08:20
HAKEÝESI
HAKEÝESI

Geçýän günüm, aýym, ýylym,
Söýdüm özlerinden uzak,
Ýigrendim eselse pälim,
Her ýoluna gurdum duzak.

Çekiberdim jylawyndan,
Göýbermedim kiçelýänçä,
Çekinmedim gylawyndan,
Başyn basdym peselýänçä.

Tanapyndan asdym ony,
Dartyberdim ýuwaş-ýuwaş,
Sypyrdym egninden dony,
Uýaldy, boldy çalam-çaş.

Durzup böwürslen üstünde,
Çykardym aýakdan köwşün,
Gyňyr garan gözlerinde,
Ahyr gördüm boýun bolşun.

Şeýde-şeýde etdim galmaz,
Turjak bolsa badak saldym,
Bir päliň eselip bilmez,
Hakeýesi bolup galdym.
Категория: Goşgular | Просмотров: 32 | Добавил: Raýdaş | Теги: Allanazar Rejebow | Рейтинг: 4.5/2

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 2
1
1  
Gowy goshgy

0
2  
Ýöne gowam däl,örän gowy goşgy. smile

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: