12:00
Hajy Atakgaýew
Türkmenistanyň halk suratkeşi Hajy Atakgaýew

Hormatly professor Hajy Atakgaýew 1945-nji ýylda Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň “Gowkyzereň” daýhan birleşiginde eneden doguldy. 1970-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherindäki Poligrafiýa institutynyň grafika bölümini tamamlady.

Kitap bezeginiň üstünde işlemegi öz döredijilik ýolunyň esasy ugry hasaplamak bilen, suratkeş dürli döwürlerde türkmen şahyrlarynyň we ýazyjylarynyň köpsanly edebiýat neşirlerini taýýarlady. A. Taganyň “Gowşut han”, B. Hudaýnazarowyň “Adamçylygyň ady bilen” hem-de
A. Gowşudowyň “Perman” atly kitaplarynyň bezeg işlerini ýerine ýetirdi. Kitap bezeg işi H. Atakgaýewiň döredijiliginiň ýeke-täk ugry bolman, ol birnäçe stanok nakgaş we grafika işleri bilen hem meşhurdyr. Olaryň arasynda Türkmenistanyň görnükli sungat, medeniýet we beýleki ugurlaryň wekilleriniň portretleri, taryhy we durmuşy sahnaly žanr kompozisiýalar bar.
Suratkeş uzak ýyllaryň dowamynda Magtymgulynyň döredijilik mirasyny ylmy esasda öwrenip, oňa bagyşlap “Magtymgulynyň dünýäsi” atly grafiki eser toplumyny döretdi.

Awtory: Baýramgeldi Çaryýew.
Категория: Şekillendiriş we heýkeltaraşlyk sungaty | Просмотров: 25 | Добавил: Gurban_aga | Теги: Baýramgeldi Çaryýew | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 2
0
1  
Hajy Atakgaýewiň suratam bar welin saýtda surat goýup bolanok gynansak-da.

0
2  
Surat goyup bolyar, yone kop yer tutya we agyr açylyar. Hokmanlygy ýok Gurban. Maglumatyñ u.n welin sag bol.

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: