10:32
Gussaly ýürek

GUSSALY YÜREK

Söýgä düşmez gussa doly ýüregim,
Derek tapman kän kösendi ykbaldan.
Maňa sowgat edip ýaşlyk günlerin,
Kän soldurdy geldi-geçer ykmanda.

Ýanan ýürek ynamsyzlyk sorady,
Adama garaýşym üýtgedi birden.
Kä ynam gitdi käte ynananym,
Şonuň üçin girmedimmi setirden.

Ýazma diýiň gussa doly goşgular!
Diýiň ýene ykbalyňdan nalama!!!
"Kösenersiň, öwrenersiň" diýiň siz:
"Ýykylan ýerinden turman aglama!"

Bakyp töwerege GUSSALY ÝÜREK,
Ajy ýaşda ýeňläp otyr gursagym.
...Häzirem ynamly soraýan sizden,
Haçan ýeter şatlanmaly pursadym.

✍Amangözel Gurbanowa

Категория: Goşgular | Просмотров: 35 | Добавил: ahallydan | Теги: Amangözel Gurbanowa | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: