06:36
Hemra Bäşimow we goşgulary

Hemra BÄŞIMOW / GOŞGULAR

■ Hemra Bäşimow barada

Ýaş şahyr Hemra Bäşimow 1995-nji ýylyñ 9-njy sentýabrynda gadymy Horezm topragynda, ýurdumyzyñ Daşoguz welaýatynyñ Köneürgenç etrabynyñ Derýalyk obasynda eneden dogulýar. Ol 2002-nji ÿylyñ senýabr aÿynda Köneürgenç etrabynyñ 18-nji orta mekdebinde okap başlaýar we 7-nji klasy tamamlandan soñra okuwyny Daşoguz şäheriniñ Alp Arslan adyndaky 2-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebinde dowam etdirýär. 2012-nji ÿylda harby mekdebi üstünlikli tamamlaýar we Türkmenistanyñ Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutyna okuwa kabul edilýär. 2017-nji ÿylda Harby instituty tapawutlanan bahalar bilen tamamlan Hemra Bäşimow harby işiniñ daşyndan çeper döredijilik bilenem içgin gyzyklanýar. Ýazýan liriki oýlanmalary we goşgulary bilen ýaş şahyrlaryñ arasynda özüni tanadyp ýetişen Hemranyñ döredijiligi, onuñ gelejegine bil baglap boljak zehinleriñ biridigine güwä geçýär.

◆   ◆   ◆

H.Bäşimowyñ goşgularyndan:

■ "Küýseýän..."

Käwagtlar tümlik basýar dünýämi,
Ýene seniň gözleriňi küýseýän.
Gaýgy-gussalarda galsada başym,
Ýene seniň sözleriňi küýseýän!

Gam-gussalar gurşasada daşymy,
Hiç wagt egmedim belent başymy.
Yzgider gelse-de, durmuş synagy,
Ýene seniň duýgularyňy küýseýän!

Aýralykdan ýadap ýeke otursam,
Şonda-da, ezizim seni küýsedim!
Duýgularym syrdaş bolanda maňa,
Şol pursat, seniň mähriňi küýsedim!

Küýsedim, küýsetdiň gara gözleri,
Maňa niýetlenen söýgi sözleri...
Bolmasamda şahyr, ýönekeý adam,
Wasp etmek isledim, sen hakda biraz!

◆   ◆   ◆

■ Ahwal...

Kän gezdim ugruňda söýgülim seniň,
Jiger-bagrym ýakdyň, gyýyldy göwün,
Ýadymdan çykanok, sözleriň seniň,
Kän ynjytdyň meni, gurupsyň oýun...

Sen gitdiň...
​Dünýämiň mazasyn alyp,
Meni aýralygyň düýbine salyp,
Seniň durmuşyňdan bolup men gaýyp,
Köýdürdiň ugruňda, etmediň haýyp...

Gitjekmi dünýämden ebedi gitgin,
Aldawa salyp sen, söýgi döretdiň,
Ýazym-ýaz bolmady, uçgunym sönen,
Hemme ýatlamamda, diňe seň özüň...
(Doňan ýüregimde, galdy nazaryň)

Söýgi neneň oýun!
​​​​Adalatsyz hem,
Başym çykmady-la, boldum men boýun,
Öz toruny saldy, egdi-le boýnum,
Tutuş dünýäm boşluk boldy soňundan...

◆  ◆  ◆

Iňrik garalypdyr, asman ýüzünde,
Aý nuruny saçýar, ýeriň ýüzüne,
Daş-töwerek rahat, mylaýymlyk hem,
Emma ynjy bardy ýaş ýüregimde...

Ýüregim çalt-çaltdan urgusyn edip,
Barýaryn ýol bilen, ýodalar söküp,
Ýollar duşurdy maňa uly bagt,
Hem beripdi serpaý, altyndan tagt...

Gapdalymda bagt etse-de, höküm,
Durmuşymda ilki söýgüm duýulýar,
Ýaş ýüregim ynjap, edýärdi möhüm,
Ýatlasam gaýgylam, üstümden basýar...

Hemişe, her demde seni ýatladym,
Sen gidensoň özgä bagtym bagladym,
Söýmedim...
​Söýdürdim özüm aldadym,
Käte ýalňyzlykda, seni ýatladym...

◆   ◆   ◆

■ Hyýallarym...

Söýgi ummanynda, gaýgym kürekläp,
Barýaryn men, ýene seni höwesläp,
Menzile ýetemde, meni garşylap,
Dolanarmyň maňa ýene söýenim?!

Ömür kerweninde,ýaşymy ýaşap,
Barýaryn men!
Ýene seni taryplap,
Söz berip soňunda gidipdiň taşlap,
Söýgüm har edeniň bilermiň ýarym?!

Asman atly giňişlige seredip,
Barýaryn men!
Ýene seni arzuwlap,
Şol arzuwlaň, ganatyna bagt baglap,
Ýene meňki bolarmyň sen söýenim?!

Seň dünýäňden giderin men!
​​​​Bagyşlap,
Ýazgy ýazaryn men!
​​​​Saňa bagyşap,
Iň soňunda görsem bolýar bagtyňy,
Gepe gidip guran altyn tagtyňy...

◆   ◆   ◆

Hyýallarym ýene geldi serime,
Ýene sen hakyňda ýazasym geldi!
Oýlandym, ölçerdim, başym çykmady,
Hem gynanýan ýene bolup ýörşüme...

Ýadyňdamy maňa beren sözleriň,
Söýgi bilen bakan, gara gözleriň,
“Söýýän seni” diýip, berdiň gollaryň,
Har etdiň soňunda ilki söýgümi...

Arada aýlandym, dogduk ýerime,
Gezim etdim, hem dagyna-düzüne,
Hem hyýalda dolandym men söýgüme,
Ýene sen hyýala geldiň söýenim...

Agşamymda, gündizimde sen bolduň,
Ýazsam goşgy, her setirimde durduň,
Gaýgyda, hasratda niçeler gezdim...
Duýmadyň, bilmediň, eglendim durdum...

Категория: Goşgular | Просмотров: 46 | Добавил: Has | Теги: Hemra Bäşimow | Рейтинг: 4.0/4

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 4
0
1  
Bu goşgularyň-a hili pes meň pikirimçe.

0
2  
Мена.душунмедим

0
3  
Гошга.дал.шона.билйан

0
4  
Oýlanmalary gowy ýazypdyr.

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: