16:18
Gurbanlyk gijesi hekaýalar toplumy - Körekeniň ýalňyşlygy
…Gurbanlyk gijesidi..
Ýüpekden syýa şala sepelenen zer däneleri deýin ýyldyraşýan sanýetmez ýyldyzly asmanyň ýüzünden guba gazlara kybapdaş bulutlar endigan ýüzüp barýardy. Wagtal-wagtal bulutlaryň aňyrsyndan garagol gyzjagazyň enaýyja bezzatlygy bilen Aý jemaly jyklaýardy-da, ýene-de guba gaz-bulutlara gizlenýärdi.
Ýarygijeden agyberipdi. Şoňa görä-de iki gyrasy gür tutluk bilen heşerlenişip ýatan oba köçelerinde gatnaw kesilipdi. Emma şonda-da tötänden kimdir biriniň özüni göräýmeginden çekinýän Garýagdy töweregine howatyrly garanjaklap, derwezä ýakynlaşdy. Assyrynlyk bilen derwezäniň yşyndan howlyny synlady. Howluda çyranyň ýagtysyna üç-dört sany adam şaý-sepleri çalam-çaş edilip, bagryny ýere berip ýatan ulagyň daşynda gaýmalaşyp ýördi.
“Kakasy bilen jigileri! Eý, şu adamlary-aý! Näme entek bolup ýatmaýarlarka?! “Agşamyň haýryndan ertiriň şeri” diýipdirler ahyry! Ýatybermeli-dä! Ertir gündizlikde bejereniňizde näme ulagyňyzy ýer ýuwudýarmy diýsene? Bärde bir adam gelnini gaýtaranyna dört gün boldy welin, henize çenli bir gezegem görüp bilenok. Bular bolsa bilgeşleýin edýän ýaly, ýarygijeden soň ulag bejeren bolýarlar.”
Garýagdynyň içi ýandy. Gelni Gyzylgülüň ýumşak dodaklary, pamykdan mymyk tenini gujagyna gysanda ýüzüne çabraýan, ýakyp barýan gyzgyn demi, beýhuş ediji müşk-anbar ysy hakydasyna gelende bolsa göwni şeýlebir ummasyz takatsyzlykdan doldy. Edil ýöne aýaklarynyň ysgyny giden ýaly boldy.
“ Boluşlary nähili-laý! Özüňkini özüňden gabanyp-gysganyp, garawullaşan bolup ýörüşlerini, bularyň! Ulag bejeren kişi bolup, göze çöp atýandyrys hem öýdýärler. Bilýän däldiris-ow ýarygijeden soň siziň näme işleýäniňizi!”
Garýagdy kineli oýlandy-da, ýeňsesini tüňňerdip köçä çykdy.
-Äý bular indi wagty bilen ýatmazlar, gowusy öýe gaýdaýyn. Ertir hiňňildikde sataşyp: “Gije sagat on birlere köçä çykmasaň bolmaz” diýip çürt-kesik aýdaryn-da, buýtar-suýtara ýer goýmaryn.-diýip öz-özüni köşeşdirýän ýaly nesihat beriji äheňde hümürdedi-de, öýlerine tarap öýkeli mytdyldap ugrady. Emma biraz dähedem-dessemläninden soň onuň göwnünde ýene-de, gelnini görmek hyjuwy möwç urup başlady.
“Görmän gitseňem-ä, bu gije gözüňe çiş kakylan ýaly bolar.”
Onuň aýaklary öz-özünden yzyna aýlandy. “Aýaguçlaryndan baryp, malýataklaryndan aşaýyn. Penjiresini tyrkyldatsam düşüşdir. Atylyp çykar.” diýip ol göwnüni bire baglady. Niýetine düwşi ýaly hem etdi. Ogry hereketleri bilen gaýynlarynyň melleginiň aýagujundan bardy-da malýatagyň adam boýundan beýigräk diwaryndan ýapyşdy. “Hyklap-çoklap” özüni çekdi-de, diwara mündi. “Iller-ä Gurban baýramy bilen başagaý, men bolsa nämeler işläp ýörün!” diýen pikiri edibem özüni diwardan aşak sallady. Aýagy nähilidir bir ýumşak zadyň üstüne düşdi. Ol uludan bir demini aldy. “Hudaýa şükür, diwara ýakyn teker-beýleki , saman-sepir üýşürip goýupdyrlar öýdýän.” Ol diwardan aşmagyň ap-aňsat bolandygyna begendi. Emma birdenkä onuň aýagynyň astyndaky ýumşak zat sojap, myşlady-da bir tarapa süýşüp gitdi.
“Sygyr!” diýen çaklama onuň aňyny ýyldyrym çakan ýaly etdi.
-Haýp begendim-ow!-diýen pyşyrdy bilen ol: “Ýa Alla, suw ýa saman, güjüm ýa garaman!” diýip arkanlygyna güwläp gaýtdy. Heniz “gütläp”ýere düşmänkä-de, ürken daýaw sygyr ony şahy bilen gapyp aldy-da, honda oklap goýberdi.
-Eý wäk-eý!-diýen boguk hüňürdi bilen Garýagdy üýşürilgi duran ýandak harmanyna gaçdy. Soňra otyrýerini sypalap ýerineden turdy-da, üsti-başyny kakyşdyrdy. Onuň gaty erbet gahary gelýärdi. Öz bolup ýörşüne jany dagy ýanypdy. Şonuň üçinem ýandak harmanyndan düşen badyna ähli gazabyny sygyrdan çykarjak boldy.
-Häk, şahy döwülmiş!-diýip sygra aýagyny salgady. Emma süsek sygyr götin tesdi-de, kellesini eýmendiriji talawlatdy.
-Beh, bu ýene-de şahyny bulan hem bolýar-a!-diýip Garýagdy gaharlansa-da, indi sygry urmaga meýil etmedi. Özüniň nirededigi ýadyna düşüp durdy. Soňra ol ýuwaşjadan, garaňkylyga duwlanyp, howluda ýatan ulagyň töweregini gözden geçirdi. Ulagyň töweregindäkiler açarlaryny ýygnaşdyrmak bilen meşguldylar.
“Bolaýdy, şü-ýä! Güpür-tapyrymy eşitmändirler. Özlerem ahbetin öýlerine ýygnanjaklar öýdýän!” diýip içini hümleden Garýagdy biygtyýar söbügini sypanyny duýman galdy. ”Şeýdiň-dä! Rehimiňiz insin ahyry! Ýogsa bu adamlar nä günlere düşüp ýör. Dört gün bäri görmedim ahyry! Däp-dessur hem oňat zat-la welin, däp-dessur diýip beýdip sygyr üçin süsük ýassygy bolup ýörmeli diýlen zat hem ýokdur-la!”
Onýança howludakylar erew-berew bolup ýörmeklerini bes edip, öýe girdiler. Syçany yzarlaýan pişik dek olary gözünden sypdyrman duran Garýagdy girerlerine mähetdel, pişik basyşyny edip öýe garşy ýumlukdy. Baryp emaý bilen penjireden içerik gözüni aýlady. Oglanlaryň biri telewizory açýardy.
Garýagdy duranja ýerinde tütedi.
“Äý, ýok-la! Bu adamlar halys meniň degnama degjek bolýar-la! Ýeri-how şu wagt telewizor nämäňize gerek, ýadaňyzdan soň ýatyň-da, hezil ediň-de !”
Garýagdy lapykeçlik bilen aşak çökdi. “ Görýän welin, ind-ä çyndanam gaýdybermesem boljak däl öýdýän.” Emma birdenem onuň kellesine täze bir pikir geldi. “ Gowusy men häzir hammamyň burçunda bukulyp duraýyn, Gyzylgül hökman jigileriniň hapalanan egin-başlaryny hammama getirmäge geler. Şonda-da awumy girime salaryn.”
Garýagdy pikirini dessine amala aşyrmaga girişdi. Hemme zat onuň çaklaýşy ýaly hem boldy. Ara kän wagt düşmänkä işigiň açylyp-ýapylýan sesi eşidildi. Soňra kimdir biri aýagyndaky şypbygyny şypbyldadyp, hammama garşy gaýtdy. Hammamyň öňi tüm-garaňkydy. Şonuň üçinem jaýyň künjünden öwrülen garanyň elindäki geýim-gejimleri gören badyna, garaşmakdan ýaňa saly suwa gaçan Garýagdy:
-Gyzylgülüm, gelýäňmi?!-diýip pyşyrdady-da ony garsa gujaklady. Näme üçindir onuň elleri garanyň biliniň daşyndan dolamaga ýetmedi. Garýagdynyň aňynda ýyldyrym çaltlygynda yzly-yzyna iki sany pikir döredi. Ilki: “Eýýäm şunuň ýaly derejede semräýdimikä?!”, soňra bolsa “Gyzylgül däl öýdýän?!”
Ikinji pikir kellesine gelen dessine-de onuň depesinden gaýnag suw guýlan ýaly boldy. “Eger bu Gyzylgül bolmasa onda kimkä?” diýen pikiri welin, Garýagdy oýlanmaga ýetişmedi. Birbada aljyran hem bolsa Gyzylgülüň ejesi dem salymda özüni dürsäp, onuň döşünden itiberip goýberdi.
-Häý, ýeksurun, diýmäýin diýsem!
Şondan soňra Garýagdy haýatdan dagy nädip aşanyny-da duýmady. Köçä çykanyndan soň bolsa ümdüzüne tutdurdy. Utançdan ýaňa dym-gyzyl bolup ylgaşlap barşyna-da “Gör-ä muny! Beýle-de bir ýalňyşaýmak bolar eken-ow!” diýip oýlandy.
… Ýüpekden syýa şala sepelenen zer däneleri deýin ýyldyraşýan sanýetmez ýyldyzly asmanyň ýüzünden guba gazlara kybapdaş bulutlar endigan ýüzüp barýardy. Wagtal-wagtal bolsa bulutlaryň aňyrsyndan garagol gyzjagazyň enaýyja bezzatlygy bilen Aý jemaly jyklaýardy-da, köçe bilen ylgaşlap barýan ýigdi hasam utandyrmaýyn diýýän ýaly, ýene-de guba gaz-bulutlara gizlenýärdi.

“Nesil” gazeti, 2005-nji ýylyň 20-nji marty
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 34 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: