15:30
Gyrmyzy
GYRMYZY

Bir jüp bilbil geldi, gondy çemene,
Başy ýaşyl, aýaklary gyrmyzy.
Bal akyp dur dillerinden, lebinden,
Alma kimin ýaňaklary gyrmyzy.

Meniň ýarym hem soltandyr, hem handyr,
Datly janym ol gözele gurbandyr,
Hünji degil, sadap degil, merjendir,
Ak golunda golbaglary gyrmyzy.

Bakjamyza üç gül ekdim, bitäýse
Jak-jaklap dalynda bilbil ötäýse,
Meniň wadam senden owal ýetäýse,
Mazaryma jüp daş dikiň gyrmyzy.

Üç ýyl boldy şu daglary aşaly,
Bäş ýyl boldy, gyz, söwdaňa düşeli,
Galk, gideli, biziň otag düşelgi,
Düşekleri başdan-aýak gyrmyzy.

Garajaoglan diýer, gelgin ýanyma,
Saňa gelen kaza degsin janyma,
Meni öldür, bas elleriň ganyma,
Goý diýsinler barmaklary gyrmyzy.

Garajaoglan.
Категория: Goşgular | Просмотров: 36 | Добавил: Mylaýym | Теги: Garajaoglan | Рейтинг: 4.3/3

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: