02:43
Has Türkmene
HAS TÜRKMENE

"Kyýamat eşekleri..."
Has Türkmen.

Goý diyibersinler.
Näme diýseler,
Goý atsynlar!
Myjabaty, tõhmeti...
Sõýjek adam kem-kõstüñe seretmez
Oña õzgeleriñ ýok  ähmiýeti.
Gybatçylañ hyşy-wyşysy owarram
Õzleri-de jähennemiñ teýine
Sürgün edilsinler!
Gitsinler güme!
Kyýamatda eşek gerek däl saña
Ol ýerde kÖLgesem düşmesin şeriñ
Ýalkanyp, jennediñ alyp açaryn
Byrag münüp uçmah içre düşgüniñ
Hakyñ dosty, ýagşyzadañ hüllesin
Atynyp behişdi tagta geçginiñ.
Eserleriñ - bakylygyñ, dowamyñ
Ýüze sylynmaly bagtyñ bar seniñ
Gursagyñda nur-imanyñ, sogabyñ
Ynsap atly altyn tagtyñ bar seniñ.
Köwejekläp, gep süýndürip durañok
Halamasañ gizläp durma:n jogabyn
Gõnümel häsýetiñ, nagtyñ bar seniñ.
Damaryñda ganyñ, jigerde janyñ
Mizemez yhlasyñ Watan duýgusy
Geçmişine sarpañ atalarmyzyñ
Gursagyña siñen Hakyñ söýgüsi.
Oguz handan gelýän Türkmen aganyñ
Ýerde Ene, Arşda Alla uýdugy
Siñipdir ruhuña, jan bilen giren
Şibli babañ demi bilen ýandyran
dagynyñ başynda ganatyn geren
Batyr bürgüdi!
Pyragynyñ paýhasyndan gandyran
Topragynyñ tozun jany deý söýen
Turan daglarynyñ ýanbermez gurdy..
Süññi halal halkyñ tälimin alan
Gõrelde edinip Togrul deý merdi,
Çeke-çeke keç ykbalyñ keşgini
Şu günlere ýetdiñ dik tutup başyñ,
Şygyr şalygynda gurup kõşgüñi
Dost-duşmanlar gurşap alanda daşyñ
hilebazlar bozup sypat keşbini
Rakyp sõzi ok deý dilende dõşüñ
Gymmat janyñ gara şaýa satanda,
Bilginiñ, biz saña galkan bolarys.
Göribiñ dilinden zäher akanda
Darygaýma (biparhlygyñ bilýäsem)
Hoş sözlermiz bilen melhem bolarys.
A sen belent tutup mertebe tuguñ
Şygryýetiñ nurun tutup şähriñe,
Setirlerñi anbar bilen bezegin.
Goý näme diýseler,
diýibersinler
Kyýamatda eşek gerek däl saña
Iki dünýäñ gõzelligni bersinler
Hak dost bolsun, ýagşyzada ýaranyñ
Iki jahan Serweri-Nurmuhammet
Magşar güni Nurdan ýol bersin saña!

Gurbanbagt HAJYMÄMMEDOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 46 | Добавил: Şahymerdan | Теги: Gurbanbagt Hajymämmedowa | Рейтинг: 4.0/2

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 3
0
1  
Şõhle gaty gowy ýazypsyn gosgyny...

0
2  
Ýüregi sarsdyryjy unudylmajak duýgyly sõzleriñ tolgundyrdy. ynam ygrar, hormat bilen ýazylan ýürek owazy.

0
3  
Eli gürzüli, gylyçly goşgy eken. smile

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: