18:44
Has Türkmene

HAS TÜRKMENE

Goýazy setirleñ serimde aýlap,
Gezdim ýördüm manysyny seljerip.
Ol setirler ylham berdi käte-de,
Ylhamyma, sönüp giden küljerip.

Türkmeniñ has çuñlugyny gulaçlap,
Men we menleñ ylhamyny köreden.
Döwrümiñ edebi-ýadynyñ täze,
Ýollarynda täze ýoda döreden.

Ýollaryñ ak bolsun, ýoldaşyñam Hak,
Kämilligiñ soñsuz ýodalarynda.
Ýaşa ýüz ýyllaryñ jümmüşin yzlap,
Şygra teşneleriñ didelerinde.

Şygra teşneleriñ didelerinde,
Gözýaş bol, ýürekleñ daşyn eredýän.
Kagyz gatynda däl, ynsan añynyñ,
Şahyr bol, içinde baky ýer edýän.

Gyzylgül ANNAGYLYJOWA.

Категория: Goşgular | Просмотров: 82 | Добавил: Gumlygelin | Теги: Gyzylgül Annagylyjowa | Рейтинг: 4.7/6

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 16
1
1  
Yasynyz uzyn omruniz manyly bolsun Has aga. Doglan guniniz bilen tuys yuregimden gutlayan. Size bagtly we manyly omur arzuw edyan. Galamynyz hic kutelmesin.

1
2  
Gumlygelneje, minnetdar!

-1
3  
Doglan günüň gutly bolsun, Has Türkmen! Durmuşda we döredijilikde, hemişe "haas" bolup, türkmenleriň içinde tapawutlanyp, ýaşa! Goý, hemişe "Abraý" atly ak atyň gadamy batly bolsun! Janyň sag, ömrüň uzak, görjegiň gowluk bolsun! 
Mylaýym

Özü girip bilenok saýda şu gutlag size Has Mylaýym haýyst etdi!

-2
4  
Wagt gaty gysga,manyly durmuşyň uzyn bolsun.Her bir täze ýaşyňy şatlyga,söýgä uçyp ýetmegiňi,bu durmuşy 
bagt,abraý basgançaklarynda manyly ýaşamagyňy isleýän,Görjegiň diňe gowulyk bolsun,ýüregiň begençden elmydama hanasyndan çykaýjak ýaly ursyn...Galamyň ujy elmydama ötgür bolsun. Allaň beren ömrüni ahmyrly däl-de,sylag hormatly,abraýly,Uzak begençli ýaşa Has

0
5  
@Has,minnetdarlyk hökman däl.Goşgularñyza teşneleriñ bardygyny bilip irmän-arman ýazsañyz ýeter.

0
6  
@Gülzyýada,Mylaýymyñ özi näme üçin girip bilmeýärkä?

0
7  
Irmän yadaman yaz diyyañmi, yalta damarymyñ tutyandygyny bilyañiz oydyan biggrin

0
8  
Ahmal...

0
9  
Bolyanam eken-a dry

0
10  
Doglan güni eliňe telefonyňy alyp gutlamak birhilirägem bolsada ( Doglan güni eliňe başgarak zat alyp gutlasaň has gelşikli bolmagam mümkin tongue ) gutlaglarymy kabul ediň! Ýaşyňyz uzyn, görjegiňiz gowylyk bolsun! Ýeňil bolmadyk işleriňizde rowaçlyk, döredijiligiňizde üstünlik ýaranyňyz bolsun! smile

0
11  
Узак яша. Ёкарда айдылан гутлаглара менем гошулян.

0
12  
holiday

0
13  
Menem öz gezegimde sizi doglan güniñiz bilen gutlaýan.Uzak ýaşañ!

0
14  
Ellernize, ýüregnize saglyk, Gumlygelin, ajap gosgy bolupdyr, ömrüniz bolsun

0
15  
@Medinilla,sizem sag boluñ.

1
16  
Täze ýaş gutly bolsun, agam! Uzak ýyllar maşgalaňyzyň bitewiligine, çagalaryňyzyň bagtyna guwanyp, saglykda ýaşamak nesip etsin! Döredijiligiňizde hem arzuwly sepgitleri arzuw edýän!

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: