16:32
Haýyş

HAÝYŞ

Gödekler köňülde galdyrsa yzyn
ÝA ýakynyň bilen daşlaşsa ara.
Söý, sen goç ogluňy,
Söý, söwer gyzyň,
Kalbyňdaky ähli söýgiň oýara.

Ýürekden söý,
seniň mähriňden çeňläp,
Bagtdan ýaňa balkyldasyn dideler.
Olaryň kalbynda şer ýerleşere
Galmasyn söýgüden mandy galan ýer.

ÝA özüňe ynam azalsa sende,
Perzentleriň ata mährinden gandyr.
Çagalar söýgüden püre-pürlense,
Ukuda-da ýylgyrypjyk ýatýandyr.

ÝA ýadasaň, kelläň Ýer şary kimin
Götertmese, agyr bolsa çakyňdan.
Garagoljaň müner weli boýnuňa,
Nyşan galmaz seniň ähli ýükünden.

ÝA durmuşdan halys sowasa eliň,
ÝA ýigrenjiň seni doňduran çagy
Eredip goýberer, ogluň deminden
Ýüzüňe çaýylan ýyljajyk bugy.

Söý jigerbentleriň,
olar düýşünde
Bagtly çagy ene-atasyn görýär.
Her pille çagalar söýgiňi saňa
Güýç-gaýrata öwrüp gaýtaryp berýär.

■ ÖMÜR

Meniň gözellere ähdi-wepam ýok,
Ony birçak bir gyz juwana berdim.
Özgäni ýyladýar kalbymdaky ot,
Ony, dostlar, eli sowana berdim.

Durmuşym, maňlaýma etdigim togap,
Harazdan geçirdi un kibi üwäp.
Men bir sorag hem-de gözlenýän jogap
Aýym-günüm soňsuz sowala berdim.

Ýalňyşdym men özge yza düşüp kä,
Kä gözüm aldyryp ýiti yşykla.
Akyl paýhasymy berip üşüklä,
Syrym yzdan gelýän dowama berdim.

Söýüp-söýülmeli ýaşlyk gijesin,
Alynmadyk posalaryň näçesin,
Kalba goýup ömrüň ähli ajysyn
Süýjüsin suhangöý zybana berdim.

Meniň bar derejäm,
şöhradym-şanym,
Gursagymda kemal tapan ynsabym.
Şükür, girip ykbalyna ynsanyň
Ömrümi ýollara rowana berdim.

* * *

Dostlar, meslekdeşler, bu niçik ykbal?
Nirde siz boş goýup ala meýdany?
Meniň ýüregimi jaň kimin kakýar
Damara sygmaýan türkmeniň gany.

Rentgen kimin serederdik durmuşa,
Ýokdy bizde galplyk bilen barlyşyk.
Göwreler okguna dönüp durşuna
Ölmägede taýýardyk biz garpyşyp.

Herimiz şu ülkäň ýüregi bolup
Işlemek, göreşmek matlabmyz bardy.
Onuň ol künçdäki yzasy gelip
Biziň ýüregmizde sorkuldaýardy.

Gör, bizi nireden çykardy ykbal?
Hiç bolman azajyk ulaljak bolup,
Hatda garşydaşlaň raýyny ýykman,
Hatda dostlar bilen arany bozup.

Gitdik biz, ýitdik biz iliň içinde
Ymtylyp şöhrada,
Ymsynyp beýge.
Ýöne özüňi däl,
öz topragyňy
Götermän göterlip bolarmy heý-de.
Durmuş ajap.
Ýaşap doýup bolanok.
Onuň haýry ersip,
Ýan berýär şeri.
Şükür, Dantesiň-ä pistoleti ýok
Hem awy däl,
Arak berýär Salýeri.

Dostlar, aýdyň, saýlap haýsy ykbaly,
Özüňizden geçip niräk gitdiňiz?
Tomsuna guraýan derýalar ýaly
Tüýs zerur wagtynda gurap gitdiňiz...

Nobatguly REJEBOW.

Категория: Goşgular | Просмотров: 62 | Добавил: Gülzyýada | Теги: Nobatguly Rejebow | Рейтинг: 5.0/3

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 3
1
1  
Gowy goşgular.

1
2  
respect

1
3  
Ýürekden çykan söz ýürege barýar. Ajaýyp goşgulary bar şahyryň. Sag boluň ,Gülzyýada.

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: