19:27
Hakyky ynsanlyk - Watana söýgi / oýlanma

Hakyky ynsanlyk — Watana söýgi

Biziň her birimiziň ýüregimizde eziz Watanymyza wepaly bolmak, ertire mynasyp nesilleri kemala getirmek borjy duýulýar. Her bir ynsanyň mertebesi onuň il-gününe, mähriban ýurduna ygrarly hyzmat edip gazanan abraýy bilen beýgelýär. Watana wepalylyk — iliňe wepalylyk, maşgala wepalylyk. Watan goýnunyň asudalygy, abadançylygy yklymlaryň parahat, agzybir ýaşaýşy baradaky arzuwlar bilenem bagly. Biziň barlygymyz Watan barlygynda, her gün ir säher Günüň öz kuýaşyny topraga asudalykda eçilýändiginde, Asmanyň arassalygynda, adamlaryň birek-biregine mähribanlygynda. Türkmeniň owadan ýazlarynda gül-gülälekleriň burk ysyny saçyp, Asman güneşiniň nuruna gunçasyny açyşy ýaly, wagtyň hakydada galdyrýan ýatlamalary, Watan goýnundaky bagtyýar döwrüň ýakymly täsiri bilen, aňyňa tereňlik, göwnüňe joşgun berýär. Tebigatdaky sazlaşygyň, adaty kadalaryň özboluşlylygyna, durnuklylygyna ynsan akyl-parasady bilen göz ýetirýär. Tebigatyň gözelligi bu ýeriň nurly güne baýlygynda, topragyň zer deýin gymmatlygynda. Ynsan gözelligi ynsanlygyň asylly ýörelgelerine ygrarly bolup, paýhasly hereket edip bilýänliginde. Gün nury Zeminde gül gögertse, ynsanyň nuranalygy mähirli garaýyş döredýär.
Eziz Watanymyz — uç-gyraksyz sähraly, daglary Asmana başyny dirän, deňzi joşgunly kalba çalymdaş möwçli, atalarymyzyň arzuwyny goýnunda ýaşadan keremli topragymyz. Dagyndan, deňzinden, derýasyndan, sährasyndan ser salsaň, gözýetimiňde alys ýurtlar görünýär, ýürekleriň ýakynlygy duýulýar. Dostlukly meýiller alys ýerlerde hem umumy bir maksada barýan ýollary salgy berýär. Bu ýerlere türkmeniň ýüreginiň serhedi çekilipdir. Ol bolsa, ertir bilen bagly arzuwlarda: sahawatda, sypaýylykda, hoşamaýlykda, watanperwerlikde, ygrarlylykda, wepada, halallykda. Ýagşy niýet bilen ol arzuwlar wysala gowuşýar. Kalp mähriniň ýylysy bilen dosta salamatlyk ýollanylýar. Watan serhedimiziň goragçysy öz ornunda araçäklerimizde duran pursatynda, ýerleriň, ýollaryň, baglaryň, gülleriň birligini görýär. Watan goýnunyň mähremligi, göze yssylygy bolsa, emer-damaryna ornan keramat. Arzuwlar bir, kalplar bitewi, ýollar bir — barynda ertiriň abadanlygy bar! Ähli güýç, keramat ruhuň birliginde, köküň bir daragta baglananlygynda. Watan sähralaryna nazar salsaň, ondan türkmen enesiniň hüwdüsi adaja heň edip duran ýaly! Watan serhedinde dag gaýalaryndan nazar aýlanyňda, bürgüt mekanlarynda gadam tozy galyp, ady rowaýata öwrülen şir ýürekli ärleriň nepesinden janyňa jan goşulan deýin, ruhuň howalanýar. Çünki, Watan ezizligi siňen bar ýerde ýüregiňe aram bar. Awara şemallar uzak ýollary aşyp, menzillerden ötüp meňziňe ýakymly üflände, onuň Watan topragyny sypan deminden mähir tapýarsyň. Deňziň möwçli tolkunlary, mahlasy her gezek dolup-daşanda, biziň taýa dogan-dost ülkelerden hoşluk arzuwlary gönderýän ýaly, göwnüňe. Sebäbi, Watan ady bilen janyňa jan berýän her birbaýlykdan üýtgeşik bir täsir duýulýar. Şonda atalarymyzyň sözünde däl, ýüreginde aýap-apalan bu gymmatlygynyň örküniň gan-damaryňy yzlap gaýdýanlygyna, süňňüňe eýlenenligine düşünýärsiň. Ine, ol apalanan arzyly gymmatlyk «Watan» diýen keramatly jümlede tagzym edilýän beýiklige öwrülýär.
Watan serhedi — mukaddesligiň bir bitewi çägi. Şol mukaddeslik zeminiň haýsy künjünde bolsaňam, seni sahawatly, ynsanperwer bolmaga borçlandyrýar. Ähli ýaýlalary, dag-dereleri özüňki saýyp söýmäge çagyryş bolup ýaňlanýar. Watan beýikligi oňa goýýan sarpamyzda, söýgimizde, ýüregimizde. Hakyky ynsanlygyň Watana söýgiňde ýüze çykýar. Iň gowy, asylly ýörelgelere ygrarlylyk Watan söýgüsi bilen durmuşa geçýär.
«Watan» diýmek ömre many gatmakdyr, mertebeli ýaşamakdyr. Watany goramak — ertiriňi goramak. Watany söýmek — geljege sarpaly garamak. Watan serhedini goraýan esger ildeşleriniň ak arzuwlaryny, geljege wysallaryny goraýar. Esger uzaklara göz aýlap, öz Watanynyň iň gözel, iň mähriban, örän täsin mekandygyna jan-tenden ynanýar. Daýhan, işçi, alym, dürli-dürli kärde zähmet çekýän müňlerçelerimiz bolsa, Watanymyzyň nähili mähribanlygyny, döwletimiziň kuwwatlylygyny yhlasymyz bilen aýan edýäris. Hormatly Prezidentimiziň gymmatly taglymatlarynyň aýdyň mazmunynda Watan gymmatlygy duýulýar. Watanyň ezizligine jandan uýup, amala aşyrylan beýik işler özüniň miwesini berýär. Goý, Watan keramaty bilen dem alýan ýürekler bagtyýarlykdan joşsunlar!

Bägül ANNABAÝEWA,
«Garagum» žurnalynyň jogapkär kätibi.

Категория: Oýlanmalar | Просмотров: 40 | Добавил: Raýdaş | Теги: Bägül Annabaýewa | Рейтинг: 2.0/2

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: