döwletleriň hökümdar zenanlary“, Jamila Brijbhuşanyň „Sultan Raziya” atly taryhy eserleriň arasynda ýer alandyr. 
Saýrak dilleriň senasy, ulus-illeriň penakäri bolan serkerde zenan 1205-nji ýylyň oktýabr aýynyň 13-inde   Delide eneden dogulýar. Gyzynyň doglanyna begenip, onuň kakasy Deli soltanlygynyň üçünji hökümdary Iltutmuş il-gününi üýşürip uly toý berýär. İltutmuş ilkinji gyz perzendiniň bolanyna, begenip, onuň adyna türkmen serkerdesi, dogan okaşany Jelaleddin Meňburnuň hormatyna, Jelalleddin Raziýa-al-uddin diýip at dakýar.
Raziýa çagalykdan Firuzi köşgünde birnäçe enekeleriň elinde terbiýelenýär. Taryhy maglumatlara görä, 1226-njy ýylda Iltutmuş Delide öz maşgalasy üçin serhowuz, onuň ortasynda bolsa, biçak owadan hem akylly gyzy Raziýanyň hormatyna ak mermerden “Raziýa taht” atly tagty gurdurýar. Şeýle hem Raziýa 13 ýaşyna ýetýänçä onuň bilimine özi gözegçilik edýär. Taryhy maglumatlardan  mälim bolşy ýaly, Raziýanyň pederi Şemsuddin Iltutmuş Deli soltanlygynyň  üçünji hökümdarydyr. Delidäki  türkmen  soltanlygyny 55 ýyllap dolandyran, Şemsiler  nesilşalygyny esaslandyryjy, asly Türküstanda ýaşan türkmenlerdendir.  
Ylym ýüki ýetik türkmen gyzy ýaşlykdan şygryýet, söweş tärleri, ata-babalarynyň döwlet dolandyryş syýasaty bilen içgin gyzyklanýar. Ol türki, parsy, dilleri, saz çalmagy öwrenýär. Köp ylymlardan kämillige ýetýär. Ýöne Raziýa şolaryň içinde harby sungata, şygryýete aýratyn ähmiýet berýär. Taryhçy Ferişdäniň ýazmagyna görä, Raziýa Gurhany labyzly okamagy başarypdyr, sowatly zenan bolupdyr. 
Arap syýahatçysy İbn Battuta „Raziya ýay dakynyp söweş meýdanyna çykanda  erkek ýaly ata müner we yüzüni örtmezdi“ - diýip ýazýar. Jüzjany bolsa: „Onun pile münmesi ata atlanmasyndan hiç bir peslär ýaly däl” - diýýär.  Ol 16 ýaşyna çenli köşkde tälim alýar we akylly, dana gyz bolup ýetişýär. Soltanlygyň saýlama leşgerbaşylary, çaparmanlar, atarmanlar akyl-paýhasly, edep-ekrama baý, juda görk-görmekli gyz bolup ýetişen Raziýa begime harby tilsimiň inçe tärlerini, ýaý atmagy, at münmegi öwredýärler. Raziýa öz pederi bilen harby ýörişleriň birnäçesine gatnaşypdyr. 
Maglumatlara görä, Raziýa öz tarapdarlarynyň goldamagynda 1236-njy ýylda 31 ýaşynyň içinde 12 sany erkek doganlaryndan saýlanyp, çäkleri 2500x1500 inedördül kilometre uzap gidýän ägirt uly döwleti dolandyrmak üçin tagta çykýar. Şalyk täjini geýmek dabarasyndan soň, ol tagta geçip, öňüne kesgir gylyjyny alyp, dabaraly kasam kabul edýär. Taryhçy Menhaj bu barada: „Raziýa tagta çykan pursatyndan başlap, ähli döwlet işleri öňküsi ýaly ýerbe-ýer dolandyrylyp başlandy“ - diýip ýazýar. 
Deli soltanlygynyň buýsanjy türkmen şa zenany döwlet işlerine täzeden jan bermekde, öz halkynyň maksadyny bir ýere jemlemekde biçak uly işleri alyp barypdyr. 
Ýurdy dolandyryp başlan ilkinji ýylynda Raziya soltanyň adyna Juma namazynda hutba okalýar. Musulman dünýäsiniň halyfy Ymam al Mustansir tarapyndan Raziýa Deli soltany hökmünde ykrar edilipdir. Raziýa soltanyň adyna pul zikgelenip, oňa “Ymadatün-Niswan Melike-ýi-zaman Sultan Raziye binti Şemseddîn İltutmuş” („Zenanlaryň daýanjy, döwürleriň hökümdary, Şemsuddin Iltutmuşyň gyzy Raziýa soltan“ diylip yazylypdyr. 
Raziýa soltan ýurduň çägini giňeldip, duşmanlary ýeňmekde, olardan üstün çykmakda köp wagtlar we uzyn mütdetler aladalanýar. Soltanlygyň baýdagy gün-günden beýiklige we ykbalyň çür depesine çenli göterilip parlaýar. 
Deli soltanlygynyň taryhy barada ”Tabakat-i Nasiri” atly  eseri ýazan Minhaj Seraj türkmen zenany Raziýa barada: “Ol beýik hökümdardy, akyllydy, jomartdy, adalatlydy,  soltanlygynyň rehim-şepagat edijisidi, öz golastyndakylara rehimdardy” - diýen ýaly ýazgylary galdyrypdyr.  Siraj bu eserinde we Raziýa soltanyň wepatyndan 20 ýyl geçenden soň, Şemsiler nesilşalygynyň dargap başlandygyny ýazýar. Türk zenan alymy, professor  Bahriýe Üçok „Musulman döwletleriň hökümdar zenanlary“ atly eserinde şeýle belläpdir: “Raziýa hanym musulman dünýäsindäki  zenan  hökümdarlarynyň arasynda  tagty  ýörite miras boýunça wesýet edilen soň,  eýelän ýeke-täk zenandyr. Raziýa hanymda  hökümdara mahsus  ähli häsiýetler  jemlenipdir”.

■ Türkmen derwezesi we mukaddes mazar

Delide meşhur Türkmen derwezesini penalap, öz döwründe edermenligiň, gaýratlylygyň nyşanyna öwrülen türkmen zenanynyň mazary ýatyr. Asyrlaryň tümlüklerinden çykyp, paýhas nurun saçyp duran bu ägirt zenanyň şuglasyny heňňamlar öçürip bilmändir.  Hindi topragyny düýnäp ýatan şol mazar at-abaraýy diýarynyň daşyna, Maşrykdan Magryba dolan, Deli soltanlygynyň bäşinji hökümdary Raziýa soltanyňky, onuň ýanyndaky bolsa dogany Şaziýa begimiňki hasaplanylýar. Külli hindi halkynyň mukaddes hem zyýaratgähi bolan bu ýere her gün müňlerçe adam yklymyň dürli ýerlerinden seždä gelýär.  Olaryň arasynda ýedi yklyma ýaýran türkmen watandaşlarymyzam bar.  
Şöhratly we merdana türkmen zenany bary-ýogy 35 ýaşynda juwan çagynda soltanlygy 4 ýyl dolandyryp dünýäden ötýär. Özüni “Bütin hind ülkesiniň soltany” - diýip ykrar etdiren Raziýa eline zürýat alyp, ony bagryna basyp, söýmäge ýetişmedi. Ol ýurdunyň asudalygy, halkynyň bagtyýarlygy ugrunda erkekler bilen egin-egne berip, jeňe girdi, darkaş gurdy. Ol taryhda  türki we yslam dünýäsinde öz pederi tarapyndan mirasdüşer hökmünde taýýarlanylan, ýurdy dolandyrmaga makul bilnen hökümdar şa zenanydyr. Hindi topragyny düýnäp ýatan ol beýik soltan zenanlaryň bolsa, tirseklerine daýanyp, ata Watanyň geljegine umytly bakyp, rahat ýatandyklaryna hiç hili şek-şübhe ýokdur. Çünki türkmeniň şöhratly taryhy-geçmişindäki Raziýa sultan ýaly beýik şasyýetler buýsançly zamanamyzyň nusgalyk gahrymanlarydyr. 

■ Şahyr zenanyň edebi ýadygärlikleri

Adyllygyň daýanjy, Deli soltanlygynyň synmaz sütüni, raýatlaryň penakäri we howandary boldy. Şol galagoply wakalaryň, tükeniksiz jeňleriň içinde göreşip, ol öz ýanynda ylahy duýga orun bermegi hem başarypdyr. Ol hem şygyr.  Onuň özünden soňky nesle miras goýup giden, pars dilinde ýazan „Şirin-i Dehlewi“ ýa-da „Şirin Guri“ atly edebi eseri bar. 

Baýramgeldi ÇARYÝEW.

Категория: Zenan şahsyýetler | Просмотров: 51 | Добавил: Has | Теги: Baýramgeldi Çaryýew | Рейтинг: 3.0/1

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 1
0
1  
Gyzykly maglumat

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: