16:28
Gurhanda we yslamda başga saýýaralylar barmy?

GURHANDA WE YSLAMDA BAŞGA SAÝÝARALYLAR BARMY ÝA-DA GURHANDA BAŞGA SAÝÝARALYLAR HAKYNDAKY AÝATLAR

Wanderbilt uniwersitetiniñ astronomiýa boýunça professory Dawid Weintraub "Dinler we biziñ dünýämiziñ daşyndaky ýaşaýyş" atly kitabynda dürli dinleriñ başga saýýaralylar (planetalylar) baradaky ynançlaryny içgin öwrendi.
Weintraubyñ aýtmagyna görä, hiç hili dine ynanmaýanlar we özüni ateist hasaplaýanlaryñ 55%-i, musulmanlaryñ 44%-i, ýewreýleriñ 37%-i, induslaryñ 36%- başga saýýaralylaryñ bardygyny we ýer togalagyndan başga ýerde ýaşaýyşyñ bolup biljekdigine ynanýar. Başga saýýaralylaryñ barlygyna iñ köp ynanmazçylykly seredýänler hristianlardyr. Hristian dininiñ bary-ýogy 32%-i başga saýýaralylaryñ barlygyna ynanýar. Hristianlaryñ arasynda başga saýýaralylar baradaky pikire iñ köp gol ýapýanlar prawoslawlardyr, iñ ynanmaýanlary bolsa baptistler bolup çykdy.

■ Dinler we başga saýýaralylar

Katolik ruhanylaryñ köpüsi kosmoslylaryñ bardygyna ynanmanam duranok we olar başga saýýaralylary "ilkinji günäni göterip ýörenler" hasaplaýar. Emma kosmos jemendesiniñ günäkärdikleri we olaryñ ýere inen ýagdaýynda katolik jemagatyna goşulmalary boýunça öz aralaryna belli bir pikire gelip bilenoklar.
Rim papasy Benedikt XVI-nyñ baş astronomy Gabriel Funes Mars saýýarasynda ýaşaýşyñ bolup biläýmek ähtimallygyna ünsi çekdi. Watikan obserwatoriýasynyñ müdiri Funes bu pikirini Watikanyñ resmi gazetinde "Başga saýýaralylar meniñ doganym" atly makalasynda delillendirdi.
Rimiñ golaýyndaky Kastel-Gandolfo manastyry ýüzlerçe ýyl öñ gurlan obserwatoriýa bolup durýar. Ieuzit monahlar tarapyndan gurlan bu obserwatoriýanyñ häzirki müdiri bolsa Gabriel Funes. 
Funes öz makalasynda Ýe togalagyndan başga ýerdäki ýaşaýyşlar barada gyzyklanmagyñ Hudaýa bolan ynanç bilen hiç hili çaprazlygynyñ ýokdugyny ýazýar. Ruhany Funes kosmos dünýäsinde Hudaýyñ ýaradan akylly jandarlarynyñ bolup biljek zatdygyny, hatda ol jandarlaryñ günäden wejenaýatdan mahrum barlyklar bolup biljekdigini aýdýar.
Başga saýýaralylaryñam edil adam ogly ýaly Hudaýyñ ýaradan jandarydygyny nygtaýan Funes "kosmoslylaryñ barlygyny inkär etmegi Hudaýyñ ýaradyş sypatyna şek ýetirmek" diýip hasaplaýar.
Watikanyñ hasabyna işleýän on iki astronomyñ biri bolan Guý Konsolmagno kosmosda iññän ösen ýaşaýyş formalarynyñ bolup biljekdigini we katolik buthanasynyñ kosmosly jandarlary güler ýüz bilen garşylap biljegini mälim etdi.
Watikan obserwatoriýasyna işleýän we kosmoslylary çokundyrmagy özüne bagt saýýan Konsolmagno ewolýusion taglymatyñ boşluklaryny diñe Hudaýyñ dolduryp biljekdigini öñe sürýän ýaradylyşçylyk ynanjynyñ "ýaramaz taglymatdygyny" aýtmakdan çekinmedi.
R.Norman Lamm iudaizmiñ (ýewreý dini) "adamyñ ylahy ýaradylyşdaky ýeke-täk akylly we bio-ruhany jandar däldigini ylmy taýdan delllendirmegiñ" añsatlyk bilen kabul edilendigine garamazdan, "adamzadyñ ýeke-täk güýç dälligi, onuñ hiç zatdygyna yşarat edip bilmejekdiginu" aýdýar.
"Ýedinji gün adwentizmi" ynanjynyñ düýbüni tutujy Ellen Waýt dürli saýýaralardaky "uzyn boýly, görmegeý" we "bigünä" jandarlar baradaky pikirlerini beýan edýär. Onuñ öñe süren pikirleri bu ynanjyñ kosmoslylaryñ aýdylýan ilkinji günäniñ täsirine galmandygyny we şonuñ üçinem hristianlykdaky "günäden saplanyş" dessuryna mätäçliginiñ ýokdugyny görkezýär.

■ Gurhan we başga saýýaralylar

Gurhan "hemmesiniñ daşy gurşalan, özleri we eden işleri jikme-jik hasaba alnan" we "kyýamat gününde her biri Allanyñ huzuryna ýekme-ýek çykaryljak" ähli älem jandarlarynyñ Allaha gulluk edýändigini aýdýar. Köp kişi bu aýdylýanlaryñ perişdeler barada däldigine ynanýar. Çünki "dabbe" sözi terminologiýada ruhany barlyklar däl-de, dem alýan we ýöreýän janly-jandarlar manysynda ulanylýar. Gurhanyñ 16-njy "Nahl" süresiniñ 49-njy aýatynda: "Göklerde we ýer ýüzünde dabbeden (gymyldaýan, içinde jany bar) Allaha sejde eden näme bar bolsa perişdeler we olar beýgelmezler" ýa-da Gurhanyñ 42-nji süresi "Şuaranyñ" 29-njy aýatynda: "... we Onuñ (Allanyñ) aýatlaryndan (alamatlaryndan) göklerde we ýer ýüzünde ýaradylan näme bar bolsa, ol ikisinde dabbeden (gymyldaýanlardan, janlylardan) we  olaryñ ýygnanmaklaryna islän wagty kadyrdyr" diýilýär.
Bu iki aýatdan hem açyk görnüşi ýaly kosmosda dabbe (gymyldaýan, hereket edýän) diýilýän jandarlar bardyr.

■ Bu aýatlarda gürrüñi edilen dabbäniñ sypatlandyrylyşy:

1). Her dabbe (hereket edýän janly) suwdan ýaradyldy (diýmek kosmosyñ her ýer ýerinde suw bar).
2). Dabbeniñ (hereket edýän janlylaryñ) bir bölegi garnynyñ üstünde ýöreýär, ýagny süýrenijidir.
3). Dabbe (hereket edýän janlylaryñ) bir bölegi iki aýagynyñ üstünde ýöreýär.
4). Dabbeniñ (hereket edýän janlylaryñ) bir bölegi dört aýagynyñ üstünde ýöreýär (dört aýaklylar we iki aýaklylar, ýa-da iki goluny ulanýan maýmynlar ýaly).

Gurhanda beýan edilen dabbe, göklerde, kosmosda bar bolan ýaşaýyş, ynha, şular ýalydyr. Ýagny, kosmosdaky ýaşaýyş edil biziñ ýaşap ýören dünýämizdäki ýalydyr.
Şeýle-de türk professory Jelal Ýeniçeri Gurhanda kosmosdaky başga jandarlaryñ barlygyna yşarat edýän aýatlaryñ başga-da bardygyny we olaryñ bu dünýädäki ýaşaýjylara haçanam bolsa bir gün görme-görşe geljekdiklerini aýtdy. Bu boýunça geçiren ylmy barlaglaryny "Kosmos aýatlarynyñ tefsiri - yslam nukdaýnazaryndan älem we mümkinçilikleri" atly kitabynda jemlän professor Ýeniçeri kitabyñ kosmos durmuşyndan söz açýan ilkinji kitapdygyny öñe sürdi. Aýatlarda kosmoslylaryñ adamzada zyýan ýetirip ýetirmejegi baradaky jümlelere duş gelmändigiji aýdan Ýeniçeri "kosmoslylaryñ dini ynanjy barmy?" diýen soragyna şeýle jogap berdi:

"Hezreti Pygamberimiziñ (s.a.w) agasynyñ ogly Ibni Abbas (r.a.) göklerdäki saýýaralardan söz açanda "Bu ýerde Adam ata bar bolsa, ol ýerlerde-de Adam ýaly Adam ata bar, Musa bardyr Musa ýaly, Isa bardyr Isa ýaly... Eger bu aýatlaryñ doly manysyny açsam siz bulary inkär edersiñiz" diýipdir. Aýatlara dogry düşündiriş berlende, älemdäki başga saýýaralara-da, başga dünýälere-de ylahy kitaplaryñ iberilendigine göz ýetirmek kyn däl".

 Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Категория: Geň-taňsy wakalar | Просмотров: 32 | Добавил: Has | Рейтинг: 4.0/2

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: