16:21
Gurbanlyk gijesi hekaýalar toplumy - Gurbanlyk gijesi
...Gurbanlyk gijesidi.
Aýyň ýüpek şöhlesi zerarly geň-enaýy görünýän asman ummanynyň ýüzünden ýekeje ak bulut gündogardan günbatar sary endigan taýyp barýardy. Wagtal-wagtal şemalyň bady ýatýarmy nämemi, bulut ýüzüşini togtadýardy. Az-kem duranyndan soň bolsa ýene-de ýoluny dowam edýärdi…
Doganoglanlarynyň gurbanlygy sowlanyndan soň Myrat ejesini hem gelnini kakasynyň ulagyna mündirdi-de, öýlerne gaýtdy. Eýýam ýolda gelýärkälerem gelni gozgalaň tapyp ugrady. Göwresinde bolup geçýän, öň duýlup görülmedigi üçin geň hem gorkunç, şol bir wagtda-da ilkinji näbeliligi bilen süýji şatlykdan doly hadysa ýaş gelni ynjalykdan gaçyrdy. Ol utanýandygy zerarly gaýynenesine bildirmän, ogrynlyk bilen garnyny sypady. Çaga jan gireli bäri gorsanýardy, depirjikleýärdi. Şeýdeninden soň bolsa özi üçin dünýäde iň mähriban, iň eziz, iň ýakyn ynsanyň mährem elleriniň rahatlygyny syzýan ýaly, köşeşýärdi. Emma bu gezek welin, tersine boldy. Çaga köşeşmekden geçen, gaýta hereketini has ýygjamlatdy.
“Be-e bu bezzadyň bolaýşyny? Lukmanlaryň: “oglanjyk” diýenleri çyn öýdýän. Öte birahat. Kakasyndan beter bimaza boljak öýdýän…Waý…waý!”
Göwresindäki çaga has gatyrak gozgananda duýdansyzlykdan ýaňa içini çeken gelin ýaşmagyny dişläp, zordan sesini çykarman saklandy.
“Muny! Ýa näme dünýä injek bolýarmyka?! Aý-günüm hem dolyberdi öýdýän. Lukmanlaryň aýdan wagty-ha şu gün doldy…” Içinden pikir öwren gelin haraý isleýän ýaly adamsynyň ýeňsesine garady. Emma ähli ünsüni ýolda jemläp barýan Myrat gelniniň galagoplygyndan bihabardy. Öz-özünden dowul tapyp aljyrap ugran gelin: “Ýa çigninden gysyp, gulagyna pyşyrdaýsammykam” diýip göwnüne geňeşdi. Emma utandymy nämemi beýtmedi. Diňe köşeşmek üçin özüne zor saldy-da, ulagyň aýnasyndan, eda bilen ýüzüp geçýän tutlaryň, jaýlaryň garaňky suduryna göz aýlady. Ýöne beýdeni bilen çaga rahatlanmady. Gelin ýene-de ýüzünde goşa ýyldyz deýin lowurdap duran gözlerini adamsynyň ýeňsesini öwürdi. Şol pille-de ulagyň içi alagaraňky bolsa-da gelniniň biynjalyklykdan dolup, çuňalyp-çuňalyp, guýa dönen gözleriniň garaýşyny gaýynenesi saýgardy. Has dogrusy saýgarmady-da, beýle-beýle zatlary ençeme gezek başdan geçirip gören ene ýüreginiň duýgurlygy bilen syzdy. Ene balkyldap duran goýun gözleriň nazarynyň nämäni aňladýandygyna beletdi. Ol emaý bilen gelniniň birden ot bolup gyzyp, birdenem buz ýaly sowaýan elini gysymyna gysdy. Diňe eneleriň seretmegi başaryşy dek mähirden ýaňa püre-pür gözleri bilen gelniniň tutuş göwresini sypalap, gelnini utandyrmazlyk üçin ogluna-da eşidilmez ýaly pessaý pyşyrdady:
-Başladymy, balam?!
Enäniň mähriban gözleri gelniň göwnüne siňip, kalbyndaky galagoplugy eredip, ýom-ýok etdi. Gelin näme üçin beýle bolýandygyna özi hem düşünmän birden rahatlandy-da, uýaljaň baş atdy. Ene gelnine has ýakyn süýşdi.
-Hak Perwerdigär medet bersin, balam! Güýçli gerçekler ýetişewersinler! Aman-esen dünýä inderewersin, Hudaýym!-diýip ene dilegini assaja sanaşdyrdy-da, ogluna:
-Düzräk ýerlerden tizräk süreweri. Öýden gerek-ýaragymyzy alyp gelniňi bäbekhana ýetişdirmeli bolaýmasak.-diýdi.
Bu sözleri eşiden badyna birhili Myradyň ini sowap gitdi. Haçandan bäri garaşyp ýörendigine garamazdan Myrat üçin bu hadysa biçak oslagsyz boldy. Ony şagga der basdy. Özem duýman ulagyň tizligini köpeltdi. Şol mahalam ejesiniň asuda sesi onuň nepesini durlady:
-Oglum, öte gaty sürme, howlukma, aljyrama! Entek wagt bar.
Ejesiniň sözlerinden soň özüni dürsän Myrat sowukganly oýlanyp başlady. Ara kän wagt düşmänkä-de olar öýlerinden gerek zatlaryny alyp bäbekhana bardylar. Nobatçy lukman olaryň habaryny alandan soňra Myradyň gelnini şepagat uýalaryna tabşyrdy.
Myrat ejesi bilen daşarda garaşmaga durdylar. Gyş gijesi bolandygy zerarly howanyň sowujagy bardy. Şonuň üçinem Myrat ejesine:
-Eje, sen birden üşäýme! Ulaga gir-äý! Häzir pejini işledip bereýin.-diýdi.
-Ýok-la, oglum! Bu wagta üşämok. Üşesem giräýerin.-diýip ejesi bagyň astyndaky oturgyja geçdi. Myrat bolsa gije ümsümligini bozýan seslere gulak asyp ugrady. Niredendir bir ýerden çagalaryň sanawajy hem ýaşlaryň şagalaň-şowhuny gelýärdi.
“Golaýda hiňňildik bar öýdýän.” diýip Myrat çen etdi. Onuň pikirleri alysdan gulagyna gelýän çagalaryň sanawajynda büdredi.
Gurban şor-a,
Bir gözi kör-ä,
Bir çüýşe atyr,
Bir çüýşe atyry,
Gurbanlyga ýetir.
Myrat çagalaryň sanawajyny biygtyýar içinden gaýtalady-da, göwnünde dörän süýji duýga gözlerini süzdi. “ Alla ýol berse, oglum bolsa aňyrsy birküç ýyldan ol hem şunuň ýaly sanawaçlary wüjürdäp ugrar.” Bu pikir şirin lezzet bolup onuň damarlaryna ýaýrady. Ol özüni şeýlebir bagtyýar duýdy, şeýlebir bagtly duýdy welin, söz bilen aýdyp-diýer ýaly bolmady. Ol gerindi-de, iki-baka gezmeläp ugrady. Şol pursat bir iş bilen daşaryk çykan şepagat uýasy ejesine habar gatdy:
-Daýza, daşarda üşäp oturmaň, geliň, içerik giräýiň, däliz ýylydyr. Ýumşak kürsüler bar. Şol ýerde garaşaýyň.
Myrat şepagat uýasynyň aýdanlaryny makullamaga howlukdy:
-Hawa-la, eje! Içerde garaşa-aý!
-Siziň özüňizem, dogan, geläýiň! Entek köpräk garaşmaly bolaýmasaňyz.-diýip şepagat uýasy Myradyň özüne-de teklip etdi.
Ejesiniň yzyna düşen Myrady şepagat uýasynyň sözleri ynjalykdan gaçyrdy. “Köp garaşmaly bolarsyňyz” diýdimi?! Näme üçin beýle diýdikä?! Ýa bolmasy bir zat bolaýdymyka?…Soraýsammykam?!
Myrat bir ejesiniň ýüzüne, bir nobatçy şepagat uýasynyň ýüzüne naýynjar garady. Olaryň ýüzleri rahatlykdan dolup durdy. Bu ýagdaý ony biraz köşeşdirdi. Emma namart ünji köňlünden sypba-sypyrylyp gidibermedi. Şol böwrüne dürtgeledi durdy. Soňa baka bolsa kalbyndaky alada güýjäp ol her gapdalyndan geçýän ak ýektaýla umyt hem sorag bilen seredip başlady. Göwnüne bolmasa olaryň hemmesi onuň gelni hakynda nämedir bir zady bilip, oňa aýtmak islemeýän ýalydy.
Birdenem ol özüniň bäbekhananyň dälizinde aýagy bişen towuk ýaly byzbydyklap, bir ýerde durup bilmän iki ýana gatnaýandygyny aňşyrdy. Ol öz bolşuna utandy. “Ýok-la, bu bolşuma bolmaz, arassa howa çykaýyn. Serim durlanar.”
Myrat ejesine:
-Daş çykjakdyryn!-diýip ol bäbekhananyň howlusyna çykdy. Emma bu ýerde-de ol ynjalmady. Gaýta göwnündäki bükgüldi güýçlenip ýetjek derejesine ýetdi. Ol içini hümledip ýörşüne dagy alaç tapman Biribara mynajat edip ugrady. “Alla jan, Hudaý jan, ogul bolsun, gyz bolsun, tapawudy ýok. Demlerine degilmese bolýar. Taňrym, hudaýoluna iki goýun. Olary aman-esen saklaweri, Allam!”
Birdenem özüne garşy ýöräp gelýän ak ýektaýly ýigide onuň gözi düşdi. Myradyň depe saçy dim-dik boldy.
“Eý Hudaý jan-eý! Näme bolduka? Alla jan, eýgilik üçin bolawersin, ýagşylyk üçin bolawersin, ýoluňa ýene-de iki goýun, Taňrym! Allam, gowulyk üçin bolawersin, ýene-de ikisi, Hak Hudaýym!”
Aňyrdan gelýän ýigit onuň deňesinden säginmän geçip gitdi.
“Meniň ýanyma-da däl ekeni!”
Myradyň göwrümi giňäp gitdi. Ol uludan demini aldy-da, burçak-burçak der gelen maňlaýyny syldy.
-Wah, Weýis was-wasy bol-a!-diýip ol pyşyrdap özüne käýindi. Soňra bäbekhana garşy seretdi. “Täsin zat, hemişe bäbekhana hakynda oýlansam bäbekleriň jägildisinden, çaga dogurýan eneleriň sesinden ýaňa hyň berip duran ala-galmagal ymarat hökmünde göz öňüme gelýärdi. Bärde bolsa gum-gukluk.” diýip ol içinden pikir öwürdi.
Şol müddetde-de onuň bu pikirini inkär edýän deýin, gulagyna kimdir biriniň sesi eşidilen ýaly boldy. Ol iňkise gitdi. “Be, biri gygyrýar öýdýän?!” Ýa göwnümemikä?”
Şol pille ýaňky ses ýene-de gaýtalanan ýaly boldy. Özem göwnüne bolmasa bu ses onuň gelniniň sesine çalym edýän ýalydy. Myrat allaniçigsi boldy.
-Alla jan, senden medet! Ýoluňa ýene-de iki goýun, Taňrym!-diýip pyşyrdady-da, ol bäbekhananyň girelgesine haýdady. Emma işikden girmänkä aňyrdan gül-gül açylyp, ejesi çykdy:
-Oglum, buşluk, oglumyz boldy! Buşluk!-diýende ejesiniň sesi şatlykdan ýaňa sandyrady. Myrat depesinden eňterilen asman gümmezindenem mähnet şatlygyň astynda tas mynjyraýardy.
-Şeýlemi, eje? Hany? Hany,olar?!-diýip ol içerik ylgajak boldy.
-Dur, oglum, dur!-diýip ejesi ony zordan saklady:-Bu wagt saňa olary görkezmezler. Gowusy ýör, öýe gideli-de, kakaňa, jigileriňe buşlap gaýdaly. Gözleri ýoldadyr. Agşam bärde bolarys. Lukmanlar biçak aladaçyl, oňat serederlerem welin, onda-da göwnüm ynjalmaz.
-Bolýar, ýör eje!-diýip Myrat ulagyna ylgady.
Ýolda barýarkalar Myrat birden ýaňky bolşuny ýadyna saldy. Ol az-kem ünjüli:
-Eje, menem ýaňy gyssanjyma goýun baryny hudaýoluna aýtdym welin…-diýdi-de sakyndy. Soň ýene-de üstüne goşdy:-Kakama-da bu barada aýtmak gerekdir. Sekiz goýuna dagy bardym öýdýän…
Ejesi ýylgyrdy:
-Wah, oguljygym, seniňem alada edýän zadyňy! Janyňyz sag bolsa bolýar, goýnuň işi haýyr-la. Kakaň gaharlanar öýdüp çekinme. Nowbahar agtygy, näme diýer öýdýärsiň?! “Ýatakda on goýun bar, onusyny hem soý!” diýer-dä. Onsoňam sen-ä her niçik-de bolsa şu bolçulyk döwürde goýun aýdypsyň. Kakaň sen dünýä ineniňde, gytçylyk döwürde gapymyzda daňylgy duran iki sany öküzimizi hem sadaka aýdypdy…
Myradyň ýüzi ýagtylyp gitdi. Ol ulagyň tizligini has-da artdyrdy…
…Aýyň ýüpek şöhlesi zerarly geň-enaýy görünýän asman ummanynyň ýüzünden bolsa ýekeje ak bulut gündogardan günbatar sary endigan taýyp barýardy. Wagtal-wagtal şemalyň bady ýatýarmy nämemi ýa-da hol aşakda ýol bilen uçup barýan ulagdaky iki ynsanyň bagtyny synlamak üçinmi, bulut ýüzüşini togtadýardy. Az-kem duranyndan soň bolsa eneli-ogluň bagtyndan guwanyp-guwanyp doýan ýaly, ýene-de ýoluny dowam edýärdi.

“Edebiýat we sungat” gazeti, 2005-nji ýylyň 23-nji dekabry
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 25 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: