20:11
Halkyñ milli mirasy, egsilmez guwanjy

HALKYÑ MILLI MIRASY, EGSILMEZ GUWANJY
    
Uzak geljegi nazarlaýan parasatly syýasatyň netijesinde, ýurdumyzyň milli syýahatçylyk ulgamy täze ösüşlere eýe boldy. Bu ulgamyň kanunçylyk binýady kämilleşdirildi. «Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerini goramak hakynda», «Muzeýler we muzeý işi hakynda», «Medeniýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary bu aýdylanlara aýdyň şaýatlyk edýär. Umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasyna bahasyna ýetip bolmajak goşant goşan gadymy Merwiň, Nusaýyň, Köneürgenjiň arheologik ýadygärlikler toplumlary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.
Ýurdumyzyň geografik taýdan amatly ýerleşişi, ynsan saglygyny dikeltmek we dynç almak üçin ýakymly howa şertleri, tebigy baýlyklary: melhem suwlary, bejeriş palçyklary, dermanlyk ösümlikleri we beýlekiler ajaýyp taryhy-binagärlik ýadygärlikleri, köp sanly täsin tebigy gözellikleri syýahatçylarda we jahankeşdelerde içgin gyzyklanma döredýär. Türkmenistanda syýahatçylygyň ähli görnüşlerini: bilesigelijilik, işjeň, zyýarat, sport, ekstremal, ekologiýa syýahatçylygyny ösdürmäge giň mümkinçilikler bardyr. Ýurdumyzyň tebigy-syýahatçylyk, taryhy-medeni mümkinçilikleri, baý milli däpler we olaryň özboluşlylygy Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagynyň ösüşiniň möhüm ugurlarydyr. Şeýle baý taryhy ýadygärlikleri özünde jemleýän sebitleriň biri hem gadymy Köneürgençdir.
Şäher-kentleriň, metjit-medreseleriň, kerwensaraýlaryň, köşkleriň, kümmetleriň, dürli-dürli ymaratlaryň we desgalaryň galyndylary biri-birine sazlaşyp, bu gadymy topragyň geçmişinden habar berýär. Üç ýüz altmyş pir, Nejmeddin Kubra, Soltan We­ýis Ka­ra­ny, Ysmamyt ata, Mahmyt Zamahşary, Süleýman Bakyrgany, Aşygaýdyň pir, Ybraýym Edhem, Nalaç baba, Pälwan Mahmyt ýaly pirleriň, welileriň hormatyna dikeldilen ýadygärlikler, Merkezi Aziýada iň belent minaralaryň biri bolan Gutlug Temiriň minarasy, Nejmeddin Kubranyň, Törebeg hanymyň, Soltan Tekeşiň kümmetleri we beýlekiler orta asyr binagärliginiň merjeni bolupdyr. Özleriniň täsin gözelligi bilen haýran galdyrýan bu ýadygärlikler tehniki we şekillendiriş usullarynyň ýokary kämillik derejesi bilen tapawutlanýar, müňýyllyk medeni däpleriň dowamatlylygyny görkezýär.
Daşoguz welaýatynyň häzirki çäkleri gadymyýetde ata-babalarymyzyň ykbal öwrümleriniň, rysgal-berekediniň, ylym we biliminiň, gözleriniň nury siňen ýüzlerçe şäher-kentleriniň mekany bolupdyr. Ol şol döwürlerde Horezm diýlip atlandyrylypdyr. XI asyrda ýaşap geçen Anuş tegin Gur şanyň esaslandyran oguz-türkmen döwleti asyrlap ýaşap, Orta Gündogarda kuwwatly döwlete öwrülipdir. Onuň paýtagty gadymy Gürgenç (häzirki Köneürgenç) bolupdyr. Täze döwletiň paýtagty bolan Gürgenç örän tiz wagtda özgeren, ykdysady, syýasy we medeni gatnaşyklarda gülläp ösen şähere öwrülýär. Bu ýerde ylym we medeniýet ýokary derejede ösýär. Ajaýyp şahyrlar, edebiýatçylar, taryhçylar, ylym adamlary Horezmde jemlenipdir. Gürgenç şäheri yklymara ýoluň möhüm çatrygynda ýerleşmek bilen, Günbatar we Gündogar döwletleriniň ykdysadyýetiniň ösmegine täsirini ýetiren iri söwda-aragatnaşyk ýollaryny herekete getirýän kuwwatly merkeze öwrülýär. Horezme gelip gören Ýakut al-Hamawy: «Horezm ýaly gülläp ösýän ýeri dünýäniň hiç bir ýerinde görmedim» diýip ýazypdyr. Horezm topragy ekinzarlyk bilen gül öwsüpdir.
Geçmişdäki syýahatçylaryň aýtmaklaryna görä, bu ýerde Amyderýanyň kenaryndaky hem-de onuň Sarygamyş töweregindäki ähli ýerlerinde obalar gür oturyp, olaryň aralyklaryny ekin meýdanlary eýeläpdir. Bu ýerde bol hasylly, gür ilatly sebitde ösen şäher medeniýeti kemala gelipdir we ýokary derejede rowaçlanypdyr. Häzirki wagtda bu ýer Merkezi Aziýadaky iň mukaddes zyýaratgähleriň biridir. Köneürgençde Beýik Ýüpek ýolunyň üsti bilen Ýewraziýa giňişligine geçen hem-de köp halklaryň we döwletleriň binagärlik medeniýetine öz täsirini ýetiren milli binagärlik mekdebi döräpdir. Bu şäherde konus görnüşli binalar bolupdyr. Il Arslanyň kümmeti binagärligiň has irki konus görnüşli gümmez gurluşygyna degişlidir. Bu görnüşli kümmetleriň biri Horezmiň hökümdary Soltan Tekeşiň kümmetidir. Ol göwrüminiň ululygy we gurluşynyň çylşyrymlylygy bilen tapawutlanýar. Tekeşiň kümmetinden uzak bolmadyk ýerde orta asyrlar döwründe Orta Aziýanyň iň belent des­ga­sy — Gutlug Temiriň minarasy ýerleşýär.
Bu ýerdäki gadymy ýadygärlikleriň ýene-de biri Nejmeddin Kubranyň aramgähidir. Ol barada hormatly Prezidentimiziň «Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ajaýyp eserinde-de aýdylyp geçilýär: Törebeg hanymyň minarasy aýratyn özüne çekiji inçe sungat eseridigi bilen meşhurdyr. Ol Gutlug Temiriň minarasynyň golaýynda ýerleşýär. Törebeg hanymyň kümmetiniň gümmeziniň iç ýüzüniň mozaikasynda dürli reňkli täsin gözellikli nagyşlary synlamak bolýar. Ol Köneürgenjiň haýran galdyryjy ýadygärligi hökmünde aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Köneürgenjiň ussalary keramika sungatynda örän uly üstünlikleri gazanypdyrlar. Köneürgenç gadymyýetde ökde binagär ussalaryň şäheri hasaplanypdyr. Olar binagärlik sungatyny görlüp-eşidilmedik derejede kämilleşdiripdirler. Taryhy ýadygärliklerimiziň ygtybarly goralmagy, ylmy taýdan içgin öwrenilmegi hem-de dünýä ýüzüne wagyz edilmegi üçin Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe giň mümkinçilikler açyldy.
Häzirki wagtda Türkmenistan Ýewropanyň jahankeşdeleriniň arasynda täsin tebigy künjekli, syýahatçylyk üçin ajaýyp ýerleri bolan ýurt hökmünde tanalýar. Arkadag Prezidentimiziň «Türkmen medeniýeti» atly ajaýyp kitabynda: «Belent baş­ly bi­na­la­ry­my­zy — ta­ry­hy ýadygärliklerimizi aýawly saklamak diýmek ýurdumyzyň medeni gözelligini goramak diýmekdir. Muňa her bir türkmenistanlynyň çuň we pugta düşünmegi zerurdyr. Çünki türkmen topragynyň her daban ýerinde umumadamzat taryhynyň altyn sahypalarynyň beýany bolan iňňän wajyp medeni baýlyklar saklanyp galandyr. Bu beýik wezipäni ýerine ýetirmekde biziň her birimiz geljekki nesillerimiziň öňünde jogapkärdiris» diýen jümleler bar.
Hormatly Prezidentimiz milli taryhymyzy öwrenmäge hem-de ylmy-barlaglary geçirmäge giň mümkinçilikleri döredip, ýurdumyzyň alymlaryna hemme taraplaýyn goldaw berýär. Taryhy ýadygärliklerimizi geljek nesiller üçin gorap saklamak maksady bilen, abatlaýyş çäreleri ylmy-öwreniş işleri bilen utgaşykly alnyp barylýar.

Bilbil ÝOSYÝEWA, 
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.

Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 20 | Добавил: Has | Теги: Bilbil Ýosyýewa | Рейтинг: 4.0/2

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: